-
Musanyň imanyndan görelde alyňGarawul diňi — 2014 | 15 aprel
-
-
1, 2. a) Musa kyrk ýaşynda nähili karara geldi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Musa näme üçin Hudaýyň halky bilen horluk çekmegi saýlady?
MUSA Müsüriň oňa uly gelejek berjekdigini bilýärdi. Ol uly we kaşaň jaýlary görýärdi. Ony patyşanyň maşgalasy ogullyk alypdy. Musa «müsürlileriň bütin bilimlerinden», ýagny taryh, medeniýet, astronomiýa, matematika we beýleki ylymlaryndan sapak berildi (Res. iş. 7:22). Bu zatlar oňa baýlyk, ygtyýar we at-abraý getirerdi. Şeýle gelejegi ýönekeý müsürli diňe arzuw edip bilýärdi!
2 Emma Musanyň kyrk ýaşynda gelen karary Müsür patyşasynyň maşgalasyny ör-gökden getiren bolmaly. Ol öz ajaýyp gelejeginden el çekip, hatda ýönekeý müsürliler ýaly sada ýaşaýşy däl-de, gullar bilen ýaşamagy saýlady. Näme üçin? Musanyň berk imany bardy (Ýewreýler 11:24—26-njy aýatlary okaň). Şeýle iman oňa daş-töweregindäki zatlardan has köp zatlary görmäge mümkinçilik berýärdi. Ol «Görünmez» Hudaý Ýehowa we Onuň Öz wadalaryny berjaý etjekdigine iman edýärdi (Ýew. 11:27).
-
-
Musanyň imanyndan görelde alyňGarawul diňi — 2014 | 15 aprel
-
-
4. Musa günä babatda nämä düşünýärdi?
4 Musanyň berk imany oňa günäniň az wagtlyk lezzet berýändigine düşünmäge kömek etdi. Adamlaryň garaýşy bolsa düýbünden tapawutlanýardy. Olar Müsür ýurdunyň butparazlykdan we jadygöýlükden doludygyna garamazdan, onuň dünýä imperiýasydygyny, Ýehowanyň halkynyň bolsa ol ýerde gul bolup, horluk çekýändigini aýdyň görýärdiler. Emma Musa Hudaýyň bu ýagdaýy özgerdip biljekdigine ynanýardy. Öz höweslerine görä ýaşaýan adamlar köpelse-de, Musa erbetligiň ýok boljakdygyny bilýärdi. Şol sebäpli «ol az salym günäniň sapasyny sürmekden» ýüz öwürdi.
5. Günäli höweslere garşy durmaga näme kömek eder?
5 Siz günäli höweslere nädip garşy durup bilersiňiz? Günäniň az salymlyk lezzet berýändigini unutmaň. Iman size «dünýäniň we onuň höwesleriniň geçip gidýändigine» düşünmäge kömek eder (1 Ýahýa 2:15—17). Toba etmeýän adamlara gelejekde näme boljakdygy hakda oýlanyň. Ýehowa «olaryň aýaklaryny sürçek ýerlere basdyrar, olary harabalyga gaçyrar» (Zeb. 73:18, 19). Günäli höwesler dörände, özüňize şeýle sorag beriň: «Men gelejegimiň nähili bolmagyny isleýärin?»
-