Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/6 sah. 3—5
  • Söýgüde birikmek — Ýyllyk ýygnagynyň hasabaty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Söýgüde birikmek — Ýyllyk ýygnagynyň hasabaty
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Filiallaryň hasabaty
  • Ýolbaşçylyk maslahatynyň komitetleri
  • 2010-njy ýylyň aýady — söýgi
  • Seniň benzin bakyň dolumy?
  • «Dogry adamlar... parlar»
  • ÝAŞULULAR ÜÇIN MEKDEP
  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty kim?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Şeýle «adamlary hormatlalyň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Filiallarda nähili işler edilýär?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Taryhda ähmiýetli duşuşyk
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/6 sah. 3—5

Söýgüde birikmek — Ýyllyk ýygnagynyň hasabaty

ABŞ-nyň Jersi şäherinde (Nýu-Jersi) Ýehowanyň Güwäçileriniň Kongres zalynda ýygnanyşan dogan-uýalar örän tolgunýardy. 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda irden 5 müňden gowrak dogan-uýalar Pensilwaniýadaky Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapça jemgyýetiniň 125-nji ýyllyk ýygnagyna ýygnanyşdylar. Birleşen Ştatlardaky Beýteliň üç kompleksinde we Kanadanyň Beýtelinde müňlerçe dogan-uýalar audio-wideo ýazgy arkaly programmany diňlediler we seretdiler. Jemi 13 müň 235 dogan-uýalar Ýehowa bolan söýgüde birigip, 3 sagatlyk duşuşykdan lezzet aldylar.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Jeffri Jekson ýygnaga ýolbaşçylyk etdi. Ol programmany beýtelçiler horunyň täze aýdym kitapdan aýdym aýtmagy bilen açdy. Ýolbaşçylyk maslahatynyň başga bir agzasy Deýwid Spleýn hora dirižýorlyk edip, hakyky seždede aýdymyň wajyplygyna gysgaça seredip geçdi. Diňleýjilere üç sany täze aýdym aýtmak teklip edildi. Ilki aýdymy hor aýtdy, soňra diňleýjiler hem olara goşulyp aýtdylar. Şu ýörite duşuşykda hor aýdym aýtsa-da, ýygnak duşuşyklarynda, etrap we welaýat kongreslerinde hor çykyş etmeýär.

Filiallaryň hasabaty

Bäş filialdan gelen komitetiň agzalary hasabat berdiler. Kennet Litl ABŞ we Kanada üçin žurnallaryň köpüsi tizden Kanadada çap ediljegini aýtdy. Şol filialyň çap etjek žurnallarynyň sany on esse artar. Täze çap edilýän maşynlar iki smena günde 16 sagat işlär.

Raýner Tompson Dominikan respublikasyndaky, Albert Oli bolsa Nigeriýadaky wagyz işi barada hasabat berdi. Emil Kritsinger Mozambikde Ýehowanyň Güwäçileri onlarça ýyl yzarlanansoň, 1992-nji ýylda döwlet tarapyndan registrasiýa edilendigini aýtdy. Üç ýurtda-da soňky ýyllar wagyzçylaryň sany köpeldi. Awstraliýanyň filialyndan Wiw Morits olaryň gözegçiligi astyndaky gündogar Timorda wagyz işiniň uly depginde alnyp barylýandygy hakynda hasabat berdi.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň komitetleri

1976-njy ýylda Ýehowanyň Güwäçileriniň işine Ýolbaşçylyk maslahatynyň alty komiteti gözegçilik edýärdi. Soňra «başga goýunlardan» olara kömekçi bellenildi. Häzir olaryň sany 23. Olaryň altysy interwýu berdi. Olar bilelikde 341 ýyl her biri bolsa, ortaça 57 ýyl doly wagt gulluk edýärler.

1943-nji ýyldan bäri Beýtelde gulluk edýän Don Adams Koordinatorlar komitetiniň başga bäş komitetleriň koordinatorlaryndan ybaratdygyny düşündirdi. Şol komitet başga komitetleriň sazlyşykly işlemegine ýardam edýär. Şeýle-de ol adatdan daşary ýagdaýda, yzarlamalarda, sud meselesinde, tebigy betbagtçylykda we başga kyn ýagdaýlarda bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçilerine kömek berýär.

Dan Molçan Kadrlar komitetiniň bütin dünýäde 19 851 beýtelçileriň ruhy we fiziki taýdan aladasyny edýändigini aýtdy. Dewid Sinkler Neşir komitetiniň filiallar üçin azyk harytlaryny we enjam satyn alnyşyna gözegçilik edýänini gürrüň berdi. Soňra Beýtelde 60 ýyla golaý gulluk edýän Robert Wolen Gulluk komitetiniň Ýehowanyň halkynyň wagyzda we ýygnakda alyp barýan işine nädip gözegçilik edýänini aýtdy. Uilýam Malenfant Okuw komitetiniň kongresleriň programmasyny taýýarlamak üçin janaýaman işleýändigini gürrüň berdi. Ahyrynda, Jon Uisçuk Ýazyjylyk komitetiniň edebiýatlarymyz üçin materiallary nädip işläp taýýarlaýandygy hakynda çykyş etdia.

2010-njy ýylyň aýady — söýgi

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary indiki üç doklad bilen çykyş etdi. Gerrit Lýoş çykyşyny şeýle sorag bilen başlady: «Sen söýülmegiňi isleýärmiň?» Ol ynsanyň esasanam söýgä mätäçdigini we söýlende ählimiziň göwnümiziň göterilýändigini düşündirdi. Biz söýüp bilýäris, çünki Ýehowa bizi akýürekli söýgi häsiýeti bilen ýaratdy. Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin wagyz edýäris we öwredýäris.

Biz diňe ýakynymyzy däl, eýsem duşmanlarymyzy hem söýmeli (Mat. 5:43—45). Diňleýjiler Isanyň biziň üçin urlandygy, üstünden gülnendigi, tüýkürlendigi we öldürlendigi barada diňläp ruhlandylar. Muňa garamazdan, Isa naýza bilen onuň böwrüni dilen esgerler üçin doga etdi. Bu biziň Isa bolan söýgimizi artyrmaýarmy? Soňra Lýoş dogan 2010-njy ýylyň ýyllyk aýady 1 Korintoslylar 13:7, 8-nji aýatlara esaslanyp: «Söýgi her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez» diýdi. Biz diňe bir ebedi ýaşaýşa umyt etmän, eýsem ebedi söýmegi we söýülmegi arzuw edýäris.

Seniň benzin bakyň dolumy?

Semýuel Hýord dokladyny mysal bilen başlady. Aýdaly, dostuň saňa 50 kilometr daş ýola gitmegi teklip edýär. Sen maşyna müneniňde, bakda benziniň azdygyny görüp, dostuňa aýdýarsyň. Ol alada etme, bakda 4 litr benzin bar diýýär. Ýöne tizden seniň ýangyjyň gutarýar. Ýarym ýolda benziniň gutarsa gowy bolarmy? Baky doldursaň, nähili gowy bolardy! Göçme manyda biz hem bakymyzy doldurmaly, ýagny Ýehowa barada bilim alyp durmaly.

Biz yzygiderli we ýeterlikli ýangyç almaly. Muny dört usul bilen edip bolýar. Birinjiden, Mukaddes Ýazgylary gowy bilmek üçin, ony her gün okap, şahsy okuw geçirmeli. Şeýle-de ony diňe bir okaman, okan zatlarymyza düşünmeli. Ikinjiden, maşgala okuwyny gowy geçirmeli. Biz bakymyzy her hepde doldurýarysmy ýa-da azajyk guýýarys? Üçünjiden, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaly we gatnaşmaly. Dördünjiden, Ýehowanyň eden işleri barada oýlanmaly. Zebur 143:5-de: «Gadymky günleri ýatlaýaryn; Seniň ähli işleriňe oýlanýaryn» diýilýär.

«Dogry adamlar... parlar»

Jon Barr soňky üçünji doklad bilen çykyş edip, Isanyň haşal ot tymsalyny düşündirdi (Mat. 13:24—30, 38, 43). Bu tymsalda «orak wagty» «Patyşalyk ogullarynyň» ýygnalýandygy, haşal otuň bolsa saýlanyp, oda ýakylýandygy aýdylýar.

Jon Barr hasylyň ebedi ýygnalmajagyny anyk aýtdy. Ol Matta 24:34-däki: «Bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez» diýlen sözleri düşündirdi. Ol iki gezek şu sözleri okady: «Isa 1914-nji ýylda alamatlar aýan bolup başlanda ýaşan mesh edilen mesihçileri we olar bilen bir döwürde ýaşaýan agyr muşakgatyň başlangyjyny görjek başga mesh edilen mesihçileri göz öňünde tutan bolmaly». «Bu nesliň» näçe wagt dowam etjegini bilmeýäris, emma bu iki toparyň adamlary bir döwürde ýaşamaly. Mesh edilenleriň ýaşynyň uly tapawudy bolsa-da, iki toparyň adamlary soňky günlerde bir döwürde ýaşaýar. Ýaş mesh edilenleriň 1914-nji ýylda alamatlaryň aýan bolşyny gören gartaşan mesh edilenleriň döwürdeşleri bolmagy we olaryň agyr muşakgat başlamanka ölmejegi, nähili tesseli berýär!

«Patyşalyk ogullary» sabyrsyzlyk bilen gökdäki sylagyna garaşýar, emma her birimiz soňuna çenli Hudaýa wepaly bolup, parlamaly. Şu günler «bugdaýyň» ýygylyşyny görmek biziň üçin uly hormat.

Jemleýji aýdymdan soň, Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Teodor Ýaraç doga edip, ýygnagy tamamlady. Ýyllyk ýygnagyň programmasy örän ruhlandyrdy!

ÝAŞULULAR ÜÇIN MEKDEP

Ýyllyk ýygnakda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris ýygnakdaky ýaşulular üçin okuw geçiriljekdigini bildiriş etdi. Ýaşulular üçin mekdep ABŞ-da 2008-nji ýylyň başynda Patterson (Nýu-Ýork) okuw merkezinde, geçirilip başlady. 72 klasda eýýäm 6 720 ýaşuly okady. Entek ýaşulularyň köpüsi okuw geçmedi. ABŞ-da 86 müňden gowrak ýaşuly bar. Şol sebäpli, Ýolbaşçylyk maslahaty Bruklinde (Nýu-Ýork) 2009-njy ýylyň 7-nji dekabryndan başlap goşmaça okuw geçirilmegini makul bildi.

Pattersonda dört aýlanýan gözegçi iki aýlap mugallymçylyga okadyldy. Soňra olar Bruklinde ýene-de dört dogany mugallymçylyga okadar. Bu dört mugallym Bruklindäki mekdepde başdaky dördüsi bolsa, Kongres we Patyşalyk zallaryndaky mekdeplerde okadarlar. Mugallymlaryň sany 12-ä ýetýänçä okadylar we olar ABŞ-da her hepde iňlis dilinde alty mekdepde okadarlar. Soňra dört dogany Ispaniýada okatmak üçin okadarlar. Bu mekdep Patyşalyk gulluk mekdebine derek geçirilmeýär, ýöne ýaşululara ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Bütin dünýädäki filiallar 2011-nji gulluk ýylynda Kongres we Patyşalyk zallarynda şol mekdepleri geçirip başlar.

a Ýolbaşçylyk maslahatynyň alty komitetleriniň edýän işini bilmek üçin 2008-nji ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 29-sahypasyna seret.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş