Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/8 sah. 7—11
  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — bu mesihçileriň umydymy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — bu mesihçileriň umydymy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ebedi ýaşaýyş — «ähli zadyň täzelenjek wagty»
  • Ýahýanyň hoş habary nämäni aýan edýär?
  • Düşündirişi talap etmeýän umyt
  • Ylhamlanan hatlarda näme diýilýär?
  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — Hudaýyň beren umydy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Umytda şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/8 sah. 7—11

Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — bu mesihçileriň umydymy?

«(Hudaý) olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm... bolar» (YLH. 21:4).

1, 2. Biz I asyrdaky ýehudylaryň ýerde ebedi ýaşamaga umyt edendigini nireden bilýäris?

BIR baý ýaş ýigit Isanyň ýanyna geldi-de, onuň öňünde dyza çöküp: «Eý ýagşy mugallym! Men ebedi ýaşaýşy alar ýaly näme etmeli?» diýip sorady (Mar. 10:17). Ýaş ýigit ebedi ýaşaýyş barada aýdypdy. Emma ol haýsy ebedi ýaşaýyş barada aýtdy? Biz geçen makalada, ýüzlerçe ýyl mundan öň, Hudaýyň ýewreýlere direliş we ýerde ebedi ýaşaýyş umydyny berendigi barada bilipdik. I asyrda ýehudylaryň köpüsi ebedi ýaşaýşa umyt edýärdi.

2 Marta dogany ölende, Isa ýüzlenip: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» diýdi. Şonda ol doganynyň ýer ýzünde direljegine ynanýandygyny aýan etdi (Ýahýa 11:24). Şol döwürde sadukeýler direlişe ynanmaýardy (Mar. 12:18). Taryhçy Jorj Fut Mur «Ilkinji asyrlaryň hristian dininiň iudaizmi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «B. e. öň I we II asyryň ýazuw işleri-de... bir wagt ölen adamlaryň ýerde direljegi barada aýdylýar». Isanyň ýanyna gelen baý ýaş ýigit ýer ýüzünde ebedi ýaşamak isleýärdi.

3. Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Şu gunler dindar adamlaryň we Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlaryň köpüsi ýerde ebedi ýaşaýyş baradaky taglymaty inkär edýärler. Adamlaryň köpüsi ölensoň o dünýäde ebedi ýaşamaga umyt edýär. Şol sebäpli olar Injilde «ebedi ýaşaýyş» diýen jümläni okanlarynda, oňa gökdäki ýaşaýyşdyr öýdýärler. Bu dogrumyka? Isa ebedi ýaşaýyş barada aýdanda nämäni göz öňünde tutan bolmaly? Isanyň şägirtleri nämä ynanýardy? Injil biziň ýerde ebedi ýaşamagymyza umyt berýärmi?

Ebedi ýaşaýyş — «ähli zadyň täzelenjek wagty»

4. «Ähli zadyň täzelenjek wagty» näme bolar?

4 Mukaddes Ýazgylarda mesh edilen mesihçileriň gökde direlip, ýeriň üstünden hökümdarlyk etjekdigi aýdylýar (Luka 12:32; Ylh. 5:9, 10; 14:1—3). Isa ebedi ýaşaýyş barada aýdanda, diňe bu topary göz öňünde tutmady. Isa baý ýaş ýigide baýlygyňy goý-da, yzyma düş diýende, ol ýigit gynanyp, öýüne dolanýar. Geliň, şondan soň Isanyň şägirtlerine näme aýdanyny bileliň (Matta 19:28, 29-njy aýatlary okaň). Isa resullarynyň «Ysraýylyň on iki taýpasyna» patyşa boljagyny we olaryň üstünden höküm çykarjagyny, ýagny bütin ýer ýüzünde hökümdarlyk etjegini aýtdy (1 Kor. 6:2). Şeýle-de onuň yzyna eýeren «her kesiň» sylag aljagyny aýtdy. Olar «ebedi ýaşaýşyň mirasçysy» bolar. Bu «ähli zadyň täzelenjek wagtynda» bolar.

5. «Ähli zadyň täzelenmegi» nämäni aňladýar?

5 Isa «ähli zadyň täzelenjek wagty» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Isa ýehudylaryň nämä umyt edýändigini bilip, olara «ähli zadyň täzelenjek wagty» diýen jümläni düşündirmedi. Bu sözler Adam ata bilen Howa ene günä etmezden öň, Erem bagynda bolan şertleriň ýerde täzeden dikeldiljegini aňladýardy. Ähli zat täzelenende, Hudaýyň «täze gögi we täze ýeri dörederin» diýen wadasy berjaý bolar (Iş. 65:17).

6. Biz goýunlar we geçiler baradaky tymsaldan ebedi ýaşaýyş umydy barada näme öwrenýäris?

6 Isa zalym dünýäniň soňky günleri hakynda aýdanda-da, ebedi ýaşaýyş barada agzap geçdi (Mat. 24:1—3). «Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Bütin milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar». Höküm edilen adamlara ebedi jeza berler, dogry adamlar bolsa «ebedi ýaşaýyş» alar (Mat. 25:31—34, 40, 41, 45, 46). Ebedi ýaşaýşy aljak «dogry adamlara» Isanyň «mesh edilen» doganlaryny goldaýan adamlar degişlidir. Mesh edilenler gökde hökümdarlyk etmäge saýlandylar, şol sebäpli «dogry adamlar» Hudaýyň Patyşalygynyň ýerdäki raýatlary bolar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle pygamberlik edilýär: «Onuň (Ýehowanyň Patyşasynyň)... deňizden-deňze çenli, derýadan ýeriň uçlaryna çenli» raýatlary bolar (Zeb. 72:7, 8). Olar ýerde ebedi ýaşaýyş alar.

Ýahýanyň hoş habary nämäni aýan edýär?

7, 8. Isa Nikodimosa haýsy iki umyt barada aýtdy?

7 Matta, Markus we Lukanyň hoş habaryndan getirilen ýokarky aýatlarda Isa «ebedi ýaşaýyş» diýen jümläni ulanýar. Ýahýanyň hoş habaryna görä, Isa takmynan 17 gezek ebedi ýaşaýyş barada aýdýar. Geliň, Isanyň ýerde ebedi ýaşaýyş umydy barada aýdan birnäçe wakalaryna seredeliň.

8 Ýahýanyň aýtmagyna görä, Isa ebedi ýaşaýyş barada ilkinji gezek Nikodimos atly fariseýe aýdýar. Ol Nikodimosa şeýle diýdi: «Hakykatdan-da, saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez». Hudaýyň gökdäki Patyşalygyna girmek üçin «gaýtadan dogulmaly» (Ýahýa 3:3—5). Soňra Isa sözüni tamamlap, ähli adamlara berilýän umyt barada aýtdy (Ýahýa 3:16-ny okaň). Isa mesh edilen şägirtlere gökde ýaşamak we başga mesihçilere bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamak umydy barada aýtdy.

9. Isa Samariýaly aýala haýsy umyt barada aýtdy?

9 Isa Iýerusalimde Nikodimos bilen gepleşensoň, demirgazyga Jelilä tarap gidýär. Ýolda ol Samariýanyň Sihar şäheriniň golaýynda, Ýakubyň guýusynyň başynda bir aýala duşýar. Isa aýala şeýle diýýär: «Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz, tersine, Meniň oňa berjek suwum içinde ebedilik ýaşaýyş çeşmesi bolar» (Ýahýa 4:5, 6, 14). Bu suw ähli adamlary, şol sanda, ýerde ýaşajak ynsanlary ebedi ýaşaýşa eltmek üçin Hudaýyň gören çäresini aňladýar. Ylham kitabynda Hudaýyň özi: «Men suwsana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin» diýýär (Ylh. 21:5, 6; 22:17). Isa Samariýaly aýala ebedi ýaşaýşy diňe bir mesh edilenler däl, eýsem, ýerde ýaşamaga umyt edýän adamlaryň hem aljagyny aýtdy.

10. Isa Beýtesta howzunda syrkaw adamy bejerensoň, ýalan dini ýolbaşçylara ebedi ýaşaýyş barada näme aýtdy?

10 Bir ýyl geçensoň Isa ýene-de Iýerusalime barýar. Ol Beýtesta howzunda syrkaw adamy bejerýär. Isa özüni ýazgaran ýehudylara: «Ogul Atasynyň eden zatlaryny görmedik bolsa, Özünden hiç zat edip bilmez» diýdi. Isa olara Atasynyň «ähli hökümi Ogla tabşyrandygy» barada aýdansoň: «Meniň sözümi diňläp, Meni Ýollana iman edene ebedi ýaşaýyş bardyr» diýdi. Şeýle-de Isa: «Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň (ynsan Oglunyň) sesini eşitjek wagtlary gelýär. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin direler we şer iş edenler höküm üçin direler» diýdi (Ýahýa 5:1—9, 19, 22, 24—29). Isa özüni yzarlaýan ýehudylara — ýewreý halkynyň ýer ýüzünde ebedi ýaşamak umydyny amala aşyrmak üçin — Hudaýyň iberendigini aýtdy. Ol ölüleri direldip, şol umydy ýerine ýetirjekdigini düşündirdi.

11. Ýahýa 6:48—51-nji aýatlardaky Isanyň sözleri ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş umydyny aňladýandygyny nireden bilýäris?

11 Isanyň gudrat arkaly berýän çöregini almak üçin, Jelilede müňlerçe adamlar onuň yzyna düşdüler. Isa olara başga çörek, ýagny «ýaşaýyş çöregi» barada gürrüň berdi. (Ýahýa 6:40, 48—51-nji aýatlary okaň). Ol: «Meniň berjek çöregim öz tenimdir» diýip, olara düşündirdi. Isa öz janyny diňe onuň bilen gökde hökümdarlyk etjekler üçin däl, eýsem, «dünýäniň ýaşaýşy», ýagny tölege mätäç adamlar üçin berdi. Kim «bu çörekden iýse», ýagny Isanyň töleg gurbanyna iman etse, ebedi ýaşaýşy alar. «Ebedi ýaşaýyş» diýen jümle, bu gadymy döwürdäki ýehudylaryň Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlygy astynda ýer ýüzünde ebedi ýaşamak umydyny hem aňladýar.

12. Isa duşmanlaryna «Men goýunlaryma ebedi ýaşaýyş bererin» diýende haýsy umydy göz öňünde tutdy?

12 Isa Iýerusalimde ybadathananyň açylyş baýramynda, duşmanlaryna şeýle diýdi: «Siz iman etmeýärsiňiz, çünki... Meniň goýunlarymdan däl. Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. Men olara ebedi ýaşaýyş bererin» (Ýahýa 10:26—28). Isa diňe gökdäki ýaşaýyş barada aýtdymy? Ýa-da Jennetde ýerdäki ebedi ýaşaýşy göz öňünde tutdymy? Isa mundaň öň şägirtlerine şeýle teselli beriji sözleri aýtdy: «Gorkma, eý kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy» (Luka 12:32). Şol baýramçylykda Isa şeýle sözleri hem aýtdy: «Meniň bu agyldakydan başga-da goýunlarym bar, Men olary hem ýygnamaly» (Ýahýa 10:16). Diýmek, Isa duşmanlaryna ýüzlenende, diňe «kiçi süriniň» gökde ýaşamaga edýän umydy barada däl-de, millionlarça «başga goýunlaryň» ýer ýüzünde ebedi ýaşamak umydy barada aýdypdy.

Düşündirişi talap etmeýän umyt

13. Isanyň: «Sen... meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýmegi näme aňladýar?

13 Isa pürsde ölüminiň öň ýanynda, adamlaryň umydynyň bardygyny tassyklady. Isanyň ýanynda pürse çüýlenen jenaýatçy şeýle haýyş etdi: «Isa, Patyşalygyňa baryp gireniňde, meni ýatla!» Isa hem oňa diýdi: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» (Luka 23:42, 43). Ol ýehudy bolany üçin, oňa Jennetiň nämedigini düşündirmek gerek däldi. Ol ýerde Jennetiň boljagyny bilýärdi.

14. a) Resullara gökdäki umyda düşünmek kyn bolandygy nämeden görünýär? b) Isanyň şägirtleri gökdäki umyda haçan aýdyň düşündi?

14 Gökdäki umyt Isanyň düşündirmegini talap edýärdi. Isa şägirtlerine göge gidip, olar üçin ýer taýýarlajakdygyny aýdanda, olar oňa düşünmediler (Ýahýa 14:2—5-nji aýatlary okaň). Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Size aýtjak ýene köp zatlarym bar, ýöne häzir siz olary göterip bilmersiňiz. Emma Ol Hakykat Ruhy gelende, size bütin hakykata tarap ýol görkezer» (Ýahýa 16:12, 13). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde, Isanyň şägirtleri gelejekde patyşalar bolmak üçin Hudaýyň ruhy bilen mesh edilenden soň, tagtlarynyň gökde boljakdygyna düşündiler (1 Kor. 15:49; Kol. 1:5; 1 Pet. 1:3, 4). Gögi miras almak umydy aýan boldy; Injilde ýazylan hatlar, esasanam, şoňa bagyşlanandy. Ýöne ol hatlar adamlaryň ýerde ebedi ýaşamak umydyny tassyklaýarmy?

Ylhamlanan hatlarda näme diýilýär?

15, 16. Hudaýyň ylhamy bilen ýewreýlere ýazylan Hatda we Petrusyň sözlerine görä, ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşa bolan umyt nädip görkezilýär?

15 Pawlus ýewreýlere ýazan hatynda, imandaşlaryna «asmandan gelen çakylyga şärik bolan mukaddes doganlar» hökmünde ýüzlendi. Emma ol Hudaýyň «geljekki dünýämizi» Isa tabyn edendigini aýtdy (Ýew. 2:3, 5; 3:1). Injil kitabynyň asyl nusgasynda «dünýä» hemişe adamlardan doly ýeri aňladýandygyny görkezýär. «Geljekki dünýä» Isanyň hökümdarlygy astyndaky täze dünýäni aňladýar. Şonda Isa Hudaýyň: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýen wadasyny berjaý eder (Zeb. 37:29).

16 Petrus resul hem Hudaýyň ylhamy bilen, ynsanyň gelejegi barada şeýle ýazdy: «Häzirki gökler, ýer Onuň sözi bilen ot üçin goralyp, höküm gününe, hudaýsyz adamlaryň heläk boljak gününe çenli saklanýar» (2 Pet. 3:7). Häzirki hökümdarlyk edýän göklere we zalym dünýä näme bolar? (2 Petrus 3:13-i okaň). Olaryň deregine «täze gökler» — Hudaýyň Patyşalygy we «täze ýer» — hak Hudaýa sežde edýän dogry adamlar bolar.

17. Ylham 1:1—4-nji aýatlarda adamlaryň haýsy umydy barada aýdylýar?

17 Mukaddes Ýazgylaryň iň soňky kitabynda kämillige ýeten adamlar barada tolgundyryjy görnüş ýazylan (Ylham 21:1—4-nji aýatlary okaň). Hudaýa iman edýän adamlar Erem bagynda kämillik ýitirlenden bäri oňa umyt edýär. Dogry adamlar garraman, ebedi, ýerdäki Jennetde ýaşarlar. Bu umyt Töwrat, Pygamberler kitaby, Zebur hem Injil kitaplaryna esaslanyp, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny şu günlere çenli berkidýär (Ylh. 22:1, 2).

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Isanyň «ähli zadyň täzelenjek wagty» diýmegi nämäni aňladýar?

• Isa Nikodimosa näme barada aýtdy?

• Isa özi bilen pürse çüýlenen jenaýatça näme wada berdi?

• Ýewreýlere ýazylan Hata we Petrusyň sözlerine görä, adamlaryň ýerdäki ebedi ýaşaýşa bolan umydy nädip tassyklanylýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş