Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kr bap 20 sah. 209—219
  • Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek näme üçin «mukaddes gulluk» hasaplanýar?
  • Belli bir maksatlar bilen kömek edýäris
  • Gerekli kömegi berip, gulluk etmek bol bereket getirýär
  • Sizem kömek edip bilermisiňiz?
  • Betbagtçylykdan ejir çekenlere nädip kömek etmeli?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçranlara kömek edýärmi?
    Ýehowanyň Şaýatlary barada köplenç berilýän soraglar
  • Patyşalygy goldamak — Hudaýa sežde edilýän ýerleri gurmak we gerekli kömegi bermek
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Biz nädip kömek edip bileris?
    Hudaýa gullugymyz — 2005
Başgalary
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
kr bap 20 sah. 209—219

20-NJI BAP

Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris

BABYŇ TEMASY

Mesihçiler betbagtçylyk döwri gerekli kömegi berip, birek-birege söýgi bildirýär

1, 2. a) Ýahudadaky mesihçiler nähili kynçylyga duş geldiler? b) Mesihçiler Ýahudadaky imandaşlaryna nädip söýgi bildirdiler?

B. E. TAKMYNAN 46-njy ýylynda Ýahudada güýçli açlyk başlanýar. Azyk önümleri şeýle bir gymmatlaýar welin, ýehudy şägirtler hatda az-owlak bugdaý dänesini hem satyn alyp bilmeýärler. Olar açlykdan ýaňa halys ysgyndan gaçypdylar. Emma tizden Ýehowa olaryň aladasyny edýär. Şeýle goldaw Isanyň şägirtlerine öň hiç haçan berilmändi. Eýsem, näme bolup geçdi?

2 Antiohiýadaky (Siriýa) ýehudy hem-de başga milletli mesihçiler Iýerusalimdäki we Ýahudadaky imandaşlaryna duýgudaşlyk bildirip, kömek etmek üçin gerekli zatlary ýygnaýarlar. Soňra olar iki sany jogapkär dogana, ýagny Barnabas bilen Sawula bu zatlary Iýerusalimdäki ýaşululara äkitmegi tabşyrýarlar (Resullaryň işleri 11:27—30; 12:25-nji aýatlary okaň). Antiohiýadaky doganlaryň bildiren söýgüsi Ýahudadaky mesihçilere, gör, nähili güýçli täsir edendir!

3. a) Şu günler Hudaýyň halky Antiohiýadaky mesihçileriň göreldesine nädip eýerýär? Mysal getiriň. (Şeýle-de «Gerekli kömegi bermek üçin biziň günlerimizde gurnalan ilkinji uly kampaniýa» diýen çarçuwa serediň). b) Şu bapda haýsy soraglara serederis?

3 B. e. I asyrynda bolan bu waka dünýäniň bir künjeginde ýaşaýan mesihçileriň başga ýerdäki imandaşlaryna kömek edendigi barada ýazylan ilkinji mysaldy. Şu günler bizem Antiohiýadaky doganlaryň galdyran göreldesine eýerýäris. Bir ýurtda ýaşaýan imandaşlarymyzyň betbagtçylyga uçrandygyny ýa-da synaga düşendigini bilenimizde, derrew olara kömege barýarysa . Dogan-uýalara gerekli kömegi bermegiň Hudaýa edýän gullugymyzyň başga görnüşleri bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna düşünmek üçin, geliň, bu babatda şu üç soraga seredeliň: Biz imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegi näme üçin Hudaýa edýän gullugymyzyň bir görnüşi hasaplaýarys? Biz nähili maksatlar bilen kömek edýäris? Gerekli kömegi berip, gulluk etmek nähili bereketleri getirýär?

Imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek näme üçin «mukaddes gulluk» hasaplanýar?

4. Pawlus resul korinflilere ýazan hatynda mesihçileriň gullugy babatda näme diýdi?

4 Pawlus resul korinflilere ýazan ikinji hatynda mesihçileriň gullugynyň iki tarapynyň bardygyny düşündirýär. Bu hat mesh edilen mesihçilere ýazylan bolsa-da, Pawlusyň sözleri Isanyň «başga goýunlaryna-da» degişli (Ýahýa 10:16). Biziň gullugymyzyň bir tarapy «ýaraşdyrma gullugy» bolup, bu wagyz we tälim beriş işimizi öz içine alýar (2 Kor. 5:18—20; 1 Tim. 2:3—6). Ikinji tarapyna bolsa, imandaşlarymyzyň bähbidi üçin ýerine ýetirýän gullugymyz degişli. Pawlus resul bu gullugy «mukaddeslere kömek etmek» diýip atlandyrdy (2 Kor. 8:4). «Ýaraşdyrma gullugy» we «mukaddeslere kömek etmek» diýen jümlelerde ulanylýan «gulluk» hem-de «kömek etmek» sözleriniň ikisi hem grekçe «diakonia» sözüniň terjimesidir. Eýsem, munuň nähili ähmiýeti bar?

5. Pawlus resul imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegi gulluk hasaplady. Bu nämäni görkezýär?

5 Pawlus bu iki ýagdaýda-da şol bir grek sözüni ulanmak bilen, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegiň mesihçiler ýygnagynda amala aşyrylýan gullugyň bir görnüşidigini görkezdi. Ol bu sözleri aýtmazyndan öň, şeýle diýdi: «Gullugyň dürli görnüşleri bolsa-da, Halypamyz birdir. Edilýän işler dürli-dürli bolsa-da, olar... şol bir ruh arkaly... berilýändir» (1 Kor. 12:4—6, 11). Şeýdip, Pawlus ýygnakdaky gullugyň dürli görnüşlerini «mukaddes gulluk» bilen baglanyşdyrdyb (Rim. 12:1, 6—8). Şol sebäpli biz Pawlus resulyň «mukaddeslere hyzmat etmek üçin» wagt sarp etmegi wajyp saýandygyna geň galmaýarys (Rim. 15:25, 26).

6. a) Pawlus resulyň düşündirişi ýaly, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek näme üçin Hudaýa edýän seždämiziň bir bölegi hasaplanýar? b) Şu günler bütin dünýäde imandaşlarymyza nädip gerekli kömegiň berilýändigini gürrüň beriň (214, 215-nji sahypalardaky «Betbagtçylyk bolanda» diýen çarçuwa serediň).

6 Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere imandaşlaryna gerekli kömegi bermegiň näme üçin Ýehowa edýän gullugynyň we seždesiniň bir bölegi hasaplanýandygyna düşünmäge kömek etdi. Geliň, onuň aýdan sözlerine jikme-jik seredeliň. Mesihçiler «Mesih hakda wagyz edýän hoş habaryna tabyn bolýar» (2 Kor. 9:13). Olar Isanyň öwreden zatlaryny durmuşynda ulanmak üçin, betbagtçylyga uçran imandaşlaryna gerekli kömegi berýär. Pawlus resulyň belläp geçişi ýaly, olaryň öz doganlarynyň bähbidi üçin edýän bu ýagşy işleri, hakykatdanam, «Hudaýyň... çäksiz merhemetini» aýan edýär (2 Kor. 9:14; 1 Pet. 4:10). Şol sebäpli mätäçlik çekýän doganlarymyza gerekli kömegi berip, gulluk etmek babatda 1975-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» şeýle jaýdar sözler aýdyldy: «Geliň, Ýehowa Hudaýyň we onuň Ogly Isa Mesihiň bu gullugy gymmat saýýandygyna hiç haçan şübhelenmäliň». Hawa, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek mukaddes gullugyň wajyp bölegidir (Rim. 12:1, 7; 2 Kor. 8:7; Ýewr. 13:16).

Belli bir maksatlar bilen kömek edýäris

7, 8. Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, ilki bilen, haýsy maksada ýetýäris? Düşündiriň.

7 Biz nähili maksatlar bilen kömek edýäris? Pawlus resul korinflilere ýazan ikinji hatynda bu soraga jogap berýär (2 Korinfliler 9:11—15-nji aýatlary okaň). Bu aýatlarda Pawlus imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen, esasan, üç maksada ýetýändigimizi belläp geçýär. Geliň, olaryň her birine aýratynlykda seredeliň.

8 Birinjiden, gerekli kömegi berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys. Geliň, ýokarda getirilen bäş aýatda gerekli kömegi bermek barada aýdanda, Pawlus resulyň doganlaryň ünsüni näçe gezek Ýehowa Hudaýa gönükdirendigine seredeliň. Pawlus biziň «edýän tagallamyzyň adamlary Hudaýa minnetdar bolmaga höweslendirýändigini» hem-de «ençeme adamlaryň Hudaýa köp minnetdarlyk aýdýandygyny» ýatladýar (11, 12-nji aýatlar). Şeýle-de ol gerekli kömegi alan mesihçileriň «Hudaýy şöhratlandyrýandygyny» we «çäksiz merhemet edýändigi» üçin Hudaýa alkyş aýdýandygyny belläp geçýär (13, 14-nji aýatlar). Soňra Pawlus sözüni jemläp: «Geliň... Hudaýa minnetdar bolalyň» diýýär (15-nji aýat; 1 Pet. 4:11).

9. Biziň berýän kömegimiz adamlaryň garaýşyny nädip üýtgedip bilýär? Mysal getiriň.

9 Pawlus resul ýaly, Hudaýyň häzirki gullukçylary hem gerekli kömegi bermeklige Ýehowany şöhratlandyrmaga we onuň taglymatlaryny bezemäge mümkinçilik hökmünde garaýarlar (1 Kor. 10:31; Titus 2:10). Biziň berýän kömegimiz Ýehowa Hudaý we onuň Şaýatlary barada nädogry pikirde bolan adamlaryň garaýşyny üýtgedip bilýär. Geliň, bir mysala seredeliň. Güýçli harasatdan ejir çeken ýerde ýaşaýan bir aýalyň öýüniň gapysynda «Ýehowanyň Şaýatlary biynjalyk etmesin» diýen ýazgy bardy. Bir gün ol aýal öýüniň garşysyndaky jaýy dikeldýän işçileri görýär. Ol birnäçe gün bu işçileri synlap, olaryň agzybir zähmet çekýändigine üns berýär. Soňra olaryň kimdigini bilmek üçin ýanlaryna barýar. Ol aýal bu meýletin işçileriň Ýehowanyň Şaýatlarydygyny bilende, haýran galyp: «Men siz barada nädogry pikirde bolupdyryn» diýýär. Soňra ol öýüne baryp, gapysyndaky ýazgyny aýyrýar.

10, 11. a) Gerekli kömegi bermek babatda ikinji maksadymyza ýetýändigimizi haýsy mysallar görkezýär? b) Gerekli kömegi bermäge gatnaşýan dogan-uýalara haýsy edebiýat kömek edýär? («Meýletin gullukçylar üçin gollanma» diýen çarçuwa serediň).

10 Ikinjiden, imandaşlarymyzyň «zerurlyklaryny kanagatlandyrýarys» (2 Kor. 9:12a). Biz betbagtçylyga uçran dogan-uýalarymyzyň derdini çekişip, olara gerekli kömegi bermek isleýäris. Näme üçin? Mesihçiler ýygnagynyň agzalary bir «beden» bolup durýar. «Eger bedeniň bir agzasy ejir çekse, beýleki agzalary hem onuň bilen bile ejir çekýär» (1 Kor. 12:20, 26). Şol sebäpli doganlyk söýgüsi we duýgudaşlyk ýaly häsiýetler dogan-uýalary ähli işini taşlap, betbagtçylyga uçran imandaşlaryna kömek etmäge höweslendirýär. Olar haýal etmän gerekli gurallaryny alyp, betbagtçylykdan ejir çeken ýerlere gidýärler (Ýakup 2:15, 16). Mysal üçin, 2011-nji ýylda Ýaponiýada bolan sunamiden soň, ABŞ-daky filial Regional gurluşyk komitetlerine hat ýollap, Ýaponiýadaky Patyşalyk zallaryny dikeltmäge kömek eder ýaly, mümkin bolsa, «birnäçe tejribeli doganlary» ugratmagy haýyş edýär. Doganlar muňa nähili seslenýär? Sanlyja hepdäniň içinde 600-e golaý meýletin gullukçy Ýaponiýa gitmäge isleg bildirip, ýol çykdajylaryny hem özleri tölejekdigini aýdýarlar! ABŞ-daky filial: «Biz muňa diýseň haýran galdyk» diýýär. Gerekli kömegi bermek üçin Ýaponiýa gelen meýletin gullukçylaryň birinden bu ýere gelmäge ony nämäniň höweslendirendigini soranlarynda, ol: «Biz Ýaponiýadaky doganlarymyz bilen bir bedeniň agzalarydyrys. Biz olaryň agyrysyny we hasratyny duýýarys» diýip jogap berýär. Janaýamaz söýgi bildirýän bu meýletin gullukçylar imandaşlaryna kömek etmek üçin käte öz janlaryny hem howp astyna salýarlarc (1 Ýahýa 3:16).

Şweýsariýada uýamyz tebigy betbagtçylyga uçranlar üçin kömek serişdelerini taýýarlaýar, 1946-njy ýyl

Şweýsariýa, 1946-njy ýyl

GEREKLI KÖMEGI BERMEK ÜÇIN BIZIŇ GÜNLERIMIZDE GURNALAN ILKINJI ULY KAMPANIÝA

ÝEWROPADA II Jahan urşunyň tamamlananyna birnäçe aý geçensoň, 1945-nji ýylyň sentýabr aýynda Norr dogan «Merkezi Ýewropadaky mätäç dogan-uýalara maddy kömegiň» berilmegi babatda uly kampaniýanyň geçirilip başlanandygyny bildiriş etdi.

Bu bildirişden birnäçe hepde geçensoň, Kanadadaky, ABŞ-daky we başga ýurtlardaky Ýehowanyň Şaýatlary iýmit hem-de egin-eşik ýygnadylar we olary saýlap hem-de gaplap başladylar. 1946-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, bu zatlar Awstriýada, Beýik Britaniýada, Bolgariýada, Belgiýada, Wengriýada, Germaniýada, Gresiýada, Daniýada, Italiýada, Niderlandiýada, Norwegiýada, Polşada, Rumyniýada, Filippinde, Finlýandiýada, Fransiýada, Hytaýda we Çehoslawakiýada ýaşaýan imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek üçin ugradyldy.

Emma şeýle kömek diňe bir gezek berilmedi. Dogan-uýalara gerekli kömegiň berilmegi iki ýarym ýyl dowam etdi! Şol döwürde takmynan 85 müň sany dogan-uýalar uruşdan zyýan çeken ýerlerdäki imandaşlaryna 300 tonna golaý iýmit, takmynan 450 tonna egin-eşik we 124 müňden gowrak aýakgap ugratdylar. Bu kampaniýa 1948-nji ýylyň awgust aýynda tamamlandy. 1949-njy ýylda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýildi: «Dogan-uýalar, hakykatdanam, birek-birege söýgi bildirdiler. Biz dogan-uýalaryň muny Hudaýy şöhratlandyrmak üçin edendigini bilýäris. Olar maddy kömegi bermek bilen, imandaşlaryna gullugyny dowam etmäge ýardam etjekdigine düşünýärdiler. Olar öz doganlaryna şeýle usul bilen kömek etmegi uly hormat saýýardylar». Hawa, bu kampaniýada Ýehowa şöhratlandyrylyp, dogan-uýalara gerekli kömek berildi we bütindünýä doganlygymyz has-da jebisleşdi.

11 Biziň berýän kömegimizi Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar hem gymmat saýýar. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Arkanzas ştatynda (ABŞ) bolan tebigy betbagtçylykdan soň, bir gazetde Ýehowanyň Şaýatlarynyň meýletin gullukçylarynyň muňa örän çalt seslenendigi barada şeýle diýildi: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň meýletin gullukçylary guramaçylykly hereket edip, betbagtçylykdan ejir çekenlere haýal etmän gerekli kömegi berýärler». Dogrudan-da, Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, biz dogan-uýalarymyzyň «zerurlyklaryny kanagatlandyrýarys».

12—14. a) Gerekli kömegi bermek babatda üçünji maksadymyza ýetmek näme üçin wajyp? b) Ruhy işlere yzygiderli gatnaşmagyň wajypdygyny haýsy sözlerden görse bolýar?

12 Üçünjiden, betbagtçylykdan ejir çekenlere ruhy taýdan aýaga galmaga kömek edýäris. Bu näme üçin wajyp? Pawlus resul gerekli kömegi alýan dogan-uýalaryň «Hudaýa köp minnetdarlyk aýdýandygyny» belläp geçýär (2 Kor. 9:12b). Ejir çeken adamlaryň Ýehowa minnetdar bolmagynyň iň gowy usuly olaryň ruhy taýdan, mümkin boldugyndan, tiz aýaga galmagydyr (Flp. 1:10). 1945-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» şeýle diýilýär: «Pawlus resul sadakalaryň ýygnalmagyny... makullady, sebäbi... mätäç dogan-uýalar maddy taýdan gerekli goldawy alyp, Ýehowa has arkaýyn hem-de yhlasly gulluk edip bilýärdi». Şu günlerem biziň maksadymyz üýtgemedi. Dogan-uýalar ýene-de wagyz edip başlamak bilen, diňe bir gam-gussa batan goňşularyny däl, eýsem, özlerini hem berkidýärler (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň).

13 Geliň, gerekli kömegi alyp, ýene-de wagyz gullugyna başlan hem-de ruhy taýdan berkän käbir dogan-uýalaryň aýdan sözlerine seredeliň. Bir dogan şeýle diýýär: «Wagyz gullugyna gatnaşmak biziň maşgalamyz üçin uly bereket boldy. Adamlara göwünlik berjek bolup, biz az salymlyk bolsa-da, öz aladalarymyzy unudýardyk». Bir uýamyz: «Men bar ünsümi ruhy zatlara jemläp, daş-töweregimdäki heläkçilik barada pikir etmedim. Bu maňa kalbymda rahatlyk duýmaga kömek etdi» diýýär. Başga bir uýamyz bolsa şeýle diýýär: «Biz ýagdaýymyzy üýtgedip bilmesek-de, maşgalamyz bilen Hudaýa gulluk edip, dogry ýoldan sowulmadyk. Biz adamlara gelejege bolan umydymyz barada gürrüň berenimizde, tizden Ýehowanyň ähli zady täzelejekdigine ynamymyz berkeýärdi».

14 Betbagtçylykdan ejir çeken imandaşlarymyz ruhy taýdan aýaga galmak üçin ýygnak duşuşyklaryna, mümkin boldugyndan, çalt gatnaşyp başlasalar gowy bolar. Geliň, 60 ýaşlaryndaky Kiýoko atly uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ýaşaýan ýerinde sunami bolanda, ol egnindäki eşiginden we aýakgabyndan başga ähli zadyndan mahrum bolýar. Şonuň üçin ol näme etjekdigini bilmeýär. Bir ýaşuly dogan oňa öz ulagynda ýygnak duşuşygynyň geçiriljekdigini aýdýar. Kiýoko uýa şeýle diýýär: «Ulagda şol ýaşuly dogan we onuň aýaly hem-de meniň bilen ýene-de bir uýa bardy. Bu duşuşyk ýönekeýje bolsa-da, gaty täsindi. Şonda men sunaminiň bolandygy barada asla pikirem etmeýärdim. Men kalbymda rahatlyk duýdum. Şol duşuşyk maňa mesihçiler bilen gürrüňdeş bolmagyň güýçli täsir edýändigine düşünmäge kömek etdi». Betbagtçylykdan soň ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp başlan başga bir uýa: «Duşuşyklar maňa kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi» diýýär (Rim. 1:11, 12; 12:12).

Gerekli kömegi berip, gulluk etmek bol bereket getirýär

15, 16. a) Korinfdäki we başga ýerdäki mesihçiler gerekli kömegi bermäge gatnaşyp nähili bereketleri aldylar? b) Biz imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen nähili bereketleri alýarys?

15 Pawlus resul gerekli kömegi bermek babatda aýdanda, bu işe gatnaşmagyň korinflileriň özlerine we beýleki mesihçilere nähili bereketleri getirjekdigini hem düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Olar (Iýerusalimde gerekli kömegi alan ýewreý mesihçiler) sizi söýýändikleri üçin, siz hakda Hudaýa doga edýärler, sebäbi Hudaý size çäksiz merhemet edýär» (2 Kor. 9:14). Hawa, korinflileriň jomartlygyny görüp, ýewreý mesihçiler Korinfdäki doganlary hem-de ýewreý bolmadyk mesihçiler üçin doga etdiler. Bu bolsa olaryň biri-birine bolan söýgüsini berkitdi.

16 1945-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» Pawlus resulyň gerekli kömegi bermegiň bereket getirýändigi barada aýdan sözleriniň biziň günlerimize-de degişlidigi bellenip geçildi. Onda şeýle diýildi: «Hudaýa bagyş edilen halk birek-biregiň zerurlyklarynyň aladasyny edende, olaryň nähili jebisleşýändigi barada oýlanyp görüň!» Gerekli kömegi bermäge gatnaşýan dogan-uýalaram munuň şeýledigine göz ýetirýär. Suw joşgunyndan soň kömek eden bir ýaşuly: «Gerekli kömegi bermäge gatnaşyp, doganlaryma öňküden-de has ýakynlaşdym» diýýär. Kömek edilendigi üçin minnetdar bolan bir uýa bolsa: «Biziň doganlygymyz — Jennetiň bir bölegi» diýýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17-ni okaň).

17. a) Işaýa 41:13-däki sözleriň imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen nähili baglanyşygy bar? b) Gerekli kömegi bermegiň Ýehowany şöhratlandyrýandygyny we agzybirligimizi berkidýändigini görkezýän käbir mysallary getiriň (Şeýle-de «Meýletin gullukçylar bütin dünýäde gerekli kömegi berýär» diýen çarçuwa serediň).

17 Betbagtçylykdan ejir çeken dogan-uýalar meýletin gullukçylaryň kömege gelendigini görenlerinde, Hudaýyň: «Men-Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin» diýen wadasynyň dogrudygyna göz ýetirýärler (Iş. 41:13). Betbagtçylygy başdan geçiren bir uýa şeýle diýýär: «Daş-töweregimdäki weýrançylygy görüp, men ähli zatdan umydymy üzüpdim, emma Ýehowa maňa elini uzatdy. Doganlaryň maňa eden kömegini söz bilen beýan edip bolmaýar». Iki sany ýaşuly dogan ýertitremeden soň, öz ýygnaklarynyň adyndan şeýle hat ýazýar: «Ýertitreme bize köp hasrat çekdirdi, emma Ýehowa doganlarymyz arkaly bize kömek etdi. Biz gerekli kömegiň berlişi barada okapdyk, indi bolsa, ony öz gözümiz bilen gördük».

Piter Jonson guramanyň gurluşyklaryna gatnaşýar

BU ONUŇ DURMUŞ ÝOLUNY KESGITLEDI

IMANDAŞLARYMYZA gerekli kömegi bermäge gatnaşmak ýaşlara nähili täsir edip biler? Geliň, 18 ýaşyndaka bu işe ilkinji gezek gatnaşan Piter Jonson bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle ýatlaýar: «Doganlaryň minnetdarlyk bildirmegi maňa güýçli täsir etdi. Şeýle-de men bermekden köp şatlyk tapdym. Şonda men bütin ömrüme Ýehowa gulluk etmek üçin elimde baryny etmegi ýüregime düwdüm». Şondan soň Piter dogan pioner gullugyna başlaýar. Soňra Beýtelde gulluk edýär, biraz wagtdan bolsa, Regional gurluşyk komitetiniň agzasy bolýar. Piter dogan: «1974-nji ýylda gerekli kömegi bermäge ilkinji gezek gatnaşmak, meniň durmuş ýolumy kesgitledi» diýýär. Eger sizem ýaş bolsaňyz, Piteriň göreldesine eýerip bilermisiňiz? Belki-de, gerekli kömegi bermäge gatnaşmak, Ýehowa gulluk etmekde siziň hem durmuş ýoluňyzy kesgitlär!

Sizem kömek edip bilermisiňiz?

18. Imandaşlarymyza gerekli kömegi bermäge gatnaşmak isleseňiz näme edip bilersiňiz? (Şeýle-de «Bu onuň durmuş ýoluny kesgitledi» diýen çarçuwa serediň).

18 Sizem gerekli kömegi bermäge gatnaşmaklygyň berýän şatlygyny datmak isleýärmisiňiz? Eger isleýän bolsaňyz, bu işe gatnaşýan meýletin gullukçylaryň köplenç Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşýan dogan-uýalardan saýlanýandygyny unutmaň. Şonuň üçin ýygnak ýaşulularyňyza bu işe gatnaşmak babatda blankany doldurmak isleýändigiňizi aýdyň. Gerekli kömegi bermek işinde tejribesi bolan bir ýaşuly dogan: «Betbagtçylyk bolan ýere diňe kömek berýän komitet tarapyndan çakylyk alanyňyzdan soň gidiň» diýip ýatladýar. Eger şeýle etsek, onda gerekli kömegi bermek üçin guramaçylykly hereket etdigimiz bolar.

19. Meýletin gullukçylaryň edýän işleri biziň, hakykatdanam, Isanyň şägirtleridigimizi nädip subut edýär?

19 Biz imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen, Isanyň «bir-biriňizi söýüň» diýen tabşyrygyna doly gulak asýandygymyzy görkezýäris. Şeýle söýgini bildirip, hakykatdanam, Isanyň şägirtleridigimizi subut edýäris (Ýahýa 13:34, 35). Hudaýyň Patyşalygyny goldaýan wepaly mesihçilere gerekli kömegi bermek bilen, Ýehowany şöhratlandyrýan şeýle köp sanly meýletin gullukçylarymyzyň bolmagy biziň üçin uly bereket!

a Şu bapda imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek babatda gürrüň edilýär. Emma biziň berýän kömegimiz Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara-da peýda getirýär (Gal. 6:10).

b Pawlus «diakonos» («gullukçy») diýen sözi köplük sanda «hyzmatçylara» degişli edip ulanýar (1 Tim. 3:12).

c 1994-nji ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 23—27-nji sahypalaryndaky «Bosniýadaky imandaşlarymyza berlen kömek» diýen makala serediň.

Siz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýarmysyňyz?

  • Imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek näme üçin Ýehowa edýän mukaddes gullugymyzyň bir bölegi diýse bolar?

  • Biz, esasan, haýsy üç maksat bilen kömek edýäris?

  • Gerekli kömegi berip, gulluk etmek nähili bereketleri getirýär?

  • Ýahýa 13:34-däki Isanyň tabşyrygynyň imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek bilen nähili baglanyşygy bar?

MEÝLETIN GULLUKÇYLAR BÜTIN DÜNÝÄDE GEREKLI KÖMEGI BERÝÄR

MERKEZI WE GÜNBATAR AFRIKA

1994-nji ýylda Ruandada taýpa arasyndaky gyrgynçylyk sebäpli, 800 müňden gowrak adam öldi. Merkezi Afrikanyň beýleki ýurtlarynda-da bidüzgünçilikleriň başlanmagy bilen, gaçgaklaryň lagerleri adamdan doldy. Belgiýadaky, Fransiýadaky we Şweýsariýadaky Ýehowanyň Şaýatlary ejir çeken imandaşlaryna kömek etmek üçin, uçar bilen takmynan 300 tonna egin-eşik, derman, iýmit, çadyr we başga-da gerekli zatlary ugratdylar. Sanlyja hepdäniň içinde bu zatlar mätäç dogan-uýalara berildi.

Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlary bolan 10 sany lukmandan we şepagat uýasyndan ybarat topar Fransiýadan gelip, Afrikada açlykdan, keselçilikden, graždanlyk urşunyň ýetiren zyýanyndan ejir çekýän dogan-uýalarymyza kömek edýär. Diňe soňky iki ýylda bu topar 10 müňden gowrak adama lukmançylyk kömegini berdi. Olaryň jan aýaman çekýän zähmeti Ýehowany we onuň guramasyny şöhratlandyrýar. Bir şepagat uýasy şeýle ýatlaýar: «Biz dogan-uýalara kömek etmäge baranymyzda, adamlar hormat bilen: „Bular Ýehowanyň Şaýatlary. Olar doganlaryna kömek etmäge gelipdir“ diýýärler». Bir uýamyz bolsa şepagat uýanyň beren kömegine minnetdarlyk bildirip: «Sagbol, uýam! Sagbol, Ýehowa!» diýýär.

Käwagt erbet ulag heläkçiligi bolan ýagdaýynda-da gerekli kömegi bermeli bolýar. 2012-nji ýylda Nigeriýada bolan ulag heläkçiliginde bir kiçiräk ýygnakdan 13 sany Ýehowanyň Şaýady aradan çykýar, 54 sanysy bolsa agyr ýaralanýar. Kömek berýän komitet ejir çeken dogan-uýalaryň her biriniň gije-gündiz aladasynyň edilmegi üçin hassahanada nobatçy lukmanlaryň bolmagyna gözegçilik edýär. Hassahanada ýatan bir aýal dogan-uýalaryň mähir bilen aladasynyň edilýändigini görende, ruhanysyna jaň edip: «Meniň halymdan habar almaga buthanamyzdan hiç kim gelmedi. Hassahana gelip, Ýehowanyň Şaýatlaryny görseňiz, hakyky söýginiň nämedigine düşünersiňiz!» diýýär.

Bu ýygnakdaky dogan-uýalar ýakynlaryny ýitirendigi sebäpli hasrat çekseler-de, imandaşlarynyň bildiren söýgüsinden teselli tapdylar. Şeýle-de meýletin gullukçylaryň ejir çeken dogan-uýalaryň söýgi bilen aladasyny edýändigini görüp, ýygnakdakylaryň köpüsi has yhlasly wagyz edip başlady. Şol heläkçilikden öň, ýygnakda 35 sany wagyzçy bardy. Bir ýylyň içinde olaryň sany 60-a ýetdi.

AWSTRALIÝA

2013-nji ýylda Kwinslendiň kenarýakasynda bolan suw joşguny sebäpli, 70 sany Ýehowanyň Şaýady öýsüz galdy. Mark bilen Rondanyň hem öýüni suw alandygy üçin, olar gyzyny alyp, halas ediş merkezine barýarlar. Ronda: «Merkezde adamlaryň köplüginden ýaňa oturmaga-da ýer ýokdy» diýýär. Üstesine-de, merkeziň golaýyndaky meýdançada gonýan we uçýan wertolýotlaryň sesi zerarly goh-galmagal köpelýärdi. Ronda uýa gaty biynjalyk bolup, ýoldaşyna: «Biz indi näme ederkäk?» diýýär. Şonda Mark dogan Ýehowadan kömek sorap, gyzgyn doga edýär. Ronda sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Ýarym sagat töweregi wagt geçensoň, merkeze bir ulag gelip durdy-da, ondan üç sany dogan düşdi. Olar bizi görüp: „Biz sizi almaga geldik. Ýörüň, siz bir doganyň öýünde ýaşarsyňyz“ diýdiler. Hawa, Ýehowanyň guramasynyň bize söýgi bildirip, mähir bilen aladamyzy edendigi üçin minnetdarlygymyzyň çägi ýok».

Betbagtçylyk bolan ýerdäki dogan-uýalara kömek etmek üçin 250-den gowrak meýletin gullukçy geldi. Bir gartaşan dogan şeýle diýýär: «Bir ýerlerden Ýehowanyň Şaýatlary geldi-de, arman-ýadaman biziň öýümizi arassalap başladylar. Aýalym ikimiz olaryň beren kömegini hiç wagt unutmarys».

BRAZILIÝA

2008-nji ýylda Santa-Katarina ştatynda bolan suw joşguny we kenar süýşgüni sebäpli, 80 müňe golaý adam öýünden gitmeli boldy. Ýaşaýjylaryň biri: «Bu sunami ýaly boldy, hemme ýer palçykdan, hapadan we agaçdan doldy» diýýär. Doganlaryň käbiri harasatdan gaçyp, Kongres zalyna bardylar. Zalyň garawuly Marsiu şeýle ýatlaýar: «Olar öýünden şol durşuna çykyp gaýdansoň, bu ýere gelýänçä, egnindäki eşikleri görer ýaly bolmandyr». Bir uýa bolsa şeýle diýýär: «Biziň öýümiz göz-açyp ýumasy salymda ýykan-ýumran boldy. Bu maňa gaty agyr degse-de, dogan-uýalaryň bize teselli berşini hiç wagt ýatdan çykarmaryn. Olar bize çäksiz söýgi bildirdiler! Men bu bolan ýagdaýdan ruhy zatlary gymmat saýmagyň paýhaslydygyny öwrendim».

Braziliýada Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçranlar üçin meýletin berlen zatlary tertipleşdirýärler

Santa-Katarina ştatynyň (Braziliýa) Kongres zaly gerekli kömek üçin meýletin berlen zatlardan doldy, 2009-njy ýyl

Kenar süýşgünleri netijesinde Rio-de-Žaneýro şäheriniň golaýyndaky dagyň eteginde ýerleşýän obalaryň ählisi weýran boldy. Şol ýerlerde ejir çeken dogan-uýalara gowy kömek berilmegi üçin, doganlar Betbagtçylykly ýagdaýlarda kömek berýän komiteti döretdiler. Howply ýerlerde gözegçilik etmäge bellenen ýörite doganlar ýene-de kenar süýşgünleriniň boljakdygyny bilseler, komitete habar berýärler. Şonda haýal etmän meýletin gullukçylar «Ýehowanyň Şaýatlary gerekli kömegi berýär» diýen ýazgyly ýük ulaglary bilen gelýär. Olaryň ýanynda ähli gerekli zatlar bar we hersi öz etmeli işini bilýär. Olaryň Ýehowanyň Şaýadydygyny egnindäki ýeňsizinden bilse bolýar. Meýletin gullukçylar Keselhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän komitetdäki doganlar bilen işleşip, ýaralanan dogan-uýalara kömek edýärler. Meýletin gullukçylar iýmit, agyz suwy, däri-derman, egin-eşik we arassalaýyş serişdelerini getirýärler. Elbetde, öýleri arassalamak aňsat däl. Kenar süýşgüniniň netijesinde hapalanan ýekeje öýi arassalamak üçin 60 sany meýletin gullukçy gerek boldy. Şol jaýdan 4 sany ýük ulagda hapa çykaryldy!

BETBAGTÇYLYGA TAÝÝARLYK GÖRMEK

Ýolbaşçylyk maslahatynyň kararyna görä, ähli filiallar ýygnak ýaşulularyna we etrap gözegçilerine betbagtçylykly ýagdaýlara nädip taýýarlyk görmelidigi hem-de betbagtçylyk bolanda näme etmelidigi barada görkezme berýär. Mysal üçin, ýaşulular ýygnagyň her bir agzasy bilen habarlaşmak üçin gerekli maglumatlaryň bolmagynyň aladasyny etmeli.

BETBAGTÇYLYK BOLANDA

  1. Ýygnak ýaşulusy wagyzçylardan habar tutýar

    Ýerli ýaşulular ähli wagyzçylar bilen habarlaşýarlar

  2. Ýaşuly doganlar ýaşulular maslahatynyň koordinatoryna habar berýärler

  3. Ýaşulular maslahatynyň koordinatory, etrap gözegçileri, jogapkär doganlar filial bilen işleşýärler

    Koordinator etrap gözegçisine we filial bilen hyzmatdaşlyk edýän beýleki jogapkär doganlara habar berýär

  4. Iýmit we agyz suw

    Betbagtçylykdan ejir çekenlere haýal etmän iýmit, agyz suwy, ýaşamak üçin ýer, lukmançylyk kömegi we duýgy hem-de ruhy taýdan kömek berilýär

  5. Bolan ýagdaý we gerekli kömek barada berilen habary ara alyp maslahatlaşýarlar

    Filial bolan ýagdaý we kömek üçin gerekli zatlar babatda Ýolbaşçylyk maslahatynyň Koordinatorlar komitetine habar berýär

  6. Berilen kömegi adamlara paýlaýarlar

    Betbagtçylykly ýagdaýlarda kömek berýän komitet meýletin gullukçylaryň işini gurnaýar we dogan-uýalaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagynyň aladasyny edýär

  7. Uçup barýan uçar

    Koordinatorlar komiteti nähili kömegiň gerekdigini anyklaýar we zerur bolsa, kömek üçin başga ýurtlardan meýletin gullukçylaryň çagyrylmagyny makullaýar

MEÝLETIN GULLUKÇYLAR ÜÇIN GOLLANMA

«Ýehowanyň Şaýatlary betbagtçylykda kömek edýär» atly broşýura

2013-NJI ýylyň iýun aýynda «Ýehowanyň Şaýatlary betbagtçylykly ýagdaýlarda kömek edýär» atly broşýura çap edildi. Bu broşýura betbagtçylyk bolanda gerekli kömegiň berilmegine gözegçilik edýän ABŞ-nyň döwlet işgärleri üçin ýörite taýýarlandy. Broşýurada 1940-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri gerekli kömegi bermek babatda eden işlerimiz hakda gürrüň berilýär. Şeýle-de onda biziň muny bütin dünýäde nädip amala aşyrýandygymyzy görkezýän karta bar. Gerekli kömegiň berilmegini gurnamaga gatnaşýan ýaşuly dogan şeýle diýýär: «Betbagtçylykly ýagdaýlarda kömek berýän komitetlerde gulluk edýän doganlar bu broşýurany ulanyp, köplenç betbagtçylyk bolýan ýerleriň hökümet ýolbaşçylary bilen öňünden gowy gatnaşygy ýola goýýarlar. Eger ýolbaşçylar gerekli kömegi bermek babatda edýän işlerimiz bilen öňünden tanyşsalar, betbagtçylyk bolan ýerlere barmaga rugsat almak aňsat bolýar».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş