Doganlar, ruhda ekiň-de, jogapkärçilik almaga çalşyň!
«Öz günäli teninde ekin eken tenden çüýreme orar, Ruhda eken bolsa Ruhdan ebedi ýaşaýyş orar». (GAL. 6:8)
1, 2. Matta 9:37, 38-nji aýatlardaky sözleriň ýerine ýetmegi bilen nähili zerurlyk ýüze çykýar?
SIZ häzir taryhy wakalara şaýat bolýarsyňyz! Çünki Isa Mesihiň şägirtlerine tabşyran işiniň gyzgalaňly ýerine ýetişini görýärsiňiz. Isa-da: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýipdi (Mat. 9:37, 38). Hasyl eýesi Ýehowa Hudaý hem doga-dileglerimize artygy bilen jogap berýär. 2009-njy gulluk ýylynyň dowamynda bütin dünýäde 2 031 sany ýygnak döredildi. Indi Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklarynyň sany 105 298-e ýetdi. Ortaça hasap bilen her gün 757 adam suwda çokundyryldy!
2 Wagyzçylaryň sanynyň barha köpelmegi bilen, ýygnaklarda mugallymçylyk hem gözegçilik edýän tejribeli doganlar gerek bolýar (Efes. 4:11). Şol sebäpli-de, Ýehowa ýygnagyň aladasyny etjek tejribeli doganlary ýetişdirýär. Mika 5:5-däki pygamberlik hem soňky günlerde Ýehowanyň halkynyň arasynda ýolbaşçylygy öz üstüne aljak köp sanly doganlaryň peýda boljakdygyny görkezýär.
3. «Ruhda ekmegiň» manysyny düşündiriň.
3 Suwda çokundyrylan dogan ýygnakda jogapkärli borjy almak üçin näme edip biler? Munuň üçin ol, ilki bilen, ruhda ekmeli, ýagny Hudaýyň mukaddes ruhunyň durmuşyna täsir etmegine ýol bermeli (Gal. 6:8). Sen «öz günäli teniňde ekin ekmekden» ägä bol. Bolelin ýaşamak, dynç almak we göwün açmak ýaly zatlar Hudaýa köpräk gulluk etmek höwesiňi öçürmesin. Aslynda, mesihçileriň ählisi-de «ruhda ekmeli». Ruhda ekýän doganlar bolsa, wagty bilen talaplara laýyk gelip, ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirip biler. Şu günler ýygnaklara ýaşulular we gulluk hyzmatçylary köpräk gerek. Bu zerurlygy göz öňünde tutup, doganlary şu makalany doga edip, ünsli hem çuňňur özleşdirmäge çagyrýarys.
Oňat işi etmek üçin jan ediň
4, 5. a) Mesihçi dogan näme etmäge jan etmeli? b) Ol muny nädip edip biler?
4 Dogan tagalla etmese, ýygnakda gözegçilik etmek borjuny ýerine ýetirip bilmez. Ol «oňat iş» etmek üçin «jan çekmeli» (1 Tim. 3:1). Imandaşlara ýürekden hyzmat edip, olaryň aladasyny etmeli (Işaýa 32:1, 2-nji aýatlary okaň)a. Ýagşy niýet bilen gözegçi bolmaga jan edýän dogana «wezipeparaz» diýip bolmaz. Sebäbi ol dogan-uýalaryň aladasyny edip, öz bähbidini gözlemeýär.
5 Gulluk hyzmatçysy we gözegçi bolmak isleýän dogan Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelmeli (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; Titus 1:5—9). Eger sen suwda çokundyrylan dogan bolsaň, özüňe şeýle soraglary ber: «Men yzygiderli hem yhlasly wagyz edýärinmi? Bu wajyp işi ýerine ýetirmäge dogan-uýalara hem kömek berýärinmi? Men imandaşlarymyň abadançylygy barada ýürekden alada edýärinmi? Hudaýyň Sözüni gowy bilýän dogan hökmünde tanalýarynmy? Ýygnakda mazmunly jogap bermäge çalyşýarynmy? Ýaşulularyň tabşyran ýumuşlaryna ýürekden ýapyşýarynmy?» (2 Tim. 4:5). Şeýle soraglaryň üstünde çynlakaý oýlanmaly.
6. Ýygnakda jogapkärçilik almak üçin, esasan, näme etmeli?
6 Şeýle-de dogan ýygnakda jogapkärçilik almak üçin Hudaýyň ruhy «arkaly... içki häsiýetinde gudrat bilen güýçlenmeli» (Efes. 3:16, 17). Gulluk hyzmatçysy ýa-da ýaşuly edip bellenen doganlaryň wezipä çekilendigini aňlatmaýar. Ýygnakda jogapkärçilik almak üçin ruhy taýdan ösmeli. Nädip? Ilki bilen, «ruhda gezmeli» we ruhuň miwelerini ösdürmeli (Gal. 5:16, 22, 23). Ýygnakda goşmaça jogapkärçilik almak üçin gerekli häsiýetleri ösdürip, berilýän maslahatlara eýerse, «ilerleýşini hemmeler görer» (1 Tim. 4:15).
Jan aýaman gulluk ediň
7. Dogan-uýalara hyzmat etmek nämäni aňladýar?
7 Dogan-uýalara hyzmat etmek janyňy aýaman, der döküp zähmet çekmegi aňladýar. Mesihçi gözegçiler — ruhy çopanlar, şonuň üçin süriniň kynçylyklary olara güýçli täsir edýär. Pawlus resulyň ýygnagyň aladasyny edişine üns beriň. Ol korintosly imandaşlaryna şeýle diýýär: «Men size agyr muşakgat we ýürek gorkusy zerarly köp gözýaş döküp, siziň gaýgylanmagyňyz üçin däl-de, meniň özüňize bolan bol söýgimi bilmegiňiz üçin ýazdym» (2 Kor. 2:4). Görşümiz ýaly, Pawlus ýygnaga gözegçilik etmek işine ýürekden ýapyşypdyr.
8, 9. Mukaddes Ýazgylardan başgalaryň aladasyny eden adamlar hakda gürrüň beriň.
8 Ýehowanyň gullukçylarynyň ýürekden aladasyny edýän adamlar janaýamazlyk ruhy bilen elmydama tapawutlanýardy. Meselem, Nuh maşgalasyna: «Gämini gurup gutaran badyňyza, maňa-da habar ediň. Men hem siziň bilen giderin» diýendir öýdüp pikir etmek hem kyn. Musa hem Müsürde ýaşaýan ysraýyllylara: «Gyzyl deňziň kenarynda görşeris. Bir alajyny tapyp, özüňiz geçersiňiz-de» diýmedi. Ýa-da Ýeşuw: «Erihanyň diwary ýykylanda maňa çapar ýollaň» diýip aýtmady. Işaýa-da başga birini görkezip: «Ine, ol! Iber ony» diýmändi (Iş. 6:8).
9 Isa Mesih Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen janyny aýaman gulluk etdi. Şeýdip, ol bize görelde görkezdi. Ol adamlary halas etmek üçin, janyny höwes bilen bermäge razy boldy (Ýahýa 3:16). Isanyň janyny aýaman görkezen söýgüsi, bizi hem şeýle etmäge höweslendirmeýärmi?! Ençeme ýyldan bäri ýaşuly bolup gulluk edýän dogan Hudaýyň sürüsine bolan söýgüsi hakda şeýle diýýär: «Isanyň Petrusa: «Goýunlarymy bak» diýen sözleri maňa örän täsir etdi. Bir adamyň göwnüni götermek üçin ýürekden birki agyz söz aýtmak ýa-da ujypsyz ýagşylyk etmek ýeterlik eken» (Ýahýa 21:15, 16).
10. Isanyň göreldesine eýerip, başgalara hyzmat etmäge dogana näme kömek eder?
10 Isa adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Onuň adamlara: «Men size dynçlyk bereýin» diýen sözleri hem tassyklaýar. Jogapkär doganlar hem Hudaýyň sürüsine şeýle garamaly (Mat. 11:28). Doganyň Hudaýa bolan imany we dogan-uýalara bolan söýgüsi oňat işi arzuw etmäge kömek eder. Ol ýygnagyň aladasyny etmegi agyr ýa-da surnukdyryjy iş hasaplamaýar. Emma doganyň ýygnakda jogapkärli borjy almaga aýratyn bir islegi bolmasa näme? Imandaşlara hyzmat etmek islegini ösdürip bolarmy?
Islegiňi artdyr
11. Imandaşlara hyzmat etmek islegini nädip ösdürip bolar?
11 Sen ýygnakda jogapkärçilik almak üçin, gerekli ukybyň ýa-da häsiýetiň ýokdur öýdüp alada edýän bolsaň, Hudaýdan mukaddes ruh dile (Luka 11:13). Ýehowanyň ruhy şeýle duýgulara hötde gelmäge kömek eder. Hudaý mukaddes ruhy arkaly doganlary jogapkärli borçlary almaga höweslendirýär we mukaddes gulluk etmäge güýç-kuwwat berýär (Flp. 2:13; 4:13). Şol sebäpli, imandaşlara hyzmat etmek islegini ösdürmek üçin Ýehowadan kömek soramaly (Zebur 25:4, 5-nji aýatlary okaň).
12. Jogapkärli borjy ýerine ýetirmek üçin akyldarlyk gerek bolsa, dogan näme etmeli?
12 Käbir doganlar ýygnagyň aladasyny etmegiň kyndygyny we jogapkärçiliklidigini bilip, şeýle ruhy maksatlar goýmaýar. Ýa-da ýygnakdaky borçlary ýerine ýetirmäge üýtgeşik akyl-paýhas gerekdir öýdýär. Mesihçi dogan şeýle pikir edýän bolsa, onda akyldarlyk gazanmak üçin Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýaty has yhlasly hem çuňňur öwrenmeli. Şeýle-de ol özüne şu soragy berip biler: «Men Hudaýyň Sözüni öwrenmäge wagt tapýarynmy we Hudaýdan akyldarlyk soraýarynmy?» Isanyň şägirdi Ýakup hem şeýle maslahat berýär: «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin, oňa berler» (Ýakup 1:5). Sen şu sözlere ynanýarmyň? Hudaý Süleýmanyň dogasyny eşidip, oňa «akyldarlyk we düşünjeli ýürek» berdi. Bu häsiýetler oňa ýagşyny we ýamany saýgaryp, adalatly höküm çykarmaga kömek etdi (1 Pat. 3:7—14). Dogry, Ýehowa Süleýman patyşa deňsiz-taýsyz akyldarlyk berdi. Ýygnakda jogapkärçilik alan doganlar Süleýman ýaly akyldar bolmasa-da, Hudaý öz halkynyň aladasyny etmek üçin, olara gerekli akyldarlygy berer (Sül. tym. 2:6).
13, 14. a) «Mesihiň söýgüsi» Pawlusa nähili täsir etdi? Düşündiriň. b) «Mesihiň söýgüsi» bize nähili täsir etmeli?
13 Mundan başga-da, Ýehowanyň we Oglunyň bize eden ähli ýagşylygy hakda çuňňur oýlanyp, ýygnaga hyzmat etmek islegiňi artdyryp bilersiň. Geliň, 2 Korintoslylar 5:14, 15-nji aýatlara seredeliň (okaň). Nädip «Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär»? Isa Mesih Hudaýyň islegine görä, öz janyny gurban edip, bize söýgüsini bildirdi. Biz onuň söýgüsine näçe gowy düşünsek we onuň gadyryny bilsek, ýüregimize güýçli täsir eder. Mesihiň söýgüsi Pawlus resula-da güýçli täsir etdi. Şeýle söýgi oňa öz bähbidine çapman, Hudaýa, dogan-uýalara we başga adamlara hyzmat etmäge höweslendirdi.
14 Hawa, biz Isa Mesihiň adamzada bildiren söýgüsi hakda oýlansak, oňa bolan minnetdarlygymyz has-da artar. Şeýle-de özüňe peýdaly işlere we keýpi-sapa kowalaşyp, «günäli tende ekin ekmegiň» dogry däldigine doly göz ýetireris hem-de durmuşymyzy özgerdip, Hudaýyň tabşyran işini birinji orunda goýarys. Şonda biz doganlara söýgi bilen ýürekden «gulluk etmek» isläris (Galatýalylar 5:13-i okaň). Biz Hudaýyň halkyna hyzmatkär ýaly, pes göwünli hyzmat etsek, olar bilen sylaşykly bolarys. Şonda biz doganlary tankytlap, ýazgarýan Şeýtana meňzemeris (Ylh. 12:10).
Maşgalanyň goldawy
15, 16. Dogana ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolup gulluk etmäge maşgala agzalary nädip kömek edip biler?
15 Doganyň aýaly hem çagalary bar bolsa, onuň maşgala ýagdaýy hem göz öňüne tutulyp, gulluk hyzmatçysy ýa-da ýaşuly edip bellenilýär. Sebäbi maşgalasynyň ruhy saglygy we abraýy aljak jogapkärçiligine gös-göni täsir edýär. Diýmek, dogan ýygnagyň gulluk hyzmatçysy ýa-da ýaşulusy bolup gulluk etmek üçin, ony aýalynyň we çagalarynyň goldamagy gerek (1 Timoteos 3:4, 5, 12-nji aýatlary okaň).
16 Mesihçi maşgalanyň agzalary birek-birek bilen işleşip, kömekleşse, Ýehowa Hudaýy begendirýär (Efes. 3:14, 15). Maşgalabaşy ýygnakdaky borçlaryny ýerine ýetirmek we «öýüni oňat dolandyrmak» üçin paýhasly bolmaly. Ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy aýaly hem-de çagalary bilen her hepde maşgala okuwyny geçirip, olaryň imanyny berkitmeli. Olar bilen yzygiderli wagza çykmaly. Şonuň üçin maşgala agzalary maşgalabaşynyň edýän tagallalaryny goldamaly.
Sen ýene-de jogapkärçilik alyp bilermiň?
17, 18 a) Dogan talaplara laýyk gelmese, näme edip biler? b) Öň ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolan dogan nähili garaýyşda bolmaly?
17 Belki-de, sen öň ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolup gulluk edensiň, ýöne käbir sebäplere görä, bu borjy goýmaly bolansyň. Emma sen Ýehowany söýýärsiň; şol sebäpli seniň aladaňy edýändigine ynanyp bilersiň (1 Pet. 5:6, 7). Saňa öz üstüňde işlemek barada maslahat berildimi? Şeýle bolsa, kemçiligiňi boýun alyp, Hudaýyň kömegi bilen, öz üstüňde işle. Öýke-kine etme. Paýhasly bolup, dogry garaýşy sakla. Köp ýyl ýaşuly bolup gulluk eden, soňra bu borçdan aýrylan dogan şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşuly bolup gulluk edenimde-de, häzirem yzygiderli ýygnaklara baryp, wagyz edýärin we her gün Mukaddes Ýazgylary okaýaryn. Men birki ýylyň içinde ýaşuly bolaryn diýip umyt etdim, ýöne ýedi ýyl garaşmaly boldum. Bu maňa sabyrly bolmagy öwretdi. Şonda maňa dogan-uýalar, edebiýatlar ýan bermän, öňe gitmäge we ýene-de ýaşuly bolmaga kömek etdi».
18 Sen hem şeýle ýagdaýda bolsaň, onda ruhdan düşme. Ýehowanyň seniň gullugyňa we maşgalaňa berýän bereketleri hakda oýlan. Maşgalaňa ruhy taýdan ösmäge kömek et, syrkawlaryň hal-ýagdaýyny sora, ejizleri ruhlandyr. Esasan-da, Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde Hudaýy şöhratlandyryp, hoş habary höwes bilen wagyz et (Zeb. 145:1, 2; Iş. 43:10—12)b.
Täzeden serediň
19, 20. a) Suwda çokundyrylan doganlar näme etmäge höweslendirilýär? b) Biz indiki makalada nämä serederis?
19 Şu günler gözegçi we gulluk hyzmatçysy bolup gulluk etjek doganlar has-da gerek. Şol sebäpli-de, biz suwda çokundyrylan doganlary ýygnakda jogapkärçilik almak hakda ýene-de oýlanmaga çagyrýarys. Özüňizden: «Men ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolup gulluk etmeýän bolsam, şeýle jogapkärçiligi almaga maňa näme päsgel berýär?» diýip soraň. Goý, Ýehowanyň ruhy size ýygnakdaky jogapkärçilige dogry garamaga kömek etsin!
20 Doganlaryň jan aýaman edýän gullugy ýygnagyň ähli agzalaryna peýda berýär. Dogan-uýalara ýürekden hyzmat edip, ýagşylyk etsek, köp şatlyk taparys we ruhda ekeris. Ýöne indiki makaladan görnüşi ýaly, biz Hudaýyň mukaddes ruhuny gamgyn etmeli däl. Munuň üçin näme etmeli?
a Işaýa 32:1 Patyşa dogrulyk bilen patyşalyk eder, hanlar adalatly höküm sürer. 2 Olaryň her biri ýelden gorag kimin, çabgadan pena kimin, suwsuz ýerde akar suw kimin we gury ýerde beýik gaýa kimin kölege bolar.
b 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» (rus. sah. 30—32) žurnalyna serediň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Mika 5:5-däki pygamberlikde näme wada berilýär?
• Jan aýaman gulluk etmek nämäni aňladýar?
• Dogan imandaşlaryna hyzmat etmek islegini nädip artdyryp biler?
• Ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy bolmak isleýän dogana näme üçin maşgala agzalarynyň goldawy gerek?