20-NJI SAPAK
Ýygnakda nämeler edilýär?
Ýehowa tertip-düzgüni gowy görýär (1 Korinfliler 14:33, 40). Şonuň üçin Hudaýyň halky belli bir tertip-düzgüne eýerýär. Ýygnagyň işi nähili gurnalýarka? Biz ýygnagyň agzybir bolmagyna nädip kömek edip bileris?
1. Ýygnagyň başy kim?
Mukaddes Kitapda Isa Mesihe ýygnagyň başy diýilýär (Efesliler 5:23). Ol gökden Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütin dünýäde alyp barýan işlerine gözegçilik edýär. Munuň üçin Isa ruhy taýdan berk ýaşuly doganlaryň birnäçesini «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» edip belledi. Olara Ýolbaşçylyk maslahaty diýilýär (Matta 24:45—47-nji aýatlary oka). I asyrda ýaşan Isanyň resullary bilen Iýerusalimdäki ýaşulular ýaly, Ýolbaşçylyk maslahaty hem tutuş ýer ýüzündäki ýygnaklara görkezme berýär (Resullar 15:2). Ýöne olar ýygnagyň başy däl. Olar Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň niýetine düşünip, şol boýunça hereket edýärler we Isa tabyn bolýarlar.
2. Ýaşulular ýygnakda nähili işleri edýärler?
Ruhy taýdan berk doganlar ýygnakda ýaşuly bellenýär. Olar Mukaddes Kitapdan öwredýärler, Ýehowanyň halkynyň aladasyny edip, olary ruhlandyrýarlar. Olara hiç hili pul tölenmeýär. Olar «mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik edýärler... höwes bilen gulluk edýärler» (1 Petrus 5:1, 2). Ýaşululara ýygnakdaky hyzmatçy doganlar kömek edýär. Wagtyň geçmegi bilen, şol hyzmatçylar talaplara laýyk gelip, ýaşuly bellenýär.
Ýolbaşçylyk maslahatyndaky doganlar käbir ýaşululary etrap gözegçisi edip belleýär. Etrap gözegçileri ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalara gerekli görkezmeleri berýär, olary ruhlandyrýar. Olar Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelýän doganlary ýygnagyň ýaşulusy hem-de hyzmatçysy edip belleýär (1 Timoteos 3:1—10, 12; Titus 1:5—9).
3. Dogan-uýalar ýygnakda näme edýärler?
Olar ýygnaklarda jogap berýär, ýumuş bilen çykyş edýär, aýdym aýdýar we başardygyndan köpräk wagyz edip, «Ýehowanyň adyny wasp edýär» (Zebur 148:12, 13-nji aýatlary oka).
SÖHBETDEŞLIK
Isa gowy baştutan bolupdyr, ýaşulular ondan görelde alýar. Geliň, ýaşulular bilen işleşip, Isa gulak asmagy öwreneliň.
4. Isa mähirli ýolbaşçy
Isa bizi yzyna eýermäge çagyrýar. Matta 11:28—30-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa nähili ýolbaşçy? Özümizi nähili duýmagymyzy isleýär?
Ýygnagyň ýaşululary Isadan nädip görelde alýarlar? WIDEONY görüň.
Mukaddes Kitapda ýaşulularyň borjuny nädip ýerine ýetirmelidigi anyk aýdylýar.
Işaýa 32:2 we 1 Petrus 5:1—3-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýaşulularyň Isadan görelde alyp, dogan-uýalar hakda mähirli alada edişi saňa nähili täsir edýär?
Ýaşulular ýene haýsy ýagdaýlarda Isadan görelde alýarlar?
5. Ýaşulular görelde görkezýär
Isa ýaşulularyň öz borçlaryny nädip ýerine ýetirmegini isleýär? WIDEONY görüň.
Isa ýaşulularyň nähili bolmalydygy barada aýtdy. Matta 23:8—12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýaşululardan näme talap edilýär? Dini ýolbaşçylar şol talaplara eýerýärmi?
A. Ýaşulular Ýehowa imanyny berkidýär, maşgalasyna-da kömek edýär.
B. Ýaşulular dogan-uýalaryň aladasyny edýär.
Ç. Ýaşulular hemişe wagyz edýär.
D. Ýaşulular ýygnakda öwredýär, Ýygnak jaýyny arassalaýar, başga-da işleri edýär.
6. Ýaşulular bilen işleşýäris
Mukaddes Kitap ýaşulular bilen eginme-egin işleşmäge höweslendirýär. Ýewreýler 13:17-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýaşululara gulak asyp, tabyn bolmak dogrumy? Näme üçin?
Luka 16:10-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Näme üçin ýönekeý meselede-de ýaşululara gulak asmaly?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Şol dine goşulmak hökmanmy, Hudaý diýip ýaşaber».
Näme üçin Hudaýyň halkyna goşulyp, ýygnaklara barmaly?
ESASY PIKIRLER
Isa ýygnagyň başy. Biz Isadan görelde alýan ýaşulular bilen eginme-egin işleşýäris. Olar biziň aladamyzy edýär, görelde bolýar.
Gaýtalamak
Ýygnagyň başy kim?
Ýaşulular dogan-uýalara nädip kömek edýär?
Dogan-uýalar ýygnakda näme edýärler?
KÖPRÄK BILIŇ
Ýolbaşçylyk maslahaty we ýaşulular dogan-uýalaryň aladasyny edýär.
Etrap gözegçileriniň edýän işleri hakda biliň.
Ýygnakda uýalaryň edýän işi hakda öwreniň.
«Gelin-gyzlar wagyz edip, öwredip bilýärlermi?» («Garawul diňi» 1 sentýabr, 2012)
Ýaşulular dogan-uýalara kömek etmek üçin agyr zähmet çekýär.
«Ýygnak ýaşululary „biziň şatlygymyza“ goşant goşýar» («Garawul diňi» 15 ýanwar, 2013)