Olar Mesihi tapdylar!
«Biz Mesihi tapdyk» (ÝAHÝA 1:41).
1. Andreas «biz Mesihi tapdyk» diýmänkä näme boldy?
ÝAHÝA ÇOKUNDYRYJY iki şägirdi bilen durdy. Ýahýa Isanyň gelýänini görüp: «Ine, Hudaýyň guzusy!» diýdi. Ýahýa çokundyryjynyň iki şägirdi Andreas bilen Ýahýa Isanyň yzyna düşüp, galan gününi şonuň bilen geçirdiler. Agşam Andreas dogany Simun Petrusy tapyp, gaty tolgunyp oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. Soňra Andreas Petrusy Isa bilen tanyşdyrdy (Ýahýa 1:35—41).
2. Mesih baradaky pygamberlikleri öwrenmek bize näme üçin peýdaly?
2 Wagtyň geçmegi bilen, Andreas, Petrus we başga şägirtler Ýazgylary dykgatly öwrenip, Isanyň wada edilen Mesihdigine berk ynanýandygyny aýtdylar. Häzir biz Mesihiň kimdigini subut edýän Mukaddes Ýazgylardaky başga-da pygamberliklere serederis. Bu bize Mukaddes Ýazgylara we Ýehowanyň saýlan Mesihine imanymyzy berkitmäge kömek eder.
«Ine, seniň patyşaň... gelýär»
3. Isa Iýerusalime patyşa hökmünde girende, haýsy pygamberlik berjaý boldy?
3 Mesih Iýerusalime patyşa hökmünde girmeli. Zakarýa pygamber şeýle diýdi: «Sion gyzyna diýiň: Ine, seniň patyşaň bir eşege münüp, eşegiň balasy taýhara münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär» (Zak. 9:9). Bir mezmurçy: «Rebbiň adyndan gelýän mübärek bolsun» diýdi (Zeb. 118:26). Isa Iýerusalime girende, märeke ony uly şatlyk bilen garşy aldy. Isanyň özi märekä şeýle garşy alyň diýmedi. Emma olar pygamberlikde aýdylan sözleri berjaý etdiler. Mukaddes Ýazgylardan bu waka barada okanyňyzda, özüňizi şol ýerde ýaly duýup, märekäniň şadyýan sesini eşidýän ýaly göz öňüňize getiriň (Matta 21:4—9-njy aýatlary okaň).
4. Zebur 118:22, 23-nji aýatlardaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi?
4 Adamlaryň köpüsi Isany Mesih hökmünde kabul etmese-de, Hudaý ony gymmat saýýardy. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isany köp adamlar ýigrenip, ret etdi we gadyryny bilmediler. Olar Mesihe iman etmeýärdi (Iş. 53:3; Mar. 9:12). Emma Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ussalaryň taşlan daşy burç başy boldy. Bu Reb tarapyndyr» (Zeb. 118:22, 23). Isa bu pygamberligi bir gezek duşmanlary bilen gepleşip durka aýdypdy. Petrus resul hem munuň Isa we ýygnak hakyndaky pygamberlikdigini aýtdy. Ol ýygnagy bina bilen deňeşdirdi. Binanyň düýbünde bir burç daşy, ýagny esasy daş bolýar. Şonuň ýaly Isa hem mesihçiler ýygnagynyň düýbüni tutýan esasy daşdyr. Iman etmeýän adamlar Isany Mesih hökmünde kabul etmese-de, ol «Hudaýyň ýanynda... saýlanan, gymmatly» hasaplanýar (1 Pet. 2:4—6; Mar. 12:10, 11; Res. iş. 4:8—11).
Bir şägirdi oňa haýynlyk etdi, beýlekiler bolsa taşlap gitdi
5, 6. Mesihe haýynlyk edilmegi barada pygamberliklerde näme diýlipdi? Olar nädip berjaý boldy?
5 Mesihe dost hasaplanýanyň biri haýynlyk edýär. Dawut şeýle pygamberlik edýär: «Çöregimi iýen, özüne ynanýan dostum hem maňa ökjesini galdyrdy» (Zeb. 41:9). Gadymy döwürde bile çörek iýmek dostlugyň alamatydy (Gel. çyk. 31:54). Pygamberlige görä, Mesihiň dosty oňa ýamanlyk edip, ony satmalydy! Isa şol adam barada resullaryna-da aýdypdy: «Siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn, Men Öz seçip-saýlanlarymy bilýärin, ýöne «Meniň bilen çörek iýen maňa el galdyrdy» diýen ýazgy berjaý bolmalydyr» (Ýahýa 13:18). Isa şägirdi hem dosty Iuda Iskariot barada aýdýar. Ol Isa haýynlyk edende, Dawudyň pygamberligi berjaý boldy.
6 Mesih 30 kümüş pula, ýagny bir guluň bahasyna satylmalydy! Mattanyň aýtmagyna görä, Iuda Isany bary-ýogy 30 kümüş pula satdy. Şeýdip Zakarýa 11:12, 13-däki pygamberlik ýerine ýetdi. Emma Mattanyň aýtmagyna görä, Ýeremiýa pygamber arkaly aýdylan sözler ýerine ýetdi. Pygamberlik Zakarýanyň kitabynda ýazylan bolsa-da, Matta näme üçin Ýeremiýanyň pygamberligi ýerine ýetdi diýdi? Mattanyň günlerinde Ýeremiýanyň kitaby kitaplar toplumynyň birinjisidi, oňa Zakarýa kitaby hem girýärdi. Iuda 30 kümüş puluny sowmady. Ol kümüşleri ybadathana zyňdy-da, özüni asyp öldürdi (Mat. 26:14—16; 27:3—10).
7. Zakarýa 13:7 nädip berjaý boldy?
7 Mesihi şägirtleri taşlap gitmelidi. Zakarýa: «Çopany uraryn, sürüdäki goýunlar dagar» diýen pygamberligi ýazypdy (Zak. 13:7). B. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda Isa şägirtlerine: «Bu gije siziň hemmäňiz Menden ýüz dönderersiňiz; çünki: «Çopany uraryn, sürüdäki goýunlar dagar» diýip ýazylgydyr» diýdi. Bu aýdylyşy ýaly hem boldy. Mattanyň aýtmagyna görä, şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçdylar (Mat. 26:31, 56).
Isany aýyplamalydylar we urmalydylar
8. Işaýa 53:8 nädip amala aşdy?
8 Adamlar Mesihi kazyýete berip, ölüme höküm ederler (Işaýa 53:8-i okaň)a. Irden 14-nji nisanda, mejlisiň ähli agzalary maslahata ýygnanýar. Olar Isany daňyp, rim häkimi Pontius Pilatusyň ýanyna äkidýärler. Ol Isany sorag edip, onuň hiç hili günä etmändigini aýdýar. Pilatus märekä Isany boşatmagy teklip edýär, emma olar: «Ony haça (pürse) çüýle!» diýip gygyryşýarlar. Olar Pilatusdan Isanyň deregine, ganhor Barrabasy boşatmagy talap edýärler. Pilatus adamlaryň göwnünden turmak isleýärdi, şonuň üçin Barrabasy boşadýar. Soňra bolsa, hyzmatkärlerine Isany gamçylap, pürse çüýlemegi buýurýar (Mar. 15:1—15).
9. Zebur 35:11 nädip ýerine ýetdi?
9 Mesihe garşy ýalan şaýatlar bolar. Dawut şeýle ýazdy: «Erbet niýetli şaýatlar turup, menden bilmeýän zadymy soraýar» (Zeb. 35:11). Pygamberlikde aýydylyşy ýaly, «baş ruhanylar we bütin mejlis Isa ölüm jezasyny berjek bolup, Oňa garşy ýalan güwäler agtardylar» (Mat. 26:59). Injilde aýdylyşy ýaly, köpler oňa garşy ýalan güwälik berseler-de, olaryň güwälikleri bir çykmady (Mar. 14:56). Isanyň duşmanlary şaýatlaryň ýalan sözleýändigine üns bermediler. Sebäbi ony öldürmek isleýärdi.
10. Işaýa 53:7 nädip berjaý boldy?
10 Mesih aýyplamalara jogap bermeli däldi. Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol» (Iş. 53:7). Isa «baş ruhanylar, ýaşulylar Ony aýyplanlarynda hiç bir jogap bermedi». Pilatus oňa: «Saňa garşy, gör, näçe güwälik berilýär, eşitmeýärmisiň?» diýse-de, Isa «onuň ýekeje sözüne hem jogap bermedi. Häkim muňa gaty geň galdy» (Mat. 27:12—14). Isa duşmanlaryna sögünmedi (Rim. 12:17—21; 1 Pet. 2:23).
11. Işaýa 50:6 we Mika 5:1 nädip amala aşdy?
11 Işaýa Mesihiň uruljakdygyny pygamberlik etdi. Işaýa şeýle diýdi: «Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim» (Iş. 50:6). Mika bolsa: «Ysraýylyň kazysynyň ýaňagyna taýak bilen urarlar» diýip, pygamberlik etdi (Mika 5:1). Markus şu pygamberlikleriň Isa baradadygyny tassyklap, şeýle ýazdy: «Käbirleri hem Onuň üstüne tüýkürip başladylar, ýüzüni örtüp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Hyzmatkärler-de Oňa şapbat urýardylar». Markusyň aýtmagyna görä, esgerler başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular (Mar. 14:65; 15:19). Elbetde, Isa beýle zorluk-süteme mynasyp däldi.
Ol soňky demine çenli Hudaýa wepaly galdy
12. Zebur 22:16 nädip berjaý boldy? Işaýa 53:12 nädip ýerine ýetdi?
12 Mesih pürse çüýlenip öldürilmelidi. Dawut şeýle diýýär: «Erbetler topary daşymy alyp, ellerimi, aýaklarymy dildi» (Zeb. 22:16). Mukaddes Ýazgylary okaýan adamlar Markusyň hoş habaryndan şu pygamberligiň ýerine ýetendigini bilýärler. Markus Isanyň irden sagat 9 töweregi pürse çüýlenendigini aýdýar. Olar Isanyň elini we aýagyny pürse çüýleýärler (Mar. 15:25). Başga pygamberlikde Mesihiň günäkärler bilen öldüriljekdigi hem aýdylýar. Işaýa şeýle ýazýar: «Janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy» (Iş. 53:12). Bu sözlerem amala aşdy, çünki Isa «iki garakçy bilen pürse çüýlendi, biri sag tarapynda, biri-de sol tarapyndady» (Mat. 27:38).
13. Zebur 22:7, 8-nji aýatlardaky pygamberlik nädip amala aşdy?
13 Dawut adamlaryň Mesihi kemsitjekdigini pygamberlik etdi (Zebur 22:7, 8-nji aýatlary okaň). Isa pürsde ejir çekýärkä, adamlar ony kemsitdiler. Matta şeýle diýýär: «Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isa sögüp: «Ybadathanany ýykyp-da, üç günde saljak Sen Özüňi halas et! Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak in» diýişýärdiler. Şunuň ýaly, baş ruhanylar-da, kanunçylar we ýaşulylar bilen Ony masgaralap diýişýärdiler: «Özgeleri halas etdi, ýöne Özüni halas edip bilmeýär. Ol Ysraýylyň Patyşasy bolsa, goý, şindi haçdan (pürsden, TD) aşak insin, biz-de Oňa iman edeli. Hudaýa sygynýardy; Hudaý Ony halaýan bolsa, goý, şindi halas etsin; çünki Ol: «Men Hudaýyň Ogludyryn» diýýärdi» (Mat. 27:39—43). Isa görgi görse-de, özüni rahat alyp bardy we hiç hili erbet söz aýtmady. Ol bize gowy görelde galdyrdy.
14, 15. Mesihiň eşikleri we oňa sirke içiriljekdigi hakynda haýsy pygamberliklerde aýdylýar? Olar nädip ýerine ýetdi?
14 Olar Mesihiň eşigini paýlaşmak üçin bije atarlar. Dawut pygamber şeýle diýdi: «Eşiklerimi özara paýlaşýarlar, eginbaşym üçin bije atyşýarlar» (Zeb. 22:18). Pygamberlikde aýdylyşy ýaly hem boldy. Mukaddes Ýazgylarda rim esgerleri Isany pürse çüýlänsoň, bije atyşyp, onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar diýilýär (Mat. 27:35; Ýahýa 19:23, 24-nji aýatlary okaň).
15 Olar Mesihe içmäge sirke we öt gatylan şerap bererler. Pygamberlikde şeýle diýilýär: «Olar nahar ýerine maňa öt berdiler, suwsanymda sirke içirdiler» (Zeb. 69:21). Bu pygamberligiň berjaý bolandygyny biz bilýäris, çünki Matta şeýle diýdi: «Oňa içirjek bolup, öt gatylan şerap berdiler; ýöne Isa dadanyndan soň içmek islemedi. Olaryň biri derrew ylgap, bir gubkany aldy-da, ony sirkeden dolduryp, içirjek bolup Isa uzatdy» (Mat. 27:34, 48).
16. Zebur 22:1 nädip ýerine ýetdi?
16 Hudaý Mesihi terk eden ýaly görner. (Zebur 22:1-i okaň). Markusyň aýtmagyna görä, dokuzynjy sagatda Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lama sabaktani?» ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin meni terk etdiň?» diýdi (Mar. 15:34). Isanyň Hudaýa näme üçin meni terk etdiň diýmegi, Atasyna bolan imanynyň gowşandygyny aňlatmaýar. Ol öldürjek bolýan duşmanlaryndan Hudaýyň goramajakdygyny bilýärdi. Şonda Isanyň Hudaýa hemişe wepaly boljakdygyny görkezmäge mümkinçilik bardy. Isa: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin meni terk etdiň?» diýende, Zebur 22:1-däki pygamberlik berjaý boldy.
17. Zakarýa 12:10 we Zebur 34:20 nädip amala aşdy?
17 Duşmanlar Mesihi naýzalamalydy. Olar onuň süňküni döwmez. Zakarýa Iýerusalimiň ýaşaýjylary bedeni dilnen adama serederler diýýär (Zak. 12:10). Zebur 34:20-de bolsa, Hudaýyň onuň ähli süňklerini saklajakdygy we olaryň biri-de döwülmejekdigi aýdylýar. Ýahýa resul bu pygamberligiň berjaý bolandygyny aýtdy. Ol şeýle ýazdy: «Esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi; şol bada-da gan we suw çogduryldy. Gören güwä boldy, onuň güwäligi hakdyr... «Onuň hiç bir süňki döwülmez» diýen Ýazgynyň berjaý bolmagy üçin boldy. Başga bir Ýazgyda bolsa «Bedenini dilen Adamyna serederler» diýilýär» (Ýahýa 19:33—37).
18. Pygamberlige görä, Isa baý adamyň mazarynda jaýlanmalydy. Bu pygamberlik nädip ýerine ýetdi?
18 Mesih baý adamyň mazarynda jaýlanmalydy. (Işaýa 53:9-y okaň)b. 14-nji nisanda agşama golaý «Ýusup atly arimatiýaly bir baý adam» Pilatusdan Isanyň meýidini diledi. Ýusup Isany jaýlamakçy bolanda, Pilatus oňa rugsat berýär. Matta şeýle diýýär: «Ýusup-da meýidi alyp, Ony tämiz kepene dolap, gaýanyň içinde gazan täze mazarynda jaýlady, mazaryň agzyna bolsa bir uly daşy togalady-da, gitdi» (Mat. 27:57—60).
Patyşamyz Isa şöhrat!
19 Zebur 16:10-daky pygamberlik nädip berjaý boldy?
19 Ýehowa Mesihi direltmelidi. Dawut pygamber şeýle diýdi: «Sen janymy ölüler diýarynda (mazarda) goýmarsyň» (Zeb. 16:10). 16-njy nisanda birnäçe aýallar Isanyň jaýlanan ýerine bardylar. Olar mazarda oturan perişdäni görende, nähili geň galandygyny göz öňüne getiriň! Perişde olara: «Geňirgenişmäň! Siz haça (pürse) çüýlenen Nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Ol direldi, bu ýerde däl. Ine, ony jaýlan ýerleri» diýdi (Mar. 16:6). Soňra b. e 33-nji ýylynyň Pentikost güni Petrus Iýerusalimde ýygnanan märekä Zeburyň 16-njy mezmuryndaky Dawudyň pygamberliginiň berjaý bolandygyny aýtdy. Petrus Dawudyň: «Ol ne ölüler diýarynda goýuldy, ne-de teni çüýredi» diýen sözlerini aýtdy (Res. iş. 2:29—31). Ýehowa söýgüli Oglunyň çüýremegine ýol bermän, gaýtam täsin gudrat görkezdi. Ol Isany gökdäki ýaşaýyş üçin direltdi! (1 Pet. 3:18).
20. Mesihiň hökümdarlygy barada nähili pygamberlikler bar?
20 Hudaý Isany oglum diýip yglan etmelidi. (Zebur 2:7; Matta 3:17-nji aýatlary okaň). Isa Iýerusalime girende, märeke ony we patyşalygyny şöhratlandyrdy. Şu günler biz hem Isany şöhratlandyrýarys. Biz adamlara Isa we onuň Patyşalygy barada şatlyk bilen gürrüň berýäris (Mar. 11:7—10). Tizden Isa «Hakykat, mylakatlylyk we dogrulyk üçin» atlanyp, duşmanlaryny ýok eder (Zeb. 2:8, 9; 45:1—6). Soňra ol bütin ýer ýüzünde höküm sürer. Her bir adam parahat ýaşar we hiç bir zada mätäç bolmaz (Zeb. 72:1, 3, 12, 16; Iş. 9:6, 7). Ýehowanyň söýgüli Ogly Isa Mesih gökde eýýäm höküm sürýär. Biziň üçin Ýehowanyň Güwäçisi bolup, adamlara hakykaty gürrüň bermek uly hormatdyr!
a Işaýa 53:8. Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi. Onuň nesilleri hakda kim aýdyp biljek? Diriler diýaryndan mahrum edildi ol, halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi.
b Işaýa 53:9. Onuň gabry pisler bilen boldy. Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy, ol hiç hili sütem etmändi, agzyndan ýalan sözler çykmandy.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Isa haýynlyk edilendigi we onuň taşlap gidilendigi baradaky pygamberlik nädip berjaý boldy?
• Isanyň ölümi hakyndaky pygamberlikler nädip ýerine ýetdi?
• Sen näme üçin Isanyň Mesihdigine ynanýarsyň?