«Wepaly adamlara öwret»
«Eşiden zatlaryňy wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler». 2 TIM. 2:2
1, 2. Adamlaryň köpüsi edýän işlerine nähili garaýarlar?
KÖPLENÇ adamlara edýän işleri esasynda baha berýärler. Dogrudan-da, adamyň edýän işi ýa-da il içinde tutýan orny onuň mertebesini kesgitleýär. Käbir medeniýetde adamlar biri-biri bilen tanşanda, ilki bilen: «Sen nirede işleýärsiň?» diýip soraýarlar.
2 Mukaddes Ýazgylarda käte adamyň ady onuň hünäri bilen bile agzalýar. Meselem, «salgytçy Matta», «Simun atly deri ussasy», «söýgüli we lukman doganymyz Luka» diýilýär (Mat. 10:3; Res. iş. 10:6; Kol. 4:14). Hudaýyň adama ynanan işleri we borçlary-da onuň kimdigini görkezýär. Mysal üçin, biz Dawut patyşa, Ylýas pygamber, Pawlus resul diýip okaýarys. Bu adamlar Hudaýyň tabşyran ýumuşlaryny hormat hasaplaýardylar. Bizem hormatly gullugy berjaý edýäris, şonuň üçin ony gymmat saýmaly.
3. Gartaşan doganlarymyz näme üçin ýaşlara öwretseler gowy bolardy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
3 Biziň köpimiz ýygnakda edýän işlerimizi höwes bilen ýerine ýetirýäris we mundan beýlägem şeýle garaýşy saklamak isleýäris. Adam atanyň döwründen bäri bir nesil geçip, ýerine başga biri gelýär (Wag. 1:4). Ýaňy ýakynda biziň guramamyzda ajaýyp özgerişikler boldy. Ýehowanyň halkynyň edýän işleri-de hemme taraplaýyn ösýär. Biz täze işe başlanda, täze şertlere uýgunlaşyp, köplenç tehnika enjamlaryny çalt öwrenmeli bolýarys. Gartaşan dogan-uýalarymyzyň käbirine bu zatlary öwrenmek kyn bolmagy mümkin (Luka 5:39). Nähili bolaýanda-da, gartaşan imandaşlarymyza garanda ýaşlaryň güýç-gaýraty köp bolýar (Sül. tym. 20:29). Şonuň üçin gartaşan doganlarymyz ýaşlara jogapkärli borçlary almaga kömek etse, gowy bolardya (Zebur 71:18-i okaň).
4. Näme üçin käbirlerine edýän işini paýlaşmak kyn bolýar? («Käbir adamlar näme üçin edýän işini paýlaşmak islemeýär?» diýen çarçuwa serediň).
4 Jogapkärli borçlary bolan doganlara edýän işlerini ýaşlar bilen paýlaşmak kyn bolmagy mümkin. Belki, olara gowy görýän işi elinden gidip barýan ýaly görünýändir. Käbiri bolsa ýaşlar başarmaz öýdüp, biynjalyk bolýarlar. Şeýle-de «olara öwreder ýaly wagtym ýok» diýip pikir edýändir. Ýöne ýaşlar hem «bize köp iş ynanylmaýar» diýip pikir etmekden seresap bolmaly.
5. Biz haýsy soraglara serederis?
5 Geliň, öz borjuňy paýlaşmagyň peýdasyny görkezýän iki ýagdaýa seredeliň. Birinjiden, gartaşan doganlar ýaşlara jogapkärli borçlary almaga nädip kömek edip biler we bu näme üçin wajyp? (2 Tim. 2:2). Ikinjiden, ýaşlar gartaşan we tejribeli doganlar bilen işleşende ýa-da olardan öwrenende näme üçin dogry garaýşy saklamaly? Geliň, ilki Dawut patyşanyň ogluna jogapkärli ýumşy almaga nädip kömek edendigine seredeliň.
DAWUT SÜLEÝMANY TAÝÝARLADY WE GOLDADY
6. Dawut patyşa näme etmek isleýärdi we Ýehowa oňa näme diýdi?
6 Dawut ençeme ýyl gaçgak bolup gezensoň patyşa bolýar. Onuň özi köşkde ýaşaýandygy üçin, Ýehowa bagyş edilen «öýüň» ýa-da ybadathananyň ýokdugyna biynjalyk bolýardy. Ol Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi. Şonda Natan pygamber Dawuda: «Islän zadyňy ediber, sebäbi Hudaý seniň bilendir» diýdi. Emma Ýehowa oňa düýbünden başga görkezme berýär. Ol Natan pygamber arkaly Dawuda: «Maňa mesgen tutar ýaly öýi sen gurmaly dälsiň» diýdi. Ýehowa Dawut patyşany gowy görýärdi we ony patalajakdygyna söz berdi, ýöne ybadathanany ogly Süleýmanyň gurmalydygyny aýtdy. Dawut muňa nähili garadyka? (1 Ýyl. 17:1—4, 11, 12; 29:1).
7. Dawut Ýehowanyň görkezmesine nähili garady?
7 Dawut patyşa ybadathanany gurmaga Ýehowanyň rugsat bermändigi üçin göwnüçökgünlige düşmedi. Ybadathana gurlanda, ol Dawudyň däl-de, Süleýmanyň ybadathanasy diýip atlandyrylmalydy. Dawut ýüregindäki islegini edip bilmeýändigine gynanan bolsa-da, gurluşygy goldamak üçin elinde baryny etdi. Ol gurluşyk işlerini ýola goýup, demir, mis, kümüş, kedr agaçlary ýaly zatlary ýygnap goýýar. Şeýle-de ol: «Indi, oglum, goý, Reb saňa ýar bolsun. Rebbiň sen barada aýdyşy ýaly, Rebbe öý gurmaklyk işiň şowuna bolsun» diýip, Süleýmany ruhlandyrdy (1 Ýyl. 22:11, 14—16).
8. Dawut näme üçin Süleýman başarmaz diýip pikir edip bilerdi, ýöne ol näme etdi?
8 1 Ýyl ýazgylary 22:5-i okaňb. Dawut ogly Süleýmanyň şeýle uly işi etmegi başarjakdygyna şübhelenip bilerdi. Şeýle-de ybadathana «meşhur hem-de şöhratly» bolmalydy, Süleýman bolsa heniz «ýaş hem tejribesizdi». Emma Dawut Ýehowanyň özi ýolbaşçylyk edip, Süleýmana ukyp berip biljekdigine ýüregi bilen ynanýardy. Şol sebäpli Dawut ünsüni edip biljek zatlaryna gönükdirip, gurluşyk üçin zerur bolan köp zatlary taýýarlady.
HÖWES BILEN ÖWREDIŇ
Ýaşlaryň jogapkärli ýumuşlary alýandygyna begenýäris (9-njy abzasa serediň)
9. Gartaşan doganlar ýaşlara kömek etmekden nädip şatlyk tapyp biler? Mysal getiriň.
9 Gartaşan doganlar ýumuşlaryny ýaş mesihçilere bermäge gynanman, gaýtam, jogapkärli borçlary almagy öwretmek üçin elinde baryny etseler, gowy bolardy. Jogapkär doganlar tälim berýän ýaşlarynyň tejribeli bolandygyny görüp, ýürekden begenmeli. Aýdaly, kakasy ogluna maşyn sürmegi öwredýär. Ogly kiçikä, kakasynyň maşyn sürşüne diňe syn edýär. Emma biraz ulalanda, kakasy nädip sürmelidigini düşündirýär. Ogly kämillik ýaşyna ýetende, kakasynyň kömegi bilen maşyny sürüp başlaýar. Käte olar gezekli-gezegine sürmekleri mümkin, ýöne ahyrynda gartaşan kakasyna derek maşyny ogly sürer. Paýhasly ata muňa begenip, maşyny ogluna doly ynanýar. Edil şonuň ýaly-da gartaşan doganlar ýaşlara ýygnakda jogapkärli ýumuşlary almaga kömek edip bilýändigine buýsanýarlar.
10. Musa pygamber şan-şöhratyna we ygtyýaryna nähili garaýardy?
10 Gartaşan mesihçiler görip ýa-da gabanjaň bolmakdan seresap bolmaly. Geliň, iki adamyň pygamberlik edýändigini bilende, Musa pygamberiň özüni nähili alyp barandygyna seredeliň (Sanlar 11:24—29-njy aýatlary okaň)c. Musanyň kömekçisi Ýeşuwa muny bilende, olara gadagan etjek bolýar. Ýeşuwa olar Musanyň ýerini eýelejek bolýandyr diýip pikir eden bolmaly. Şonda Musa pygamber: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berýär. Musa bu işde Ýehowanyň elini görýärdi. Ol: «Men indi abraýdan düşerin» diýip pikir etmeýärdi. Gaýtam, Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisiniň Hudaý tarapyn berlen şeýle sylaglary almaklaryny isleýärdi. Eýsem, gartaşan mesihçilerem Musa pygamber ýaly hormatly işlerini başgalara höwes bilen tabşyrmaly dälmi näme?!
11. Jogapkärli işini başga birine tabşyran dogan näme diýdi?
11 Şu günlerem biziň aramyzda ençeme ýyllap arman-ýadaman zähmet çekýän we ýaşlary jogapkärli ýumuşlara almaga taýýarlaýan köp doganlar bar. Meselem, Piter doganymyz 74 ýyldan bäri uzak wagtly gullugy ýerine ýetirip gelýär. Onuň 35 ýylyny Ýewropanyň Beýtelinde geçiripdi. Ýaňy ýakynragam ol Gulluk bölümiň gözegçisi bolup gulluk edýärdi. Häzir onuň işini birnäçe ýyl bile işleşen ýaş doganymyz Pol ýerine ýetirýär. Bu Piter doganymyza nähili täsir etdikä? Ol şeýle diýýär: «Jogapkärli borçlary almak üçin öwrenmäge taýyn we işini birkemsiz ýerine ýetirýän doganlaryň bardygyna diýseň begenýärin».
GARTAŞAN DOGANLARYŇ GADYRYNY BILELIŇ!
12. Rehabgam bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
12 Süleýman patyşa aradan çykansoň, ogly Rehabgam tagta çykýar. Ol halka nädip ýolbaşçylyk etmelidigi barada maslahat üçin başda gartaşan adamlara ýüz tutýar. Ýöne ol maslahaty kabul etmeýär. Muňa derek, ol özi bilen bile ösüp ulalan we ýanynda hyzmat edýän ýaş ýigitlerden maslahat soraýar. Netijede, olaryň başyna betbagtçylyk inýär (2 Ýyl. 10:6—11, 19). Mundan näme öwrenip bileris? Gartaşan, tejribeli adamlardan maslahat sorasak we olaryň öwüt-nesihatyna ünsli bolsak, akylly-başly hereket etdigimiz bolar. Ýaşlar gartaşan doganlaryň ulanýan usullaryny könelişen hasaplap, olaryň berýän maslahatlaryny inkär etmeli däl.
13. Ýaşlar gartaşan doganlar bilen nädip işleşip biler?
13 Käbir ýaşlar gartaşan doganlar bilen eginme-egin işleşýärler. Şeýle ýaşlaryň jogapkärçiligi üýtgese-de, olar karara gelende, garry doganlaryň akyl-paýhasyny we tejribesini göz öňünde tutsalar, gowy bolardy. Ýokarda agzalan Piter doganyň ýerine Gulluk bölüminiň gözegçisi bolan Pol dogan şeýle diýýär: «Men Piter bilen maslahatlaşmak üçin ýörite onuň ýanyna barýardym. Beýleki doganlary hem maslahat soramaga höweslendirýärdim».
14. Pawlus resul bilen Timoteosyň eginme-egin işleşmeginden näme öwrenip bileris?
14 Ýaş Timoteos ençeme ýyllap Pawlus resul bilen eginme-egin işleşdi (Filipililer 2:20—22-nji aýatlary okaň). Pawlus resul ol hakda Korinfdäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Siziň ýanyňyza Halypamyzyň ýolunda söýgüli hem-de wepaly oglum Timoteosy ýollaýaryn. Ähli ýygnaklarda öwredişim ýaly, ol size Mesih Isada edýän gullugymda ulanýan usullarymy ýatladar» (1 Kor. 4:17). Bu gysgaça aýdylan sözlerden Pawlus bilen Timoteosyň ýakyndan işleşendigi görünýär. Pawlus wagt tapyp, «Mesih Isada edýän gullugynda ulanýan usullaryny» Timoteosa öwretdi. Timoteosam ökde mugallym bolup ýetişdi. Şonuň üçin Pawlus onuň Korinfdäki mesihçileriň ruhy zerurlygy barada alada edip biljekdigine ynanýardy. Şu günlerem gartaşan mesihçiler Pawlusdan görelde alyp, ýaş doganlara ýygnakda jogapkärli borçlary almaga ýardam edip biler.
HEMMÄMIZ GOŞANT GOŞUP BILERIS
15. Özgerişikler ýüze çykanda, Pawlusyň Rimdäki mesihçilere beren maslahaty bize nädip kömek eder?
15 Biz tolgundyryjy döwürde ýaşaýarys. Ýehowanyň guramasynyň ýer ýüzündäki bölegi hemme taraplaýyn ösýär. Ýöne özgerişikler hem bolýar. Şeýle özgerişikler bize degişli bolsa, geliň, kiçigöwünli bolalyň we ünsümizi özümize däl-de, Ýehowanyň islegine gönükdireliň. Şeýle garaýyş agzybirligiň bolmagyna ýardam edýär. Pawlus resul Rimdäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Men size özüňiz hakda çendenaşa köp pikir etmezligiňizi we Hudaýyň her kese berýän imanyna görä sagdyn düşünjeli bolmagyňyzy ündeýärin. Bir beden köp agzalardan ybaratdyr, ýöne olar her dürli işleri ýerine ýetirýändir. Şonuň ýaly biz hem köp bolsak-da, Mesih bilen birlikde bir bedendiris» (Rim. 12:3—5).
16. Gartaşan doganlar, ýaşlar, aýallar, siz Ýehowanyň guramasynda parahatlygy we agzybirligi saklamaga nädip kömek edip bilersiňiz?
16 Ýagdaýymyz nähili bolsa-da, geliň, mundan beýlägem Ýehowanyň şöhratly Patyşalygynyň bähbitlerini ileri tutmaga jan edeliň. Gartaşan mesihçiler, ýaşlara kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň. Ýaşlar, jogapkär borçlary almaga ýaýdanmaň, pespäl boluň, gartaşan doganlara bolan hormatyňyzy ýitirmäň. Aýallar, Akilanyň aýaly Priskillanyň göreldesine eýeriň. Ýagdaý üýtgände, Priskilla ýoldaşy Akilanyň ýanynda bolup, ony hemişe goldaýardy (Res. iş. 18:2).
17. Isa şägirtlerine ynanýandygyny nädip görkezdi we olara nähili tälim berdi?
17 Başgalary jogapkärli işleri almaga taýýarlap, olara tälim bermekde Isa iň gowy görelde görkezdi. Ol ýer ýüzündäki gullugynyň tamamlanyp barýandygyny we bu işi başgalaryň dowam etmelidigini bilýärdi. Şägirtler bikämil bolsa-da, Isa olara ynanýardy we onuň özündenem köp işleri amala aşyrjakdygyny aýtdy (Ýah. 14:12). Isa olara gowy tälim berdi. Şol sebäpli olar hoş habary bütin ýer ýüzüne wagyz edip bildiler (Kol. 1:23).
18. Gelejekde bize näme garaşýar, emma häzir näme edip bileris?
18 Isa ejir çekip öldürilenden soň, direlip göge galdy. Şonda Hudaý «ony her bir hökümetden, ygtyýarlykdan, güýçden, hökümdarlykdan... beýgeltdi» (Efes. 1:19—21). Eger biz Armageddon gelmänkä, wepaly bolup aradan çyksak, gelejekde dogrulyk höküm sürýän täze dünýäde direleris. Ol ýerde edýän işimizden has köp lezzet alarys. Emma häzir hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlamak işine gatnaşmakdan wajyp iş ýokdur. Şol sebäpli, geliň, ählimiz ýaşlaram, garrylaram «Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekeliň» (1 Kor. 15:58).
a Şu makalada «ýaşlar» diýlende, diňe ýaş mesihçiler däl, eýsem, orta ýaşly doganlar hem göz öňünde tutulýar.
b 1 Ýyl ýazgylary 22:5 Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin, taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi.
c Sanlar 11:24 Musa çykyp, Rebbiň sözlerini halka ýetirdi. Halkyň arasyndan ýetmiş ýaşulyny ýygnap, olary çadyryň töwereginde duruzdy. 25 Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar gaýdyp beýle etmediler. 26 Eldat we Meýdat atly iki adam düşelgede galypdy. Olar saýlanan ýetmiş ýaşulynyň arasyndadylar, emma çadyra gitmän galypdylar, ine, onsoň olar düşelgede joşup pygamberlik edip başladylar. 27 Bir ýaş ýigit ylgap gelip, Musa: «Eldat bilen Meýdat düşelgede pygamberlik edýär» diýdi. 28 Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi. 29 Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.