Biz güýjümizi gaýgyrman Ýehowa höwes bilen gulluk edýäris!
1 Pawlus resul mesihçi gullugyny ýerine ýetirmek üçin özüni höwes bilen «bütinleý harçlandygy» barada aýdýar (2 Kor. 12:15). Şu günlerem mesihçileriň köpüsi erjellik bilen pioner bolup gulluk edýärler. Käbiri bolsa maşgalasyndaky agyr borjuna we işiniň köpdügine garamazdan, wagt tapyp her hepde gulluk edýärler. Saglygy ýaramaz mesihçiler hem Patyşalyk işlerine gatnaşmak üçin elinde baryny edýärler. Ýaşynyň bir çene ýetendigine ýa-da ýagdaýynyň çäklidigine garamazdan, Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň güýjüni gaýgyrman oňa gulluk edýändigini görmek nähili ruhlandyrýar!
2 Goňşyňy söýmek. Hudaýy we goňşymyzy söýüp, Ýehowa gulluk etmek üçin güýjümizi gaýgyrmasak, ynsabymyz arassa bolar. Pawlus gaýduwsyz we bütin jany bilen hoş habary wagyz edeni üçin şeýle diýdi: «Bu gün size bütin adamlaryň ganyndan tämizdigime güwä geçýärin» (Res. iş. 20:24, 26; 1 Sel. 2:8). Ähli mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz etsek, adamlaryň ganyndan azat bolarys (Ezek. 3:18—21).
3 Adamlara kömek etmek üçin özümizi harçlasak, bize şatlyk getirer (Res. iş. 20:35). Bir doganymyz şeýle diýýär: «Uzak gün Ýehowa gulluk edip öýe dolananymda, dogrymy aýtsam, özümi ýadaw duýýaryn. Ýöne men özümi bagtly saýýaryn we hiç kimiň berip bilmejek şatlygyny duýýanym üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirýärin».
4 Hudaýy söýmek. Janymyzy gaýgyrman gulluk etsek, iň esasy zat, Gökdäki Atamyzy begendireris. Hudaýy söýsek, onuň tabşyryklaryny berjaý etmäge we wagyz edip, şägirt taýýarlamaga höweslendirer (1 Ýahýa 5:3). Adamlar hoş habara sowuk-sala garasalar-da ýa-da garşylyk görkezseler-de, biz erjellik bilen Ýehowa gulluk edip, şatlygymyzy ýitirmeýäris.
5 Häzir gowşamagyň wagty däl. Biz hasylyň ýetişen döwründe ýaşaýarys (Mat. 9:37). Hasyl ýetişende daýhan, adatça, köp zähmet çekýär, sebäbi hasyl wagtynda ýygnalmasa, ol zaýalanýar. Ruhy hasyly hem öz wagtynda ýygnamaly. Şuny göz öňünde tutup, geliň, wagyz edenimizde güýjümizi gaýgyrmalyň (Luka 13:24; 1 Kor. 7:29—31).