Mesihde gizlenen hazynalary tapyň
«Akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalary (Mesihde) gizlenen» (KOL. 2:2).
1, 2. a) 1922-nji ýylda näme tapyldy we olar häzir nirede? b) Hudaýyň Sözi ähli adamlary näme etmäge çagyrýar?
GIZLIN hazyna tapylanda, köplenç adamlar oňa haýran galýarlar. Meselem, 1922-nji ýylda britaniýaly arheolog Houard Karter kyn şertlerde birnäçe ýyl agyr gazyp-agtaryş işlerini geçirip, täsin açyş edýär. Ol faraon Tutanhamonyň mazaryny zeper ýetmedik diýen ýaly görnüşde tapýar. Onuň içinde bolsa bäş müňe golaý zat bardy.
2 Elbetde, Karteriň açyşy adamlary haýran galdyrdy. Onuň tapan zatlarynyň köpüsi muzeýlerde we adamlaryň toplan kolleksiýasynda bar. Olar taryh we sungat üçin gymmatly bolsa-da, biziň gündelik durmuşymyza hiç peýdasy ýok. Hudaýyň Sözi biziň durmuşymyza täsir etjek hazynany gözlemäge çagyrýar. Bu çakylyk hemmelere degişli, beriljek sylag bolsa, islendik maddy baýlykdan gymmatdyr (Süleýmanyň tymsallary 2:1—6-njy aýatlary okaň).
3. Ýehowanyň gullukçylarynyň agtarýan hazynasynyň nähili gymmatlygy bar?
3 Geliň, Ýehowanyň gullukçylarynyň agtarýan hazynalarynyň nähili gymmatlydygyna seredeliň. Mysal üçin, «Rebden gorkmaklyk» bizi şu howply günlerde goraýar (Zeb. 19:9). «Hudaýy tanap», Ýehowa ýakynlaşyp bolýar. Bu bolsa adamlar üçin uly hormatdyr. Biz şu günler Hudaýyň bize berýän düşünjesi, bilimi we akyldarlygy ýaly hazynalary bilen, kynçylyklary çözüp bilýäris (Sül. tym. 9:10, 11). Biz bu hazynany nädip tapyp bileris?
Ruhy hazynalary tapýarys
4. Hudaýyň ruhy hazynasyny tapmaga bize näme kömek eder?
4 Hazynany ähli ýerden we uzak wagtlap gözleýän barlag we gazuw-agtaryş işini geçirijilerden tapawutlylykda, biz ruhy hazynalary nireden tapyp boljakdygyny bilýäris. Mukaddes Ýazgylar hazyna kartasy ýaly, Hudaýyň adamlara wada beren hazynasynyň nirede ýerleşýändigini anyk görkezýär. Pawlus resul Isany göz öňünde tutup: «Hudaýyň... akyldarlygynyň hem bilimiň bütin hazynalary (Mesihde) gizlenendir» diýdi (Kol. 2:2). Biz bu sözleri okap, özümize şeýle soraglar berip bileris: «Men näme üçin şol hazynalary gözlemeli? Olar haýsy manyda Isada «gizlenen»? Biz olary nädip tapyp bileris?» Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, geliň, resulyň aýdan sözlerine seredeliň.
5. Pawlus näme sebäpden ruhy hazyna barada ýazdy?
5 Pawlus resul bu sözleri Kolosedäki mesihçilere ýazypdy. Pawlus olaryň «söýgüde birigip, ýürekleriniň teselli tapmagy» üçin göreşýändigini aýtdy (Koloseliler 2:1—3-nji aýatlary okaň). Ony näme aladalandyrýardy? Pawlus mesihçileriň grek filosofiýasynyň ýa-da Musanyň Kanuny boýunça ýaşamaly diýen adamlaryň täsirine düşendigini eşiden bolmaly. Ol doganlara: «Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!» diýip duýduryş berdi (Kol. 2:8).
6. Biz näme üçin Pawlusyň beren maslahaty bilen gyzyklanmaly?
6 Şu günlerem Şeýtan we onuň zalym dünýäsi bize täsirini ýetirýär. Adamlaryň garaýşyna, maksadyna, durmuşyna we ahlak kadalaryna bu dünýäniň filosofiýasy, Hudaýyň barlygyny ret edýän adamlar hem-de ewolýusiýa taglymaty täsir edýär. Giňden ýaýran baýramçylyklaryň köpüsine ýalan din täsir edýär. Telegepleşikler, filmler, aýdymlar ýaly göwünaçmalaryň köpüsi adamlarda erbet ten höwesleri oýarýar. Internetde berilýän maglumatlaryň köpüsi ýaşlara-da, gartaşanlara-da howpludyr. Şeýle maglumatlaryň bize hemişe täsir etmegi netijesinde, ol Hudaýyň görkezmesine bolan garaýşymyza we duýgymyza zyýan ýetirip, ebedi ýaşaýşa ýapyşmagymyzy gowşadyp biler (1 Timoteos 6:17—19-njy aýatlary okaň). Biz Şeýtanyň mekirlik bilen gurýan duzagyna düşmez ýaly, Pawlusyň koloselilere aýdan sözleriniň manysyna düşünmeli we olara çynlakaý garamaly.
7. Pawlusyň aýdan haýsy iki zady koloselilere kömek edip biljekdi?
7 Geliň, Pawlusyň koloselilere aýdan sözlerini ýatlalyň. Pawlus olaryň aladasyny edýändigi barada aýdyp, mesihçileri söýgüde birikdirip, olara teselli tapmaga kömek etjek iki zady nygtap geçdi. Ilki, ol «düşünjeden ugur alan (olaryň) doly ynamy» barada aýdýar. Koloselileriň imany berk bolar ýaly, olar Mukaddes Ýazgylardan alan biliminiň dogrudygyna ynanmalydylar (Ýew. 11:1). Soňra Pawlus «Hudaýyň syryny» anyk bilmelidigi barada aýdýar. Olar hakykatyň esasy taglymatlaryny bilmek bilen çäklenmän, Hudaýyň çuň pikirlerine aýdyň düşünmelidiler (Ýew. 5:13, 14). Bu maslahat koloselilere-de, bize-de degişli! Biz nädip dogry bilimi alyp, ynamly bolup bileris? Biz bu soragyň jogabyny Pawlusyň Isa barada aýdan sözlerinden tapyp bileris. Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň... akyldarlygynyň hem bilimiň bütin hazynalary (Mesihde) gizlenendir».
Mesihde gizlenen hazyna
8. Haýsy manyda hazynalar Isada «gizlenen»?
8 Akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalary Isada gizlenen bolsa-da, bu oňa akyl ýetirip we tapyp bolmaýandygyny aňlatmaýar. Pawlusyň aýtmagyna görä, biz hazynalary tapmak üçin erjellik bilen tagalla etmeli we nazarymyzy Isa Mesihe dikmeli. Bu sözler Isanyň aýdanlaryna-da gabat gelýär, sebäbi ol şeýle diýdi: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (Ýahýa 14:6). Hawa, Hudaýy tanamak üçin bize Isanyň kömegi we görkezmesi gerek.
9. Isanyň nähili uly ähmiýeti bar?
9 Isanyň aýtmagyna görä, ol diňe bir «ýol» däl, eýsem, «hakykat we ýaşaýyşdyr». Biz ol arkaly diňe bir Atamyza ýakynlaşman, eýsem, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünip, ebedi ýaşaýşa gowuşýarys. Mukaddes Ýazgylary dykkatly öwrenýän adam Isada gizlenen ruhy gymmatly hazynalary tapyp biler. Biziň gelejegimize we Hudaý bilen gatnaşygymyza täsir edýän käbir ruhy hazynalara seredeliň.
10. Biz Koloseliler 1:19 we 2:9-njy aýatlardan Isa barada näme bilýäris?
10 «Çünki Hudaýlygyň bütin dolulygy beden şekilinde Mesihde ýaşaýandyr» (Kol. 1:19; 2:9). Isanyň Gökde Atasy bilen milliardlarça ýyl ýaşandygy sebäpli, Hudaýyň nähili şahsyýetdigini we onuň niýetini Isadan başga hiç kim gowy bilmeýär. Isa ýer ýüzünde gulluk eden döwründe, Atasynyň öwreden zatlaryny adamlara öwredýärdi. Isanyň edýän işlerinde bolsa Atasynyň häsiýetleri görünýärdi. Ine, şol sebäpli Isa «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9). Hudaýyň akyldarlygy hem bilimi Isada gizlenendir. Biz Isa barada näçe köp bilsek, şonçada Ýehowany gowy tanarys.
11. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler bilen Isanyň nähili baglanyşygy bar?
11 «Isa güwälik pygamberlik ruhudyr» (Ylh. 19:10). Bu sözler Isanyň Mukaddes Ýazgylaryň köp pygamberliklerinde esasy orun eýelýändigini görkezýär. Hudaýyň Patyşalygynda Isanyň nähili ähmiýetiniň bardygyny göz öňünde tutsak, Gelip çykyş 3:15-däki Ýehowanyň sözlerinden başlap tä Ylham kitabynyň görnüşlerindäki pygamberliklere çenli doly düşünip bolýar. Ine, şol sebäpli Isany Mesih hökmünde kabul etmeýän adamlar Ýewreý Ýazgylaryndaky pygamberlikleriň köpüsine düşünmeýärler. Şeýle-de Mesih barada ýazylan Ýewreý Ýazgylaryny gymmat saýmaýan adamlar Isany ýöne bir beýik adam hökmünde kabul edýärler. Hudaýyň halky Isa barada bilýändigi üçin Mukaddes Ýazgylardaky berjaý bolmaly pygamberliklere dogry düşünýärler (2 Kor. 1:20).
12, 13. a) Isa haýsy manyda «dünýäniň nury» boldy? b) Isanyň şägirtleri ruhy garaňkylykdan azat bolandygy üçin näme etmeli?
12 «Men dünýäniň nurudyryn» (Ýahýa 8:12; 9:5-nji aýatlary okaň). Isa ýere gelmezden ençeme ýyl öň, Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Garaňkyda ýören halk, bir uly yşyk gördi. Ölüm ýurdunda we kölegesinde oturanlara yşyk ýalpyldady» (Iş. 9:2). Isa: «Toba ediň, çünki Gökleriň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz edip başlanda, Matta bu pygamberligiň berjaý bolanyny aýtdy (Mat. 4:16, 17). Isanyň wagzy adamlaryň ruhy taýdan gözüni açýardy we ýalan diniň taglymatlaryndan azat edýärdi. Isa: «Maňa iman edýän garaňkylykda galmaz ýaly, Men dünýä nur bolup geldim» diýdi (Ýahýa 1:3—5; 12:46).
13 Mundan birnäçe ýyl geçensoň, Pawlus resul imandaşlaryna: «Siz bir wagtlar garaňkylykdyňyz, ýöne indi Rebde yşyksyňyz. Yşyga degişli ynsanlar bolup geziň» diýdi (Efes. 5:8). Mesihçiler ruhy garaňkylykdan azat bolup, yşyga degişli ynsanlar bolup gezmeli. Bu Isanyň Dagdaky wagyzda şägirtlerine aýdan sözlerine laýyk gelýär. Ol: «Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» diýdi (Mat. 5:16). Siz adamlara wagyz edip, ajaýyp mesihçi häsiýetleriňiz bilen, Isada tapan ruhy hazynalary gymmat saýýarsyňyzmy?
14, 15. a) Gadymy döwürde goýunlaryň we başga mallaryň hakyky seždede nähili ähmiýeti bardy? b) Näme üçin Isa «Hudaýyň Guzusy» hökmünde gymmatly hazyna diýse bolar?
14 Isa «Hudaýyň Guzusydyr» (Ýahýa 1:29, 36). Mukaddes Ýazgylarda günäniň bagyşlanmagy we Hudaýa ýakynlaşmak üçin mallaryň uly ähmiýetiniň bardygy aýdylýar. Meselem, Ybraýym ogly Yshagy gurban bermäge taýyn bolanda, Hudaý Yshaga zeper ýetirilmez ýaly, oňa bir goç berdi (Gel. çyk. 22:12, 13). Ysraýyllylar Müsürden azatlyga çykanda, goýunlar «Rebbiň Pesahy» bolup, ýene-de ähmiýetli orun tutdy (Müs. çyk. 12:1—13). Şeýle-de Musanyň Kanuny boýunça goýun we erkeç ýaly dürli mallary gurban bermelidi (Müs. çyk. 29:38—42; Lew. 5:6, 7).
15 Aslynda, berlen gurbanlaryň hiç haýsy adamlary günäden we ölümden hemişelik azat edip bilmeýärdi (Ýew. 10:1—4). Emma Isa «şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr». Şol sebäpli Isa islendik tapylan hazynadan gymmatlydyr. Biz töleg gurbany barada bilmek üçin ýeterlikli wagt sarp etmeli we bu gymmatly sowgada iman etmeli. Şonda biz bereket we sylag alarys, «kiçijik süri» gökde Isa bilen şöhratlanar, «başga goýunlar» ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşaýyş alar (Luka 12:32; Ýahýa 6:40, 47; 10:16).
16, 17. Näme üçin «imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi» hökmünde Isanyň ähmiýetine düşünmek wajyp?
16 Isa «imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi» (Ýewreýler 12:1, 2-nji aýatlary okaň). Bize Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda, Pawlus imanyň nämedigi barada düşündirýär hem-de Nuh, Ybraýym, Sara we Rahawyň imanyny görelde hökmünde getirýär. Şondan soň Pawlus mesihçilere: «Gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikeliň» diýýär. Näme üçin?
17 Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda ýazylan Hudaýa wepaly gullukçylary Hudaýyň wadasyna güýçli iman eden bolsalar-da, olar Hudaýyň Isa hem-de Patyşalyk arkaly wadasyny nädip ýerine ýetirjegini doly bilmeýärdiler. Şol sebäpli olar doly imanda däldi. Hatda Mesih barada ençeme pygamberlikleri ýazan adamlar ýazan zatlaryna doly düşünmeýärdi (1 Pet. 1:10—12). Diňe Isa arkaly iman doly ýa-da kämil bolup biler. «Imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi» hökmünde Isanyň ähmiýetine gowy düşünmek we ony kabul etmek örän wajypdyr!
Agtaryň
18, 19. a) Isada ýene-de nähili ruhy hazynalar gizlenen? b) Näme üçin Isadaky hazynany gözlemegi dowam etmeli?
18 Biz Isanyň Hudaýyň adamlary halas etmek niýetindäki käbir ähmiýetlerine seretdik. Isada başga ruhy hazynalar hem gizlenen. Olary tapyp, biz bereket alarys we şatlanarys. Meselem, Petrus resul Isa «ýaşaýyş Başlygy» we doglan «daň ýyldyzy» diýdi (Res. iş. 3:15; 5:31; 2 Pet. 1:19). Mukaddes Ýazgylarda Isa «Omyn» diýilýär (Ylh. 3:14). Siz bularyň manysyna we ähmiýetine düşünýärsiňizmi? Isa: «Agtaryň, taparsyňyz» diýdi (Mat. 7:7).
19 Taryhda Isa ýaly hiç bir adam ýaşamandy, çünki diňe ol bize uly we ebedi bereket berýär. Akýürekli adamlar Isada gizlenen hazynany gözleseler, ony aňsatlyk bilen tapyp biler. Biz siziň Isada gizlenen hazynalary tapyp, bereket almagyňyzy we şatlanmagyňyzy isleýäris.
Ýadyňyzdamy?
• Mesihçiler nähili hazynany gözlemeli?
• Pawlusyň koloselilere beren maslahaty näme üçin bize-de degişli?
• Isada nähili ruhy hazynalar «gizlenen» we olaryň ähmiýetini düşündiriň.