Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 92 sah. 214—215
  • Isa ýene şägirtlere görünýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa ýene şägirtlere görünýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Jelile deňziniň kenarynda
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ol gorkusy we şübhesi bilen göreşdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Isa dört şägirdini çagyrýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 92 sah. 214—215
Isa şägirtleri bilen balyk bişirip, gepleşip otyr

92-NJI SAPAK

Isa ýene şägirtlere görünýär

Isa resullaryna görnensoň, biraz wagt geçdi. Petrus Jelile deňzine balyk tutmaga gitdi. Onuň ýanynda Tomas, Ýakup, Ýahýa we beýleki şägirtler hem bardy. Olar uzak gije oturdylar. Ýöne tora hiç hili balyk düşmedi.

Ertesi irden şägirtler kenarda bir adamyň durandygyny görýärler. Ol şägirtlere: «Balyk tutduňyzmy?» diýip gygyrýar. Şägirtler: «Ýok» diýip jogap berýärler. Şonda ýaňky adam: «Toruňyzy gaýygyň sag tarapyna taşlaň» diýýär. Şägirtler hem aýdyşy ýaly edýärler. Tora köp balyk düşýär. Olar tory zordan çekip çykarýarlar. Birdenem Ýahýa kenarda duran adamyň Isadygyny tanaýar. Ýahýa: «Ol-a biziň Halypamyz» diýýär. Petrus şol bada suwa böküp, kenara tarap ýüzüp gidýär. Şägirtlerem gaýykda onuň yzyndan barýarlar.

Şägirtler kenara gelse, balyk bişip duran eken. Ýanynda çörek hem bardy. Isa olara: «Sizem tutan balygyňyzdan getiriň» diýýär.

Petrus Isanyň ýanyna barýar, şägirtler hem onuň yzyndan gidýär

Balyk bişensoň, Isa: «Geliň, iýip içeliň» diýýär. Olar iýip-içip bolýarlar. Isa Petrusdan: «Sen meni işiňden hem gowy görýärsiňmi?» diýip soraýar. Petrus: «Hawa, Halypam. Seni has köp gowy görýän» diýýär. Isa: «Guzularymy bak» diýýär. Isa ikinji gezek: «Sen meni gowy görýärsiňmi?» diýip soraýar. Petrus: «Hawa, Halypam. Gowy görýänimi bilýäň-ä» diýýär. Isa: «Guzularymy otlat» diýýär. Isa üçünji gezek hem şony soraýar. Petrus gaty gynanýar. Ol Isa: «Sen hemme zady bilýäň-ä. Seni gowy görýänimi hem bilýärsiň» diýýär. Şonda Isa: «Guzujyklarymy otlat» diýýär. Soňra hemişe yzyna eýermegi tabşyrýar.

«Isa olara: „Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin“ diýdi. Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler» (Matta 4:19, 20).

Soraglar: Isa Jelile deňzinde nähili gudrat görkezdi? Isa näme üçin Petrusa üç gezek «Sen meni gowy görýärsiňmi?» diýdi?

Ýahýa 21:1—19, 25; Resullar 1:1—3

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş