Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 4 | Hudaýyň kömegini kabul ediň
    Garawul diňi (Köpçülik üçin) 2022 | No. 1
    • Mukaddes Kitabyň maslahaty:

      «Mukaddes ruhuň miwesi bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik» (GALATÝALYLAR 5:22, 23).

      Düşündirilişi:

      Hudaýyň kömegi bilen ýigrenji köki bilen sogrup aýryp bolýar. Allatagala adamlara öz güýji bilen başarmajak häsiýetlerini ösdürmäge kömek edýär. Şonuň üçin öz güýjüňize daýanman, ýüregiňizdäki ýigrenji Hudaýyň kömegi bilen aýyrjak boluň. Pawlus resul: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» diýdi (Filipililer 4:13). Eger bizem Ýehowa bil baglasak, onuň kömek etjekdigine şübhelenmeris. Şonda bizem: «Ýehowa maňa kömek eder» diýip ynamly aýdarys (Zebur 121:2).

  • 4 | Hudaýyň kömegini kabul ediň
    Garawul diňi (Köpçülik üçin) 2022 | No. 1
    • Waldo aýalynyň Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlandygyny bilende gahary gelýär. Ol şeýle diýýär: «Men olary ýigrenýärdim. Birnäçe gezek olara gygyryp, paýyş sözleri aýtdym. Ýöne olar her saparam meniň bilen mähirli gepleşýärdi».

      Ahyry Waldonyň özi hem Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Öwrenen zatlarymy durmuşymda ulanmak maňa gaty kyn düşdi. Sebäbi men hiç haçan özüme erk edip, gaharymy saklap bilerin öýtmeýärdim». Ýöne Mukaddes Kitapdan öwrenen zady Waldonyň pikirini üýtgedýär.

      «Bir gün meniň bilen okuw geçýän Alehandro dogan Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okatdy... Ol maňa Hudaý kömek etmese, şol häsiýetleri ösdürip bolmaýandygyny düşündirdi. Şonda men gaharjaňlygy, adamlary ýigrenmegi Hudaýyň kömegi bilen aýryp biljekdigime düşündim».

      Waldo Hudaýyň kömegini kabul edendigi üçin ýigrençden üstün çykdy. Ol şeýle diýýär: «Dogan-garyndaşlarym, dost-ýarlarym meniň üýtgändigimi görüp, gözüne ynanmadylar. Ýehowa meniň ýaly gaharjaň we urşagan adamy, ýumşak, oňşukly adama öwürdi».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş