Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 20
  • Ýygnakda nämeler edilýär?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnakda nämeler edilýär?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Araňyzda zähmet çekýänleriň gadyryny biliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýaşulular, Pawlusyň göreldesine eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 20
20-nji sapak. Ýygnakda dogan sorag berýär, oturanlar hem jogap bermek üçin elini galdyrýar.

20-NJI SAPAK

Ýygnakda nämeler edilýär?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Ýehowa tertip-düzgüni gowy görýär (1 Korinfliler 14:33, 40). Şonuň üçin Hudaýyň halky belli bir tertip-düzgüne eýerýär. Ýygnagyň işi nähili gurnalýarka? Biz ýygnagyň agzybir bolmagyna nädip kömek edip bileris?

1. Ýygnagyň başy kim?

Mukaddes Kitapda Isa Mesihe ýygnagyň başy diýilýär (Efesliler 5:23). Ol gökden Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütin dünýäde alyp barýan işlerine gözegçilik edýär. Munuň üçin Isa ruhy taýdan berk ýaşuly doganlaryň birnäçesini «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» edip belledi. Olara Ýolbaşçylyk maslahaty diýilýär (Matta 24:45—47-nji aýatlary oka). I asyrda ýaşan Isanyň resullary bilen Iýerusalimdäki ýaşulular ýaly, Ýolbaşçylyk maslahaty hem tutuş ýer ýüzündäki ýygnaklara görkezme berýär (Resullar 15:2). Ýöne olar ýygnagyň başy däl. Olar Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň niýetine düşünip, şol boýunça hereket edýärler we Isa tabyn bolýarlar.

2. Ýaşulular ýygnakda nähili işleri edýärler?

Ruhy taýdan berk doganlar ýygnakda ýaşuly bellenýär. Olar Mukaddes Kitapdan öwredýärler, Ýehowanyň halkynyň aladasyny edip, olary ruhlandyrýarlar. Olara hiç hili pul tölenmeýär. Olar «mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik edýärler... höwes bilen gulluk edýärler» (1 Petrus 5:1, 2). Ýaşululara ýygnakdaky hyzmatçy doganlar kömek edýär. Wagtyň geçmegi bilen, şol hyzmatçylar talaplara laýyk gelip, ýaşuly bellenýär.

Ýolbaşçylyk maslahatyndaky doganlar käbir ýaşululary etrap gözegçisi edip belleýär. Etrap gözegçileri ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalara gerekli görkezmeleri berýär, olary ruhlandyrýar. Olar Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelýän doganlary ýygnagyň ýaşulusy hem-de hyzmatçysy edip belleýär (1 Timoteos 3:1—10, 12; Titus 1:5—9).

3. Dogan-uýalar ýygnakda näme edýärler?

Olar ýygnaklarda jogap berýär, ýumuş bilen çykyş edýär, aýdym aýdýar we başardygyndan köpräk wagyz edip, «Ýehowanyň adyny wasp edýär» (Zebur 148:12, 13-nji aýatlary oka).

SÖHBETDEŞLIK

Isa gowy baştutan bolupdyr, ýaşulular ondan görelde alýar. Geliň, ýaşulular bilen işleşip, Isa gulak asmagy öwreneliň.

4. Isa mähirli ýolbaşçy

Isa bizi yzyna eýermäge çagyrýar. Matta 11:28—30-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa nähili ýolbaşçy? Özümizi nähili duýmagymyzy isleýär?

Ýygnagyň ýaşululary Isadan nädip görelde alýarlar? WIDEONY görüň.

WIDEO: «Nepaldaky ýertitreme» (4:56)

Mukaddes Kitapda ýaşulularyň borjuny nädip ýerine ýetirmelidigi anyk aýdylýar.

Işaýa 32:2 we 1 Petrus 5:1—3-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaşulularyň Isadan görelde alyp, dogan-uýalar hakda mähirli alada edişi saňa nähili täsir edýär?

  • Ýaşulular ýene haýsy ýagdaýlarda Isadan görelde alýarlar?

5. Ýaşulular görelde görkezýär

Isa ýaşulularyň öz borçlaryny nädip ýerine ýetirmegini isleýär? WIDEONY görüň.

WIDEO: «Ýaşulular ýolbaşçylyk edýär!» (7:39)

Isa ýaşulularyň nähili bolmalydygy barada aýtdy. Matta 23:8—12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaşululardan näme talap edilýär? Dini ýolbaşçylar şol talaplara eýerýärmi?

A. Suratlar: ýaşuly özüniň hem maşgalasynyň Hudaý bilen dostlugyny berkidýär. 1) Mukaddes Kitaby okamazdan öň doga edýär. 2) Aýaly ikisi gyzyna Mukaddes Kitapdan öwredýär. B. Şol ýaşuly aýaly bilen hassahanada ýatan uýany soramaga barýar. Ç. Ol bir adamyň öýüne baryp, wagyz edýär. D. Suratlar: 1) Şol ýaşuly ýygnakda çykyş edýär. 2) Ýygnak jaýynyň içini süpürýär.
  1. A. Ýaşulular Ýehowa imanyny berkidýär, maşgalasyna-da kömek edýär.

  2. B. Ýaşulular dogan-uýalaryň aladasyny edýär.

  3. Ç. Ýaşulular hemişe wagyz edýär.

  4. D. Ýaşulular ýygnakda öwredýär, Ýygnak jaýyny arassalaýar, başga-da işleri edýär.

6. Ýaşulular bilen işleşýäris

Mukaddes Kitap ýaşulular bilen eginme-egin işleşmäge höweslendirýär. Ýewreýler 13:17-ni okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýaşululara gulak asyp, tabyn bolmak dogrumy? Näme üçin?

Luka 16:10-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme üçin ýönekeý meselede-de ýaşululara gulak asmaly?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Şol dine goşulmak hökmanmy, Hudaý diýip ýaşaber».

  • Näme üçin Hudaýyň halkyna goşulyp, ýygnaklara barmaly?

ESASY PIKIRLER

Isa ýygnagyň başy. Biz Isadan görelde alýan ýaşulular bilen eginme-egin işleşýäris. Olar biziň aladamyzy edýär, görelde bolýar.

Gaýtalamak

  • Ýygnagyň başy kim?

  • Ýaşulular dogan-uýalara nädip kömek edýär?

  • Dogan-uýalar ýygnakda näme edýärler?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýolbaşçylyk maslahaty we ýaşulular dogan-uýalaryň aladasyny edýär.

«Gadagan edilen döwri agzybirligi saklamak» (4:22)

Etrap gözegçileriniň edýän işleri hakda biliň.

«Etrap gözegçisiniň durmuşy» (4:51)

Ýygnakda uýalaryň edýän işi hakda öwreniň.

«Gelin-gyzlar wagyz edip, öwredip bilýärlermi?» («Garawul diňi» 1 sentýabr, 2012)

Ýaşulular dogan-uýalara kömek etmek üçin agyr zähmet çekýär.

«Ýygnak ýaşululary „biziň şatlygymyza“ goşant goşýar» («Garawul diňi» 15 ýanwar, 2013)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş