Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/12 sah. 12—16
  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýekeje Ogly»
  • «Söz»
  • «Omyn»
  • «Täze ähtiň töwellaçysy»
  • «Baş Ruhany»
  • Öňünden aýdylan «Nesil»
  • Ol barada ähli pygamberler güwä geçýär
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Ýehowa siziň «omyn» sözüňizi gymmat saýýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/12 sah. 12—16

Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý

«Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (ÝAHÝA 14:6).

1, 2. Näme üçin bizi Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roly gyzyklandyrmaly?

ASYRLAR boýy adamlaryň köpüsi başgalardan tapawutlanmak üçin şöhrat gazanmaga ymtylýardy, ýöne bu köplere başartmady. Diňe käbirleri özüni hakykatdan görnükli adam hasaplap biler. Emma Hudaýyň Ogly Isa Mesihe taý geljek ýok. Ol köp zatda deňsiz-taýsyzdyr.

2 Näme üçin bizi Isanyň ajaýyp roly gyzyklandyrmaly? Sebäbi gürrüň biziň gökdäki Atamyz Ýehowa bilen gatnaşygymyz barada gidýär. Isa şeýle diýdi: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (Ýahýa 14:6; 17:3). Geliň, Isanyň nämede deňsiz-taýsyzdygyna seredeliň. Bu bize Hudaýyň niýetindäki onuň roluna aýdyň düşünmäge we has gymmat saýmaga kömek eder.

«Ýekeje Ogly»

3, 4. a) Näme üçin Isanyň ýekeje Ogul diýen roluny göz öňünde tutup, oňa deňsiz-taýsyz diýse bolýar? b) Isanyň ýaradylyşdaky roly näme üçin ajaýyp?

3 Şeýtan Isany synanda, hamala Isa Hudaýyň beýleki ruhy ogullaryndan hiç hili tapawutlanmaýan ýaly edip, oňa ýüzlendi (Mat. 4:3, 6). Emma Isa «Hudaýyň ýekeje Ogly» diýilmäge mynasyp (Ýahýa 3:16, 18). «Ýekeje» diýen gadymy ýewreý sözi «deňi-taýy bolmadyk», «ýeke-täk» diýmegi aňladýar. Ýehowanyň gökde ýüz millionlarça ruhy ogullary bar. Onda Isa haýsy manyda «ýeke-täk»?

4 Meselem, diňe ony Atanyň hut özi ýaratdy. Ol ilkinji doglan Oguldyr, «bütin ýaradylyşyň ilkinjisidir» (Kol. 1:15). Ol «Hudaýyň ýaradanlarynyň başy» (Ylh. 3:14). Ýeke-täk Ogluň ýaradylyşdaky rolunyň hem deňi-taýy ýok. Ol Ýaradyjy däl, ýaradylyşa başlangyjy hem ol bermedi, ýöne Ýehowa ähli zatlary ol arkaly ýaratdy. (Ýahýa 1:3-i okaň.) Pawlus resul şeýle ýazdy: «Biziň bir Ata Hudaýymyz bardyr, hemme zat Ondandyr, biz Onuň üçin ýaşaýandyrys we bir Rebbimiz Isa Mesih bardyr, hemme zat Ol arkaly bolandyr, biz Ol arkaly ýaşaýandyrys» (1 Kor. 8:6).

5. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň deňsiz-taýsyzdygy nähili nygtalyp geçilýär?

5 Emma Isanyň ýeke-täkligi diňe şu zatlar bilen çäklendirilmeýär. Mukaddes Ýazgylarda oňa örän köp titul berlen we oňa degişli ençeme suratlandyrylýan jümleler ulanylýar, bu onuň Hudaýyň niýetindäki ajaýyp roluny görkezýär. Geliň, Injilde Isa degişli bäş titula we jümlä seredeliňa.

«Söz»

6. Näme üçin Isa «Söz» diýilmäge mynasyp?

6 Ýahýa 1:14-okaň. Näme üçin Isa «Söz», ýagny Logos diýilýär? Bu titul pähimli mahluklar ýaradylandan bäri, Isanyň ýerine ýetirýän roluny görkezýär. Ýehowa Ogly arkaly gökdäki beýleki ogullaryna maglumat we görkezme berýärdi. Şeýle-de Hudaý ol arkaly ýer ýüzündäki adamlara-da habar berýärdi. Isanyň Söz, ýagny Hudaýyň Wekilidigi onuň ýehudylara aýdan şu sözlerinden hem görünýär: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki. Biri Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýän bolsa, onda Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyny ýa-da Özümden sözleýändigimi biler» (Ýahýa 7:16, 17). Isa häzir hem göge dolanandan soň, «Hudaýyň Sözi» diýen tituly götermegini dowam edýär (Ylh. 19:11, 13, 16).

7. Isanyň «Söz» roluny ýerine ýetirip, onuň kiçigöwünliliginden nähili görelde alyp bileris?

7 Bu titulyň näme aňladýandygyny göz öňüne getirip görüň. Isa Ýehowanyň ýaradanlarynyň iň paýhaslysy bolsa-da, ol öz akylyna daýanmaýardy. Ol Atasynyň buýruşy ýaly sözleýärdi. Ol adamlaryň ünsüni özüne däl-de, hemişe Ýehowa gönükdirýärdi (Ýahýa 12:50). Biziň üçin nähili ajaýyp görelde! Bize-de «hoş habary wagyz etmek» ýaly hormatly ýumuş tabşyryldy (Rim. 10:15). Eger biz Isanyň kiçigöwünli häsiýetinden görelde alsak, onda özümizden hiç zat aýtmarys. Biz Mukaddes Ýazgylardaky janyňy halas edýän habary aýdanda, «ýazylanlardan artyk pikir etmeris» (1 Kor. 4:6).

«Omyn»

8, 9. a) «Omyn» diýmeklik näme aňladýar we näme üçin Isa bu titul berildi? b) Isa «Omyn» diýen roluny nädip ýerine ýetirdi?

8 Ylham 3:14-i okaň. Näme üçin Isa «Omyn» diýen titul berildi? «Omyn» diýen söz gadymy ýewreý sözi bolup, «goý şeýle bolsun» ýa-da «hakykat» diýmekligi aňladýar. Gadymy ýewreý dilinden alnan bu söz «wepaly bolmak» ýa-da «ynama mynasyp bolmak» diýmekligi aňladýar. Bu söz Ýehowanyň wepalylygyny beýan etmek üçin hem ulanylýar (Kanun. 7:9; Iş. 49:7). Isa «Omyn» diýlende, haýsy manyda onuň deňi-taýy ýok? Munuň jogabyny 2 Korintoslylar 1:19, 20-nji aýatlardan bilýäris: «Hudaýyň Ogly Isa Mesih «hawa» we «ýok» bolman, Onda hemişe «hawa» bolandyr. Hudaýyň ähli wadalary Mesihde «hawadyr». Şonuň üçin, biz arkaly Hudaýa şöhrat bolar ýaly, omyn Ol arkaly aýdylýandyr».

9 Isa — bu «Omyn», sebäbi ol arkaly Hudaýyň ähli wadalary berjaý bolýar. Onuň ýer ýüzündäki aýypsyz durmuşy hem-de töleg gurbany Ýehowa Hudaýyň beren ähli wadalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de Isa wepaly galyp, Eýýubyň kitabynda Hudaýyň gullukçylary mätäçlige, horluklara we synaglara uçrasa, ondan ýüz öwrerler diýen, Şeýtanyň aýdan töhmetini ýalana çykardy (Eýýup 1:6—12; 2:2—7). Hudaýyň ähli ýaradanlarynyň içinde diňe onuň ilkinji doglan Ogly bu töhmete ygtybarly jogap berip bildi. Mundan başga-da Isa Ýehowanyň bütin Älemiň Hökümdary bolmaga haklydygy baradaky has wajyp meselede Atasynyň haklygyny goldap, ajaýyp güwälik etdi.

10. Isanyň «Omyn» diýen titulyndan biz nädip görelde alyp bileris?

10 Diýmek, Isa — bu «Omyn». Biz onuň bu ajaýyp rolundan nädip görelde alyp bileris? Muny biz Ýehowa wepaly galyp hem-de onuň ähli zady öz içine alýan hökümdarylygyny goldap edip bileris. Şonda biz Süleýmanyň tymsallary 27:11-däki: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýen haýyşa jogap bereris.

«Täze ähtiň töwellaçysy»

11, 12. Isanyň Töwellaçy hökmündäki roly näme üçin deňsiz-taýsyz?

11 1 Timoteos 2:5, 6-njy aýatlary okaň. Isa «Hudaý bilen adam arasynda durýan ýeke-täk Töwellaçydyr». Ol «täze ähtiň töwellaçysy» (Ýew. 9:15; 12:24). Emma Musa-da töwellaçy, ýagny Kanun ähtiniň araçysy diýilýär (Gal. 3:19). Onda näme üçin Isanyň töwellaçy hökmünde roly deňsiz-taýsyz?

12 «Töwellaçy» diýen söz asyl nusgada ýuridik termindir. Ol Isanyň kanun boýunça täze ähtiň töwellaçysydygyny görkezip, ol arkaly täze halk, ýagny «Hudaýyň Ysraýyly» doguldy (Gal. 6:16). Bu halk mesh edilen mesihçilerden ybarat bolup, gökdäki «Patyşanyň ruhanylaryndan» durýar (1 Pet. 2:9; Çyk. 19:6). Araçysy Musa bolan Kanuny äht bolsa, şeýle halkyň döremegine mümkinçilik berip bilmedi.

13. Isanyň Töwellaçy roly nämeden ybarat?

13 Isanyň Töwellaçy roly nämeden ybarat? Ýehowa täze äht baglaşylýanlar bilen Isanyň döken ganynyň bahasyny ulanýar. Şeýlelikde, Ýehowa kanun esasynda olary dogry saýýar (Rim. 3:24; Ýew. 9:15). Şondan soň, olar netijede gökde patyşalar we ruhanylar bolar ýaly, Hudaý olaryň täze ähtini kabul edýär! Isa olaryň Töwellaçysy hökmünde Hudaýyň gözünde arassa galmaga olara kömek edýär (Ýew. 2:16).

14. Näme üçin gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umydy bolan mesihçileriň ählisi Isanyň Töwellaçy roluny örän gymmat saýmaly?

14 Täze ähte girmeýän, gökde däl-de, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänler barada näme diýse bolýar? Olar täze ähte gatnaşmasalar-da, bu äht olara peýda getirýär. Hudaýyň dosty hökmünde, olaryň günäleri bagyşlanyp, dogry adamlar diýlip yglan edilýär (Ýakup 2:23; 1 Ýahýa 2:1, 2). Umydymyz gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga bolsun, biziň ählimiz täze ähtiň Töwellaçysy hökmünde Isanyň roluny örän gymmat saýmaly.

«Baş Ruhany»

15. Isanyň Baş Ruhanylyk roly ondan öň baş ruhany bolup gulluk edenleriň ählisinden näme bilen tapawutlanýar?

15 Geçmişde köp adamlar baş ruhany bolup gulluk etdiler, ýöne Isanyň Baş Ruhanylyk roly deňsiz-taýsyzdyr. Näme üçin? Pawlus muny şeýle düşündirýär: «Ol beýleki ruhanylar ýaly, her gün öňürti öz günäleri, soňra-da halkyň günäleri üçin gurban hödürlemäge mejbur däl. Çünki Ol Özüni hödürlemek bilen, muny bir gezekde bitirdi. Mukaddes Kanun ejiz adamlary baş ruhany edip belleýär, kanundan soň gelen ant sözi bolsa Hudaýyň hemişelik kämilleşdirilen Ogluny Baş Ruhany edip goýdy» (Ýew. 7:27, 28)b.

16. Näme üçin Isanyň gurbany hakykatdan-da deňsiz-taýsyz?

16 Isa kämil adamdy, ol Adam atanyň günäsiz ýagdaýyna doly laýyk gelýärdi (1 Kor. 15:45). Şol sebäpli Isa kämil, bütewi gurban getirip bilýän ýeke-täk ynsandy, çünki indi ýene-de gurban getirmek hökman däldi. Musanyň kanunynyň güýji barka, her gün gurban getirilmelidi. Emma bu gurbanlaryň ählisi we ruhanylaryň gullugy Isanyň gelejekde amala aşyrjak zatlarynyň diňe kölegesidi (Ýew. 8:5; 10:1). Şol sebäpli Isanyň Baş Ruhanylyk gullugynyň täsirligi we hemişeligi deňsiz-taýsyzdyr.

17. Baş Ruhanymyz hökmünde Isanyň roluna näme üçin Hudaýa minnetdar bolmaly we minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

17 Hudaý bizi oňat adam hasaplar ýaly, biz Isanyň Baş Ruhanylyk kömegine mätäç. Isa gör nähili ajaýyp Baş Ruhany! Pawlus şeýle ýazdy: «Biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr» (Ýew. 4:15). Muňa bolan minnetdarlygymyz, bizi «özümiz üçin däl-de, biziň ugrumyzda Ölen we Direlen üçin ýaşamaga» höweslendirmeli (2 Kor. 5:14, 15; Luka 9:23).

Öňünden aýdylan «Nesil»

18. Adam ata günä edensoň haýsy pygamberlik aýdyldy we bu pygamberlik babatda soň näme aýan boldy?

18 Erem bagynda adamlar göräýmäge ähli zady, ýagny Hudaý bilen gatnaşygyny, ebedi ýaşaýşy, bagty we Jenneti ýitirende, Ýehowa Hudaý «nebere», ýagny «nesil» diýip atlandyrylan Halasgäriň geljekdigini öňünden aýtdy (Bar. 3:15). Bu syrly Nesil Mukaddes Ýazgylardaky ençeme asyrlaryň dowamynda ýazylan birnäçe pygamberlikleriň temasy boldy. Bu nesil Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň hem-de Dawut patyşanyň neslinden gelmelidi (Bar. 21:12; 22:16—18; 28:14; 2 Pat. 7:12—16).

19, 20. a) Wada edilen Nesil kim? b) Näme üçin öňünden aýdylan nesle diňe Isa degişli däl diýse bolýar?

19 Bu wada edilen Nesil kimdi? Munuň jogaby Galatýalylar 3:16-da aýdylýar. (Okaň.) Emma Pawlus resul şol bapda mesh edilen mesihçilere şeýle ýüzlenýär: «Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz» (Gal. 3:29). Eger wada edilen Nesil Mesih bolsa, onda oňa başgalar hem nädip degişli bolup bilýär?

20 Millionlarça adamlar özüne Ybraýymyň neslinden diýýärler, olaryň käbiri bolsa özüni pygamber hem hasaplaýarlar. Käbir dinler öz pygamberleriniň Ybraýymyň neslinden gelip çykandygyna guwanýarlar. Emma olaryň ählisine wada edilen Nesil diýse bolarmy? Ýok. Hudaýyň ylhamy bilen ýazan Pawlus resulyň aýtmagyna görä, Ybraýymyň ähli nesilleri özüni wada edilen Nesil diýip hasaplap bilmez. Adamlar Ybraýymyň başga ogullarynyň nesillerinden pata almaly däldiler. Diňe Yshagyň neslinden gelen adam arkaly bereket berilmelidi (Ýew. 11:18). Netijede, diňe bir adam, Isa Mesih, Mukaddes Ýazgylara görä, Ybraýymyň neslinden gelip, wada edilen nesliň esasy bölegi boldyc. Wagtyň geçmegi bilen Ybraýymyň nesliniň goşmaça bölegine degişli bolanlaryň ählisine «Mesihiňki» diýilýär. Hawa, bu pygamberlikde ýerine ýetýän Isanyň roly diýseň deňsiz-taýsyzdyr.

21. Ýehowanyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roly esasanam sizde nähili täsir galdyrdy?

21 Biz şu makala arkaly Ýehowanyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roly barada näme bildik? Hudaýyň ýekeje Ogly ýaradylandan bäri, onuň hakykatdan-da deňi-taýy ýok. Emma Hudaýyň bu deňsiz-taýsyz Ogly bolan Isa hemişe Atasynyň islegine görä gulluk edip, hiç wagt özüne şöhrat gözlemedi (Ýahýa 5:41; 8:50). Bu biziň üçin nähili ajaýyp görelde! Geliň, Isa ýaly bizem «baryny Hudaýyň şöhraty üçin eder ýaly» öňümizde maksat goýalyň! (1 Kor. 10:31).

a Gadymy grek tekstinde bu titullaryň käbiri belli bir artikl bilen ulanylýar, bir alymyň aýtmagyna görä, bu titul «belli bir manyda deňi-taýy bolmadyk diýmegi aňladýar».

b Bir alymyň aýtmagyna görä, «bir gezekde» diýlip terjime edilen söz, Mukaddes Ýazgylardaky wajyp düşünjäni görkezýär we «Mesihiň çaklanylýan ölüminiň deňsiz-taýsyzdygyna hem-de bir gezek bolandygyna hiç hili şübhe döretmeýär».

c B. e. I asyrynda ýehudylar özüne aýratyn merhemet edilmegine garaşýardylar, çünki olar Ybraýymyň hakyky nesilleridi, olar Mesihiň ýa-da Hristosyň bir adamdygyna ynanýardylar (Ýahýa 1:25; 7:41, 42; 8:39—41).

Ýadyňyzdamy?

• Isanyň titullaryndan we oňa degişli ulanylýan jümlelerden onuň ajaýyp roly barada näme bilse bolýar? (Çarçuwa serediň.)

• Biz Ýehowanyň deňi-taýy bolmadyk Oglundan nähili görelde alyp bileris?

[15-nji sahypadaky çarçuwa]

Hudaýyň niýetindäki Isanyň käbir ajaýyp titullary

◼ Ýekeje Ogul (Ýahýa 1:3). Diňe Isany Atanyň hut özi ýaratdy.

◼ Söz (Ýahýa 1:14). Ýehowanyň Ogly onuň Wekili bolup gulluk edýär we Hudaý ol arkaly beýleki ýaradanlaryna belli bir maglumat hem-de görkezme berýär.

◼ Omyn (Ylh. 3:14). Isanyň ýer ýüzündäki aýypsyzlygy we onuň töleg gurbany Ýehowa Hudaýyň wadalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretdi.

◼ Täze ähtiň Töwellaçysy (1 Tim. 2:5, 6). Isa kanuny Töwellaçy bolup, täze halkyň, ýagny «Hudaýyň Ysraýylynyň» dogulmagyna mümkinçilik döretdi, çünki olar mesihçilerden ybarat bolup, gökde «patyşanyň ruhanylary» bolarlar (Gal. 6:16; 1 Pet. 2:9).

◼ Baş Ruhany (Ýew. 7:27, 28). Isa kämil gurban berip biljek ýeke-täk adamdy, beýle gurbany ýene-de bermek hökman däldi. Bu gurban bizi günäden we ölümden azat edip bilýär.

◼ Wada edilen Nesil (Bar. 3:15). Diňe bir adam, Isa Mesih öňünden aýdylan nesliň esasy bölegi hasaplanýar. Ybraýymyň nesliniň goşmaça bölegine degişli bolanlaryň ählisi «Mesihiňkidir» (Gal. 3:29).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş