Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 15 sah. 40—sah. 41 abz. 6
  • Isanyň görkezen ilkinji gudraty

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň görkezen ilkinji gudraty
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň Kana şäherinde görkezen ikinji gudraty
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa pygamberiň gudratlaryndan näme öwrenýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Isanyň hakyky seždä bolan yhlasy
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ýahýa Isany suwda çokundyrýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 15 sah. 40—sah. 41 abz. 6
Isa Kana şäherine gudrat bilen suwy şeraba öwürýär

15-NJI BAP

Isanyň görkezen ilkinji gudraty

ÝAHÝA 2:1—12

  • KANADAKY TOÝ

  • ISA SUWY ŞERABA ÖWÜRÝÄR

Natanyýeliň Isanyň şägirdi bolandygyna üç gün geçdi. Häzir Isa ilkinji şägirtleri bilen öz welaýaty Jelilä, has dogrusy, Jeliläniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Kana şäherine barýar. Natanyýel şol şäherdendi. Bu şäher Isanyň önüp-ösen Nazaretiň demirgazygyndaky daglyk ýerlerinde ýerleşýärdi. Olary Kana şäherindäki toýa çagyrypdylar.

Toýa Isanyň ejesini hem çagyrýarlar. Merýem toý tutýan maşgala bilen ýakyndan gatnaşýandygy üçin, ondan toýa gelen myhmanlaryň aladasyny etmegini haýyş edýärler. Ol toýda nämäniň ýetmezçilik edýändigine derrew üns berýär-de: «Bularyň şeraby ýok» diýip, Isa habar berýär (Ýahýa 2:3).

Merýem Isanyň kömek etmegini isleýär. Emma Isa ejesine: «Munuň bize näme dahylly ýeri bar?» diýýär (Ýahýa 2:4). Isa özüniň Hudaýyň bellän Patyşasydygyny bilýärdi, şonuň üçin ol görkezmä maşgala agzalaryndan ýa-da dost-ýarlaryndan däl-de, gökdäki Atasyndan garaşýardy. Şonda Merýem paýhasly hereket edýär. Ol ähli zady oglunyň eline tabşyrýar-da, hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony-da ediň» diýýär (Ýahýa 2:5).

Ol ýerde hersine 40 litre golaý suw sygýan alty sany daşdan ýasalan gap bardy. Isa hyzmatkärlere: «Gaplary suwdan dolduryň», soňra: «Ondan biraz alyň-da, toýuň guramaçysyna eltip beriň» diýýär (Ýahýa 2:7, 8).

Toýuň guramaçysy suwuň gudrat bilen şeraba öwrülendigini bilmese-de, hiliniň gaty gowudygyna üns berýär

Toýuň guramaçysy suwuň gudrat bilen şeraba öwrülendigini bilmese-de, hiliniň gaty gowudygyna üns berýär. Ol öýlenýän ýigidi ýanyna çagyryp: «Her kes öňürti gowy şeraby berýär, hili pes şeraby bolsa adamlar serhoş bolandan soňra berýär. Sen bolsa gowy şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň» diýýär (Ýahýa 2:10).

Bu Isanyň görkezen ilkinji gudratydy. Şägirtler muny görüp, Isa bolan imany berkeýär. Soňra Isa ejesi we doganlary bolup, Jelile deňziniň demirgazyk-günbatar kenarynda ýerleşýän Kapernaum şäherine ýola düşýär.

  • Kanadaky toý Isanyň gullugynyň haýsy döwründe bolýar?

  • Ejesi şerabyň ýetmeýändigini aýdanda, Isa näme jogap berýär?

  • Isa nähili gudrat görkezýär we bu adamlara nähili täsir edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş