Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/5 sah. 28—32
  • Ýehowanyň mukaddes ruhuny gamgyn etmäň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň mukaddes ruhuny gamgyn etmäň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Pawlusyň sözleriniň manysy
  • Mesihçi nädip mukaddes ruhy gamgyn edip biler?
  • Mukaddes ruhy gamgyn etmekden gaça durmaly
  • Hüşgärligi elden bermäň
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ölüm hasratyna döz geliň
    Dürli temalar
  • Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/5 sah. 28—32

Ýehowanyň mukaddes ruhuny gamgyn etmäň

«Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Siz gutulyş güni üçin, ol Ruh bilen möhürlenensiňiz». (EFES. 4:30)

1. Ýehowa millionlarça adamlara nähili mümkinçilik berdi we sen nämä borçly?

ÝEHOWA häzirki howsalaly döwürde ýaşaýan millionlarça adamlara ajaýyp mümkinçilik berdi. Olar Hudaýyň ýalňyz Ogly Isa Mesih arkaly Ýehowanyň dosty bolup bilýärler (Ýahýa 6:44). Eger sen özüňi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşaýan bolsaň, şol mümkinçilikden peýdalandyň. Sen Mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylan mesihçi hökmünde, özüňi şol ruha laýyklykda alyp barmaga borçlusyň (Mat. 28:19).

2. Biz haýsy soraglary ara alyp maslahatlaşarys?

2 Biz ruhda ekip, täze «ýaradylyşy», ýagny şahsyýeti geýinýäris (Gal. 6:8; Efes. 4:17—24). Ýöne Pawlus resul bize Hudaýyň mukaddes ruhuny gamgyn etmezligi maslahat berýär (Efesliler 4:25—32-nji aýatlary okaň). Geliň, Pawlusyň beren maslahatyna giňişleýin seredeliň. Pawlusyň Hudaýyň ruhuny gamgyn etmäň diýen sözleri näme aňladýar? Özüni Ýehowa bagyş eden mesihçi şeýle zat edip bilermi näme? Ýehowanyň ruhuny gamgyn etmez ýaly näme etmeli?

Pawlusyň sözleriniň manysy

3. Efesliler 4:30-daky sözleriň manysyny düşündiriň.

3 Ilki bilen, Pawlusyň Efesliler 4:30-daky şu sözlerine üns bereliň: «Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Siz gutulyş güni üçin, ol Ruh bilen möhürlenensiňiz». Pawlus söýgüli imandaşlarynyň ruhy taýdan özlerine zyýan ýetirmegini islemeýärdi. Olar Ýehowanyň ruhy bilen «gutulyş güni üçin» möhürlenipdiler. Hudaýyň mukaddes ruhy mesh edilen wepaly mesihçiler üçin möhür, ýagny geljekki zatlaryň «girewi» (2 Kor. 1:22). Bu möhür olaryň Hudaýa degişlidigini we gökde ýaşajakdygyny görkezýär. Möhürlenenleriň jemi 144 müň adamdan ybarat (Ylh. 7:2—4).

4. Näme üçin Hudaýyň ruhuny gamgyn etmeli däl?

4 Mesihçi mukaddes ruhy gamgyn etse, Hudaýyň hereketdäki güýji onuň durmuşyna asla täsir etmezligi mümkin. Muny Dawut patyşa bilen bolan wakadan görse bolýar. Ol Batşeba bilen günä edensoň, toba edip: «Meni huzuryňdan atma, Mukaddes Ruhuňy menden alma» diýip, Ýehowa ýalbardy (Zeb. 51:11). Diňe «ölýänçä sadyk galan» mesh edilen mesihçiler gökde baky ýaşaýyş «täjini» alar (Ylh. 2:10; 1 Kor. 15:53). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de, Hudaýa wepaly galmak üçin, Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, ýaşaýyş sylagyny alar ýaly, mukaddes ruh gerek (Ýahýa 3:36; Rim. 5:8; 6:23). Diýmek, biziň hiç birimiz Ýehowanyň mukaddes ruhuny gamgyn etmeli däl.

Mesihçi nädip mukaddes ruhy gamgyn edip biler?

5, 6. Mesihçi nädip Ýehowanyň ruhuny gamgyn edip biler?

5 Wepaly mesihçiler mukaddes ruhy gamgyn etmekden gaça durmaly. Munuň üçin hemişe «ruha görä gezmeli we ýaşamaly», şonda günäli ten höwesleri bizden üstün çykmaz hem-de erbet häsiýetlerimizi taşlarys (Gal. 5:16, 25, 26). Emma biz ätiýaçly bolmaly. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýan işleri etmäge kem-kemden öwrenişip, Hudaýyň ruhuny gamgyn etmegimiz mümkin.

6 Eger biz mukaddes ruhuň görkezmesine garşy hereket etmegimizi dowam etsek, onda mukaddes ruhy, ýagny onuň Eýesi Ýehowany gamgyn ederis. Efesliler 4:25—32-nji aýatlaryň üstünde durup geçsek, özümizi nähili alyp barmalydygymyzy bilmäge we Hudaýyň mukaddes ruhuny gamgyn etmekden gaça durmaga kömek eder.

Mukaddes ruhy gamgyn etmekden gaça durmaly

7, 8. Biz näme üçin dogruçyl bolmaly?

7 Biz dogruçyl bolmaly. Pawlus Efesliler 4:25-de şeýle diýýär: «Ýalany egniňizden çykaryp, her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys». Biz «bir bedeniň agzalary», şol sebäpli mekirlik etmeli däl ýa-da bilgeşleýin imandaşlaryň «başyny aýlap», olary aldawa salmaly däl, çünki bu ýalan sözlemekdir. Özüni şeýle alyp barýan mesihçi Hudaý bilen dostlugyny ýitirer (Zebur 5:6-ny okaň).

8 Hileli sözler we işler ýygnagyň agzybirligini bozýar. Şonuň üçin biz ynamdar pygamber Daniýel ýaly bolmaly. Hiç kim ondan ýalňyş ýa ýazyk tapyp bilmändir (Dan. 6:4). Şeýle-de Pawlusyň gökde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere beren maslahatyny ýada salmaly. Onuň aýtmagyna görä, «Mesihiň bedeniniň» her bir agzasy şol bedene degişlidigini unutmaly däl we Isanyň dogruçyl mesh edilen şägirtleri bilen agzybirligini saklamaly (Efes. 4:11—13). Eger ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşamaga umyt edýän bolsak, onda biz hem dogruçyl bolmaly. Şeýtsek, halkara doganlygyň agzybirligine goşant goşarys.

9. Biz näme üçin Efesliler 4:26, 27-nji aýatlarda berilýän maslahata eýermeli?

9 Biz Iblise garşy dursak, ol ruhy taýdan zyýan ýetirip bilmez (Ýakup 4:7). Mukaddes ruh Şeýtana garşy durmaga kömek edýär. Biz gaharymyzy saklamagy öwrenmeli. Pawlus şeýle diýýär: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» (Efes. 4:26, 27). Eger gaharlanmaga esas bolsa-da, biz şol bada içimizden doga etsek, bu özümizi ele almaga we «mylaýym ruhly» bolup, Hudaýyň ruhuny gamgyn etmezlige kömek eder (Sül. tym. 17:27). Şonda biz gaharymyzy getirip, ýaman iş etdirmäge iterýän Şeýtana ýol bermeris (Zeb. 37:8, 9). Şeýle-de Isanyň maslahatyna eýerip, agzalalygy derrew çözsek, Iblise garşy durup bileris (Mat. 5:23, 24; 18:15—17).

10, 11. Biz näme üçin ogrulyk etmeli däl?

10 Biz ogrulyk etmekden ägä bolmaly. Pawlus ogrulyk hakda şeýle ýazýar: «Ogrulyk eden indi ogrulyk etmän, gaýtam, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, öz eli bilen zähmet çekip, oňat iş etsin» (Efes. 4:28). Mesihçi ogrulyk etse, ol «Hudaýyň adyna ysnat getirip», ony masgara edýär (Sül. tym. 30:7—9). Hatda garyplyk hem ogrulyk etmäge sebäp däldir. Hudaýy we ýakynyny söýýän adamlar ogrulyk etmeli däldigine düşünýärler (Mar. 12:28—31).

11 Pawlus biziň diňe etmeli däl zatlarymyzy aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, näme etmelidigimizi hem aýdýar. Eger biz mukaddes ruha görä ýöräp, ýaşaýan bolsak, onda yhlas bilen zähmet çekip, maşgalamyzyň aladasyny edip bileris we «mätäje paýlamaga zadymyz bolar» (1 Tim. 5:8). Isa we onuň şägirtleri garyplara kömek etmek üçin pul süýşürip goýýardylar, ýöne dönük Iuda Iskariot pul torbadan ogrulyk edýärdi (Ýahýa 12:4—6). Ol mukaddes ruhuň görkezmesine eýermedi. Emma biz Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerip, Pawlusyň aýdyşy ýaly, «sap ynsaply, her babatda oňat (dogruçyl, TD) gezmek isleýäris» (Ýew. 13:18). Şonda biz Ýehowanyň mukaddes ruhuny gamgyn etmeris.

12, 13. a) Efesliler 4:29-a görä, biz nähili sözlerden gaça durmaly? b) Biziň sözleýşimiz nähili bolmaly?

12 Biz dilimizi arassa saklamaly. Pawlus şeýle diýýär: «Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman, gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň» (Efes. 4:29). Ol ýene-de, diňe bir edilmeli däl zady aýtman, eýsem, näme etmelidigimizi hem aýdýar. Biz Hudaýyň ruhunyň täsir etmegine ýol bersek, «eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdarys». Mundan başga-da, biz «hapa söz» aýtmaly däl. «Hapa» diýip terjime edilen grek sözi miwäniň çüýrändigini, balygyň ýa-da etiň porsandygyny görkezmek üçin ulanylýardy. Elbetde, şeýle zatlary göreniňde, ýüregiň bulanýar. Şonuň ýaly, Ýehowanyň hapa hasaplaýan sözlerini hem ýigrenmeli.

13 Biziň sözümiz edepli, mähirli we «duz bilen tagamlanan» bolmaly (Kol. 3:8—10; 4:6). Adamlar biziň gepleýşimiz bilen beýlekilerden tapawutlanýandygymyzy görmeli. Şoňa görä-de, geliň, hemişe «abatlyk üçin oňat sözleri aýdalyň». Şonda biz hem mezmurçy ýaly: «Agzymyň sözleri, ýüregimiň oý-pikirleri Seniň göwnüňden tursun, ýa Reb, meniň Gaýam, Halasgärim» diýip bileris (Zeb. 19:14).

14. Efesliler 4:30, 31-nji aýatlara görä, biz nämeden daş bolmaly?

14 Öýke-kine, gahar, gazap, ýamanlama we her hili ýamanlyk bizden daş bolmaly. Pawlus resul Hudaýyň ruhuny gamgyn etmezligi maslahat berip, şeýle diýdi: «Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Siz gutulyş güni üçin, ol Ruh bilen möhürlenensiňiz. Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun» (Efes. 4:30, 31). Biz bikämil, şonuň üçin pikirlerimize we işlerimize erk etmäge çalyşmaly. Eger biz «her hili kinä, gahara, gazaba» ýol bersek, Hudaýyň ruhuny gamgyn ederis. Dogrudan-da, göwnümize degen adam bilen ýaraşman, gahar we öýke-kine edip ýörsek, mukaddes ruhy gamgyn ederis. Şeýle-de biz Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryny äsgermezçilik etsek, ýaramaz gylyk-häsiýetleri öwrenip, mukaddes ruha garşy günä edip başlarys. Şonda Ýehowa-da bizi terk eder.

15. Biri göwnümize degse näme etmeli?

15 Biz mähriban, rehimdar we geçirimli bolmaly. Pawlus şeýle ýazýar: «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efes. 4:32). Eger biri ýüregimize ýara salsa, Hudaýyň bizi bagyşlaýşy ýaly, biz hem ony bagyşlamaly (Luka 11:4). Aýdaly, imandaşymyz biz barada gelşiksiz zatlary aýdýar. Biz düşünişmeklik üçin onuň ýanyna barýarys. Ol aýdan zatlaryna ýürekden ökünip, bagyşlamagy haýyş edýär. Biz hem ony bagyşlaýarys, ýöne bu-da ýeterlikli däl. Çünki Lewiler 19:18-de şeýle diýilýär: «Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb — Mendirin».

Hüşgärligi elden bermäň

16. Ýehowanyň ruhuny gamgyn etmezlik üçin näme etmeli? Mysal getiriň.

16 Biz ýeke galanda-da, Hudaýyň halamaýan zadyny etmegimiz mümkin. Aýdaly, bir dogan ýerliksiz aýdymlary diňleýär. Soňra «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatyny diňlemänligi üçin, oňa wyždany ezýet berip başlaýar (Mat. 24:45). Ol bu barada doga etse, Pawlusyň Efesliler 4:30-daky sözlerini ýada salyp biler. Şonda ol Hudaýyň ruhuny gamgyn edýän zatlary etmezligi ýüregine düwüp, ahlaksyz aýdymlary diňlemegini bes edýär. Ýehowa doganyň gelen kararyna ak pata berer. Şol sebäpli, geliň, Hudaýyň ruhuny gamgyn etmekden ägä bolalyň!

17. Biz hüşgär bolmagy we doga etmegi unutsak, näme etmegimiz mümkin?

17 Biz hüşgär bolmagy we doga etmegi unutsak, hapa ýa-da erbet işe baş goşup, mukaddes ruhy gamgyn etmegimiz mümkin. Mukaddes ruh gökdäki Atamyza mahsus bolan häsiýetleri ösdürýär. Şonuň üçin biz ony gamgyn etmek, ýagny onuň garşysyna gitmek islemeýäris (Efes. 4:30). I asyrda ýaşan kanunçylar Isanyň görkezen gudratlaryny Şeýtanyň güýji bilen edendigini aýdyp, günä etdiler (Markus 3:22—30-njy aýatlary okaň). Şeýdip, olar mukaddes ruha dil ýetirip, bagyşlanmajak günä etdiler. Geliň, biz hiç haçan olar ýaly bolmalyň!

18. Bagyşlanmajak günä etmändigimize nädip göz ýetirip bileris?

18 Biz bagyşlanmajak günä etmek islemeýäris. Şol sebäpli Pawlusyň mukaddes ruhy gamgyn etmezlik barada aýdanlaryny unutmaly däl. Eger-de agyr günä eden bolsak näme? Biz toba edip, kömek üçin ýaşululara ýüz tutan bolsak, onda Hudaý günämizi bagyşlady we biz mukaddes ruha garşy günä etmedik diýip bileris. Biz Hudaýyň kömegine bil baglasak, mukaddes ruhy gamgyn edýän her bir zatdan gaça durup bileris.

19, 20, a) Biz nämeden gaça durmaly? b) Näme etmegi ýüregimize düwmeli?

19 Hudaý mukaddes ruhunyň kömegi bilen halkyna söýgi, şatlyk hem agzybirlik berýär (Zeb. 133:1—3). Şoňa görä-de, gybat edip ýa-da mukaddes ruh arkaly bellenen ýaşulularyň abraýyna täsir edýän zatlary aýdyp, mukaddes ruhy gamgyn etmeli däl (Res. iş. 20:28; Ýahuda 8). Biz ýygnakda dogan-uýalaryň arasynda agzybirligiň artmagyna we birek-birege sylag-hormat goýmaklaryna ýardam etmeli. Hudaýyň halkynyň arasynda aýry-aýry toparlaryň döremegine-de sebäp bolmaly däl. Pawlus şeýle ýazýar: «Eý doganlar, hemmäňiziň dili bir bolup, araňyzda bölünişik bolman, bir pikirde we raýda birleşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen sizden haýyş edýärin» (1 Kor. 1:10).

20 Ýehowa bize mukaddes ruhy gamgyn etmekden gaça durmaga kömek etmek isleýär. Geliň, Hudaýdan mukaddes ruhuny diläliň we ony gamgyn etmezligi ýüregimize düweliň, hemişe «ruhda ekin ekip», yhlas bilen ruhuň görkezmesine eýereliň!

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Hudaýyň ruhuny gamgyn etmek nämäni aňladýar?

• Özüni Ýehowa bagyş eden mesihçi nädip mukaddes ruhy gamgyn edip biler?

• Mukaddes ruhy gamgyn etmezlik üçin näme edip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş