-
«Bize aýt, bu zatlar haçan bolar?»Garawul diňi — 2013 | 15 iýul
-
-
16. Mukaddes Ýazgylaryň ýene haýsy aýatlarynda Isanyň gelmegi barada aýdylýar?
16 Isa sadyk hem akylly hyzmatkär barada: «Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr!» diýdi. On gyz tymsalynda bolsa: «Olar ýag satyn almaga gidenlerinde, giýew gelýär» diýdi. Amanat pul tymsalynda: «Köp wagtdan soň bu hyzmatkärleriň agasy gelýär» diýdi. Bu tymsalda agasy: «Men-de gelip, ony peýdasy bilen alardym» diýdi (Matta 24:46; 25:10, 19, 27). Isanyň gelmegi baradaky şu dört aýat haýsy döwre degişli?
17. Biz Matta 24:46-daky Isanyň gelmegine nähili düşünýärdik?
17 Isanyň gelmegi baradaky sereden soňky dört aýadymyz öň biziň edebiýatymyzda 1918-nji ýyla degişli diýilýärdi. Meselem, Isanyň «sadyk hem akylly hyzmatkär» baradaky sözlerini alyp göreliň (Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň). Biz öňki düşünjämizi göz öňünde tutsak, 46-njy aýada görä, Isa 1918-nji ýylda mesh edilen mesihçileriň ruhy ýagdaýyny barlamaga «geldi», 1919-njy ýylda Agasy bütin mal-mülküni hyzmatkäre ynandy (Mal. 3:1). Emma indi Isanyň pygamberliginde agzalýan wajyp wakalaryň ýerine ýetjek wagty babatda düşünjämizi üýtgetmelidigimize göz ýetirdik. Näme üçin?
18. Isanyň pygamberliginden onuň gelmegi babatda nähili netije çykarsa bolýar?
18 Matta 24:46-nyň öňündäki aýatlarda agzalýan «gelmek» sözi Isanyň uly muşakgatda hökümi yglan etmäge we ony ýerine ýetirmäge geljekdigini aňladýar (Mat. 24:30, 42, 44). 12-nji abzasda aýdylyşy ýaly, Matta 25:31-de agzalýan Isanyň «gelmegi» hem şol höküm döwrüne degişlidir. Diýmek, Matta 24:46, 47-nji aýatlara görä, Isa bütin mal-mülkini sadyk hyzmatkärine gelejekde, ýagny uly muşakgatda ynanar. Şeýlelikde, Isanyň pygamberliginden görnüşi ýaly, onuň gelmegi barada sereden sekiz aýadymyzyň hemmesi uly muşakgatda boljak höküm döwrüne degişlidir.
-