Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/12 sah. 16—20
  • Düýpli wagyz etmegi ýüregimize düwdük

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Düýpli wagyz etmegi ýüregimize düwdük
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ol düýpli wagyz etdi!
  • Şu günler düýpli wagyz edýäris
  • Bize mälim bolmadyk netijeler
  • «Güwä geçmek»
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • «Bütin ýer ýüzünde... wagyz edersiňiz»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/12 sah. 16—20

Düýpli wagyz etmegi ýüregimize düwdük

«Ol... halka... düýpli wagyz etmegi bize tabşyrdy» (RES. IŞ. 10:42, TD).

1. Petrus Kornelius bilen gürrüňdeş bolanda, haýsy tabşyryk barada aýratyn belläp geçdi?

RIM ÝÜZBAŞYSY dogan-garyndaşlaryny we dostlaryny ýygnanda, bu Hudaý bilen ynsanlaryň gatnaşygynda örän ähmiýetli waka boldy. Bu hudaýhon adam Korneliusdy. Petrus resul ýygnanan märekä, resullara Isa barada «düýpli wagyz etmek... tabşyryldy» diýdi. Petrusyň güwäligi juda üstünlikli boldy. Başga milletden bolan sünnetlenmedik adamlar Hudaýyň ruhuny alyp, suwda çokundyryldylar we Isa bilen gökde bile patyşalyk etmäge umyt gazandylar. Petrusyň düýpli wagyz etmegi, gör nähili ajaýyp miwe berdi! (Res. iş. 10:22, 34—48, TD).

2. Wagyz etmek tabşyrygy diňe 12 resula berilmändigini biz nireden bilýäris?

2 Şonda b. e. 36-njy ýylydy. Takmynan iki ýyl mundan öň tarsusly Sawl bilen durmuşyny bütinleý özgerden waka bolup geçdi. Ol Damaska barýarka, oňa Isa görnüp: «Tur-da, şähere git, näme etmelidigiň saňa aýdylar» diýdi. Isa Hananýa atly şägirdini Sawlyň «milletleriň, patyşalaryň we Ysraýyl ogullarynyň öňünde» wagyz etmäge ynandyrdy. (Resullaryň işleri 9:3—6, 13—20-nji aýatlary okaň.) Hananýa Sawlyň ýanyna gelip: «Ata-babalarymyzyň Hudaýy... seni öňünden belledi... bütin adamlaryň öňünde Oňa güwä geçmelisiň» diýdi (Res. iş. 22:12—16). Pawlus adyny alan Sawl wagyz etmek tabşyrygyna çynlakaý garadymyka?

Ol düýpli wagyz etdi!

3. a) Biz Mukaddes Ýazgylardaky haýsy parça üns bereris? b) Efesosly ýaşulular Pawlusyň haýsy çakylygyna seslendiler we olar nähili görelde galdyrdylar?

3 Pawlusyň şondan soň eden işleri barada öwrensek, örän gyzykly bolardy, ýöne geliň, onuň Resullaryň işleri kitabynyň 20-nji babynda ýazylan takmynan b. e. 56-njy ýylynda sözlän sözüne üns bereliň. Pawlus bu nutgy bilen üçünji missioner syýahatynyň ahyrynda çykyş edýär. Ol Egeý deňziniň duralgalarynyň biri bolan Militos kenarynda düşleýär we efesosly ýaşulularyň yzyndan adam iberýär. Efesos Militosdan elli kilometr uzaklykda ýerleşýärdi, ýöne egrem-bugram ýoldan ýöreseň, ol has uzakdy. Pawlusyň gelendigini eşidende, efesosly ýaşulular gör nähili begenendirler. (Süleýmanyň tymsallary 10:28-i deňeşdiriň.) Emma Militosa ugramak üçin, olar öz işlerini ýola salmalydalar. Mümkin, olaryň biri işinden rugsat alyp, başga biri bolsa dükanyny ýapmaly bolandyr. Şu günlerem mesihçileriň köpüsi şeýle edýärler, sebäbi olar ýylda geçirilýän welaýat kongresindäki meýilnamadan hiç zady sypdyrmak islemeýärler.

4. Pawlus birnäçe ýyl Efesosda ýaşanda näme bilen meşgullandy?

4 Seniň pikiriňçe, ýaşulular gelýänçä, Pawlus üç-dört günläp Militosda näme etdikä? A sen näme ederdiň? (Resullaryň işleri 17:16, 17-nji aýatlary deňeşdiriň.) Pawlusyň efesosly ýaşululara ýüzlenen sözüne üns bereliň. Ol ençeme ýyllap durmuşynda nämäniň wajypdygyny we Efesosa gelmänkä, näme bilen meşgullanandygy barada gürrüň berýär. (Resullaryň işleri 20:18—21-nji aýatlary okaň.) Ol sözlerini hiç kimiň ýalana çykarmajakdygyny bilip, olara şeýle diýýär: «Meniň Aziýa gelen ilki günümden bäri... düýpli wagyz etdim». Hawa, ol Isanyň beren tabşyrygyny ýerine ýetirmegi doly ýüregine düwüpdi. Ol muny Efesosda nähili etdikä? Meselem, ol köp ýehudylaryň ýygnanýan ýerlerine baryp wagyz edýärdi. Lukanyň habar berşine görä, Pawlus takmynan b. e. 52—55-nji ýyllarynda Efesosda bolanda, sinagogalarda «ynandyryp, gaýratly wagyz etdi». Ýehudylar «gatap, ynanmazlyk edende», Pawlus olardan çekildi. Ol şäheriň başga ýerine gitdi, ýöne wagyz etmegini bes etmedi. Bu uly şäherde ol hem ýehudylara, hem greklere wagyz etdi (Res. iş. 19:1, 8, 9).

5, 6. Biz näme üçin Pawlusyň öýden-öýe gulluk edende, imansyzlara ýüzlenendigine şübhelenmeýäris?

5 Mesihçi dinini kabul edenleriň käbiri soň ýaşuly boldular. Pawlus Militosdaka olara ýüzlenipdi. Pawlus olara gullukda ulanýan usullary barada ýatlatdy: «Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrman... aç-açan hem öýden-öýe size ders berdim». Şu günler käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Pawlus bu ýerde diňe imandaşlara edilýän çopançylyk idegi barada aýdýar. Emma bu beýle däl. «Aç-açan hem öýden-öýe... ders berdim» diýmeklik, ilki bilen, imansyzlaryň arasynda wagyz edilendigini görkezýär. Bu Pawlusyň soňra aýdan sözlerinden aýdyň görünýär, ýagny ol «hem ýehudylara, hem-de greklere Hudaýa toba we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmek üçin güwä geçdi». Diýmek, Pawlus imansyzlara wagyz etdi, olar toba edip Isa iman etmelidiler (Res. iş. 20:20, 21).

6 Bir alym Hristian Grek Ýazgylaryny jikme-jik beýan edip, Resullaryň işleri 20:20-däki sözler barada şeýle diýdi: «Pawlus Efesosda üç ýyl boldy. Ol her öýde, azyndan şäheriň ähli ýaşaýjysyna wagyz etdi (26-njy aýat). Biz bu ýerde öýden-öýe hem-de jemagata wagyz etmegiň Mukaddes Ýazgylara esaslanandygyny bilýäris». Bu alymyň aýtmagyna görä, Pawlusyň her bir öýe barandygy belli däl. Ol bary-ýogy nädip wagyz edendigini we munuň nähili miwe berendigini efesosly ýaşulularyň unutmazlygyny isleýärdi. Luka şeýle ýazdy: «Aziýada ýaşaýanlaryň bary, ýehudylardyr grekler Rebbiň sözüni eşitdiler» (Res. iş. 19:10). Emma Aziýada ýaşaýanlaryň «bary» hoş habary nädip eşidip bilerdiler we wagyz gullugy babatda biz mundan nähili netije çykaryp bileris?

7. Pawlusyň hut özüniň wagyz etmedik adamlaryna onuň wagzy nähili täsir edip bilerdi?

7 Pawlusyň jemgyýetçilik ýerlerinde we öýden-öýe wagyz edendigi üçin, onuň habaryny köp adamlar eşitdi. Seniň pikiriňçe, Hudaýyň sözüni eşidenleriň ählisi Efesosda galdymy? Eýsem, olardan kimdir biri işini dowam etmek üçin başga ýere göçüp, dogan-garyndaşlary bilen bile ýaşap ýa-da uly şäheriň hysyrdysyndan gaçyp bilmezmidi? Elbetde, bilerdi. Şu günlerem köpleri şeýle sebäplere görä göçýärler. Belki, senem ýaşaýan ýeriňi üýtgedensiň. Galyberse-de, şol wagtlar köpleri biraz göwnüni açmaga, dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny görmäge ýa-da söwda bilen meşgullanmaga Efesosa gelýärdi. Olar şäherde Pawlusa duş gelip ýa-da onuň wagyz edýänini görüp bilerdiler. Olar öýüne dolananda näme bolup bilerdi? Hakykaty kabul edenler wagyz edip başlar. Ony kabul etmedikler bolsa, Efesosda eşiden zatlaryny ýakynlaryna gürrüň bermegi mümkin. Şeýlelikde, olaryň dogan-garyndaşlary, goňşulary ýa-da müşderleri hakykaty eşidip, käbiri ony kabul edip bilerdi. (Markus 5:14-i deňeşdiriň.) Mundan nähili netije çykarsa bolýar? Şeýle düýpli wagyz nämä eltmegi mümkin?

8. Aziýanyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary hakykaty nädip eşiden bolmaly?

8 Pawlus Efesosda öň gulluk edende, «maňa uly, iş bitiriji bir gapy açyldy» diýip ýazýar (1 Kor. 16:8, 9). Nähili gapy barada gürrüň gidýär we ol haýsy manyda Pawlus üçin açyldy? Pawlusyň Efesosda uzak wagtlap gulluk edendigi üçin, hoş habar ol ýerde giňden ýaýraýar. Deňizden daşda ýerleşýän Kolose, Laodikiýa we Iýerapolis diýen üç şähere üns bereliň. Pawlus bu şäherlere baryp görmändi, ýöne hoş habar ol ýerlere-de ýetýär. Epafranyň asly şol ýerdendi (Kol. 2:1; 4:12, 13). Ol Pawlusyň eden wagzyny Efesosda eşidip, şondan soň mesihçi boldumy? Bu barada Injilde aýdylmaýar. Emma Epafra doglan ýerinde wagyz edende, ähtimal, Pawlusyň wekili hökmünde hereket eden bolmaly (Kol. 1:7). Şol ýyllar Pawlus Efesosda wagyz edende, hoş habar Filadelfiýa, Sardis we Tiýatira ýaly şäherlere-de ýeten bolmaly.

9. a) Pawlus nämäni güýçli isleýärdi? b) 2009-njy ýyl üçin haýsy aýat saýlandy?

9 Diýmek, efesosly ýaşulular Pawlusyň: «Men bulary hiç zat hasap etmeýärin, janymy özüm üçin gymmat bilmeýärin; döwrümi, Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryny düýpli wagyz etmek üçin Reb Isadan alan hyzmatymy bitirsem bolýar» diýen sözleri bilen ylalaşman bilmezdiler. Bu parçada 2009-njy ýyl üçin ruhlandyryjy we hereket etmäge höweslendirýän ýyllyk aýady ýerleşýär: «Hoş habary düýpli wagyz ediň» (Res. iş. 20:24, TD).

Şu günler düýpli wagyz edýäris

10. Biziň düýpli wagyz etmelidigimiz nämeden görünýär?

10 Wagtyň geçmegi bilen, «düýpli wagyz etmek» tabşyrygy diňe resullara däl, eýsem, başga mesihçilere-de degişli boldy. Jelilede 500-e golaý ýygnanan şägirtlerine ýüzlenip, direlen Isa şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň. Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň». Bu sözler häzirki mesihçileriň ählisine degişlidigini Isanyň indiki sözlerinden görse bolýar: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:19, 20).

11. Ýehowanyň Güwäçileri nähili wajyp ýumuş bilen tanalýarlar?

11 Yhlasly mesihçiler «hoş habary düýpli wagyz edip», bu tabşyrygy berjaý etmegi dowam edýärler. Olaryň wagyz etmeli esasy usulyny Pawlus agzap geçdi. Ol efesosly ýaşululara öýden-öýe wagyz edendigini aýtdy. 2007-nji ýylda çykan we missionerlik işiniň üstünligine bagyşlanan Deýwid Stýuardyň (kiçisi) kitabynda şeýle diýilýär: «Ýehowanyň Güwäçileriniň tejribeli we belli bir maksada gönükdirilen usuly guramasyndaky her bir agzany missionerlik işine kesgitli bolmadyk we netijesiz (kafedradaky çagyryşlardan) has güýçli höweslendirýär. Öz ynançlaryň barada adamlara gürrüň bermegi Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsiniň iň gowy görýän ýumşudyr». Munuň näme peýdasy bar? «1999-njy ýylda gündogar Ýewropadaky iki paýtagtyň ýaşaýjylarynyň köpüsinden sorag edende, olaryň bary-ýogy 2-den 4 göterimine çenli soňky günleriň Mukaddes buthanasynyň missionerleriniň ýa-da «mormonlaryň» ýanyna gelendigini aýtdylar, ýöne 70 göteriminden gowragy Ýehowanyň Güwäçileri ýörite ýanyna gelip, olar bilen gürrüňdeş bolandygyny aýdýarlar, olaryň köpüsi bilen bolsa, Güwäçiler ençeme gezek gepleşipdirler».

12. a) Biz näme üçin adamlaryň öýüne «ençeme gezek» barýarys? b) Hoş habara bolan garaýşyny özgerden adam barada gürrüň berip bilermisiňiz?

12 Mümkin, siziň goňşularyňyz barada-da şeýle diýse bolar. Köp adamlar siz arkaly hoş habary eşidendirler. Öýden-öýe wagyz edende, «adamlara ýörite ýüzlenip», siz gapyda erkek adamlar, aýallar we ýaşlar bilen gürrüňdeş bolýansyňyz. Olaryň ýanyna «ençeme gezek» barsaňyz-da, belki, käbiri sizi diňlemeýändir. Käbirler Mukaddes Ýazgylardan aýat okanyňyzda ýa-da ondan bir pikiri aýdanyňyzda, sizi diňlemäge birnäçe minut sarp edýändir. Käbiri bolsa, siziň gowy wagzyňyza seslenýändir. «Hoş habyry düýpli wagyz edende», biz adamlaryň her hili seslenýändigine duş gelip bileris. Mümkin, size belli bolşy ýaly, käbirleriň ýanyna «ençeme gezek» barsaňyz-da, ilki gyzyklanman, soňra garaýşyny üýtgeden adamlary bilýänsiňiz. Olar ýa-da olaryň dogan-garyndaşlarynyň durmuşynda özgerişler bolup, soňabaka olaryň aňy we ýüregi hakykata açylandyr. Indi olar biziň dogan-uýalarymyz. Şol sebäpli eger soňky wagtlarda siz gowy seslenýän adamlara duşmadyk bolsaňyz, ruhdan düşmäň. Biz hemmeleriň hakykaty kabul etmegine garaşmaýarys. Hudaý bolsa biziň mundan beýläk-de, yhlas bilen düýpli wagyz etmegimizi isleýär.

Bize mälim bolmadyk netijeler

13. Edýän wagzymyz nädip bize mälim bolmadyk miwe getirip biler?

13 Pawlusyň gullugy diňe onuň mesihçi bolmaga kömek eden adamlaryna täsir etmedi. Biziň gullugymyz barada-da şeýle diýse bolar. Biziň maksadymyz — köpräk adamlara wagyz etmek üçin yzygiderli öýden-öýe gulluk etmek. Biz hoş habary goňşularymyza, işdeşlerimize, synpdaşlarymyza we dogan-garyndaşlarymyza gürrüň berýäris. Olar bilen gürrüňdeş bolansoň, näme bolandygyny bilýärismi? Käbiri derrew seslenýärler. Käte hakykat tohumy derrew gögermeýär, emma wagtyň geçmegi bilen ol adamyň ýüregine kök urup gögerip ugraýar. Ýöne şeýle bolmasa-da, olar başgalar bilen gürrüňdeş bolanda, biziň olara nädip wagyz edendigimiz, nämä iman edýändigimiz we özümizi nädip alyp barandygymyz barada aýtmaklary mümkin. Şeýdip, olar hakykat tohumynyň gowy topraga düşmegine özleri hem bilmän ýardam edýärler.

14, 15. Bir doganyň wagzy nähili miwe berdi?

14 Bir mysala seredeliň. Raýen we onuň aýaly Mandi Floridada (ABŞ) ýaşaýarlar. Raýen işdeşine resmi däl ýagdaýda wagyz edýär. Induizm dinini ykrar edýän bu adama Raýeniň geýnişi we gepleýşi täsir edýär. Raýen oňa ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygy we olaryň direljekdigi barada gürrüň berýär. Bir gezek bu adam aýaly Džodiden Ýehowanyň Güwäçileri barada näme bilýändigini soraýar. Ol katolik dinine iman edýärdi we Ýehowanyň Güwäçileri barada «öýden-öýe wagyz edýändiginden» başga hiç zady bilmeýändigini aýdýar. Džodi Internete girip, «Ýehowanyň Güwäçileri» diýip ýazanda, biziň web-saýtymyz (www.watchtower.org.) çykýar. Džodi bu saýtda ýerleşdirilen materialy, Mukaddes Ýazgylary we ony gyzyklandyran temalary birnäçe aýyň dowamynda okaýar.

15 Birnäçe wagtdan Džodi Mandi atly özi ýaly şepagat uýa duşýar. Mandi Džodini gyzyklandyrýan soraglara höwes bilen jogap berýär. Birnäçe wagt geçenden soň, olar duşuşyp, Džodiniň aýtmagyna görä, «Adam atadan başlap, tä Armageddona» çenli ähli zatlar barada gürrüň edýärler. Džodi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşýar. Soňra Patyşalyk zalyna gatnap başlaýar. Oktýabr aýynda ol wagyzçy bolýar, fewralda bolsa suwda çokundyrylýar. Džodi şeýle ýazýar: «Men hakykaty bilenimden bäri, özümi örän bagtly duýýaryn we durmuşym maňa uly lezzet berýär».

16. Floridadaky doganymyz bilen bolan waka, biziň düýpli wagyz etmek üçin edýän tagallamyz barada nämäni görkezýär?

16 Raýen bir adama wagyz edip, başga bir adama hakykaty kabul etmäge kömek edeninden habary ýokdy. Ol «düýpli wagyz» etmegi ýüregine düwüp, munuň nähili netije getirendigini bildi, ýöne sen gapyda, işde, mekdepde ýa-da resmi däl ýagdaýda wagyz edeniňde, diňe gürrüňdeş bolan adamlaryňa däl, eýsem, seniň özüň hem muny aňlaman, başgalara-da hakykaty eşitdirýärsiň. Pawlus hem Aziýa welaýatyndaky gullugynyň getiren miweleriniň ählisini bilmeýşi ýaly, senem düýpli wagyz edýändigiň nähili netije getirendigini aňlaýan hem dälsiň. (Resullaryň işleri 23:11; 28:23-nji aýatlary okaň.) Wagzy dowam etmek nähili wajyp!

17. Siz 2009-njy ýylda näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

17 Geliň, 2009-njy ýylda öýden-öýe we başga usul bilen wagyz etmek tabşyrygyna çynlakaý garalyň. Şonda bizde Pawlusyňky ýaly duýgy bolar, çünki ol şeýle ýazdy: «Men bulary hiç zat hasap etmeýärin, janymy özüm üçin gymmat bilmeýärin; döwrümi, Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryny düýpli wagyz etmek üçin Reb Isadan alan hyzmatymy bitirsem bolýar».

Siz nähili jogap berersiňiz?

• I asyrda Petrus we Pawlus resul hem-de başga mesihçiler nädip düýpli wagyz etdiler?

• Edýän wagzymyz nädip bize mälim bolmadyk has uly netije getirip biler?

• 2009-njy ýyl üçin haýsy aýat saýlandy we näme üçin bu aýat ýerlikli?

[19-njy sahypadaky ýazgy]

2009-njy ýylyň aýaty: «Hoş habary düýpli wagyz ediň» (Res. iş. 20:24, TD).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş