Ýehowa — minnetdar Hudaý
«Hudaý... hyzmat etmegi dowam etdirmek bilen Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» (ÝEWREÝLER 6:10).
1. Ýehowa moably Ruta nädip minnetdarlyk bildirdi?
ÝEHOWANYŇ islegini çyn ýürekden ýerine ýetirmek üçin tagalla edýän adamlardan Ol örän minnetdar we olary bol sylaglaýar (Ýewreýler 11:6). Hudaýyň wepaly gullukçysy Boaz Ýehowanyň bu ajaýyp häsiýetini gowy bilýärdi. Ol dul galan gaýyn enesiniň aladasyny edýän moably Ruta şeýle diýdi: «Taňry eden ýagşylygyňy gaýdyp bersin, ganatlarynyň astyna sygynmaga gelen Hudaýyň... tarapyndan muzduň doly bolsun!» (Rut 2:12, MKS). Hudaý Ruta ak pata berdimi? Elbetde! Bu barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar! Şeýle-de Rut Boaza durmuşa çykyp, Dawut patyşanyň we Isa Mesihiň nesil enesi boldy (Rut 4:13, 17; Matta 1:5, 6, 16). Bu Mukaddes Ýazgylardaky Ýehowanyň öz gullukçylaryna minnetdarlygyny bildirip, sylaglaýandygyny görkezýän ençeme mysallardan diňe biri.
2, 3. a) Ýehowa Hudaýyň minnetdarlyk bildirýändigi näme üçin ajaýyp? b) Ýehowa gullukda edýän tagallamyzyň näme üçin gadyryny bilýär? Mysal getiriň.
2 Ýehowa gullukçylaryna minnetdarlyk bildirmese özüni adalatsyz hasaplaýar. Ýewreýler 6:10-da şeýle diýilýär: «Hudaý siziň işiňizi, mukaddeslere hyzmat edip hem-de hyzmat etmegi dowam etdirmek bilen Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir». Wepaly gullukçylarynyň günälidigine we onuň şöhratyndan mahrum bolandygyna garamazdan, Ýehowanyň olara minnetdarlyk bildirýändigi onuň ajaýyp Hudaýdygyny görkezýär (Rimliler 3:23).
3 Biziň kämilsizdigimiz sebäpli Hudaýa edýän gullugymyz ujypsyz we onuň bereketine mynasyp däl ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma Ýehowa biziň niýetimize we ýagdaýymyza gowy düşünýär hem-de ak ýürekden edýän gullugymyzyň gadyryny bilýär (Matta 22:37). Indiki mysal muňa has gowy düşünmäge kömek eder. Bir gyzjagaz ejesine sowgat etmek üçin arzan monjuk satyn alýar. Onuň arzandygy üçin ejesi oňa kän bir üns bermän, ýadyndan çykaryp hem bilerdi. Emma monjuk bilen berlen otkrytkadan ol muny kiçi gyzynyň ýörite pul ýygnap satyn alandygyny bilýär. Şondan soň ejesi sowgada başgaça garaýar. Megerem, ol gözüne ýaş aýlap, çagasyny gujaklap, oňa ýürekden minnetdarlyk bildirendir.
4, 5. Isa Ýehowanyň minnetdarlyk bildirişinden nädip görelde aldy?
4 Eger biz az bolsun, köp bolsun Ýehowa iň gowy zadymyzy bersek, ol begenýär, çünki niýetimizi bilýär we mümkinçiligimiziň çäklidigine düşünýär. Bu babatda Isa Atasynyň kämil göreldesine eýerýärdi. Mukaddes Ýazgylardaky garyp dul aýalyň mysalyny ýada salalyň. «Isa gabagyny galdyranda, baý adamlaryň öz peşgeşlerini ybadathananyň hazynasyna atyp duranyny gördi. Ol bir garyp dul hatynyň hem pul atanyny görüp, diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul hatyn hemmeden kän atdy. Çünki olaryň hemmesi Hudaýyň sandygyna özlerinden artany atdylar, bu hatyn bolsa garyplygyna garamazdan, bütin çörek puluny atdy» (Luka 21:1—4).
5 Hawa, Isa ol aýalyň duldugyny we garypdygyny bilýärdi, şonuň üçin onuň sowgadyny gymmat saýyp ýokary baha berdi. Ýehowa barada hem şeýle diýse bolar (Ýahýa 14:9). Ýagdaýymyzyň çäklidigine garamazdan, Hudaýyň we onuň Oglunyň minnetdarlygyny gazanyp bilýändigimiz, eýsem, bizi ruhlandyrmaýarmy?
Hudaýdan gorkýan hebeşlini Ýehowa sylaglaýar
6, 7. Ýehowa Ýebed-melege näme üçin we nädip minnetdarlyk bildirdi?
6 Mukaddes Ýazgylardaky ençeme wakalar Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän adamlara onuň minnetdarlyk bildirýändigini görkezýär. Hudaýdan gorkýan hebeşli Ýebed-melegiň mysalyna seredeliň. Ol Ýeremiýa pygamberiň döwürdeşi we Ýahudanyň wepasyz patyşasy Zedekiýanyň öýünde hyzmat edýärdi. Ýebed-melek Ýahudanyň şazadalary Ýeremiýa pygamberi adalatsyz bozgaklykda aýyplap, açlykdan öler ýaly çukura zyňandygyny bilýär (Ýeremiýa 38:1—7). Ýeremiýanyň wagyz edýändigi üçin ýigrenýändiklerini bilse-de, Ýebed-melek janyny howp astyna salyp patyşa ýüz tutýar. Ol mertlerçe: «Eý, patyşahym! Bu adamlar Ýeremiýa pygamberi çukura zyňyp erbet edipdirler; ol ýerde açlykdan öler» diýýär. Patyşanyň tabşyrygy boýunça Ýebed-melek otuz sany adamy ýanyna alyp, Hudaýyň pygamberini halas edýär (Ýeremiýa 38:8—13).
7 Ýebed-melek gorkýandygyna garamazdan, Ýehowa onuň islendik gorkyny ýeňmäge kömek edýän imanyna görä hereket edendigini gördi. Şeýdip, Ýehowa oňa minnetdarlyk bildirdi we Ýeremiýa arkaly Ýebed-melege şeýle diýdi: «Ine, Men bu şäher barada aýdan sözlerimi gowulyk üçin däl, erbetlik üçin ýerine ýetirerin... Emma men seni şol gün halas ederin... sen gorkýan adamlaryň eline düşmersiň. Men seni halas ederin... seniň janyň olja bolmaz, çünki sen Maňa bil bagladyň» (Ýeremiýa 39:16—18). Hawa, Ýehowa Ýebed-melek bilen Ýeremiýany Ýahudanyň zalym patyşasyndan we Iýerusalimi derbi-dagyn eden babyllylardan halas etdi. Mezmur 97:10-da: «Ol [Ýehowa] takwalarynyň janlaryny goraýandyr, erbetler elinden olary halas edýändir» diýilýär.
«Gizlinlikde edileni görýän Ataň... açyk gaýtarar»
8, 9. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly Ýehowa nähili dogalar ýaraýar?
8 Şeýle-de Ýehowa biziň oňa wepalydygymyzy gymmat saýýandygyny Mukaddes Ýazgylarda doga barada näme diýilýändiginden görse bolar. Bir paýhasly adam: «Gönüleriň dogasyny bolsa Ol [Hudaý] halaýandyr» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 15:8). Isanyň günlerinde dini ýolbaşçylaryň köpüsi jemagatyň öňünde hudaýhondygy üçin däl-de, göz üçin doga edýärdiler. Isa Mesih: «Olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar» diýdi. Soňra şägirtlerine şeýle maslahat berdi: «Emma sen doga edeniňde öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Ataňa doga et; gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer» (Matta 6:5, 6).
9 Elbetde, Isa jemagatyň öňünde edilýän dogalara garşy däldi, çünki onuň özi-de käwagt adamlaryň öňünde doga edýärdi (Luka 9:16). Adamlara ýaranyp göz üçin däl-de, çyn ýürekden doga etsek, Ýehowa bizden örän minnetdar bolar. Biziň şahsy dogalarymyz Hudaýy çuňňur söýýändigimizi we oňa bil baglaýandygymyzy görkezýär. Şonuň üçin Isanyň köplenç doga etmek üçin çola ýer gözländigi geň däl. Bir gezek ol «şapak entek gyzarmanka» turup doga etdi. Başga bir sapar bolsa «doga etmek üçin daga çykdy». On iki resulyny saýlamazyndan öň, Isa uzyn gije doga etdi (Markus 1:35; Matta 14:23; Luka 6:12, 13).
10. Ýürekden syzdyryp, duýgularymyzy aýdyp doga etsek, nämä ynanyp bileris?
10 Oglunyň ýürekden eden dogalaryny Ýehowanyň ünsli diňländigini göz öňüne getiriň! Isa «uly perýat, gözýaşlar bilen doga [edende]... takwalygy üçin eşidildi» (Ýewreýler 5:7; Luka 22:41—44). Haçan-da ýürekden syzdyryp, duýgularymyzy aýdyp doga etsek, gökdäki Atamyzyň ünsli we minnetdarlyk bilen diňlejekdigine ynanyp bileris. Hawa, «Reb özüni çagyrýanlaryň... çyndan çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr» (Zebur 145:18).
11. Hiç kimiň görmeýän wagty edýän işlerimize Ýehowa nähili garaýar?
11 Eger gizlinlikde doga edenimizde Ýehowa minnetdar bolýan bolsa, onda hiç kimiň görmeýän wagty hem tabyn bolsak, ol bizden has-da minnetdar bolar! Dogrudan-da, Ýehowa biziň gizlinlikde edýän işlerimizi bilýär (1 Petrus 3:12). Hawa, biziň wepalylygymyz we hiç kim görmeýän wagty gulak asýandygymyz, Ýehowa «bütin ýürekden» gulluk edýändigimizi, ýagny niýetimiziň päkdigini we dogrulykda ýöremegi berk ýüregimize düwendigimizi görkezýär (1 Taryhlar 28:9). Şeýle edim-gylymymyz Ýehowanyň ýüregini biçak şatlandyrýar! (Süleýmanyň tymsallary 27:11; 1 Ýahýa 3:22).
12, 13. Pikirimizi we ýüregimizi gorap, wepaly şägirt Natanaýeliň göreldesine nädip eýerip bileris?
12 Şol sebäpli wepaly mesihçiler pikiriňi we ýüregiňi zaýalaýan, meselem, parnografiýa we zorlukly filmleri gizlinlikde görüp, günä etmekden gaça durýarlar. Käbir günäleri adamlardan gizläp bolsa-da, «hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zadyň ýalaňaç hem açykdygyny» bilýäris (Ýewreýler 4:13; Luka 8:17). Ýehowa ýaramaýan zatlardan gaça dursak, wyždanymyzy arassa saklarys hem-de Hudaýy razy edýändigimize begeneris. Hawa, «göni gezýän, dogry iş eýdän we ýüreginden hakykaty aýdýan» adamlardan Ýehowa dogrudanam minnetdar (Zebur 15:1, 2).
13 Erbetlikden doly dünýäde ýaşap pikirimizi we ýüregimizi nädip gorap bileris? (Süleýmanyň tymsallary 4:23; Efesliler 2:2). Ýehowanyň imanymyzy berkitmek üçin berýän ähli ruhy zatlaryny kabul etmeli. Şeýle-de ýagşylyk etmeli we ýaramaz işleri inkär edip, erbet höwesler bogaz bolup, günäni dogurmaz ýaly derrew hereket etmeli (Ýakup 1:14, 15). Eger Isa Natanaýele aýdan sözlerini size-de aýtsa, nähili bagtly bolardyňyz. Ol oňa: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýdi (Ýahýa 1:47). Natanaýele Bartolomeus hem diýilýärdi, soňra ol Isanyň on iki resullarynyň biri boldy (Markus 3:16—19).
«Rehimdar hem sadyk Baş Ruhany»
14. Isa başga adamlardan tapawutlylykda Merýemiň hereketine nähili garady?
14 Ýehowanyň «görünmez keşbi» bolan Isa Mesih, Atasynyň birkemsiz göreldesine eýerip, Hudaýa ak ýürekden gulluk edýän adamlara hemişe minnetdarlyk bildirýärdi (Koloseliler 1:15). Meselem, Isa janyny gurban etmezinden bäş gün öň, birnäçe şägirtleri bilen Beýtaniýadaky Simunyň öýüne myhmançylyga barýar. Agşamara Lazaryň we Merýemiň uýasy Marta «bir gadak gymmat nardyň sap ýagyny [onuň bahasy bir ýyllyk gazanja barabardy] alyp», Isanyň başyny we aýagyny ýaglady (Ýahýa 12:3). Şägirtleriň biri: «Beýle isrip etmek nämä gerek?» diýdi. Emma Isa Merýemiň hereketine başgaça garady. Ol muny uly jomartlyk hasaplap, aýratyn ähmiýet berdi, sebäbi ölüminiň we jaýlanmagynyň ýakyndygyny bilýärdi. Şonuň üçin Isa Merýemi ýazgarmady, gaýtam ony öwüp şeýle diýdi: «Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de ony ýatlamak üçin aýdylar» (Matta 26:6—13).
15, 16. Isanyň ynsan bolup Hudaýa gulluk edendiginiň bize nähili peýdasy bar?
15 Biziň ýagdaýymyza düşünýän, minnetdar hökümdarymyz Isa Mesihiň bardygyna örän begenýäris! Isanyň ýer ýüzünde ynsan bolup ýaşamagy, ony Ýehowanyň bellän möhüm roluna taýýarlady. Ol ilki bilen, mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň, soňra bütin dünýäniň Baş ruhanysy we Patyşasy bolmalydy (Koloseliler 1:13; Ýewreýler 7:26; Ylham 11:15).
16 Heniz ýer ýüzüne gelmänkä, Isa adamlaryň aýratyn aladasyny edip, olara söýgüsini bildirýärdi (Süleýmanyň tymsallary 8:31). Ýer ýüzünde ynsan bolup ýaşandygy sebäpli, Hudaýa gulluk etmek üçin nähili synaglara uçraýandygymyza öňküden hem has gowy düşünýär. Pawlus resul şeýle diýdi: «[Isa] rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy... Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar». Isa «biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem her zatda biziň ýaly synaldy, günä etmedi» (Ýewreýler 2:17, 18; 4:15, 16).
17, 18. a) Kiçi Aziýadaky ýedi ýygnaga ýazylan hatlardan Isanyň şägirtlerine düşünýändigi we gymmat saýýandygy nädip görünýär? b) Mesh edilen mesihçiler nähili rola taýýarlandylar?
17 Şägirtleriniň nähili synaglary başdan geçirendigine düşünýändigi we olardan minnetdardygy Isa direlenden soň has-da aýan boldy. Ýahýa resul arkaly Isanyň Kiçi Aziýadaky ýedi ýygnaga ýazan hatyna seredeliň. Izmirdäki ýygnaga Isa: «Seniň muşakgatlaryňy, garyplygyňy bilýärin» diýdi. Aslynda ol: «Men seniň kynçylyklaryňa doly düşünýärin, seniň nämeleri başdan geçirýändigiňi bilýärin». Soňra ol: «Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin» diýdi (Ylham 2:8—10). Isanyň şeýle diýmäge doly haky bardy, sebäbi onuň özi-de tä ölýänçä ejir çekdi, bu sözlerden onuň bize düşünýändigi we duýgudaşlyk bildirýändigi görünýär.
18 Ýedi ýygnaga ýazylan hatlardan Isanyň şägirtleriniň nähili kynçylyklara duş gelendigini bilýändigi we olaryň wepalylygyny gymmat saýýandygy görünýär (Ylham 2:1—3:22). Isa bu hatlary onuň bilen gökde höküm sürmäge umydy bolan mesh edilen mesihçilere ýazandygyny ýatdan çykarmalyň. Olar Rebbiň göreldesine eýerip, beýik roly ýerine ýetirmäge, ýagny rehimdar ruhanylar bolmaga taýýarlandylar. Olar bikämil adamlara Mesihiň töleg gurbany arkaly günäden tämizlenmäge kömek ederler (Ylham 5:9, 10; 22:1—5).
19, 20. «Uly märeke» Ýehowa we onuň Ogluna minnetdarlygyny nädip görkezýär?
19 Elbetde, Isa «agyr muşakgatdan geçmäge» umydy bolan «her milletden» ýygnalan «uly märekäni», ýagny Hudaýa wepaly «başga goýunlary» hem söýýär (Ýahýa 10:16; Ylham 7:9, 14). Olar Isanyň töleg gurbanyny we ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşa bolan umydy gymmat saýýarlar. Eýsem, olar minnetdarlygyny nädip görkezýärler? Olar «gije-gündiz [Hudaýa] hyzmat edýärler (Ylham 7:15—17).
20 Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň «gije-gündiz hyzmat edýändigi», 27—30-njy sahypalardaky 2006-njy gulluk ýylynyň hasabatynda aýdyň görkezilýär. Olar mesh edilen mesihçileriň kiçi topary bilen bilelikde bir ýylyň dowamynda 1 333 966 199 sagat wagyz etdiler. Bu 150 000 gowrak ýyla gabat gelýär!
Minnetdarlyk bildirmegiňizi dowam ediň!
21, 22. a) Mesihçiler näme üçin aýratyn hem şu günler minnetdarlyk bildirmegi unutmaly däl? b) Indiki makalada nämä serederis?
21 Ýehowa we onuň Ogly bikämil adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünip, olara çuňňur minnetdarlyk bildirýärler. Gynansak-da, adamlaryň köpüsi diňe özüniň aladasyny edip, Hudaý barada oýlanmaýarlar. «Soňky günlerde» ýaşaýan adamlar barada Pawlus: «Özüni söýýän, pula gyzan... gadyr bilmez... bolar» diýdi (2 Timoteos 3:1—5). Bu adamlardan tapawutlylykda, mesihçiler ýürekden doga edip, gulak asyp, Hudaýyň olar üçin edýän ähli işlerine bütin jany bilen minnetdarlyk bildirýärler! (Zebur 62:8; Markus 12:30; 1 Ýahýa 5:3).
22 Indiki makalada Ýehowanyň söýgi bilen berýän birnäçe ruhy sowgatlaryna serederis. Bu bolsa bize Hudaýyň «oňat... sowgatlaryna» minnetdarlygymyzy artdyrmaga kömek eder (Ýakup 1:17).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýehowa özüniň minnetdar Hudaýdygyny nädip görkezýär?
• Hiç kimiň görmeýän wagty Ýehowanyň ýüregini nädip şatlandyryp bileris?
• Isa düşünýändigini we minnetdardygyny nädip görkezdi?
• Isanyň ynsan bolup ýaşamagy rehimdar we minnetdar hökümdar bolmagyna nädip kömek etdi?