Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/3 sah. 24—28
  • Taýýar boluň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Taýýar boluň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Nuh pygamber ýaly taýýar bol
  • Nuh pygamber we maşgalasy taýýardy
  • Musa pygamber hüşgärdi
  • Oýa boluň!
  • «Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Nuh gämi gurýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Nuhuň tupany. Kim gulak asdy, kim asmady?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Siz halas bolmak üçin taýýarmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/3 sah. 24—28

Taýýar boluň!

«Siz hem taýýar boluň; çünki Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler» (MAT. 24:44).

1, 2. a) Mukaddes Ýazgylarda haýsy pygamberligi gaplaňyň topulyşyna meňzetse bolýar? b) Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende, sen halas bolar ýaly näme etmeli?

MEŞHUR sirk artisti birnäçe ýyl bäri ekdi edilen bengal gaplaňy bilen çykyş edýär. Ol şeýle diýdi: «Haýwanyň ynamyna gireniňde, dünýäde iň ajaýyp sowgat alan ýaly bolýarsyň». Emma 2003-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda bu ynam ödelmedi. Sebäbi 172 kilogram agramly ak gaplaň artistiň üstüne topulýar. Artist gaplaň topular öýtmändigi üçin taýýar däldi.

2 Mukaddes Ýazgylarda «janawaryň» topuljakdygy pygamberlik edilýär we biz oňa taýýar bolmaly (Ylham 17:15—18-nji aýatlary okaň). Topuljak janawar kim? Iblisiň dünýäsi birdenkä ikä bölüner. Gyzyl janawar Birleşen Milletler guramasyny, «on şah» bolsa, syýasy güýçleri aňladýar. Olar ýalan diniň imperiýasy bolan kemçine Uly Babyla garşy çykyp, ony wagşylarça ýok eder. Bu haçan bolar? Biz şol güni hem sagady bilmeýäris (Mat. 24:36). Biz onuň oslamaýan sagatda boljagyny we wattyň az galandygyny bilýäris (Mat. 24:44; 1 Kor. 7:29). Şol sebäpli, janawar topulanda, ruhy taýdan oýa bolsak, Isa bizi halas eder! (Luka 21:28). Biz taýyn bolan we Hudaýyň wadalarany gözi bilen gören Ýehowanyň wepaly gullukçylaryndan taýýar bolmagy öwrenip bileris. Geliň, olaryň näme edendigine we göreldesine nädip eýerip bilýändigimize seredeliň.

Nuh pygamber ýaly taýýar bol

3. Nuh pygamber Hudaýa wepaly gulluk edip, nähili kynçylyga uçrady?

3 Nuh pygamber ýaşan döwrüniň gözgyny ýagdaýdadygyna garamazdan, Hudaýyň wadalarynyň berjaý bolşuny görmäge taýýardy. Pitne turzan perişdeler ynsan tenine girip, owadan aýallar bilen ýaşaşanda, Nuh pygamberiň nähili kynçylyklara duçar bolanyny göz öňüne getir! Şol perişdelerden adamlara zulum edýän «nefiller», ýagny haýbatly we güýçli adamlar doguldy (Gel. çyk. 6:4). Oýlanyp gör, olar baran ýerlerinde adamlara nähili sütem edendir. Azgynçylygyň köpelendigi zerarly, adamlaryň oý-pikiri we niýeti pislikden doludy. Ýehowa Hudaý şol zalym adamlary ýok etmäge wagt belledi (Gelip çykyş 6:3, 5, 11, 12-nji aýatlary okaň)a.

4, 5. Şu günleriň Nuhuň günleri bilen näme meňzeşligi bar?

4 Isa biziň günlerimizi Nuhuň günlerine meňzetdi (Mat. 24:37). Mysal üçin, biz hem zalym ruhlaryň höküm sürýänini görýäris (Ylh. 12:7—9, 12). Şol zalym perişdeler Nuhuň günlerinde ynsan tenine giripdi. Şu günler olar ynsan tenine girip bilmese-de, hem ýaşlara, hem garrylara täsir etjek bolýar. Bu zalym ruhlar ýer ýüzündäki adamlaryň zulumlyk edýänini görüp, lezzet alýarlar (Efes. 6:11, 12).

5 Hudaýyň Sözünde Iblise «ganhor» we «ölüm güýjüne eýe bolan» diýilýär (Ýahýa 8:44, 45; Ýew. 2:14). Elbetde, Hudaý Iblise islän adamyny öldürmäge ýol bermeýär. Ýöne Iblis adamlary aldaýar we azdyrýar. Ol adamlar biri-birini öldürer ýaly ýüregine we pikirine täsir edýär. Mysal üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda doglan her 142 çaganyň biri öldürilýär. Zalymlyk şeýle köpelýär welin, Nuhuň günlerindäki ýaly, häzirki bolýan zatlary Ýehowa görmeýändir öýdýärmiň? Ol goluny gowşuryp oturarmy?

6, 7. Nuh pygamber maşgalasy bilen Hudaýa iman edýänini we ondan gorkýanyny nädip görkezdi?

6 Hudaý Nuh pygambere ýer ýüzüni sil aldyryp, ähli adamlary ýok etjekdigini aýdýar (Gel. çyk. 6:13, 17). Ýehowa Nuh pygambere uly ýaşik görnüşinde gämi ýasamagy buýurýar. Nuh we onuň maşgalasy gämini ýasap başlaýar. Olara Hudaýa gulak asmaga we onuň höküm güni gelende, taýýar bolmaga näme kömek etdi?

7 Nuh maşgalasy bilen Hudaýa berk iman edýäni we ondan gorkýany üçin, Ýehowanyň tabşyrygyny aýdyşy ýaly berjaý etdi (Gel. çyk. 6:22; Ýew. 11:7). Nuh pygamber maşgalabaşy hökmünde Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdady we daş-töweregindäki adamlaryň erbet işlerine goşulmaýardy (Gel. çyk. 6:9). Ol adamlaryň edýän zalymlygyna we gödek garaýşyna eýermez ýaly, maşgalasyny goramaladygyny bilýärdi. Olar gündeki aladalar bilen başagaý bolmaly däldi. Hudaý olara ýumuş beripdi we bütin maşgalasy bilen ony berjaý etmelidi (Gelip çykyş 6:14, 18-nji aýatlary okaň).

Nuh pygamber we maşgalasy taýýardy

8. Nuhuň maşgalasy Hudaýa wepalydygyny nädip görkezdi?

8 Mukaddes Ýazgylarda maşgalabaşy Nuh pygamber barada köp aýdylsa-da, onuň aýaly, ogullary we gelinleri hem Ýehowa sežde edýärdi. Muny Ezekiýel pygamber tassyklaýar. Ezekiýeliň döwründe Nuh pygamber ýaşan bolsa, çagalary atasynyň dogrulygy esasynda halas bolmajakdygyny, ol aýtdy. Nuhuň ogullary gulak asar ýa-da asmaz ýaşyna ýetipdi. Şonuň üçin olar Hudaýy we onuň tabşyryklaryny söýýändigini görkezip bilýärdi (Ezek. 14:19, 20). Nuhuň maşgalasyna Ýehowanyň görkezmesine eýerip we wagyz edip, Hudaýyň beren işini berjaý etmäge adamlar päsgel berip bilmeýärdi.

9. Nuh pygamberiň imanyndan görelde alýan doganlaryň mysalyny getiriň?

9 Şu günler bütin dünýäde maşgalabaşy doganlaryň Nuh pygamberiň göreldesine eýerip, elinde baryny edýänini görüp begenýäris! Olar maşgalasyny diňe bir iýmit, egin-eşik bilen üpjün etmegiň, öýli-işikli etmegiň we bilim bermegiň ýeterlikli däldigine düşünýär. Şeýle-de olar maşgalasynyň ruhy taýdan aladasyny etmeli. Şeýdip, maşgalabaşy doganlar tizden boljak Ýehowanyň höküm gününe taýýarlanýar.

10, 11. a) Nuh we maşgalasy gämide özüni nähili duýdy? b) Özüňe nähili sorag berseň gowy bolar?

10 Nuh pygamber, aýaly, ogullary we gelinleri bilen 50 ýyla golaý gämi gurdular. Olar gämini gurmak üçin wagt tapyp, ýüzlerçe sagat sarp etmelidi. Nuhuň maşgalasy suw geçirmeýän gämi gurup, azyk şaýyny tutup, gämä haýwanlary salmalydy. Beýik günüň gelenini göz öňüne getiriň. Nuhuň maşgalasy b. e . öň 2370-nji ýylyň (Nuhuň ömrüniň 600-nji ýylynyň) ikinji aýynyň 17-nji güni gämä girdiler. Ýehowa gäminiň gapysyny ýapdy we ýagyş ýagyp başlady. Bu ýöne bir ýagýan ýagyş däldi. Düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsülip, asman suw bentleri kimin açylyp, gäminiň üstüne guýulýardy (Gel. çyk. 7:11, 16). Gäminiň daşynda galan adamlar heläk boldy, içindäkiler bolsa, gutuldy. Şonda Nuhuň maşgalasy özüni nähili duýduka? Olar Hudaýa örän minnetdardy. Elbetde, olar hak Hudaýyň huzurynda gezip, taýýardygyna begenendirler! (Gel. çyk. 6:9). Siz Armageddonda diri galyp, Hudaýa çäksiz minnetdar bolşuňyzy göz öňüne getirýärsiňizmi?

11 Zalym dünýäni ýok etmäge Gudratygüýçli Hudaýa hiç zat päsgel berip bilmeýär. Özüňe şeýle sorag ber: «Men Ýehowanyň wadalarynyň ählisiniň, hatda iň kiçijik jikme-jiginiň bellän wagtynda berjaý boljakdygyna ynanýarynmy? Ynanýan bolsaň, ýetip gelýän «Ýehowanyň gününi» unutman, taýýar bol (2 Pet. 3:11).

Musa pygamber hüşgärdi

12. Musa pygamberiň ruhy taýdan garaýşyny näme ýoýup bilerdi?

12 Geliň, ýene-de bir mysala seredeliň. Musa pygamberiň müsürdäki ýagdaýy adamyň garaýşyna görä, örän bähbitlidi. Faraonyň gyzy ony ogullyga alany üçin, oňa uly hormat goýulýardy, ol gowy iýip-içýärdi, geýinýärdi we baý ýaşaýardy. Musa pygamber hemme taraplaýyn bilim aldy (Resullaryň işleri 7:20— 22-nji aýatlary okaň). Ol uly emlägi miras alyp bilerdi.

13. Näme üçin Musa pygamber Ýehowanyň wadasyny unutmady?

13 Musa pygambere ata-enesiniň başdaky beren terbiýesi, müsürlileriň butlaryna sežde etmegiň akylsyzlykdygyna düşünmäge kömek eden bolmaly (Müs. çyk. 32:8). Musanyň müsürde alan bilimi, patyşanyň öýünde baý ýaşamagy, oňa hak Hudaýa sežde etmäge päsgel bermedi. Ol Hudaýyň ata-babalaryna beren wadasy barada çuňňur oýlanan bolmaly we Hudaýyň islegini tüýs ýürekden berjaý etmek isleýärdi. Musa pygamber ysraýyl ogullaryna: «Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy (Ýehowa) meni iberdi» diýdi (Müsürden çykyş 3:15—17-nji aýatlary okaň).

14. Musa pygamberiň imany we batyrgaýlygy nädip synaldy?

14 Müsüriň ähli butlary Musa üçin jansyz taňrydy Ýehowa bolsa, diri hak Hudaýdy. Ol «görünmezi gören» ýaly ýaşaýardy. Musa pygamber Hudaýyň halkyny azat etjekdigine ynanýardy, ýöne onuň haçan boljagyny bilmeýärdi (Ýew. 11:24, 25, 27). Ol ýewreýleriň azat bolmagyny şeýle görmek isleýärdi welin, hatda müsürli adamyň ysraýylly guly ýenjip duranyny görende, ony gorady (Müs. çyk. 2:11, 12). Emma entek Ýehowanyň bellän wagty däldi, şol sebäpli Musa gaçgak bolup uzak ýurtda ýaşamaly boldy. Elbetde, oňa Müsürdäki eşretli ýaşaýşyny terk edip, çölde ýaşamak kyndy. Ýöne Musa pygamber oýa bolup, Ýehowanyň beren her bir görkezmesini berjaý etmäge taýyndy. Musa Midýan ýurdunda 40 ýyl ýaşandan soň, Hudaý ol arkaly doganlaryny azat etdi. Ol Hudaýyň görkezmesine eýerip, Müsüre dolanýar. Musa üçin Hudaýyň ýumşuny ýerine ýetirmegiň wagty geldi we onuň işini aýdyşy ýaly etdi (Müs. çyk. 3:2, 7, 8, 10). «Hemmelerden ýumşak» adam Musa Müsüre gelende, faraonyň ýanyna barmak üçin iman we batyrgaýlyk gerekdi (San. 12:3). Musa jezalar berlende, faraonyň ýanyna näçe gezek barmalydygyny bilmese-de, her jezada onuň ýanyna bardy.

15. Musa pygamber synaglara garamazdan, näme üçin gökdäki Atasyny şöhratlandyrar ýaly hüşgärdi?

15 Soňra ysraýyllylar 40 ýyl çölde sergezdan bolanda, Musa lapykeç boldy. Emma ol Ýehowany şöhratlandyrmak üçin hüşgärdi we ysraýyl halkyny-da, Hudaýy şöhratlandyrar ýaly ýürekden höweslendirýärdi (Kan. tag. 31:1—8). Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowanyň adyny we hökümdarlygyny öz adyndan hem gowy görýärdi (Müs. çyk. 32:10—13; San. 14:11—16). Biz lapykeç bolýandygymyza we kynçylyga uçraýandygymyza garamazdan, Hudaýyň ýolunda ýöremegiň islendik ýoldan ýöremekden paýhaslydygyna, dogrudygyna we gowudygyna ynanyp, Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmeli (Iş. 55:8—11; Ýerem. 10:23). Sen hem şeýle pikir edýärmiň?

Oýa boluň!

16, 17. Markus 13:35—37-nji aýatlardaky sözleriň biziň üçin näme ähmiýeti bar?

16 «Ägä, oýa boluň, doga ediň! Çünki siz ol wagtyň haçandygyny bilmeýärsiňiz» (Mar. 13:33). Isa zalym dünýäniň soňky günleriniň alamatlaryny aýdanda, şeýle duýduryş berdi. Isanyň aýdan uly pygamberliginiň jemleýji sözlerini Markus şeýle beýan etdi: «Oýa boluň; çünki siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, ertir irdenmi, haçan geljegini bilmeýärsiňiz. Ol birden gelip-de, ukuda üstüňizi basaýmasyn. Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!» (Mar. 13:35—37).

17 Isanyň duýduryşy çuňňur oýlandyrýar. Ol gijäni dört wagta bölýär. Gijäniň iň soňky wagty ertir irden gün dogmazdan öň, beýleki üç wagtdan oýa bolmak kyn bolýar. Harby serkerdeler ertir irden duşman «uklap ýatyrka» hüjüm etmegi iň amatly wagt hasaplaýarlar. Şu günler adamlar ruhy taýdan ukudaka, biz oýa bolmak üçin jan etmeli. Biz zalym dünýäniň soňuny we gutulşymyzy görmek üçin «oýa bolmagyň» wajypdygyna ynanýarysmy?

18. Ýehowanyň Güwäçileri nähili uly hormata eýe?

18 Makalanyň başynda agzalan sirk artistine bengal gaplaňy topulanda, ol heläk bolmady. Emma Mukaddes Ýazgylaryň pygamberliginde ýalan dinde we zalym dünýäde galan adamlaryň hiç haýsy gutulmajakdygy aýdylýar (Ylh. 18:4—8). Ýehowanyň gününe Nuhuň maşgalasy bilen taýýar bolşy ýaly, Hudaýyň ähli gartaşan we ýaş gullukçylary taýýar bolmaga çynlakaý garap, elinden gelenini edýär. Biz ýalan diniň mugallymlarynyň Hudaýa hormat goýmaýan, şeýle-de Ýaradyjynyň üstünden gülüp, Hudaýyň bardygyna şübhelenýän ýa-da ynanmaýan adamlaryň dünýäsinde ýaşaýarys. Olar bize-de täsirini ýetirip biler. Şol sebäpli, ýokarda agzalan Hudaýyň gullukçylarynyň göreldesine eýerip, «hudaýlaryň Hudaýy» hem-de «beýik Hudaý, gudratly we haýbatly» Ýehowanyň adyny goralyň, ony şöhratlandyralyň (Kan. tag. 10:17).

a Gelip çykyş 6:3-däki «ýüz ýigrimi ýyl» näçe wagty aňladýandynyny 2010-njy ýylyň 15-nji dekabrynda çykan «Garawul diňiniň» 30-njy sah. seret.

Ýadyňyzdamy?

• Nuh pygamber näme üçin maşgalasynyň ruhy zerurlygyny wajyp saýýardy?

• Şu günleriň Nuhuň günleri bilen näme meňzeşligi bar?

• Musa pygamber lapykeç bolsa-da, näme üçin Ýehowanyň wadasyny unutmady?

• Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler size ruhy taýdan oýa bolmaga nädip kömek edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş