Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp22 No. 1 sah. 8—9
  • 2 | Ar almaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 2 | Ar almaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň maslahaty:
  • Düşündirilişi:
  • Peýdasy:
  • Biz ýigrenji aýryp bileris!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Ýigrenji nädip köki bilen sogurmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • 7-nji bölüm
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýusup doganlaryny bagyşlady
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
wp22 No. 1 sah. 8—9
Bir-birini ýigrenýän iki adam agajyň şahasynda otyr. Olaryň hersi öz oturan şahasyny kesýär.

ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?

2 | Ar almaň

Mukaddes Kitabyň maslahaty:

«Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň... Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň... Özüňiz ar almaň... Sebäbi „Ýehowa şeýle diýýär: „Men ar alaryn, men gaýtargy bererin“ diýip ýazylgy» (RIMLILER 12:17—19).

Düşündirilişi:

Biri bize ýamanlyk edende gaharymyz gelýär, ar alasymyz gelýär. Ýöne Hudaý biziň ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermegimizi islemeýär. Gaýtam biziň sabyrly garaşmagymyzy isleýär, sebäbi Ol tizden adalaty dikeltjekdigini söz berýär (Zebur 37:7, 10).

Peýdasy:

Eger birinden ar alsaňyz, onuň hem sizden ar alasy geler. Şeýdip, iki adamyň arasyndaky ýigrenç hiç wagt aýrylmaz. Şonuň üçin biri göwnüňize degse ar almaň. Özüňize erk edip parahatlygy saklaň. Käbir ýagdaýlarda bagyşlap, edilen ýamanlyga göz ýumsaň gowy bolýar (Nakyllar 19:11). Käbir ýagdaýlarda bolsa, birinden kömek sorasaň gowy bolýar. Meselem, biri jenaýat edip size zyýan ýetirse, onda polisiýa işgärlerine ýüz tutup bilersiňiz.

Ar alýan adam özüne zyýan ýetirýär

Belki, siz meseläni dawa-jenjelsiz çözüp bolmaýar diýip pikir edýänsiňiz. Ýa-da meseläni dawa-jenjelsiz çözmek üçin eliňizde baryny edensiňiz, ýöne hiç zat üýtgän däldir. Şonda ar alsam hemme zat çözüler diýip pikir edersiňiz. Ýadyňyzdan çykarmaň, ar alsaňyz ýagdaý hasam erbetleşer. Eger siz ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermeseňiz, ýigrenji köki bilen sogrup taşlarsyňyz. Kynçylygy Hudaýa tabşyrmagy öwreniň. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa bil bagla, ol saňa ýardam eder» diýilýär (Zebur 37:3—5).

Bolan waka. ADRIÝAN

Ar almazlygy öwrendi

Adriýan.

Adriýan ýetginjekkä ganygyzmady, gaharjaňdy, özüne ýamanlyk edýän adamlar bilen urşup aryny alýardy. Ol: «Biz köplenç urşanymyzda atyşýardyk. Hatda gara gana bulaşyp köçede ýatýan wagtlarym hem köp bolýardy» diýýär.

Adriýan 16 ýaşynda Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men bilim alyp, häsiýetlerimi üýtgetmelidigime düşündim». Adriýan adamlary ýigrenmegini we olardan ar almagyny bes etmelidi. Rimliler 12:17—19-njy aýatlardaky sözler Adriýana ar almazlyga kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Men ýuwaş-ýuwaşdan uruşmagymy, ar almagymy goýdum, sebäbi Ýehowanyň öz wagtynda adalaty dikeltjekdigine ynanýaryn».

Bir gün agşam ýaş oglanlar Adriýandan ar almak üçin oňa topulýar. Şonda oglanlaryň baştutany ony öjükdirip, uruşjak bolýar. Adriýanyň olary urup-ýenjip içini sowadasy gelýär. Ýöne ol içinden Ýehowa doga edip, uruşman olaryň ýanyndan gidýär.

Adriýan şeýle diýýär: «Ertesi gün men ony ýene-de gördüm. Şol wagt onuň ýeke özüdi, ar almaga gowy mümkinçilik bardy. Ýöne gaharyma bäs gelip biler ýaly Ýehowadan kömek soradym. Geň galaýmaly, ol meniň ýanyma gelip düýnki bolan zatlar üçin ötünç sorady. Ol maňa: „Dogrymy aýtsam, menem Mukaddes Kitapdan okuw geçip seniň ýaly üýtgäsim gelýär“ diýdi. Şonda men özüme erk edip, ar almadygyma diýseň begendim. Şondan soň ol hem Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady».

Adriýanyň terjimehalyny 2016-njy ýylyň maýynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 14, 15-nji sahypalaryndan okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş