-
Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýärisHudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
-
-
6. a) Pawlus resulyň düşündirişi ýaly, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek näme üçin Hudaýa edýän seždämiziň bir bölegi hasaplanýar? b) Şu günler bütin dünýäde imandaşlarymyza nädip gerekli kömegiň berilýändigini gürrüň beriň (214, 215-nji sahypalardaky «Betbagtçylyk bolanda» diýen çarçuwa serediň).
6 Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere imandaşlaryna gerekli kömegi bermegiň näme üçin Ýehowa edýän gullugynyň we seždesiniň bir bölegi hasaplanýandygyna düşünmäge kömek etdi. Geliň, onuň aýdan sözlerine jikme-jik seredeliň. Mesihçiler «Mesih hakda wagyz edýän hoş habaryna tabyn bolýar» (2 Kor. 9:13). Olar Isanyň öwreden zatlaryny durmuşynda ulanmak üçin, betbagtçylyga uçran imandaşlaryna gerekli kömegi berýär. Pawlus resulyň belläp geçişi ýaly, olaryň öz doganlarynyň bähbidi üçin edýän bu ýagşy işleri, hakykatdanam, «Hudaýyň... çäksiz merhemetini» aýan edýär (2 Kor. 9:14; 1 Pet. 4:10). Şol sebäpli mätäçlik çekýän doganlarymyza gerekli kömegi berip, gulluk etmek babatda 1975-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» şeýle jaýdar sözler aýdyldy: «Geliň, Ýehowa Hudaýyň we onuň Ogly Isa Mesihiň bu gullugy gymmat saýýandygyna hiç haçan şübhelenmäliň». Hawa, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek mukaddes gullugyň wajyp bölegidir (Rim. 12:1, 7; 2 Kor. 8:7; Ýewr. 13:16).
-
-
Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýärisHudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
-
-
7, 8. Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, ilki bilen, haýsy maksada ýetýäris? Düşündiriň.
7 Biz nähili maksatlar bilen kömek edýäris? Pawlus resul korinflilere ýazan ikinji hatynda bu soraga jogap berýär (2 Korinfliler 9:11—15-nji aýatlary okaň). Bu aýatlarda Pawlus imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen, esasan, üç maksada ýetýändigimizi belläp geçýär. Geliň, olaryň her birine aýratynlykda seredeliň.
8 Birinjiden, gerekli kömegi berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys. Geliň, ýokarda getirilen bäş aýatda gerekli kömegi bermek barada aýdanda, Pawlus resulyň doganlaryň ünsüni näçe gezek Ýehowa Hudaýa gönükdirendigine seredeliň. Pawlus biziň «edýän tagallamyzyň adamlary Hudaýa minnetdar bolmaga höweslendirýändigini» hem-de «ençeme adamlaryň Hudaýa köp minnetdarlyk aýdýandygyny» ýatladýar (11, 12-nji aýatlar). Şeýle-de ol gerekli kömegi alan mesihçileriň «Hudaýy şöhratlandyrýandygyny» we «çäksiz merhemet edýändigi» üçin Hudaýa alkyş aýdýandygyny belläp geçýär (13, 14-nji aýatlar). Soňra Pawlus sözüni jemläp: «Geliň... Hudaýa minnetdar bolalyň» diýýär (15-nji aýat; 1 Pet. 4:11).
9. Biziň berýän kömegimiz adamlaryň garaýşyny nädip üýtgedip bilýär? Mysal getiriň.
9 Pawlus resul ýaly, Hudaýyň häzirki gullukçylary hem gerekli kömegi bermeklige Ýehowany şöhratlandyrmaga we onuň taglymatlaryny bezemäge mümkinçilik hökmünde garaýarlar (1 Kor. 10:31; Titus 2:10). Biziň berýän kömegimiz Ýehowa Hudaý we onuň Şaýatlary barada nädogry pikirde bolan adamlaryň garaýşyny üýtgedip bilýär. Geliň, bir mysala seredeliň. Güýçli harasatdan ejir çeken ýerde ýaşaýan bir aýalyň öýüniň gapysynda «Ýehowanyň Şaýatlary biynjalyk etmesin» diýen ýazgy bardy. Bir gün ol aýal öýüniň garşysyndaky jaýy dikeldýän işçileri görýär. Ol birnäçe gün bu işçileri synlap, olaryň agzybir zähmet çekýändigine üns berýär. Soňra olaryň kimdigini bilmek üçin ýanlaryna barýar. Ol aýal bu meýletin işçileriň Ýehowanyň Şaýatlarydygyny bilende, haýran galyp: «Men siz barada nädogry pikirde bolupdyryn» diýýär. Soňra ol öýüne baryp, gapysyndaky ýazgyny aýyrýar.
-