Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/2 sah. 10—14
  • «Ruhuň gylyjyny» ökdelik bilen ulanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ruhuň gylyjyny» ökdelik bilen ulanyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň Sözi täsirli
  • Hakykat Sözüni dogry ulanyň
  • Mukaddes Ýazgylar arkaly ynandyryň
  • Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanyň
  • Hoş habary ynamly wagyz et
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Aýatlary dogry ulanmak
    Wagyz mekdebi
  • «Hudaýyň sözi... täsirlidir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Siz Hudaýyň sözüni goraýarmysyňyz?
    Hudaýa gullugymyz — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/2 sah. 10—14

«Ruhuň gylyjyny» ökdelik bilen ulanyň

«Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň». (EFES. 6:17)

1, 2. Wagyzçylaryň ýetmezçilik edýänine biz nähili seslenmeli?

ISA märekäniň ruhy zerurlygyny görüp şägirtlerine şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň». Isa diňe şeýle diýmek bilen çäklenmedi. Ol bu sözleri aýdansoň, «on iki şägirdini ýanyna çagyryp» wagyz etmäge, ýa-da hasyl ýygmaga iberýär (Mat. 9:35—38; 10:1, 5). Soňra Isa wagyz etmek üçin «ýetmiş adamy belläp... iki-ikiden öňünden ýollaýar» (Luka 10:1, 2).

2 Şu günlerem Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary ýetmezçilik edýär. 2009-njy gulluk ýylynda bütin dünýäde Ýatlama agşamyna 18 million 164 müň 539 adam gatnaşdy. Bu Ýehowanyň Güwäçileriniň sanyndan 10 milliondan gowrak köp. Ekin meýdanlar oruma ýetişdi (Ýahýa 4:34, 35). Şol sebäpli biz köpräk işçi iberer ýaly, Ýehowa doga etmeli. Emma biz eden dilegimize görä, näme etmeli? Biz wagyz we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşyp, ökde wagyzçy bolmaly (Mat. 28:19, 20; Mar. 13:10).

3. Ökde wagyzçy bolmak üçin Hudaýyň mukaddes ruhunyň näme ähmiýeti bar?

3 Geçen makalada mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, «Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge» nähili kömek edýändigine seretdik (Res. iş. 4:31). Şol ruh bize ökde wagyzçy bolmaga hem kömek edýär. Ökde wagyzçy bolmak üçin Ýehowanyň beren ajaýyp guralyny — Mukaddes Ýazgylary gowy ulanmaly. Hudaýyň Sözi mukaddes ruh arkaly ýazyldy (2 Tim. 3:16). Ol Hudaý tarapyn ylhamlandy. Şonuň üçin biz gullukda Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulansak, mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýäris. Hudaýyň Sözüni nädip ökdelik bilen ulanyp bolýandygyna seretmezden öň, geliň, onuň nähili güýçli täsir edýändigine seredeliň.

Hudaýyň Sözi täsirli

4. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat adama nähili täsir edýär?

4 Hudaýyň sözi örän güýçli! (Ýew. 4:12). Göçme manyda Mukaddes Ýazgylardaky sözler adamyň ýasaýan islendik gylyjyndan hem kesgirdir. Ol göçme manyda bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýar. Hudaýyň Sözündäki hakykat adamyň ýüregine, pikirine we duýgularyna täsir edip, onuň aslynda nähili adamdygyny görkezýär. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat adama täsir edip bilýär (Koloseliler 3:10-y okaň). Hawa, Hudaýyň Sözi adamyň durmuşyny üýtgedýär!

5. Mukaddes Ýazgylar bize nädip görkezme berýär we kömek edýär?

5 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda hiç ýerde tapyp bolmaýan akyldarlyk bar. Ol adamlara şu kyn döwürde nädip ýaşamalydygyny görkezýär. Hudaýyň Sözi diňe bir aýaklarymyza çyra bolman, eýsem ýolumyza nurdur (Zeb. 119:105). Ol kynçylyklara duş gelende, dostlary, göwün açmalary, iş, egin-eşik we başga zatlary saýlamaga kömek edýär (Zeb. 37:25; Sül. tym. 13:20; Ýahýa 15:14; 1 Tim. 2:9). Biz Hudaýyň Sözündäki prinsipe eýersek, adamlar bilen oňşukly ýaşap bileris (Mat. 7:12; Flp. 2:3, 4). Hudaýyň sözi ýolumyza nur saçanda gelýän kararlarymyz gelejege nähili täsir edýändigini göreris (1 Tim. 6:9). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň gelejek barada niýetini öňünden aýdýar we bize onuň niýetine görä ýaşamaga kömek edýär (Mat. 6:33; 1 Ýahýa 2:17, 18). Eger adam Hudaýyň prinsiplerine görä ýaşasa, durmuşy, gör, nähili manyly bolar!

6. Şeýtana garşy durmak üçin Mukaddes Ýazgylar nähili güýçli ýarag?

6 Şeýle-de Şeýtana garşy durmak üçin Mukaddes Ýazgylaryň nähili güýçli ýaragdygy hakynda oýlanyp görüň. Pawlus resul Hudaýyň Sözüne «ruhuň gylyjy» diýdi (Efesliler 6:12, 17-nji aýatlary okaň). Biz Mukaddes Ýazgylary dogry ulansak, adamlary Şeýtanyň duzagyndan azat edip bileris. Bu gylyç bilen adamlary öldürmeli däl-de, halas etmeli. Şonuň üçin ony ökdelik bilen ulanmaga jan etmeli dälmi näme?

Hakykat Sözüni dogry ulanyň

7. Näme üçin «ruhuň gylyjyny» ökdelik bilen ulanmagy öwrenmek wajyp?

7 Eger esger ýaragy gowy ulanmagy öwrense, söweşde ony ökdelik bilen ulanýar. Biz hem Şeýtana garşy durmak üçin «ruhuň gylyjyny» şeýle ulanmaly. Pawlus resul: «Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et» diýip ýazdy (2 Tim. 2:15).

8, 9. Mukaddes Ýazgylardaky sözleriň manysyna düşünmäge näme kömek edýär? Mysal getiriň.

8 Wagyzda «hakykat sözüni dogry» ulanmaga näme kömek edýär? Adamlara Mukaddes Ýazgylary gowy düşündirmek üçin, ilki bilen, ony özümiz gowy düşünmeli. Munuň üçiň aýadyň ýa-da jümläniň ýokarda we aşakda getirilýän aýatlaryna seretmeli.

9 Geliň bir mysala seredeliň. Pawlus resul Galatýalylar 5:13-de şeýle diýýär: «Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz; ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň». Pawlus bu ýerde nähili azatlyk barada aýtdy? Ol günäden, ölümden, ýalan dinden ýa-da başga zatlaryň gulçylygyndan azat bolmak barada aýtdymy? Ýokarda we aşakda getirilýän aýatlar, Pawlusyň aýdan azatlygy «kanunyň gargyşyndan halas edilmegini» aňladýandygyny görkezýär (Gal. 3:14, 19—24; 4:1—5). Ol mesihçileriň azatlygy hakynda aýdypdy. Bu azatlygy gymmat saýýanlar biri-birine söýgi bilen gulluk edýärler. Azatlygyň gadyryny bilmeýänler bolsa, gybat edip sögüşýärler (Gal. 5:15).

10. Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryna dogry düşünmek üçin, nähili maglumaty bilmeli we ony nireden tapmaly?

10 Mukaddes Ýazgylaryň aýatlaryny dogry düşünmek üçin, onuň taryhyny, ýagny ony kim, haçan we haýsy ýagdaýda ýazandygyny bilmeli. Şeýle-de bu Mukaddes Ýazgylardaky kitabyň haýsy maksat bilen ýazylandygyny we şol günlerdäki adamlaryň däp-dessuryny, medeniýetini, gymmat saýan zatlaryny we dinini bilmäge kömek edera.

11. Biz Mukaddes Ýazgylary düşündirende, nämäni göz öňünde tutmaly?

11 «Hakykat sözüni dogry ulanmak» bu Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty diňe bir dogry düşündirmegi aňlatmaýar. Biz Mukaddes Ýazgylary adamlary gorkuzmak üçin ulanmaly däl. Iblis Isany synanda, onuň Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen hakykaty goraýşy ýaly, biz hem gorap bileris. Mukaddes Ýazgylar — adamlary gorkuzýan taýak däl (Kan. tag. 6:16; 8:3; 10:20; Mat. 4:4, 7, 10). Biz Petrus resulyň beren şeýle maslahatyna eýermeli: «Ýüregiňizde Reb Hudaýy mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň. Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň» (1 Pet. 3:15, 16).

12, 13. Hudaýyň Sözündäki hakykat nädip «galalary ýykýar»? Mysal getiriň.

12 Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty dogry düşündirenimizde, näme edýäris? (2 Korintoslylar 10:4, 5-nji aýatlary okaň). Ýazgylardaky hakykat «galalary ýykýar», ýagny ýalan taglymatlary, erbet däp-dessurlary, ynsan akyldarlygyny görkezýän filosofiýany paş edýär. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly «Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan» düşünjeleri düzedýäris. Mukaddes Ýazgylaryň taglymaty adamlaryň pikirini üýtgedýär.

13 Hindistanda ýaşaýan 93 ýaşly bir gartaşan aýalyň mysalyna seredeliň. Ol ýaşlykdan reinkarnasiýa (adam ölensoň ruhunyň haýwana ýa başga adama öwrülmegine) ynanýardy. Ol daşary ýurtda ýaşaýan ogly bilen hat arkaly Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanda, Ýehowa we onuň wadalary hakynda bilip, şatlyk bilen kabul etdi. Emma reinkarnasiýa baradaky taglymat onuň aňyna şeýle berk ornaşypdy welin, onuň ogly ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny ýazanda, ol garşy boldy. Ol aýal şeýle diýdi: «Men siziň Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyňyza düşünmeýärin. Ähli dinler biziň içimizde ruhuň ýa-da janyň ölmeýändigini öwredýär. Men hemişe ten ölse-de, ruhuň 8 million 400 müň gezek başga tene öwrülýändigine ynanýardym. Bu eýsem hakykat dälmi? Dinleriň köpüsi aldaýarmy näme?» «Ruhuň gylyjy» şeýle ýalan dini düşünjeleri ýykýarmy? Bu barada Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ençeme gezek pikir alşyp, birnäçe hepdeden soň ol aýal şeýle ýazdy: «Men ölüler barada hakykata indi düşünip başladym. Ölen adamlar direlende, dogan-garyndaşlarymyzy görüp biljekdigimi bilip, men örän begendim. Men Hudaýyň Patyşalygynyň tizden boljagyna ynanýaryn».

Mukaddes Ýazgylar arkaly ynandyryň

14. Adamlary ynandyrmak nämäni aňladýar?

14 Wagyzda Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulanmak üçin diňe bir oňa salgylanmak ýeterlikli däl. Pawlus resul «ynandyryp» wagyz etdi, bizem şeýle etmeli (Resullaryň işleri 19:8, 9; 28:23-nji aýatlary okaň). «Ynandyrmak» bu birinde bir zada ynam döretmek. Biz adama Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyny ynandyranda, onda şol taglymata doly ynam döredýäris. Muny etmek üçin, aýdýan sözlerimiziň hakdygyny adama subut etmeli. Biz muny aşakdaky usullar arkaly edip bileris.

15. Mukaddes Ýazgylara hormat goýar ýaly, adamyň ünsüni nädip oňa çekip bileris?

15 Mukaddes Ýazgylara hormat goýar ýaly, adamyň ünsüni oňa çek. Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okanyňyzda şol mesele barada Hudaýyň garaýşyny bilmegiň wajyplygyny görkeziň. Siz sorag berip adamyň beren jogabyny diňlänsoň, Hudaýyň muňa nähili garaýandygyny bileliň diýiň. Ýa-da şeýle sorag beriň: «Muňa Hudaý nähili garaýarka?» Aýatlary okap bereniňizde, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigini belläp geçiň, bu adamyň ýadynda gowy galar. Ol Hudaýa ynanyp, Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýänini bilmeýän bolsa, şeýle etmek aýratynam wajyp (Zeb. 19:7—10).

16. Aýatlary gowy düşündirmäge saňa näme kömek eder?

16 Mukaddes Ýazgylardaky aýatlary diňe bir okaman, olary düşündir. Pawlus resul hemişe öwredýän zatlaryny düşündirýärdi (Res. iş. 17:3). Aýatlarda köplenç birnäçe pikir bolýar, şol sebäpli sen gürrüň berýän temaňa degişli esasy sözleri we pikirleri belläp geç. Munuň üçin esasy pikiri gaýtalamaly ýa-da başgaça aýtmaly. Şeýle-de gyzyklanýan adama soraglar berip, aýady düşünmäge kömek et. Soňra aýadyň şol bölegini düşündir. Şondan soň oňa aýady durmuşynda nädip ulanyp bilýändigine düşünmäge kömek et.

17. Subutnamalar getirip, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nädip gürrüň berip bolýar?

17 Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ynamly gürrüň ber. Pawlus resul ak ýürekden ýüzlenip, paýhasly deliller getirip adamlara «Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berdi» (Res. iş. 17:2, 4). Biz-de şeýle etmäge jan etsek, adamlaryň ýüregine täsir ederis. Adam bilen ak ýürekden gyzyklanyp, soraglar bersek ýüregindäki pikirleri «çekip çykararys» (Sül. tym. 20:5). Gönümel bolmaň. Düşnükli we paýhasly subutnamalar getiriň. Bu subutnamalar kanagatlandyryjy bolmaly we Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly. Derrew iki-üç aýady okap bermegiň deregine, bir aýady okap düşündir we degerli mysal getir. Bu saňa ynandyrmaga kömek eder (Sül. tym. 16:23). Käwagt goşmaça maglumat tapyp, düşündirmeli bolýar. Ýokarda aýdylan 93 ýaşyndaky gartaşan aýal ölmeýän jan (ýa-da ruh) baradaky taglymatyň giňden ýaýramagynyň sebäbini bilmelidi. Bu taglymatyň nireden döräp, bütin dünýädäki dinlere nädip ýaýrandygyna onuň düşünmegi, Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýänine ynanmak üçin wajypdy.

Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanyň

18, 19. Näme üçin biz «ruhuň gylyjyny» ökdelik bilen ulanmagy dowam etmeli?

18 Mukaddes Ýazgylarda: «Dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidir» diýilýär. Erbet adamlar erbetlikde ilerleýär (1 Kor. 7:31; 2 Tim. 3:13). «Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjy» arkaly «galalary ýykmagy» dowam ediň.

19 Biz Mukaddes Ýazgylaryň bardygyna begenýäris. Bu güýçli kitap arkaly ýalan taglymatlary paş edip, adamlaryň ýüregine täsir edýäris! Şeýle kitapdan güýçli kitap ýokdur. Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň tabşyran Patyşalyk barada wagyz etmek işinde «ruhuň gylyjyny» ökdelik bilen ulanalyň.

a Mukaddes Ýazgylaryň kitaplarynyň taryhy barada goşmaça maglumaty «Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup peýdaly» (rus.), «Ýazgylara düşünmek» (iňlis.) atly kitaplardan we «Garawul diňi» žurnalynyň «Ýehowanyň sözi diri» atly makalalardan tapyp bolýar.

Siz näme öwrendiňiz?

• Hudaýyň Sözi nähili täsir edýär?

• «Hakykat sözüni» nädip dogry düşündirip bileris?

• Mukaddes Ýazgylardaky hakykat arkaly nädip «galalary ýykyp» bolýar?

• Wagyzda ynandyrmak ukybyňy nädip gowulandyrmaly?

[12 sahypadaky ýazgy]

Hudaýyň Sözi arkaly nädip ynandyrmaly

▪ Mukaddes Ýazgylara hormat goýmaga kömek et

▪ Aýatlary düşündir

▪ Adamlaryň ýüregine täsir eder ýaly, ynamly gürrüň ber

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş