Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Sen ýygnak duşuşyklarynda abatlaýarmyň?
    Garawul diňi — 2010 | 15 oktýabr
    • Ýygnaklaryň maksady «abatlamak, nesihat we göwünlik bermek»

      13. a) Ýygnak duşuşyklary dogan-uýalara nähili täsir etmeli? b) Ýygnagyň ýaşululary üçin haýsy sorag örän wajyp?

      13 Pawlus resul ýygnak duşuşyklarynyň esasy maksady «abatlamak, nesihat we göwünlik bermek» diýdic (1 Kor. 14:3). Şu günler mesihçi ýaşulular duşuşyklaryň dogan-uýalaryň ruhuny göterýändigine we göwünlik berýändigine nädip göz ýetirip biler? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, geliň, Isa direlenden soň, duşuşygy nädip geçirendigine seredeliň.

      14. a) Isa resullaryny duşuşyga çagyrmazdan öň, nähili wakalar boldy? b) Isa resullarynyň «ýanyna gelip» gürleşende, olar näme üçin begendi?

      14 Ilki bilen, şol duşuşykdan öň bolan waka seredeliň. Isa öldürilmeginden öň, onuň resullary «Ony taşlap, gaçyp gitdiler» we pygamberlik edilişi ýaly her kim «öý-iline dagap gitdi» (Mar. 14:50; Ýahýa 16:32). Isa direlensoň, ruhdan düşen resullaryny ýörite duşuşyga çagyrdyd. Şeýlelikde, «on bir şägirt Jelilä— Isanyň aýdan dagyna» bardy. Resullar şol ýere baranda «Isa hem ýanlaryna gelip» gürleşdi (Mat. 28:10, 16, 18). Resullary Isanyň özi çagyrandygyna olaryň nähili begenendigini göz öňüne getiriň! Isa olar bilen näme hakynda gürleşdi?

      15. a) Isa näme barada gürrüň etdi we näme diýmedi? b) Bu duşuşyk resullara nähili täsir etdi?

      15 Isa: «Ähli ygtyýar... Maňa berildi» diýýär. Soňra ol şägirtlerine: «Gidiň-de... şägirt ediň» diýip, tabşyrýar. Şeýle-de Isa söýgi bilen olara: «Soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýýär. (Mat. 28:18—20). Isanyň näme etmändigine üns berdiňizmi? Ol resullary bilen duşuşanda käýemedi, imanlarynyň gowşandygy üçin müňkürlenmedi we utandyrmady. Gaýtam, Isa direlensoň, şägirtlerine wajyp tabşyryk berip, özüniň hem Atasynyň olary söýýändigini görkezdi. Isa resullarynyň ýanyna baranda, olara nähili täsir etdi? Olar bu duşuşykdan soň abatlandy, nesihat aldy, göwni göterildi we ýene-de «ders berip... hoş habary wagyz edip» başlady (Res. iş. 5:42).

      16. Ýaşulular ýygnak duşuşyklary alyp baranda, Isanyň göreldesine eýerip, nädip dogan-uýalary ruhlandyryp biler?

      16 Şu günlerem ýaşulular ýygnaklarda Isanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary Ýehowanyň elmydama söýýändigine ynandyryp biler (Rim. 8:38, 39). Ýaşulular ýygnakda doganlaryň kemçiligine däl-de, gowy häsiýetlerine üns berýär. Olar doganlaryň niýeti babatda müňkürlenmeýär. Gaýtam, olaryň aýdýan sözleri Ýehowany söýýän we dogrulyk etmek isleýän dogan-uýalara bolan garaýşyny görkezýär (1 Sel. 4:1, 9—12). Elbetde, ýaşulular käwagt tutuş ýygnagy düzetmek üçin maslahat bermeli bolýar, emma birnäçe adamy düzetmeli bolanda, maslahat ýekelikde berilse gowy bolar. Ýaşulular ýygnagy alyp baranda, olaryň maksady ýerlikli wagty öwgüli sözler aýtmaly (Iş. 32:2). Ýygnaga gelen ähli dogan uýalar dynçlyk tapyp, güýç alar ýaly, ýaşulular ýygnak duşuşykdan soň hem olara öwgüli sözleri aýtmaga tagalla etmeli (Mat. 11:28; Res. iş. 15:32).

  • Sen ýygnak duşuşyklarynda abatlaýarmyň?
    Garawul diňi — 2010 | 15 oktýabr
    • c «Ruhlandyrmak» bilen «göwni götermegiň» tapawudy U. Ýe. Waýnyň «Täze ähtdäki sözleriň düşündiriş sözlügine» görä, «göwni götermek» diýlip terjime edilen grek sözi «ruhlandyrmakdan has mähirli duýgyny» aňladýar (Ýahýa 11:19-y deňeňdiriň).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş