-
Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?Garawul diňi — 2014 | 15 aprel
-
-
10. a) Ýehowa ysraýyllylara nähili görkezme berdi? b) Musa Hudaýyň görkezmesine näme üçin gulak asdy?
10 B. e. öň 1513-nji ýylyň nisan aýynda Ýehowa Musa hem-de Harun arkaly ysraýyllylara üýtgeşik görkezme berdi. Olar şikessiz toklyny ýa-da çebşi öldürip, onuň ganyny gapylarynyň söýesine çalmalydylar (Müs. çyk. 12:3—7). Musa muňa nähili seslendi? Pawlus resul ol barada şeýle ýazdy: «Musa iman arkaly Pasha gurbanynyň öldürilmegini, gapylara gan sepilmegini buýurdy» (Ýew. 11:28). Musa Ýehowanyň ynama mynasypdygyny bilýärdi we Onuň çykaran hökümini berjaý etjekdigine ynanýardy.
11. Musany berlen görkezmäni berjaý etmäge näme höweslendirdi?
11 Musa ysraýylly doganlaryny söýýärdi. Şol sebäpli ol ysraýyllylaryň nowbahar ogullaryny halas etmek üçin berlen görkezmäni berjaý etdi. Onuň öz ogullary heläkçilik bolmaly ýerden uzakda, ýagny Midýan ýurdundadylar (Müs. çyk. 18:1—6)a. Töwratda şeýle diýilýär: «Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: „... janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň“» (Müs. çyk. 12:21).
12. Biz nähili wajyp habary ýaýradýarys?
12 Şu günler Ýehowanyň halky perişdeleriň ýolbaşçylygy astynda şeýle wajyp habary ýaýradýarlar: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, Ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!» (Ylh. 14:7). Häzir bu habary ýaýratmagyň tüýs wagtydyr. Biz adamlary Beýik Babylyň «günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çykmagy» duýdurmaly (Ylh. 18:4). «Başga goýunlar» mesh edilenler bilen bilelikde adamlary Hudaý bilen «ýaraşmaga» çagyrýarlar (Ýahýa 10:16; 2 Kor. 5:20).
Ýehowanyň wadalaryna iman etsek, wagyz etmäge höwesimiz artar (13-nji abzasa serediň)
13. Wagyz etmek islegimizi artdyrmaga näme kömek eder?
13 Biz «höküm sagadynyň» gelendigine ynanýarys. Şeýle-de wagyz we şägirt taýýarlamak işiniň gaýragoýulmasyzdygyny bilýäris. Ýahýa resul görnüşde «ýeriň dört burçunda duran dört perişdeleri... olaryň ýeriň dört ýelini saklap durandygyny» görýär (Ylh. 7:1). Perişdeler uly muşakgatda bu ýellere böwet bolmazlar. Siz olary iman gözi bilen görýärmisiňiz? Eger görseňiz, bu size hoş habary ynamly wagyz etmäge kömek eder.
-
-
Siz «görünmez» Hudaýy görýärmisiňiz?Garawul diňi — 2014 | 15 aprel
-
-
a Müsürlileriň nowbahar ogullaryny Ýehowanyň perişdeleri öldürdiler.
-