Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 67 sah. 160—sah. 161 abz. 4
  • «Hiç kim hiç haçan bu adamyňky ýaly geplemändi»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Hiç kim hiç haçan bu adamyňky ýaly geplemändi»
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa Nikodime tälim berýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Çatma baýramynda bolan waka
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • «Hudaýyň Ogly — «dünýä üçin ýagtylykdyr»
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 67 sah. 160—sah. 161 abz. 4
Garawullar Isany tussag etmäge gelýärler

67-NJI BAP

«Hiç kim hiç haçan bu adamyňky ýaly geplemändi»

ÝAHÝA 7:32—52

  • GARAWULLAR ISANY TUSSAG ETMÄGE GELÝÄRLER

  • NIKODIMOS ISANYŇ TARAPYNY TUTÝAR

Isa henizem Iýerusalimde Çatma baýramyndady. Ol «köp adamlaryň oňa iman edendegine» begenýärdi. Emma dini ýolbaşçylar begenmeýärdi, gaýtam, Isany tussag etmek üçin, olar ýörite adam iberýärler (Ýahýa 7:31, 32). Isa bolsa gaçjagam bolmaýar.

Ol Iýerusalimde adamlara açyk tälim bermegini dowam edýärdi. Isa: «Men özümi Ibereniň ýanyna gidýänçäm, ýene biraz wagt ýanyňyzda bolaryn. Siz meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, siz meniň gitjek ýerime-de baryp bilmersiňiz» diýýär (Ýahýa 7:33, 34). Ýehudylar onuň aýdanlaryna düşünmeýärler. Şol sebäpli olar öz aralarynda şeýle diýişýärler: «Biz tapyp bilmez ýaly, ol nirä gitjek bolýarka? Ol grekleriň arasynda ýaşaýan ýehudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjek bolýan-a däldir? Ol „Siz meni gözlärsiňiz, ýöne tapmarsyňyz, siz meniň gitjek ýerime-de baryp bilmersiňiz“ diýmek bilen, ol nämäni göz öňünde tutýarka?» (Ýahýa 7:35, 36). Emma Isa özüniň öldürilip, soňra gökdäki ýaşaýyş üçin direljekdigini göz öňünde tutup aýdýardy. Elbetde, onuň duşmanlary ol ýere baryp bilmez.

Çatma baýramynyň ýedinji güni ýetip gelýärdi. Adatça, baýramçylyk günleri ruhany her gün irden Siloam howdanyndan suw alyp, ony gurban berilýän sypanyň düýbüne guýýardy. Belki-de, Isa şuny göz öňünde tutup: «Kim suwsaýan bolsa, goý, ýanyma gelsin, men oňa içmäge suw bererin. Kim maňa iman etse, Ýazgylarda aýdylyşy ýaly: „Onuň içinden ýaşaýyş suwy akyp durar“» diýýär (Ýahýa 7:37, 38).

Isa bulary aýtmak bilen, şägirtleriniň mukaddes ruh bilen mesh edilip, gökdäki ýaşaýşa çagyryljagyny göz öňünde tutýar. Bu waka Isanyň ölüminden soň bolar. Hawa, indiki ýylyň Pentikost gününden başlap, ýaşaýyş suwy akar, ýagny mesh edilen mesihçiler adamlara hakykaty gürrüň berip başlarlar.

Isa bu sözleri aýdanda, käbirleri: «Bu adam, dogrudanam, Pygamber» diýýärler. Olar muny Musadan beýik bir pygamberiň gelmelidigi baradaky aýdylan sözleri göz öňünde tutýan bolmaly. Başgalar: «Ol Mesih» diýse, käbiri: «Eýsem, Mesih Jelileden gelmelimi? Ýazgylara görä Mesih Dawudyň neslinden hem-de onuň obasy Beýtullahamdan gelmeli dälmi näme?» diýýärler (Ýahýa 7:40—42).

Şeýdip, märeke ikä bölünýär. Käbirleri Isanyň tussag edilmegini isleýärdiler, ýöne hiç kim oňa elini-de degrip bilmeýär. Garawullar uly ruhanylaryň we fariseýleriň ýanyna dolanyp gelenlerinde, olar: «Siz ony näme üçin tutup, şu ýere alyp gelmediňiz?» diýip soraýarlar. Şonda garawullar: «Hiç kim hiç haçan bu adamyňky ýaly geplemändi» diýip jogap berýärler. Dini ýolbaşçylar gahar bilen garawullary ýaňsylap, şeýle diýýärler: «Siz hem oňa aldandyňyzmy? Eýsem, ýolbaşçylardan ýa-da fariseýlerden oňa iman eden barmy? Ýöne ony diňleýän märeke Kanuny asla bilmeýär, olar näletlenen adamlardyr» (Ýahýa 7:45—49).

Garawullar Isany tussag etmäge gelýärler

Şonda Sinedrionyň agzasy bolan Nikodimos atly bir fariseý Isanyň tarapyny tutup gepleýär. Ol takmynan iki ýa iki ýarym ýyl mundan öň gije Isanyň ýanyna baryp, onuň gürrüň beren zatlaryny diňläpdi we oňa iman edipdi. Häzir ol: «Kanunymyza görä biz adamy höküm etjek bolsak, ilki ony diňläp, näme edendigini bilmeli dälmi näme?» diýýär. Şeýle sözlerden soň olar özlerini aklap bilermikä? Olar Nikodimosa: «Sen hem jelilelimi? Ýazgylary oka-da, barlap gör, heý-de, Jelileden pygamber çykarmy?» diýýärler (Ýahýa 7:51, 52).

Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylarda Jelileden pygamberiň geljekdigi hakda anyk aýdylmaýar. Ýöne Mesihiň şol ýerden çykjakdygy çalaja agzalyp geçilýär. Sebäbi Hudaýyň Sözünde «Jelile halky... güýçli ýagtylyk» görer diýilýär (Işaýa 9:1, 2; Matta 4:13—17). Galyberse-de, pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isa Dawudyň neslinden bolup, Beýtullaham şäherinde doglupdy. Fariseýler muny bilýän bolmaly we Isa hakda nädogry maglumatlary şolardan başga ýaýratjak adam ýokdy.

  • Baýramçylyk günleri her gün irden bolýan wakany göz öňünde tutup, Isa suw hakda näme diýýär?

  • Garawullar näme üçin Isany tussag etmeýärler we bu dini ýolbaşçylara nähili täsir edýär?

  • Mesihiň Jelileden gelmelidigi hakdaky pygamberlik nämäni görkezýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş