Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/3 sah. 30—32
  • Kyn günlerde ýüregiňizi päk saklaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kyn günlerde ýüregiňizi päk saklaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýürek päkligi» näme aňladýar?
  • Päk ýürekli bolmak aňsat däl
  • Ten höwesleri dörände
  • Synaglarda «ýürek saplygyny» saklaň
  • Ýehowany «tanaýan... ýüregiňizi» barlaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/3 sah. 30—32

Kyn günlerde ýüregiňizi päk saklaň

ITALIÝANYŇ buthanalarynda ahlaksyzlyk sebäpli ýaňy-ýakynda bolan dawa barada Wittorio Messori (katolik dini boýunça žurnalist) şeýle diýdi: «Şu günler buthanalarda ahlaksyzlygyň ýaýrandygy hemmelere mälim. Ruhanylara öýlenmäge rugsat berläýende-de, ahlaksyzlyk ediler. Sebäbi ahlaksyzlyk edenleriň 80 göterimi gomoseksuallar, ýagny oglanjyklary we erkek adamlary zorlan ruhanylardy» («La Stampa» gazeti).

Erbetligiň giňden ýaýramagy biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy görkezýär (2 Tim. 3:1—5). Gazetlerde berilýän habarlara görä, ahlak taýdan bozuklyk diňe bir adamlara däl, eýsem, özüni Hudaýyň gullukçysy hasaplaýanlara-da erbet täsir edýär. Olaryň bozuk we azgyn ýüregi ahlaksyz işlere iterýär (Efes. 2:1, 2). Isa: «Erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar» diýip, ýöne ýere aýtmady (Mat. 15:19). Emma Ýehowa Hudaý gullukçylarynyň «ýürek saplygyny söýmeklerini» isleýär (Sül. tym. 22:11). Häzirki kyn günlerde mesihçi nädip ýüregini sap saklap biler?

«Ýürek päkligi» näme aňladýar?

Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» sözi köplenç göçme manyda ulanylýar. Bir sözlügiň düşündirişine görä, Ýazgylarda ulanylýan ýürek sözi «adamyň çuň duýgusyny, pikirini, islegini» görkezip, «ynsanyň iň esasy bölegi hasaplanýar, çünki ol Hudaý bilen gatnaşygyny dikeltmäge kömek edip, ahlak kadalaryny kesgitleýär». Ýürek biziň içki dünýämizi görkezýär. Şol sözlüge laýyklykda, Ýehowanyň barlaýan we gullukçylarynda iň gymmat saýýan zady hem ýürekdir (1 Pet. 3:4).

Mukaddes Ýazgylarda «päk» we «sap» sözleri beden arassaçylygyny aňladýar. Şeýle-de bu sözler ahlak we dini taýdan dogrulygy, çirksizligi, arassalygy görkezýär. Isa Dagdaky wagzynda şeýle diýdi: «Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler» (Mat. 5:8). Şeýle adamlaryň söýgüsi, islegi we niýeti päk bolýar. Olaryň bu häsiýetleri Ýehowany bütin kalby bilen çyn ýürekden söýmäge höweslendirýär (Luka 10:27). Sen hem päk ýürekli bolmak isleýänsiň, şeýle dälmi?

Päk ýürekli bolmak aňsat däl

Ýehowanyň gullukçylarynyň diňe «elleri tämiz» bolman, eýsem, olaryň «ýüregi-de sap» bolmaly (Zeb. 24:3, 4). Emma olara sap ýürekli bolmak gitdigiçe kynlaşýar. Sebäbi Şeýtanyň, onuň gol astyndaky dünýäniň we bikämil bedenimiziň täsiri örän güýçli, olar bizi Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar. Şu zatlara garşy durmak üçin, biz «ýürek päkligini» söýüp, hemişe sap ýürekli bolmaga çalyşmaly. Şeýtsek, Hudaý bilen dostlugymyzy berkidip, özümizi gorarys. Biz päk ýürekli bolmak üçin näme etmeli?

Ýewreýler 3:12-de şeýle diýilýär: «Eý doganlar, habardar boluň, siziň biriňizde diri Hudaýdan daşlaşan imansyzlygyň erbet ýüregi bolaýmasyn». Eger ýüregimizde «iman» bolmasa, «ýüregimizi päk» saklap bilmeris. Şeýtan Iblis Hudaýa bolan imanymyzy gowşatmak üçin nähili düşünjeleri ýaýradýar? Ol köp adamlary ewolýusiýa baradaky taglymata ynandyrýar, ahlak taýdan erkinlige we özbaşdaklyga höweslendirýär hem-de Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna şübhe döredýär. Biz şeýle howply pikir-düşünjelerden gaça durmaly (Kol. 2:8). Bulara garşy durmagyň iň güýçli usuly — her gün Mukaddes Ýazgylary okap, ol barada çuňňur oýlanmaly. Hudaýyň Sözünden öwrenýän zatlarymyz Ýehowa söýgimizi we eden işlerine minnetdarlygymyzy artdyrar. Eger biz ýalan taglymatlary inkär edip, Ýehowa bolan imanymyzy berkitmek islesek, onda şeýle söýgini we minnetdarlygy artdyrmaly, şonda ýüregimizi päk saklap bileris (1 Tim. 1:3—5).

Ten höwesleri dörände

Mundan başga-da, ýüregimizi päk saklamaga ten höwesleri we harsydünýälik päsgel berýär (1 Ýahýa 2:15, 16). Pul söýgüsi we baýlyga kowalaşmaklyk ýüregimizi azdyryp biler, çünki bu mesihçini Hudaýyň islegine garşy gelýän zatlary etmäge iterýär. Gynansak-da, käbirleri adamlary aldap, pul we başga zatlary ogurlap, halal işlemän başladylar (1 Tim. 6:9, 10).

Muňa garamazdan, Ýehowanyň göwnüne degmekden gorksak, adalaty söýsek we sap ynsaply bolmagy ýüregimize düwsek, biz «ýürek saplygyny» söýýändigimizi görkezýäris. Şeýle söýgi «her babatda oňat (dogruçyl, TD) gezmäge» höweslendirýär (Ýewreýler 13:18). Biz özümizi dogruçyl alyp barsak we halal işlesek, Ýehowany şöhratlandyryp bileris. Italiýaly Ýehowanyň Güwäçisi Emilio bilen bolan waka seredeliň. Ol awtobus sürüjisi bolup işleýär. Bir güni ol gapjyk tapýar, onuň içinde bolsa 680 dollar bardy. Ol gapjygy başlygyna getirip berende, işdeşleri oňa haýran galýar. Başlyk bolsa gapjygy eýesine gowşurýar. Bu Emilionyň işdeşlerine şeýle gowy täsir edýär welin, olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanyp, okuw geçip başlaýar. Şeýlelikde, iki maşgaladan ýedi adam hakykaty kabul edýär. Diýmek, özümizi päk ýürekden dogruçyl alyp barsak, başga adamlar hem Ýehowany şöhratlandyrar (Titus 2:10).

Şeýle-de mesihçiniň jynsy gatnaşyklara nädogry garaýşy bolsa, päk ýüregini zaýalap biler. Sebäbi häzir köp adamlar nikasyz ýaşaýşa, ýanýoldaşyna ikilik etmäge we gomoseksualizme bolaýmaly zat ýaly garaýarlar. Şeýle garaýyş mesihçiniň ýüregini azdyryp biler. Ahlaksyzlyga göwün beren adam günäsini ýaşyryp, ikiýüzlülik edip ýaşaýar. Bu «ýürek päkligi» däldir.

Gabriýel 15 ýaşynda suwda çokundyrylyp, derrew pioner gullugyna başlaýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, ol erbet oglanlar bilen tirkeşip, keýpi-sapa edilýän ýerlere gidip başlaýar (Zebur 26:4). Şeýdip, ahlaksyz hem ikiýüzli ýaşaýşa baş goşýar, şol sebäpli ol mesihçiler ýygnagyndan çykarylýar. Ýehowanyň beren temmisi ony oýlanmaga mejbur edýär. Gabriýel şeýle ýatlaýar: «Men öňler biparh garaýan zatlaryma ýürekden ýapyşdym. Mukaddes Ýazgylary her gün okap, Ýehowanyň sözlerine düşünjek bolýardym. Şeýdip, sadyk hyzmatkäriň çykarýan edebiýatlaryny ünsli okap başladym. Men köp zatlara göz ýetirdim. Şahsy okuw ruhy taýdan berkidip, göwnüňi göterýän ekeni. Mukaddes Ýazgylary okap we ýürekden doga edip, imanymy berkitdim». Netijede, Gabriýel ahlaksyz ýaşaýşyny goýup, Ýehowa bilen dostlugyny gaýtadan berkitdi.

Häzir Gabriýel aýaly bilen pioner bolup gulluk edýär. Bu wakadan görnüşi ýaly, Mukaddes Ýazgylar we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän edebiýatlary ahlaksyz ýaşaýşy goýup, päk ýürekli bolmaga kömek edýär (Mat. 24:45; Zeb. 143:10).

Synaglarda «ýürek saplygyny» saklaň

Ýehowanyň käbir gullukçylary yzarlamalar, ykdysady kynçylyklar we keselçilik sebäpli ruhdan düşýär. Şeýle ýagdaýlar olaryň hem ýüregine erbet täsir etmegi mümkin. Dawut patyşa hem şeýle ýagdaýa düşende: «Ruhum içimde tapdan düşdi, ýüregim içimde aňkardy» diýdi (Zeb. 143:4). Ol muňa nädip hötde geldikä? Dawut Hudaýyň öz gullukçylary üçin eden işlerini we özüni halas edişini ýada salýardy. Ol Ýehowanyň Beýik ady üçin eden işleri hakynda oýlanýardy. Dawut Hudaýyň işleri bilen gyzyklanýardy (Zeb. 143:5). Biz hem Ýaradyjymyz barada we Onuň biziň üçin edýän ähli işleri hakda oýlansak, bize-de synaglarda kömek eder.

Kimdir biri göwnümize degende ýa-da özümiz öýke-kine etsek, bizde nägilelik döräp biler. Bu barada hemişe oýlansak, dogan-uýalara nädogry garaýşy ösdüreris. Şeýle-de özümizi çetde tutup, imandaşlarymyz bilen gepleşmesek, olardan daşlaşmagymyz mümkin. Bu hereket «ýüregimizi sap» saklamaga kömek edermi? Biz päk ýürekli bolsak, onda dogan-uýalar bilen gowy gatnaşygymyz bolar we dörän düşünişmezligi çözüp bileris.

Mesihçiler gitdigiçe erbetleşýän we ahlaksyzlygyň möwç urýan döwründe ýaşasalar-da, bu dünýäden tapawutlanýarlar, çünki olar «ýüregi saplygy» söýýärler. Biz Hudaýyň islegine görä ýaşaýandygymyz üçin, kalbymyzda rahatlyk duýýarys. Esasanam, Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaý bilen ýakyn dostlugymyza begenýäris, sebäbi Ol «ýüregi sap» adamlary söýýär (Zeb. 73:1). Hawa, biz «Hudaýy görjek» bagtly adamlaryň arasynda ýaşarys, çünki Hudaý «ýüregi päkligi» söýýänleriň aladasyny edýär (Mat. 5:8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş