Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/12 sah. 6—10
  • Pikiriňiz bulaşmasyn!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pikiriňiz bulaşmasyn!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • WAGTYNDA BERLEN DUÝDURYŞ
  • DOST-ÝARLARYŇYZY PAÝHASLY SAÝLAŇ
  • «TAGLYMATYŇYZA BERK ÝAPYŞYŇ»
  • PIKIRIŇIZI GORAŇ
  • Selanikliler we Timoteos kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ýehowanyň gününe taýýar boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Biri-biriňizi goldaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • «Mukaddes kitaplar barada söhbetdeş boldy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/12 sah. 6—10

Pikiriňiz bulaşmasyn!

«Eý doganlar, sizden haýyş edýäris... pikiriňiz haýdan-haý bulaşmasyn». 2 SEL. 2:1, 2 (TD)

OÝLANMAK ÜÇIN SORAGLAR

Pawlusyň Selaniklilere ýazan hatynda nähili ýerlikli duýduryş bar?

Aldawyň toruna düşmezlige näme kömek eder?

Patyşalyk baradaky habary yhlasly wagyz etmek nädip goraýar?

1, 2. Şu günler aldawçylyk näme üçin giňden ýaýran we muny nämeden görse bolýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

KEZZAPLYK, hilegärlik we ýalançylyk ýaly zatlar häzir dünýäde giňden ýaýran. Bu bizi geň galdyrmaly däl. Mukaddes Ýazgylara görä, dünýäniň hökümdary—Şeýtan Iblis; ol adamlary ussatlyk bilen aldaýar (1 Tim. 2:14; 1 Ýahýa 5:19). Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Şeýtan has-da gaharlanýar, çünki ol «wagtynyň azlygyny» bilýär (Ylh. 12:12). Şol sebäpli Iblisiň täsirine düşen adamlaryň kezzaplykda ýene-de ilerlejekdigi şübhesiz. Esasanam, olar hakyky seždä ýardam edýän adamlar barada ýalan sözlärler.

2 Habar beriş serişdelerinde Ýehowanyň gullukçylary we olaryň taglymatlary barada ýarym ýalan-ýarym çyn, hatda göz-görtele ýalan zatlar aýdylýar. Muny gazetdäki makalalar, telegepleşikler we Internet sahypalary arkaly ýaýradýarlar. Käbir adamlar, hatda Ýehowanyň gullukçylary-da şeýle ýalan maglumatlary barlaman, olara ynanyp başladylar.

3. Ýalana garşy durmaga bize näme kömek eder?

3 Biz Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen duşmanyň hilesine garşy durup bilýändigimize begenýäris, çünki ol «ýola getirmek... üçin peýdalydyr» (2 Tim. 3:16, 17). I asyrda Pawlus resulyň selanikli mesihçilere ýazan hatyndan olaryň ýalan zatlara ynanyp, aldawa düşendigini bilse bolýar. Ol şeýle ýazypdy: «Siziň pikiriňizi haýdan-haý sarsdyrmasyn (bulaşdyrmasyn, TD)» (2 Sel. 2:1, 2). Pawlusyň söýgi bilen beren duýduryşyndan nähili sapak edinse bolýar we onuň maslahatyna nädip eýerip bileris?

WAGTYNDA BERLEN DUÝDURYŞ

4. Selanikdäki mesihçilere «Rebbiň gününiň» gelmegi barada nähili duýduryş berildi we bize nähili duýduryş berilýär?

4 Pawlus selaniklilere ýazan birinji hatynda «Rebbiň gününiň» gelmegi barada aýdýar. Ol doganlarynyň tümlükde we taýýarlyksyz bolmagyny islemeýärdi. Gaýtam, olary «nura... degişli adamlar» hökmünde «oýa, hüşgär bolmaga» çagyrýar (1 Selanikliler 5:1—6-njy aýatlary okaň). Şu günler biz ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babylyň ýok edilmegine garaşýarys. Bu Ýehowanyň Beýik gününiň başlandygynyň alamaty bolar. Biz Ýehowanyň niýetine gitdigiçe aýdyň düşünýändigimize begenýäris. Şeýle-de ýygnak duşuşyklarynda hüşgär bolmaga kömek edýän yzygiderli ýatlatmalary öz wagtynda alyp durýarys. Şeýle ýatlatmalara ünsli bolsak, bize «saýgarma ukyplaryny» ulanyp, Hudaýa gaýduwsyz gulluk etmäge kömek eder (Ýew. 5:14).

5, 6. a) Pawlus selaniklilere ýazan ikinji hatynda nämä üns berdi? b) Tizden Hudaý Isa arkaly näme eder we biz özümize nähili soraglary bermeli?

5 Pawlus selaniklilere ýazan ikinji hatynda bolsa, muşakgatyň gelmegine üns berýär. Şonda Reb Isa «Hudaýy tanamaýanlaryň... Hoş Habara uýmaýanlaryň» üstünden Ýehowanyň çykaran hökümini amala aşyrar (2 Sel. 1:6—8). Pawlus hatynyň ikinji babynda käbir mesihçileriň Ýehowanyň gününiň gelendigine ynanyp, şol günden «gorkup» başlandyklaryny ýazýar (2 Selanikliler 2:1, 2-nji aýatlary okaň). Irki mesihçileriň Ýehowanyň niýeti baradaky düşünjesi çäklidi. Hatda Pawlus hem muny boýun alyp, şeýle diýdi: «Biz bölekleýin bilip, bölekleýin pygamberlik edýäris. Ýöne kämil bolan gelende, bölekleýin bolan aradan aýrylar» (1 Kor. 13:9, 10). Emma Pawlusyň, Petrusyň we başga-da mesh edilen doganlaryň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan maslahatlary olara wepaly galmaga kömek edipdir.

6 Pawlus olaryň nädogry garaýyşlaryny düzetmek üçin, Ýehowanyň güni gelmänkä, imandan dönmekligiň we «bikanun adamyň» peýda bolmalydygyny düşündirdia. Soňra Hudaýyň bellän güni Reb Isa «bikanun adamy» we onuň aldawyna düşen adamlaryň ählisini «ýok eder». Pawlus olara jeza berilmeginiň adalatlydygyny aýtdy, çünki «olar hakykaty söýmegi... ret etdiler» (2 Sel. 2:3, 8—10). Şol sebäpli biz özümize şeýle soraglary bersek gowy bolar: «Meniň hakykata bolan söýgim güýçlümi? Men şu žurnaly we Hudaýyň halkyna berilýän beýleki edebiýatlary okap, Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlaryň häzirki düşündirilişini özleşdirýärinmi?»

DOST-ÝARLARYŇYZY PAÝHASLY SAÝLAŇ

7, 8. a) Irki mesihçiler nähili howplara garşy göreşmelidiler? b) Şu günki mesihçilere, esasan, nähili howp abanýar?

7 Ýehowanyň gullukçylaryna imandan dönen adamlaryň taglymatlaryndan başga-da howp abanýardy. Pawlus Timoteosa şeýle ýazdy: «Her hili erbetligiň bir köki pul söýgüsidir. Käbir adamlar munuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar» (1 Tim. 6:10). Şeýle-de «ten işleri» hem elmydama howp salýardy (Gal. 5:19—21).

8 Pawlus Selanikdäki mesihçilere «galp resullar» barada berk duýduryş berýär. Olaryň käbiri «şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýýardy» (2 Kor. 11:4, 13; Res. iş. 20:30). Isa Efesosdaky ýygnagyň agzalaryny «ýaman adamlara çydap bilmeýändikleri» üçin öwdi. Efesosly mesihçiler «resul diýilýänleri synap», olaryň ýalançy, galp resullardygyna göz ýetirdiler (Ylh. 2:2). Pawlus selaniklilere ýazan ikinji hatynda şeýle maslahat berdi: «Doganlar... boş gezýän her bir dogandan daş durmagyňyzy Reb Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys». Soňra ol «işlemek islemeýän» mesihçileri aýratyn agzap geçdi (2 Sel. 3:6, 10). Eger taglymata uýmaýan we işlemek islemeýän mesihçilerden gaça durmaly bolsa, onda imandan dönen mesihçilerden gaça durmak has-da wajyp dälmi näme?! Hawa, şol döwürde şeýle adamlar bilen dostlaşmak örän howply bolup, olardan gaça durmaly bolan bolsa, onda bu maslahata eýermek häzir hem möhümdir (Sül. tym. 13:20).

9. Biz çaklama ýa-da tankydy gürrüňleri edýän adamlardan özümizi näme üçin goramaly?

9 Biz uly muşakgatyň we zalym dünýäniň soňunyň golaýlan döwründe ýaşaýarys. Şoňa görä-de, I asyrda Ýehowanyň ylhamy bilen berlen duýduryşy şu günler has-da wajypdyr. Biz Ýehowanyň «merhemetini boş ýere kabul edip», gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga bolan umytdan mahrum bolmak islemeýäris (2 Kor. 6:1). Eger ýygnak duşuşygyna gatnaşýan adamlardan biri öz şahsy çaklamalary ýa-da tankytlaýjy gürrüňleri bilen bizi azdyrjak bolsa, özümizi olardan goramaly (2 Sel. 3:13—15).

«TAGLYMATYŇYZA BERK ÝAPYŞYŇ»

10. Selanikdäki mesihçiler haýsy taglymatlara berk ýapyşmalydylar?

10 Pawlus Selanikdäki doganlaryna «berk durmagy» we öwrenen zatlaryna ýapyşmagy ündedi (2 Selanikliler 2:15-i okaň). Olaryň «öwrenen taglymatyna» nämeler degişlidi? Elbetde, Pawlus ýalan dini taglymatlary däl-de, eýsem, özüniň we başga mesihçileriň Isadan hem Hudaýdan alan taglymatlaryny göz öňünde tutdy. Olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylarda ýazylan. Pawlus Korintosdaky ýygnagyň doganlaryny öwüp, şeýle ýazypdy: «Her zatda meni ýada salýanlygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýanlygyňyz üçin men sizi taryplaýaryn» (1 Kor. 11:2). Bu taglymatlaryň ygtybarly gözbaşdan alnandygy üçin, olara ynanyp bolýardy.

11. Adam nädip aldanmagy mümkin?

11 Pawlus Ýewreýlere ýazan hatynda mesihçiniň imanyny gowşadýan we oňa berk durmaga päsgel berýän iki zady agzaýar (Ýewreýler 2:1; 3:12-nji aýatlary okaň). Ol «daşlaşmak» we «daşlaşan» ýaly sözleri ulanýar. Derýanyň ýakasynda tolkunlara çaýkanyp duran gaýygyň suwuň akymyna süýşüp gidenini duýman galmagyň mümkin. Biraz wagtdan ol kenardan has-da daşlaşar. Emma adamyň özi hem gaýygy iterip, ony kenardan daşlaşdyryp biler. Bu mysalyň ikisi-de aldawa düşen adamlaryň hakykata bolan imanynyň gowşamagyna ýol berýändigini gowy suratlandyrýar.

12. Nähili işler ruhy ýagdaýymyza zyýan ýetirip biler?

12 Selanikdäki mesihçileriň käbiri ýalan zatlaryň täsirine düşüp aldanan bolmaly. Şu günler barada näme diýse bolar? Wagtyňy alýan ähmiýetsiz zatlaryň köpelendigi barada oýlanyp göreliň. Meselem, internet arkaly gepleşmek, elektron habarlary ýazyp, olara jogap bermek, gowy görýän zatlaryň bilen meşgullanmak ýa-da iň soňky sport täzelikleri bilen tanyşmak ýaly zatlar örän köp wagtyňy alyp biler. Şu zatlar bilen meşgullanýan mesihçiniň yhlasy gowşap, hakykatdan daşlaşmagy mümkin. Netijede, ol ýürekden doga etmek, Hudaýyň Sözüni okamak, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak we hoş habary wagyz etmek ýaly işlerine zyýan ýetirip biler. Biz «pikirimiziň haýdan-haý sarsmagyndan», ýagny bulaşmagyndan gaça durmak üçin näme edip bileris?

PIKIRIŇIZI GORAŇ

13. Pygamberlige görä, köp adamlaryň garaýşy nähili we biz imanymyzy nädip gorap bileris?

13 Biz soňky günlerde ýaşaýandygymyzy we muny inkär edýän adamlar bilen wagtymyzy geçirmegiň howpludygyny unutmaly däl. Petrus resul bu babatda şeýle diýdi: «Ozaly bilen, biliň, ahyrky günlerde öz höweslerinde gezýän ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen gelip: „Rebbiň gelmeginiň wadasy hany? Atalar ölenden bäri hemme zat ýaradylyşyň başlangyjynda bolşy ýaly dur“ diýer» (2 Pet. 3:3, 4). Mukaddes Ýazgylary her gün we yzygiderli okasak, bu bize nähili döwürde, ýagny «ahyrky günlerde» ýaşaýandygymyzy unutmazlyga kömek eder. Imandan dönme baradaky pygamberlik bireýýäm ýerine ýetdi we ol häzirem dowam edýär. «Bikanun adam» Hudaýyň gullukçylaryna garşylyk görkezýär. Şol sebäpli biz Ýehowanyň gününiň golaýlaşandygyny ýatda saklamaly (Sef. 1:7).

14. Hudaýa edýän gullugymyz bizi nädip goraýar?

14 Hüşgär bolup, pikirimiziň bulaşmagyndan gaça durmak üçin Patyşalyk baradaky hoş habary yzygiderli wagyz etmeli. Ýygnagyň Başy Isa Mesih şägirtlerine: «Bütin milletleri şägirt ediň... Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» diýdi. Bu tabşyryk olary gorap bilerdi (Mat. 28:19, 20). Biz ony berjaý etmek üçin yhlasly wagyz etmeli. Siz Selanikdäki doganlaryň özlerini borçly hasaplap, wagyz gullugyny göwünli-göwünsiz ýerine ýetirendigini göz öňüne getirip bilermisiňiz? Ýadyňyzda bolsa, Pawlus olara: «Ruhy söndürmäň. Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň» diýip ýazdy (1 Sel. 5:19, 20). Biziň öwrenýän we adamlara gürrüň berýän pygamberligimiz, gör, nähili ajaýyp!

15. Maşgala okuwynda haýsy temalara seretmek peýdaly bolar?

15 Biz maşgala agzalarymyza hem wagyz gullugyny ökdelik bilen ýerine ýetirmäge kömek etmek isleýäris. Munuň üçin dogan-uýalaryň köpüsi maşgala okuwynyň bir bölüminde wagyz etmegi öwrenýärler. Belki-de, siz maşgala agzalaryňyzyň tapan gyzykly pikirlerini ara alyp maslahatlaşmagy peýdaly hasaplarsyňyz. Ikilenç idegde näme aýtsa bolar? Haýsy tema gyzyklanan adam bilen gürrüňi dowam etmäge kömek eder? Olaryň ýanyna haçan barsaň gowy bolar? Başga dogan-uýalaryň köpüsi bolsa, maşgala okuwynyň bir bölüminde ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanýarlar. Siz ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, oňa gatnaşmak üçin has köp tagalla edip bilersiňizmi? Bu size imanyňyzyň berkemegine we pikiriňiziň bulaşmagyndan gaça durmaga kömek eder (Zeb. 35:18). Hawa, maşgala okuwy çaklamalardan we tankydy gürrüňlerden gorar.

16. Mesh edilen mesihçileri pikirini özgertmän saklamaga näme höweslendirýär?

16 Ýehowa bize ençeme ýyldan bäri Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere has aýdyň düşünmäge kömek edýär. Bu gelejekde ajaýyp sylagyň garaşýandygyna bolan ynamyňy has-da berkidýär. Mesh edilen mesihçiler gökde Isa Mesih bilen höküm sürerler. Pikiriňi bulaşdyrman saklamaga, gör, nähili umyt! Pawlusyň selaniklilere ýazan şu sözleri häzirki mesh edilen mesihçilere-de degişli bolup biler: «Biz, eý Reb tarapyndan söýülýän doganlar, siz üçin hemişe Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Çünki Hudaý sizi Ruh arkaly mukaddes edilip, hakykata ynanmak bilen... saýlady» (2 Sel. 2:13).

17. 2 Selanikliler 3:1—5-nji aýatlarda nähili ruhlandyryjy sözler bar?

17 Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýan adamlar hem pikiriniň bulaşmagyndan gaça durmaga jan etmeli. Eger siz ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän bolsaňyz, onda Pawlusyň Selanikdäki mesh edilen mesihçilere söýgi bilen ýazan ruhlandyryjy sözlerini ýürekden kabul ediň (2 Selanikliler 3:1—5-nji aýatlary okaň). Biz olara çuňňur minnetdar bolmaly. Dogrudan-da, Pawlusyň selaniklilere ýazan hatynda çaklamalar ýa-da şübheli pikirler babatda möhüm duýduryş berilýär. Biz soňky günleriň ahyrynda ýaşaýarys, şol sebäpli şeýle maslahatlara örän minnetdardyrys.

[Çykgyt]

a Pawlus Resullaryň işleri 20:29, 30-njy aýatlarda mesihçiler ýygnagyna şeýle ýazdy: «Şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar». Şol döwürde ruhanylar bilen beýleki adamlaryň arasyndaky tapawudyň aýyl-saýyl bolup başlandygyny taryh hem tassyklaýar. B. e. III asyrynda «bikanun adamyň» hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylarydygy mälim boldy (1990-njy ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 10—14-nji sahypalaryna serediň).

[6-njy sahypadaky surat]

[7-nji sahypadaky surat]

Pawlus mesihçilere hat ýazyp, olara wagtynda duýduryş berdi (4, 5-nji abzaslara serediň)

[10-njy sahypadaky surat]

Gowy taýýarlyk we wagyz etmek «pikiriň haýdan-haý sarsmagyndan», ýagny bulaşmagyndan gorar (14, 15-nji abzaslara serediň)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş