Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/2 sah. 16—20
  • Hudaý maksadyny «taslama» boýunça amala aşyrýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý maksadyny «taslama» boýunça amala aşyrýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowanyň maksadyna garşy çykylýar
  • «Isleginiň syry»
  • «Hudaýyň Patyşalygynyň syry»
  • Ýehowanyň maksady üýtgemeýär
  • Ýehowanyň Hökümdarlygy we Hudaýyň Patyşalygy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Gökdäkileriň we ýerdäkileriň ýygymy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Ýehowanyň niýeti üstünlikli amala aşýar
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/2 sah. 16—20

Hudaý maksadyny «taslama» boýunça amala aşyrýar

«Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaý» (EFESLILER 1:11).

1. 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde Ýehowanyň Güwäçileriniň hemme ýygnaklary näme üçin ýygnanarlar?

2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde, Hoşgüni agşam bütin dünýä boýunça takmynan 16 million adam Rebbiň agşam naharyny bellemek üçin ýygnanar. Olaryň ýygnanjak ýerinde bir stoluň üstünde Isanyň bedenini aňladýan hamyrmaýasyz çörek we onuň ganyny aňladýan gyrmyzy şerap goýlar. Çykyş etjek dogan Isanyň ölümini ýatlamagyň ähmiýeti hakda gürrüň berer. Soňra şol nyşanlary — ilki bilen, çöregi, soňra şeraby — şol duşuşyga gatnaşýan adamlar elden-ele geçirerler. Ýehowanyň Güwäçileriniň diňe sanlyja ýygnagynda birnäçe adam şol nyşanlardan dadar. Ýöne köp ýagdaýlarda nyşanlardan hiç kim datmaz. Näme üçin diňe gökde ýaşamaga umyt edýän birnäçe mesihçi nyşanlardan dadýar-da, ýerde ýaşamaga umyt edýän ençeme adamlar datmaýarka?

2, 3. a) Ýehowa nädip maksadyna laýyk ýaratdy? b) Ýehowa Ýeri we adamlary näme maksat bilen ýaratdy?

2 Ýehowa — beýik maksatly Hudaý. Ol maksadyny amala aşyrmak üçin «herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getirýär» (Efesliler 1:11). Ol başda ýalňyz Ogluny ýaradypdy (Ýahýa 1:1, 14; Ylham 3:14). Soňra şol Ogly arkaly perişdeleri, Älem-jahany, ýer ýüzüni hem-de adamlary ýaratdy (Eýýup 38:4, 7; Zebur 103:19—21; Ýahýa 1:2, 3; Koloseliler 1:15, 16).

3 Käbir dinler Hudaý Ýeri adamlary synap, soňra mynasyplaryny göge almak üçin ýaratdy diýýärler, ýöne Ýehowa Ýeri munuň üçin ýaratmady. Ol ýer ýüzüni belli bir maksat bilen — adamlary ýaşatmak üçin — ýaratdy (Işaýa 45:18). Hudaý ýeri adamlar üçin, adamlary bolsa Ýer üçin ýaratdy (Zebur 115:16). Bütin ýer ýüzi jennete öwrülip, dogry adamlardan dolmalydy we şol adamlar ony bejerip, aladasyny etmelidi. Hudaýyň ilkinji ynsan jübütini gökde ýaşatmak niýeti ýokdy (Barlyk 1:26—28; 2:7, 8, 15).

Ýehowanyň maksadyna garşy çykylýar

4. Adamzat taryhynyň başynda Ýehowanyň höküm sürmäge haky nädip şübhä goýuldy?

4 Hudaýyň ruhy ogly özüne berlen erkinligi nädogry ulanyp, pitne turuzdy we Hudaýyň maksadyna päsgel bermegi ýüregine düwdi. Ol Ýehowanyň hökümdarlygyna söýgi bilen tabyn bolýanlaryň hemmesiniň parahatlygyny bozdy. Şeýle-de Şeýtan ilkinji ynsan jübütiniň Hudaýdan daşlaşmagyna sebäp boldy (Barlyk 3:1—6). Ol Ýehowanyň güýjüni däl-de, höküm sürmäge hakyny şübhä goýdy. Şeýlelikde, adamzat taryhynyň başynda Ýehowanyň höküm sürmäge haky barada jedelli mesele orta atyldy.

5. Orta atylan ikinji jedelli mesele kimlere degişlidi?

5 Ýöne Şeýtan Eýýubyň günlerinde Hudaýyň höküm sürme haky baradaky jedelli mesele bilen baglanyşykly başga bir meseläni gozgady. Indi Şeýtan Ýehowanyň gullukçylarynyň ýagşy niýetini şübhä goýdy. Şeýtan aýtmyşlaýyn, olar Hudaýa gara nebsi üçin tabyn bolup gulluk edýär, ýöne synaga düşäýse, olar Hudaýdan ýüz dönderer (Eýýup 1:7—11; 2:4, 5). Ikinji jedelli mesele Ýehowanyň ynsan gullukçylary sebäpli orta atylsa-da, Hudaýyň ruhy ogullaryna, hatda Ýehowanyň ýalňyz ogluna-da degişlidi.

6. Ýehowa maksadyna we adynyň manysyna laýyklykda, näme etdi?

6 Maksadyna we adynyň manysyna laýyklykda, Ýehowa Pygamber hem Halasgär boldya. Ol Şeýtana şeýle diýdi: «Sen bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmanlyk salaryn; ol seniň başyňy tokmaklar, sen hem onuň topugyny tokmaklarsyň» (Barlyk 3:15). Ýehowa «aýaly», ýagny gökdäki guramasy arkaly Şeýtanyň atan töhmetine jogap berýär hem-de Adam atanyň nesline halas bolmaga we ebedi ýaşamaga umyt berýär (Rimliler 5:21; Galatýalylar 4:26, 31).

«Isleginiň syry»

7. Pawlus resul arkaly Ýehowa näme maksadyny aýtdy?

7 Efesli mesihçilere ýazan hatynda Pawlus resul Ýehowanyň maksadyny amala aşyryşyny ökdelik bilen düşündirýär: «Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine görä, Öz isleginiň syryny açdy. Bu taslama görä wagty dolanda, Hudaý gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer» (Efesliler 1:9, 10). Ýehowanyň şöhratly maksadyna laýyklykda, Älem-jahanda Hudaýyň hökümdarlygyna söýgi bilen tabyn bolýan agzybir mahluklar ýaşamaly (Ylham 4:11). Şonda onuň ady mukaddes bolup, Şeýtanyň ýalançydygy subut ediler hem-de Hudaýyň islegi «gökde bolşy ýaly, ýerde-de» ýerine ýeter (Matta 6:10).

8. «Taslama» diýip, terjime edilen sözüň manysy näme?

8 Ýehowa «ýagşy niýetini», ýagny maksadyny «taslama» arkaly amala aşyrmalydy. Şu taýda Pawlusyň ulanan «taslama» sözi «öý hojalygyny dolandyrmak» diýmegi aňladýar. Bu söz işleri dolandyrmagy aňladýar. «Isleginiň syry» bilen baglanyşykly maksadyny amala aşyrmak üçin Ýehowanyň işleri nädip dolandyrjakdygy asyrlaryň dowamynda kem-kemden mälim boldy (Efesliler 1:10; 3:9).

9. Ýehowa isleginiň syryny nädip kem-kemden açdy?

9 Ýehowa Erem bagynda aýdan Nesli baradaky maksadyny ahyrsoňy birnäçe ähtler arkaly aýan etdi. Ýehowanyň Ybraýym bilen baglaşan ähti netijesinde, wada berlen Nesliň Ybraýymyň neslinden boljakdygy hem-de «ýer ýüzüniň bütin milletleriniň» şondan bereket tapjakdygy aýan boldy. Şol äht baş Nesil bilen başga-da adamlaryň boljakdygyny aňladýardy (Barlyk 22:17, 18). Ýehowanyň tebigy Ysraýyl bilen baglaşan ähti «ruhanylar patyşalygyny» döretmek isleýändigini görkezdi (Çykyş 19:5, 6). Dawut bilen baglaşan ähti bolsa, şol Nesliň patyşalygyň ebedilik patyşasy boljakdygyny görkezdi (2 Patyşalar 7:12, 13; Zebur 89:3, 4). Şeýdip Kanun ähti ýehudylary Mesihe getirdi, Ýehowa bolsa maksadynyň amala aşyşyny kem-kemden aýan etdi (Galatýalylar 3:19, 24). Baş Nesil bilen boljak adamlar «ruhanylar patyşalygyny» döretmelidi hem-de täze ruhy «Ysraýyl» bilen «täze äht» baglaşylmalydy (Ýeremiýa 31:31—34; Ýewreýler 8:7—9) b.

10, 11. a) Ýehowa wada beren Neslini nädip aýan etdi? b) Hudaýyň ýalňyz Ogly näme üçin ýer ýüzüne geldi?

10 Hudaýyň maksadynyň «taslamasyna» laýyklykda, wada berlen Nesliň ýere gelmeli wagty ýetip geldi. Ýehowa Jebraýyl perişdäni iberip, Merýem atly gyza ogul dogurjakdygyny we adyna Isa dakmalydygyny habar berdi. Perişde oňa: «Ol uly bolar, Oňa hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly diýler. Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi (Luka 1:32, 33). Şeýlelik-de, wada berlen Nesliň kimligi belli boldy (Galatýalylar 3:16; 4:4, 5).

11 Ýehowanyň ýalňyz Ogly ýer ýüzüne gelip, birkemsiz synagdan geçmelidi. Ol Şeýtanyň atan töhmetine jaýdar jogap berip biljekdi. Eýsem, ol Atasyna wepaly bolarmyka? Bu mukaddes syrdy. Wagty bilen, Pawlus Isa barada şeýle diýdi: «Hudaýyň ýolunyň syry uludyr, muny hiç kim inkär edip bilmez. Hudaý [Ol, TD] bedende aýan boldy, Ruhda tassyklandy, perişdeler tarapyndan görüldi, milletlere wagyz edildi, dünýäde Oňa iman getirildi, şöhrat içinde ýokary alyndy» (1 Timoteos 3:16). Hawa, tä ölüme çenli aýypsyzlygyny berk saklap, Isa Şeýtanyň atan töhmetine kesgitli jogap berdi. Ýöne welin, syryň başga jikme-jiklikleri entäk belli däldi.

«Hudaýyň Patyşalygynyň syry»

12, 13. a) «Hudaýyň Patyşalygynyň syrynyň» bir bölegi nämeden ybarat? b) Ýehowa käbir adamlary göge gitmäge saýlamak üçin näme etmelidi?

12 Isa Jelilede wagyz edip ýörkä, syryň Mesihi Patyşalyk bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyp geçdi. Şägirtlerine şeýle diýdi: «Gökleriň [Hudaýyň, Markus 4:11] Patyşalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi» (Matta 13:11). Şol syryň bir bölegine laýyklykda, Ýehowa 144 000 adamdan ybarat «kiçijik sürüni» saýlamalydy. Olar Nesliň bir bölegi hökmünde Ogly bilen gökde patyşalyk etmelidi (Luka 12:32; Ylham 14:1, 4).

13 Adamlar ýerde ýaşamak üçin ýaradylypdy, şol sebäpli-de, Ýehowa göge gitjek käbir adamlary «täze mahluk» edip ýaratmalydy (2 Korintoslylar 5:17). Gökde ýaşamak üçin saýlananlaryň biri Petrusdy. Ol şeýle diýdi: «Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna öwgüler! Ol Öz uly rehimdarlygy bilen Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin, size göklerde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi» (1 Petrus 1:3, 4).

14. a) «Hudaýyň Patyşalygynyň syryna» ýehudy däl adamlar nädip gatnaşmalydy? b) Biz «Hudaýyň çuň pikirlerine» nädip düşünip bilýäris?

14 Geljekki Patyşalygyň syrynyň ýene bir bölegine laýyklykda, Ýehowa Mesih bilen gökde patyşalyk etjeklere ýehudy däl adamlary hem goşmak isleýärdi. Pawlus Ýehowanyň «taslamasynyň», ýagny maksadyny amala aşyryşynyň şu tarapyny şeýle düşündirdi: «Ine, Hudaýyň mukaddes resullaryna, pygamberlerine Ruh arkaly aýan edilişi ýaly, öňki nesillere bildirilmedik bu syr şeýle: özge milletler hem mirasa şärikdir, olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärikdir» (Efesliler 3:5, 6). Şeýdip, syryň şu böleginiň manysy «mukaddes resullara» aýan edildi. Şu günler hem mukaddes ruh kömek etmedik bolsa, onda bizem «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünmezdik (1 Korintoslylar 2:10; 4:1; Koloseliler 1:26, 27).

15, 16. Ýehowa Mesih bilen höküm sürjekleri näme üçin adamlardan saýlady?

15 «Guzy» bilen gökdäki Sion dagynda duran «ýüz kyrk dört müň adam» «ýer ýüzünden» «ilkinji miwesi hökmünde Hudaýa we Guza [Isa Mesihe] ynsanlar arasyndan satyn alnan» diýilýär (Ylham 14:1—4). Ýehowa Erem bagynda beren sözünde durup, gökdäki ogullarynyň birini Baş Nesil hökmünde saýlapdy, ýöne Mesihe kömekçileri näme üçin adamlardan saýladyka? Pawlus resulyň düşündirişine görä, şol az sanly adamlar «Onuň maksadyna görä çagyryldy» we «ýagşy niýetli islegine görä... bellendi» (Rimliler 8:17, 28—30; Efesliler 1:5, 11; 2 Timoteos 1:9).

16 Ýehowa beýik adyny mukaddes edip, Älemde höküm sürmäge hakynyň bardygyny subut etmek isleýär. Deňsiz-taýsyz paýhasly «taslamasy» bilen, Ýehowa ilkinji doglan Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Ýere gelip, ol ölüme çenli birkemsiz synaldy. Onsoňam, tä ölýänçä Hudaýyň hökümdarlygyna wepaly galan adamlary Oglunyň Mesihi Patyşalygyna girizmegi maksat edindi (Efesliler 1:8—12; Ylham 2:10, 11).

17. Biz Mesihiň we onuň bilen höküm sürjekleriň bir wagtlar ynsan bolup ýaşandygyna näme üçin begenmeli?

17 Ýehowa Ogluny ýer ýüzüne iberip hem-de Ogly bilen bile patyşalyk etjekleri adamlardan saýlap, Adam atanyň nesline beýik söýgüsini görkezdi. Habylyň günlerinden bäri, Ýehowa wepaly gulluk eden beýleki adamlara munuň näme peýdasy barka? Olar günäniň we ölümiň guly bolup dogulsalar-da, Ýehowanyň adamzat üçin ilkibaşdaky maksadyna laýyklykda, kämilsiz adamlar ruhy we beden taýdan sagalyp, kämillige gowuşmalydylar (Rimliler 5:12). Ýer ýüzünde boljak ebedi ýaşaýşa sabyrsyzlyk bilen garaşýan adamlar Patyşasynyň söýgi, mähir hem düşünje bilen alada etjekdigini bilip, göwünlik tapýan bolsalar gerek! Isa ýerdekä şägirtleri barada şeýle alada edipdi (Matta 11:28, 29; Ýewreýler 2:17, 18; 4:15; 7:25, 26). Şeýle-de ynsan ejizliklerini we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren imanly erkekleriň we aýallaryň Mesih bilen patyşa hem ruhany hökmünde höküm sürjekdigini bilip, olaryň göwni hoş bolsa gerek! (Rimliler 7:21—25).

Ýehowanyň maksady üýtgemeýär

18, 19. Pawlusyň Efesliler 1:8—11-nji aýatlardaky sözlerine näme üçin düşünýäris?

18 Biz indi Pawlusyň Efesliler 1:8—11-nji aýatlarda meshedilen mesihçilere ýazan sözleriniň manysyna has oňat düşünýäris. Pawlusyň aýtmagyna görä, olaryň Mesih bilen mirasçy boljakdygyny we «herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenendigini» aýdyp, Ýehowa «isleginiň syryny» açdy. Biz munuň Ýehowanyň maksadyny amala aşyrmak boýunça «taslamasyna» laýyk gelýändigine göz ýetirdik. Şeýlelik-de, Rebbiň Agşam naharynda näme üçin diňe sanlyja mesihçileriň nyşanlardan datýandygyna indi oňat düşündik.

19 Indiki makalada biz gökde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler üçin Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamynyň näme peýdasynyň bardygyna hem-de ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän millionlarça adamlaryň näme üçin Ýatlama agşamanyň ähmiýeti barada oýlanmalydygyna serederis.

a Hudaýyň ady «boldurýar» diýmegi aňladýar. Maksadyny amala aşyrmak üçin Ýehowa kim bolmak islese, bolup bilýär (Çykyş 3:14; Zebur 8:1) (Seret: «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitaby, sah. 197, abz. 1, 2).

b Hudaýyň maksadyny amala aşyrmak üçin baglaşan ähtleri barada jikme-jik bilerin diýseňiz, 1989-njy ýylyň Baýdak (fewral) aýynyň 1-ne çykan «Garawul diňi» (iňl.) žurnalynyň 10—15-nji sahypalaryna serediň.

Gaýtalamak üçin sowallar

• Ýehowa Ýeri we adamlary näme üçin ýaratdy?

• Ýehowanyň ýalňyz Ogly näme üçin ýerde synalmalydy?

• Ýehowa Mesih bilen höküm sürjekleri näme üçin adamlardan saýlady?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş