Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp22 No. 1 sah. 10—11
  • 3 | Pikiriňizi üýtgediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 3 | Pikiriňizi üýtgediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň maslahaty:
  • Düşündirilişi:
  • Peýdasy:
  • Stefanus «Hudaýyň kömegi we güýji bilen berk durdy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Stefanusy daşlaýarlar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýigrenji nädip köki bilen sogurmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Biz ýigrenji aýryp bileris!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
wp22 No. 1 sah. 10—11
Bir ýigit başga milletli adam bilen salamlaşyp duranyny göz öňüne getirýär. Olaryň kölegesinde gozgalaň edip, dawalaşyp duran şekil suratlandyrylan.

ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?

3 | Pikiriňizi üýtgediň

Mukaddes Kitabyň maslahaty:

«Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň» (RIMLILER 12:2).

Düşündirilişi:

Hudaý biziň diňe bir aýdýan sözlerimize we edýän işlerimize däl-de, oý-pikirlerimize-de üns berýär (Ýermeýa 17:10). Ýigrenç ilki bilen adamyň pikirinde döreýär. Şonuň üçin ýigrenç döredýän zatlaryň pikirini etmeli däl. Eger şeýle etsek, pikirimizi üýtgedip, ýigrenji köki bilen sogrup aýrarys.

Peýdasy:

Başga milletli ýa tire-taýpaly adamlary ala tutýan-tutmaýandygyňyzy bilmek üçin özüňize şeýle soraglary beriň: men olar barada näme pikir edýärin? Men olary gowy tanaýandygym üçin şeýle pikir edýärinmi? Ýa-da adamlaryň olar barada aýdýan erbet zatlaryna ynanýarynmy? Ýigrenç döredýän uruşly, dawa-jenjelli filmleri, telegepleşikleri görmäň, kitapdyr-žurnallary okamaň.

Hudaýyň Sözi ýüregimizde we aňymyzda kök uran ýigrenji aýyrmaga kömek eder

Pikirleriňe we duýgularyňa düşünmek hemişe aňsat bolmaýar. Ýöne Hudaýyň Sözi «ýüregiňdäki pikirleriňi we niýetiňi bilmäge» kömek edýär (Ýewreýler 4:12). Şonuň üçin Mukaddes Kitaby okaň. Mukaddes Kitapda öwredilýän zatlar bilen garaýşyňyzy deňeşdiriň. Hudaýyň isleýşi ýaly pikirlenmegi öwreniň. Şonda Hudaýyň Sözi ýüregimizde we aňymyzda kök uran ýigrenji aýyrmaga kömek eder (2 Korinfliler 10:4, 5).

Bolan waka. STEFEN

Pikirlenişini üýtgetdi

Stefen.

Akýagyz adamlar Stefeni we onuň dogan-garyndaşlaryny ýigrenip, olara azar-ýamanyny berýärdi. Şonuň üçin Stefen adamlaryň hak-hukugy ugrunda göreşýän syýasy topara goşulýar. Soňra ol jenaýat işlerine-de baş goşýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek dostlarym bilen film görmäge gitdik. Filmde Birleşen Ştatlarda garaýagyz adamlaryň gul edilip saklanylýandygy görkezildi. Şonda şeýle bir gaharymyz geldi welin, teatrda oturan akýagyz oglanlara topuldyk. Soňra biz golaýdaky akýagyz adamlaryň ýaşaýan ýerine gidip, olary hem ýençdik».

Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlansoň, Stefeniň garaýşy doly üýtgeýär. Ol şeýle diýýär: «Bizi köplenç ala tutýardylar, adalatsyzlyk edýärdiler. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlarynyň hiç kimi ala tutmaýandygyny görüp, haýran galdym. Meselem, bir akýagyz mesihçi daşary ýurda gitmeli bolýar. Şonda ol çagalaryny garaýagyz dogan-uýalara tabşyryp gidýär. Başga bir gezek garaýagyz dogana ýaşamaga ýer gerek bolanda akýagyz dogan-uýa ony öýüne alýar». Isanyň pygamberlik edişi ýaly, Stefen Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri-birini öz dogany ýaly ýürekden söýýändigini gözi bilen gördi (Ýahýa 13:35).

Stefene ýigrenjini aýyrmaga, häsiýetlerini üýtgetmäge näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Rimliler 12:2-däki sözleri okanymdan soň, pikirlenişimi üýtgetmelidigime düşündim. Erbet işleri etmezlik ýeterlik däldi, men pikirlenişimi hem üýgetmelidim». Stefeniň adamlara bolan ýigrenjini aýranyna 40 ýyldan gowrak wagt geçdi. Indi ol bagtly ýaşaýar.

Stefeniň terjimehalyny 2015-nji ýylyň 1-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 10, 11-nji sahypalaryndan okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş