Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp22 No. 1 sah. 12—13
  • 4 | Hudaýyň kömegini kabul ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 4 | Hudaýyň kömegini kabul ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň maslahaty:
  • Düşündirilişi:
  • Peýdasy:
  • Ýigrenji nädip köki bilen sogurmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Biz ýigrenji aýryp bileris!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Ýigrenç ebedilik ýok ediler!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
wp22 No. 1 sah. 12—13
Adamlar ýoluny ýagtylandyrýan ullakan Mukaddes Kitaba tarap ýöräp barýarlar. Olaryň kölegesinde öňki ýigrenji suratlandyrylýar.

ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?

4 | Hudaýyň kömegini kabul ediň

Mukaddes Kitabyň maslahaty:

«Mukaddes ruhuň miwesi bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik» (GALATÝALYLAR 5:22, 23).

Düşündirilişi:

Hudaýyň kömegi bilen ýigrenji köki bilen sogrup aýryp bolýar. Allatagala adamlara öz güýji bilen başarmajak häsiýetlerini ösdürmäge kömek edýär. Şonuň üçin öz güýjüňize daýanman, ýüregiňizdäki ýigrenji Hudaýyň kömegi bilen aýyrjak boluň. Pawlus resul: «Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir» diýdi (Filipililer 4:13). Eger bizem Ýehowa bil baglasak, onuň kömek etjekdigine şübhelenmeris. Şonda bizem: «Ýehowa maňa kömek eder» diýip ynamly aýdarys (Zebur 121:2).

Peýdasy:

«Ýehowa meniň ýaly gaharjaň we urşagan adamy, ýumşak, oňşukly adama öwürdi» (WALDO).

Ýehowadan mukaddes ruhuny, ýagny güýç bermegini diläň (Luka 11:13). Ondan gowy häsiýetleri ösdürmek üçin kömek soraň. Şeýle-de Mukaddes Kitapdan söýgi, parahatlyk, sabyrlylyk we özüňe erk etmeklik ýaly häsiýetler barada näme diýilýändigini öwreniň. Şol häsiýetler size ýigrenji aýyrmaga kömek eder. Soňra şol häsiýetleri nirede görkezip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Gowy häsiýetleri ösdürmäge jan edýän adamlar bilen gatnaşyň. Olar sizi adamlary «söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirer» (Ýewreýler 10:24).

Bolan waka. WALDO

Ýigrençden üstün çykdy

Waldo.

Waldonyň ýaşlygy gaty agyr geçýär. Şonuň üçin onuň ýüreginde ýigrenç kök urýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men hemişe köçede neşe satýan adamlar bilen uruşýardym... Bir gezek olar meni öldürmek üçin hakyna adam tutupdyrlar. Men ýaralansam-da, ondan gaçyp gutuldym».

Waldo aýalynyň Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlandygyny bilende gahary gelýär. Ol şeýle diýýär: «Men olary ýigrenýärdim. Birnäçe gezek olara gygyryp, paýyş sözleri aýtdym. Ýöne olar her saparam meniň bilen mähirli gepleşýärdi».

Ahyry Waldonyň özi hem Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Öwrenen zatlarymy durmuşymda ulanmak maňa gaty kyn düşdi. Sebäbi men hiç haçan özüme erk edip, gaharymy saklap bilerin öýtmeýärdim». Ýöne Mukaddes Kitapdan öwrenen zady Waldonyň pikirini üýtgedýär.

«Bir gün meniň bilen okuw geçýän Alehandro dogan Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okatdy... Ol maňa Hudaý kömek etmese, şol häsiýetleri ösdürip bolmaýandygyny düşündirdi. Şonda men gaharjaňlygy, adamlary ýigrenmegi Hudaýyň kömegi bilen aýryp biljekdigime düşündim».

Waldo Hudaýyň kömegini kabul edendigi üçin ýigrençden üstün çykdy. Ol şeýle diýýär: «Dogan-garyndaşlarym, dost-ýarlarym meniň üýtgändigimi görüp, gözüne ynanmadylar. Ýehowa meniň ýaly gaharjaň we urşagan adamy, ýumşak, oňşukly adama öwürdi».

Waldonyň terjimehalyny 2013-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 12, 13-nji sahypalaryndan okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş