«Ösdürýän Hudaýdyr!»
«Eken-de, suwaran-da hiçdir, diňe ösdürýän Hudaýdyr» (1 KOR. 3:7).
1. Biz haýsy manyda «Hudaýyň işdeşleri»?
«HUDAÝYŇ işdeşleridir». Pawlus resul Ýehowa bilen işleşmäge mynasyp bolan adamlary şeýle atlandyrdy (1 Korintoslylar 3:5—9-njy aýatlary okaň). Pawlusyň aýtmagyna görä, biz Hudaý bilen şägirt taýýarlamakda işleşýäris. Ol muny tohum ekmek we ony suwarmak bilen deňeşdirýär. Biz bu wajyp işi üstünlikli ýerine ýetirer ýaly Ýehowadan kömek soramaly, sebäbi ösdürýän diňe oldur.
2. Hudaýyň ösdürýändigine düşünmeklik wagyz gullugymyza dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýär?
2 Biz muňa düşünsek, gullugymyza dogry garaýyşda bolmaga kömek eder. Biz wagyz etmekde we öwretmekde näçe erjel bolsak-da, şägirtleriň ruhy taýdan ösmegi Ýehowany şöhratlandyrýar. Näme üçin? Biziň hiç birimiz ruhy taýdan ösüşiň nähili bolýandygyna düşünmeýäris. Galyberse-de, biz oňa gözegçilik edip bilmeýäris. Süleýman patyşanyň: «Hak Hudaýyň edýän ähli işlerini sen bilmersiň» diýen sözleri hakdyr (Wag. 11:5).
3. Tohum ekmek bilen şägirt taýýarlamak işiniň nähili meňzeşligi bar?
3 Şägirdiň ruhy taýdan nähili ösýändigine düşünmezlik, bizi gynandyrmalymy? Ýok. Çünki bu gullugy gyzykly edýär. Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Irden tohumyňy ek, agşama çenli eliňe dynç berme, çünki sen onuň bu ýerde ýa-da ol ýerde, nirede gögerjegini bilmeýärsiň, belki olaryň ikisi-de gögerer» (Wag. 11:6). Hakykatdan-da, biz tohumy ekenimizde onuň nirede gögerjegini ýa-da gögermejegini bilmeýäris. Köp zatlar bize bagly däl. Şägirt taýýarlamak işinde-de, şeýle bolýar. Isa muny iki mysal arkaly görkezýär. Bu mysallar Markusyň kitabynyň 4-nji babynda ýazylgy. Geliň, olardan nähili sapak edinip bolýandygyna seredeliň.
Dürli görnüşli toprak
4, 5. Isanyň ekin ekýän daýhan baradaky mysalyny gürrüň beriň.
4 Markus 4:1—9-njy aýatlarda ekin ekýän daýhan barada Isanyň mysaly bar. «Gulak asyň! Ine, bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň kenaryna düşýär. Guşlar hem gelip, ony iýýärler. Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşüp, tiz gögerip çykýar, çünki toprak çuň däl eken. Ýöne olar Gün galanda, kökleriniň ýoklugy zerarly, ýanyp, gurap gidýär. Birnäçe tohumlar tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýär. Birnäçesi bolsa gowy ýere düşýär. Ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».
5 Gadymy döwürlerde tohumy sepip ekýärdiler. Daýhan tohumy köýneginiň etegine ýa-da torba salyp, ony giň gerim bilen sepýärdi. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, daýhan tohumy dürli ýere sepmegi maksat edinmeýär. Tohumlar tötänden dürli topraga düşýär.
6. Isa ekin ekýän daýhan baradaky mysaly nädip düşündirdi?
6 Isanyň aýdan sözleriniň manysyna düşünmek üçin biz köp oýlanmaly däl. Sebäbi muny Isanyň özi düşündirýär. Markus 4:14—20-nji aýatlarda ol şeýle diýýär: «Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir. Sözüň ekilen ýerinde, ýoluň kenaryndakylar sözi eşiden, ýöne ýüreklerine ekilen bu sözi tiz şeýtana aldyran adamlardyr. Şonuň ýaly-da, daşlyk ýere ekilenler sözi eşidip, ony derrew şatlyk bilen garşylan adamlardyr. Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyrlar. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, derrew ýüz döndererler. Tikenler arasyna düşen beýlekiler bolsa, sözi eşiden adamlardyr. Emma dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy, başga höwesler ara girip, sözi bogýar, ol hasylsyz bolýar. Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, kabul eden, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berenlerdir».
7. Tohum we dürli görnüşli toprk nämäni aňladýar?
7 Üns beren bolsaňyz, Isa dürli tohum barada däl-de, dürli görnüşli toprak barada aýdýar. Daýhan bir görnüşli tohum ekýär. Tohumyň birnäçesi ýoluň kenaryndaky gaty ýere, beýlekisi topragy az, daşly ýere, üçünjisi tikenleriň arasyna düşýär, birnäçesi bolsa gowy hasyl berýän ýere düşýär (Luka 8:8). Tohum näme? Bu Hudaýyň Sözündäki Patyşalyk baradaky habar (Mat. 13:19). Dürli görnüşli toprak nämäni aňladýar? Ol Hudaýyň Patyşalygy baradaky tohumyň düşýän adamlaryň ýüregini aňladýar. Adamlar oňa dürli garaýarlar (Luka 8:12, 15-nji aýatlary okaň).
8. a) Daýhan kimi aňladýar? b) Näme üçin adamlar Hudaýyň Patyşalyk habaryny dürlüçe kabul edýärler?
8 Daýhan kimi aňladýar? Ol Patyşalyk barada wagyz edýän Hudaýyň işdeşlerini aňladýar. Olar Pawlus we Apollos ýaly ekin ekip, suwarýarlar. Emma olar yhlasly zähmet çekse-de, netijesi dürli bolýar. Näme üçin? Sebäbi hoş habary eşidýän adamlaryň ýüregi her hilidir. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, daýhan tohum ekenden soň onuň ösüşine täsir edip bilmeýär. Bu esasanam ençeme ýyl, belki, onlarça ýyl wagyz edip, çekýän zähmeti netijesiz ýaly görünýän Hudaýyň wepaly gullukçylaryna, teselli berýär!a Näme üçin?
9. Pawlus bilen Isa nähili teselli beriji hakykaty aýtdy?
9 Daýhanyň yhlasy işiniň netijesi bilen kesgitlenmeýär. Pawlus resul: «Her biri öz zähmetine görä sylagyny alar» diýip, nygtap geçdi (1 Kor. 3:8). Sylag zähmetiň netijesine görä däl-de, zähmete görä berler. Şägirtleri wagyzdan şatlykly gelenlerinde, Isa bu pikire üns beripdi. Olar Isanyň adyny agzanlarynda jynlaryň boýun bolýandygyna begenýärdi. Isa olara: «Ruhlaryň size boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň göklerde ýazylmagyna begeniň» diýdi (Luka 10:17—20). Hatda daýhan çeken zähmetiniň miwesini görmese-de, onuň başgalar ýaly jan etmändigini ýa-da imanynyň azdygyny görkezmeýär. Hudaýyň Patyşalyk habaryny adamlaryň kabul etmeg, köplenç olaryň ýüregine bagly bolýar. Ýöne netijede, ösdürýän Hudaýdyr!
Sözi eşidýänler jogapkärdirler
10. Sözi eşidýän adamyň ýüregi nähili toprak boljakdygy kime bagly?
10 Sözi eşidýänler barada näme diýse bolar? Olaryň nähili seslenjekdigini Hudaý öňünden kesgitledimi? Ýok. Olaryň ýüregi gowy ýa-da ýaramaz toprak bolmagy özlerine bagly. Adamyň ýüregi gowulyga ýa-da erbetlige üýtgäp biler (Rim. 6:17). Isa mysalynda, käbir adamlar sözi eşiden badyna Şeýtan gelip, sözi alyp gidýärdi. Emma başgaça-da bolup biler. Ýakup 4:7-de: «Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» diýip, mesihçilere maslahat berilýär. Isa käbirleriniň sözi başda şatlyk bilen kabul etjekdigini, emma «olarda köküň» ýokdugy sebäpli büdrejekdigini aýtdy. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gullukçylaryna «Mesihiň söýgüsiniň nähili giň, uzyn, belent we çuňňurdygyny düşünmegi, bilimden ýokary çykan bu söýgini tanamagy» üçin «kök urup, düýp tutmagy» maslahat berilýär (Efes. 3:17—19; Kol. 2:6, 7).
11. Dünýäniň gaýgylary we baýlygy sözi bogmaz ýaly näme etmeli?
11 Sözi eşidenleriň käbiri «dünýäniň gaýgylaryna, baýlygyň aldawçylygyna» sözi bogmaga ýol berýär (1 Tim. 6:9, 10). Olar mundan nädip gaça durup biler? Pawlus resul şeýle diýýär: «Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýendir» (Ýew. 13:5).
12. Näme üçin «gowy topraga ekilen» tohumlar dürli mukdarda hasyl berýär?
12 Ahyry, «gowy topraga ekilen» tohumlaryň «käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berdi». Emma şeýle adamlaryň ählisi miwe berip, ak ýürekli bolsalar-da, ýagdaýyna görä, wagyz işine dürli goşant goşýarlar. Meselem, käbir mesihçiler gartaşanlygy ýa-da halys ýarawsyzlygy sebäpli kän wagyz edip bilmeýärler (Markus 12:43, 44-nji aýatlary deňeşdiriň). Ekene hiç zat bagly däl. Emma ol Ýehowanyň ösdürýändigini görüp şatlanýar (Zebur 126:5, 6-njy aýatlary okaň).
Tohum sepip, uklan adam
13, 14. a) Isanyň tohum sepýän adam baradaky mysalyny gysgaça gürrüň beriň. b) Tohum sepýän kim we tohum nämäni aňladýar?
13 Markus 4:26—29-njy aýatlarda tohum sepýän adam barada ýene bir mysal getirilýär: «Hudaýyň Patyşalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr. Gije-gündiz ýatar, turar; tohum biter, öser. Ol munuň nähili bolýanyny bilmez. Toprak öz-özünden hasyl berer. Öňürti baldagy, soňra başy, soňra-da başdaky doly däneleri berer. Hasyl bişende, ýaňky adam derrew oragy işe salar. Çünki orak wagty gelendir».
14 Tohum sepýän kim? Käbir dinler bu Isanyň özüdir diýýär. Emma Isa tohumyň ösüşini bilmeýär we uklap ýatyr diýse bolarmy? Ýok. Isa, elbetde, ösüşi bilýär! Bu aýdyň mysaldaky we ýokarda aýdylan tohum sepýän adam, yhlasly wagyz edip, tohum ekýän aýratyn Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçlyryny aňladýar. Ýere sepilen tohum — olaryň wagyz edýän sözüdirb.
15, 16. Isa biten tohum mysalynda haýsy göni mana we ruhy taýdan ösüşiň haýsy aýratynlygyna üns berdi?
15 Isa ýere tohum sepýän adam «gije-gündiz ýatar, turar» diýýär. Bu tohum sepýän adamyň geleňsizligini aňlatman, köp adamlaryň adaty durmuşyny suratlandyrýar. Bu aýatdaky sözler gündiz işlemek bilen gije ýatmagyň yzygiderli çalşyp durýandygyny görkezýär. Isa şol wagt «tohumyň bitip, ösýändigine» üns berýär. Emma Isanyň aýtmagyna görä, tohum sepýän adam munuň nähili bolýanyny bilmeýär. Mysalyň manysy tohumyň özi ösýär «toprak öz-özünden hasyl berýär»c.
16 Isa bu ýerde nämäni belläp geçdi? Ol tohumyň kem-kemden ösýändigine üns berdi. «Toprak öz-özünden hasyl berer. Öňürti baldagy, soňra başy, soňra-da başdaky doly däneleri berer» (Mar. 4:28). Bu ösüş kem-kemden we ýuwaşjadan bolýar. Ony çaltlandyryp bolmaýar. Şägirtleriň ruhy taýdan ösüşi hem şeýle bolýar. Ýehowa «ebedi ýaşaýyş üçin bellenenleriň» ýüreginde hakykaty kem-kemden ösdürýär (Res. iş. 13:48; Ýew. 6:1).
17. Patyşalyk hasylynyň şatlykly oragyna kim gatnaşýar?
17 «Hasyl bişende» tohum sepýen adam ony nädip orýar? Ýehowa täze şägirtleriň ýüreginde Patyşalygyň hakykatyny ösdürende, olar ruhy taýdan ýetişýär. Şonda olaryň Hudaýa bolan söýgüsi özüni oňa bagyş etmäge höweslendirýär. Olar suwda çokundyrylyp, özüni Hudaýa bagyş edýärler. Ruhy taýdan ösýän doganlara wagtyň geçmegi bilen ýygnakda jogapkärli borç berilýär. Patyşalyk hasylynyň oragyna täze şägirdiň ösmegine ýardam eden tohumy eken we ekmedik başga wagyzçylar-da gatnaşýar (Ýahýa 4:36—38-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli «eken-de, oran-da bilelik-de şatlanýar».
Biziň üçin sapak
18, 19. a) Isanyň haýsy mysaly sizi has ruhlandyrdy? b) Indiki makalada biz nämä serederis?
18 Markus kitabynyň 4-nji babyndaky iki mysaldan nähili sapak edinýäris? Biz Patyşalygyň tohumyny ekmek borjumyzyň bardygyny anyk görýäris. Muny ýerine ýetirmäge bize hiç zat päsgel bermeli däl (Wag. 11:4). Şeýle-de biz Hudaýyň işdeşleri bolmagyň uly hormatdygyna düşünýäris. Biziň edýän tagallalarymyza we hoş habara seslenýänleriň tagallasyna ak pata berip, ruhy taýdan ösdürýän diňe Ýehowadyr. Biz adamy ruhy taýdan ösmäge mejbur edip bilmeýäris. Şeýle-de ol ruhy taýdan haýal össe ýa-da asla ösmese, biz ruhdan düşmeli däl. Biziň üstünligimiz Ýehowa we onuň bize beren işine wepalylygymyz bilen kesgitlenýändigi tesseli berýär. Ol bize «Patyşalyk baradaky... Hoş Habary hemme milletlere» wagyz ediň diýdi (Mat. 24:14).
19 Isa täze şägirtleriň ösmegi we Hudaýyň Patyşalygynyň işi barada ýene-de nämä öwretdi? Bu soragyň jogabyny indiki makalada serederis. Şonda Injilde Isanyň getiren başga mysallaryny ara alyp maslahatlaşarys.
a 2005-nji ýylyň «Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk kitabynynyň» (rusça) 210, 211-nji sahypalarynda Islandiýada gulluk eden Georg Fýolnir Lindal doganyň gulluk edendigini hem-de 1988-nji ýylyň «Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk kitabynynyň» (iňlisçe) 82—99-njy sahypalarynda ençeme ýyl Irlandiýada wagyz edip, emma çeken zähmetiniň netijesini görmedik wepaly gullukçylar barada okaň.
b Öň «Garawul diňi» žurnalynda tohum bu daşky sebäpleriň täsirine görä ösýän häsiýetleri aňladýar diýip düşündirilýärdi. Emma Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, tohum zaýalanmaýar we çüýrük hasyl bermeýär. Ol bişýänçä ýöne ösýär. (1980-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (iňlisçe) 17—19-njy sahypalaryna serediň).
c Grek dilinden terjime edilen «öz-özünden» diýen gaýdym çalyşmasy Mukaddes Ýazgylarda iki sapar duş gelýär. Ikinjisi, Resullaryň işleri 12:10-da demir derweze «öz-özünden açyldy» diýilýär.
Ýadyňyzdamy?
• Tohum ekmek bilen hoş habary wagyz etmegiň nähili meňzeşligi bar?
• Ýehowa gullukçylarynyň yhlasyny nädip kesgitleýär?
• Isa tohumyň we ruhy taýdan ösüşiň nähili aýratynlygyna üns berdi?
• Nädip «eken-de, oran-da bilelik-de şatlanýar»?