Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/5 sah. 22—23
  • Saýgarma ukyplaryňyzy terbiýeläň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Saýgarma ukyplaryňyzy terbiýeläň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Siziň «öwrediji bolmaly wagtyňyz gelip ýetdi»
  • Saýgarma ukyplarymyzy terbiýeleýäris
  • «Agyr damagy» küýsäň
  • «Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkaly berkidiň»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Ruhy taýdan berkäň — «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Paýhasly karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/5 sah. 22—23

Saýgarma ukyplaryňyzy terbiýeläň

SIZ ökde gimnastikaçynyň owadan hem çalasyn hereket edişini syn edip gördüňizmi? Onuň hereketleri haýran galdyrýar. Şol gimnastikaçynyň özüni türgenleşdirişi ýaly, mesihçilere-de saýgarma ukyplaryny terbiýelemek maslahat berilýär.

Pawlus ýewreý mesihçilere ýazan hatynda: «Agyr damak kemala gelenlere, ýagny saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe edilenlere berilýändir» diýýär (Ýew. 5:14). Pawlus ýewreý mesihçilere näme üçin şeýle maslahat berdi? Biz nädip saýgarma ukyplarymyzy terbiýeläp bileris?

Siziň «öwrediji bolmaly wagtyňyz gelip ýetdi»

Isanyň «Melkisedek düzgüni boýunça Baş Ruhanydygyny» düşündirip, Pawlus resul şeýle ýazýar: «(Isa) barada berjek köp gürrüňimiz bar, ýöne siziň eşitmäge islegsizligiňiz üçin düşündirmek kyn. Öwrediji bolmaly wagtyňyz gelip ýeten hem bolsa, siz biriniň Hudaýyň sözüniň ilkinji esaslaryny gaýtadan özüňize öwretmegine mätäç. Size agyr damak däl-de, süýt gerek» (Ýew. 5:9, 11, 12).

Gynansak-da, I asyrda ýaşan käbir ýewreý mesihçileri Hudaý barada bilimini artdyrmandygy üçin ruhy taýdan ösmändirler. Meselem, olara Musanyň kanuny we sünnet baradaky täze düşünjäni kabul etmek kyn bolupdyr (Res. iş. 15:1, 2, 27—29; Gal. 2:11—14; 6:12, 13). Käbiri bolsa sabat güni we Günäden saplanma güni ýaly däp-dessurlary hem baýramçylyklary goýup bilmändirler (Kol. 2:16, 17; Ýew. 9:1—14). Şol sebäpli Pawlus olara saýgarma ukyplaryny terbiýeläp, ýagşy bilen ýamany tanamagy we ruhy taýdan «kämillige tarap ilerlemegi» maslahat berýär (Ýew. 6:1, 2). Onuň beren maslahatlary mesihçilere saýgarma ukyplaryny ulanyşy barada oýlanmaga we ruhy taýdan ösmäge kömek eden bolmaly. Biz hem Pawlusyň maslahatyna eýererismi?

Saýgarma ukyplarymyzy terbiýeleýäris

Biz ruhy taýdan tejribeli mesihçi bolmak üçin, saýgarma ukyplarymyzy nädip terbiýeläp bileris? Gimnastikaçy owadan we çylşyrymly hereketleri etmek üçin bedenini türgenleşdirýär. Şonuň ýaly, biz hem saýgarma ukybymyzy ýagşyny we ýamany tanamaga öwrenişdirmeli.

«Beýni üçin iň peýdaly zat — ony türgenleşdirmek» diýip, Garward uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň kliniki psihiatriýa boýunça professory Jon Reýti aýdýar. Jorj Waşington uniwersitetiniň «Garrylyk, saglyk we gumanitar ylymlary merkeziniň» başlygy Jin Koueniň aýtmagyna görä, «beýnimize agram salanda, beýni öýjükleri täze dendritleri döredýär. Şonuň netijesinde, sinapsislaryň, ýagny nerw birikmeleriniň sany artýar».

Diýmek, Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenip, saýgarma ukybymyzy terbiýelesek peýdaly bolar. Şonda «Hudaýyň... kämil islegini» ýerine ýetirmäge hemişe taýyn bolarys (Rim. 12:1, 2).

«Agyr damagy» küýsäň

Eger biz ruhy taýdan «kämillige ilerlemek» isleýän bolsak, onda özümize şeýle soraglary bermeli: «Men Mukaddes Ýazgylara has çuňňur düşünmäge çalyşýarynmy? Dogan-uýalar meni ruhy taýdan ýetişen mesihçi hökmünde tanaýarmy?» Geliň, bir mysala seredeliň. Ejesi ýaňy doglan çagasyny emdirýär we oňa çaga iýmitini berýär. Emma iki-üç ýyl geçse-de, çaga agyr nahar iýmeýär. Şonda ejede ünji döremezmi? Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam hem ruhy taýdan össe, özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylsa, biz hem begenýäris. Ýöne soňra ol ruhy taýdan ösmegini goýsa, biz biynjalyk bolmarysmy? (1 Kor. 3:1—4). Her bir mugallym täze şägirdiniň wagty bilen mugallym bolmagyny isleýär.

Saýgarma ukyplaryňy ulanmak üçin, etjek işiňi ölçerip we ünsüňi jemläp, köp oýlanmaly (Zeb. 1:1—3). Ýöne telewizor we beýleki güýmenjeler sebäpli ünsüňi jemlemek kyn bolýar. Şonuň üçin olara wajyp zatlaryň üstünde oýlanmaga päsgel bermegine ýol bermäň. Şeýle-de biz saýgarma ukyplarymyzy terbiýelemek üçin, Mukaddes Ýazgylary we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatyny höwes bilen öwrenmeli (Mat. 24:45—47). Biz diňe bir Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamak bilen çäklenmän, eýsem, maşgala okuwyny hem geçirmeli we Mukaddes Ýazgylaryň käbir temalaryny çuňňur özleşdirmek üçin wagt tapmaly.

Meksikada aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýän Jeronimo «Garawul diňi» žurnalynyň her sanyny alan badyna okaýar. Şeýle-de ol aýaly bilen bile okamaga-da ýörite wagt sarp edýär. Jeronimo şeýle diýýär: «Aýalym ikimiz Mukaddes Ýazgylary her gün bile okamagy endik edindik. Biz «Gowy ýurt» atly broşýurany hem ulanýarys». Ronald atly mesihçi bolsa, Mukaddes Ýazgylary hemişe Teokratik gulluk mekdebiniň meýilnamasy boýunça okaýar. Mundan başga-da, ol şahsy okuwy geçirmek üçin bir-iki temany saýlaýar. «Men her şahsy okuwyma sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýip, Ronald gürrüň berýär.

Biz hem şeýle edýärismi? Mukaddes Ýazgylary okamaga we oýlanmaga ýeterlikli wagt sarp edýärismi? Saýgarma ukybymyzy terbiýeläp, her bir meseläni Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri esasynda çözmegi öwrenýärismi? (Sül. tym. 2:1—7). Geliň, saýgarma ukyplarymyzy ýagşy we ýamany tanamaga öwrenişdirip, düşünje hem akyldarlyk gazanalyň! Şonda biz hem ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş