Ýaşlar, Ýehowa gulluk etmek höwesiňizi artdyryň
«Ýaşlyk günleriňde özüňi ýaradany ýatla». (WAG. 12:1)
1. Ysraýylda çagalar nämä çagyryldy?
TAKMYNAN üç müň bäş ýüz ýyl mundan öň Musa pygamber Ysraýylyň ruhanylaryna we ýaşulularyna şeýle diýdi: «Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary... ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler» (Kan. tag. 31:12). Hudaýa sežde etmek üçin kimler ýygnanyşmalydygyna üns beriň: erkekler, aýallar we çagalar. Hawa, kanuny diňlemek, öwrenmek we Ýehowanyň görkezmesine eýermek üçin hatda ýaşlaram çagyrylypdy.
2. I asyrda Ýehowa ýygnakdaky ýaşlaryň nädip aladasyny etdi?
2 I asyrda hem Ýehowa halkynyň arasyndaky çagalaryň aladasyny etdi. Meselem, Hudaýyň ylhamy bilen Pawlus resul ýygnaklara ýazan hatynda ýaşlara aýratyn nesihat berdi (Efesliler 6:1; Koloseliler 3:20-nji aýatlary okaň). Şol maslahatlara eýeren ýaş mesihçileriň söýgüden doly Atasyna minnetdarlygy artdy we bereketler aldylar.
3. Şu günler ýaşlar Hudaýa gulluk etmek islegini nädip görkezýär?
3 Şu günler ýaşlar Ýehowa sežde etmek üçin ýygnaga çagyrylýarmy? Hawa! Sebäbi Hudaýyň halky bütin dünýäde ençeme ýaşlaryň Pawlusyň: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» diýen maslahatyna eýerip, Hudaýa gulluk edýänini görüp, şatlanýar (Ýew. 10:24, 25). Şeýle-de çagalaryň köpüsi ata-eneleri bilen Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edýärler (Mat. 24:14). Her ýyl münlerçe ýaşlar Ýehowany ýürekden söýüp, özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylýar we Isanyň şägirdi bolup, bereketler alýarlar (Mat. 16:24; Mar. 10:29, 30).
Çakylygy häzir kabul et
4. Ýaşlar näçe ýaşynda Ýehowa gulluk etmek çakylygyny kabul edip biler?
4 Wagyzçy 12:1-de: «Ýaşlyk günleriňde özüňi ýaradany ýatla» diýilýär. Sen näçe ýaşyňda Ýehowa gulluk etmek çakylygyny kabul edip bilersiň? Mukaddes Ýazgylarda näçe ýaşdan başlap gulluk etmelidigi aýdylmaýar. Şol sebäpli Ýehowa gulak asyp, oňa sežde eder ýaly örän ýaşdyryn öýtme. Sen näçe ýaşyňda bolsaň-da, gaýragoýman bu çakylygy kabul et.
5. Ata-eneler çagalaryna ruhy taýdan ösmäge nädip kömek edip biler?
5 Siziň köpüňize ruhy taýdan ösmäge ata-eneleriňiz kömek edendir. I asyrda Timoteosa hem şeýle kömek berlipdi. Ol entek çagaka, ejesi Ewniki we mamasy Lois oňa Mukaddes Ýazgylary öwredipdi (2 Tim. 3:14, 15). Ata-eneň seniň bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip, doga edip, ýygnaklara, kongreslere gatnaşyp, wagyz edip, şeýle terbiýe berendir. Ýehowanyň hut özi ýoluny saňa öwretmäge jogapkärli borjy ata-eneňe ynandy. Sen olaryň söýgüsine we edýän aladasyna seslendiňmi? (Sül. tym. 23:22).
6. a) Zebur 110:3-e görä, Ýehowa nähili sežde ýaraýar? b) Biz nämä serederis?
6 Ýehowa ýaşlaryň ulaldygyça, Timoteos ýaly «Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlamagyny» isleýär (Rim. 12:2). Sen muny aňlaýan bolsaň, ataň-eneň islegine görä däl-de, Hudaýyň islegini berjaý edesiň gelýändigi üçin ýygnagyň işlerine gatnaşarsyň. Sen Ýehowa meýletin gulluk etseň, bu oňa ýaraýar (Zeb. 110:3). Ýehowa gulak asmak we onuň görkezmesine eýermek howesiňi nädip artdyryp bilersiň? Muny üç usul, ýagny Mukaddes Ýazgylary okap, doga edip we özüňi alyp barşyň bilen görkezip bilersiň. Geliň, bu üç usula aýratynlykda seredeliň.
Ýehowany gowy tana
7. Isa Mukaddes Ýazgylary öwrenmek babatda nähili görelde görkezdi we oňa kim kömek etdi?
7 Birinjiden, sen her gün Mukaddes Ýazgylary okap, Ýehowa gulluk etmek höwesiňi artdyrarsyň. Şeýle-de ruhy zerurlyklaryňy kanagatlandyraryp, Mukaddes Ýazgylardan gymmatly bilim alarsyň (Mat. 5:3). Isa bu babatda gowy görelde görkezdi. Bir gezek ol 12 ýaşyndaka, ata-enesi ony ybadathanadan tapýar, «Ol mugallymlaryň arasynda oturyp, olara gulak asyp, soraglar berýärdi» (Luka 2:44—46). Onuň çagalykdan Mukaddes Ýazgylary düşünmäge güýçli höwesi bardy. Hudaýyň Sözüni düşünmäge oňa kim kömek etdi? Elbetde ejesi Merýem we kakalygy Ýusup uly ýardam etdiler. Olar Hudaýyň gullukçylary bolandygy üçin Isa çagalykdan Hudaý barada bilim berdi (Mat. 1:18—20; Luka 2:41, 51).
8. a) Ata-eneler çagalaryny näçe ýaşyndan Hudaýyň Sözüne bolan höwesini artdyrmaly? b) Çagalara bäbeklikden Mukaddes Ýazgylary öwretmegiň peýdaly bolýandygyny mysal getiriň.
8 Şu günler Hudaýdan gorkýan ata-enelerem, çagalarynyň ýüreginde Mukaddes Ýazgylardaky hakykata bolan islegi artdyrmalydygyna düşünýärler (Kan. tag. 6:6—9). Rubi atly uýa ilkinji ogly Ýusup doglandan soňra her gün «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalary» okaýardy. Ogly biraz ulalansoň, oňa käbir aýatlary ýat tumaga kömek etdi. Bu Ýusuba peýdaly boldumy? Ýusup dil açansoň, Mukaddes Ýazgylardan köp hekaýalary öz sözi bilen gürrüň berýärdi. Bäş ýaşy dolanda bolsa, ol Teokratik gulluk mekdebinde ilkinji gezek çykyş etdi.
9. Mukaddes Ýazgylary okamak we okan zatlaryň barada oýlanmak näme üçin wajyp?
9 Ýaşlar, siz ýetginjeklikden tä ulalýançaňyz ruhy taýdan öser ýaly her gün Mukaddes Ýazgylary okamagy endik etmeli (Zeb. 71:17). Näme üçin Mukaddes Ýazgylary okasaň, ruhy taýdan ösmäge kömek eder? Isanyň dogada Atasyna näme diýenine üns ber. Ol: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy... tanamakdyr» diýdi (Ýahýa 17:3). Sen Ýehowany näçe köp bildigiňçe, onuň Şahsyýetdigine berk ynanarsyň we oňa bolan söýgiň artar (Ýew. 11:27). Şonuň üçin her gezek Mukaddes Ýazgylardan parçalary okanyňda, Ýehowa barada köpräk bilmäge jan et. Özüňe şeýle soraglar ber: «Men bu wakalardan Ýehowa barada näme bildim? Olarda Ýehowanyň söýgüsi we maňa bolan garaýşy nähili görkezilýär? Şu soraglaryň üstünde oýlanmak üçin wagt sarp etseň, Ýehowanyň garaýşyny we duýgusyny hem-de senden näme talap edýänini bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5-nji aýatlary okaň). Sen ýaş Timoteos ýaly Mukaddes Ýazgylardan bilen zatlaryňa «doly ynanarsyň» we höwes bilen Ýehowa sežde edersiň (2 Tim. 3:14).
Doga edip, Ýehowa bolan söýgiňi artdyr
10, 11. Ýehowa gulluk etmek höwesiňi artdyrmaga doga nädip kömek edýär?
10 Ikinjiden, sen doga edip, Ýehowa ak ýürekden gulluk etmek höwesiňi artdyryp bilersiň. Zebur 65:2-de biz şeýle okaýarys: «Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär» (Zeb. 65:2). Hatda Hudaýyň äht baglaşan ysraýyl halkynyň ýaşan döwründe-de, Ýehowanyň ybadathanasyna başga milletiň adamlary gelip, Oňa doga edip bilýärdi (1 Pat. 8:41, 42). Hudaý hiç kimi ala tutmaýar. Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýän adamlar, dilegleriniň eşidilýändigine ynanýarlar (Sül. tym. 15:8). «Ähli adamzada» ýaşlar hem degişli.
11 Sen dostlaşmak üçin gowy pikir alyşmagyň wajyplygyny bilýänsiň. Ýakyn dostuňa pikiriňi, garaýşyňy we duýgyňy gürrüň bermegi gowy görýänsiň. Şonuň ýaly Beýik Ýaradyja ýürekden doga edip, onuň bilen gepleş (Flp. 4:6, 7). Söýgüli ata-eneňe ýa-da ýakyn dostuňa ýüregiňi döküşiň ýaly, Ýehowa hem ýüregiňdäkiňi aýt. Seniň nähili doga edişiň bilen Ýehowa bolan garaýşyň arasynda berk baglanyşygy bar. Sen Ýehowa näçe ýakynlaşdygyňça, şonça-da edýän dogalaryň manyly bolýandygyna göz ýetirersiň.
12. a) Manyly doga eder ýaly, näme üçin diňe söz sözlemek ýeterlikli däl? b) Ýehowanyň saňa ýakyndygyna düşünmäge näme kömek eder?
12 Manyly doga etmek üçin diňe söz sözlemek ýeterlikli däldigini unutma. Sen ýüregiňdäki duýgulary hem bildirip bilersiň. Doga edeniňde mähirli söýgiňi, çuňňur hormatyňy we Ýehowa doly bil baglaýandygyňy aýt. Şonda sen Ýehowanyň dogalaryňa jogap berýändigini duýarsyň we «Reb özüni çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndygyna» öňküden-de, gowy düşünersiň (Zeb. 145:18). Hawa, Ýehowa saňa ýakynlaşar, Iblise garşy durmaga güýç berer we durmuşda dogry ýoly saýlarsyň (Ýakup 4:7, 8-nji aýatlary okaň).
13. a) Bir uýa Hudaý bilen dostlugy nädip kömek etdi? b) Hudaý bilen dostlugyň deň-duşlaryň erbet täsirine garşy durmaga nädip ýardam edýär?
13 Şeriniň Ýehowa bilen dostlugy oňa nädip kömek edendigine seredeliň. Ol mekdepde ýokary klaslarda okanda, sport ugrundan üstünlikler gazanyp, gowy okany üçin baýrak alýar. Mekdebi gutaranda, ýokary bilim alar ýaly oňa stipendiýa (ylymhak) teklip edilýär. Şeri şeýle diýýär: «Bu özüne çekiji teklipdi. Türgençim we klasdaşlarym maňa bu teklibi kabul etdirjek bolup, elinde baryny etdiler». Şeri ýokary bilim almak üçin okamaga we sport ýaryşlaryna taýýarlanmaga köp wagt sarp etse, Ýehowa gulluk etmäge az wagt galjagyna düşünýärdi. Şeri näme etdi? Ol şeýle diýýär: «Ýehowa doga edenimden soň, ýokary bilim almak teklibini ret edip, pioner gullugyna başladym». Häzir ol bäş ýyl bäri pioner bolup gulluk edýär. Ol: «Men hiç zada ökünemok. Ýehowa ýaraýan karara gelendigim üçin men begenýärin. Hakykatdan-da, eger Hudaýyň Patyşalygyny durmuşyňda birinji orunda goýsaň, ähli zat üstüne goşulyp berler» diýdi (Mat. 6:33).
Özüňi gowy alyp barmagyň «ýüregiň saplygyny» görkezýär
14. Ýehowanyň öňünde özüňi gowy alyp barmak näme üçin wajyp?
14 Üçünjiden, sen özüňi gowy alyp barsaň, Ýehowa höwes bilen gulluk edýäniňi görkezersiň. Ýehowa ahlak taýdan arassa ýaşlara ak pata berýär (Zebur 24:3—5-nji aýatlary okaň). Ýaş Samuel baş ruhany Eli ogullarynyň edýän ahlaksyzlygyna eýermedi. Samueliň özüni gowy alyp barşy göze ilmän galmady. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Samuel şol ýerde ulalyp, hem Taňrynyň, hem-de halkyň mährini gazandy» (1 Sam. 2:26).
15. Sen näme üçin özüňi gowy alyp barmaly?
15 Biz Pawlusyň aýdyşy ýaly özüni söýýän, tekepbir, ene-ata boýun egmeýän, zalym we ýagşylyga duşman, dönük, lezzeti Hudaýdan köp söýýän adamlaryň arasynda ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Şeýle adamlaryň arasynda ýaşap özüňi göreldeli alyp barmak kyn bolýar. Emma sen her gezek ýamanlykdan gaça durup, dogry işleri etseň, jedelli meselede Ýehowanyň tarapyny tutýanyňy görkezýärsiň (Eýýup 2:3, 4). Şeýle-de Ýehowanyň: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýen mähirli sözlerine gulak asýandygyňdan, kanagat taparsyň (Sül. tym. 27:11). Galyberse-de, Ýehowanyň halaýan zatlaryny edýändigiňe düşünip, oňa gulluk etmek höwesiňi artdyrarsyň.
16. Bir uýa Ýehowanyň ýüregini nädip şatlandyrdy?
16 Karel atly uýa ýetginjek döwri mekdepde okanda, onuň özüni gowy alyp barşyna üns berdiler. Karel Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça terbiýelenen ynsabyna görä, baýramçylyklara we watany wasp edýän dabaralara gatnaşmaýardy. Şol sebäpli, onuň klasdaşlary üstünden gülýärdi. Şonda ol käwagt klasdaşlaryna dini barada gürrüň berýärdi. Birnäçe ýyl geçensoň Karel bir klasdaş gyzdan otkrytka alýar. Ol şeýle ýazdy: «Men hemişe saňa duşuşyp sag bolsun aýdasym gelýärdi. Özüňi gowy alyp barşyň, ýaş mesihçi ýaly göreldäň we baýramçylyklara gatnaşmaýandygyň göze ilmän galmady. Ilkinji gezek Ýehowanyň Güwäçilerinden saňa duşdum». Kareliň göreldesi klasdaşyna gowy täsir edendigi sebäpli, soňra ol Mukaddes Ýazgylary okap başlady. Karele otkrytka ýazanda, klasdaşy kyrk ýyldan gowrak suwda çokundyrylan Ýehowanyň Güwäçisidi! Şu günlerem Karel ýaly ýaşlar Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine berk eýerip, akýürekli adamlary Ýehowa barada bilim almaga höweslendirýär.
Ýehowany şatlandyrýan ýaşlar
17, 18. a) Siz ýygnagyňyzdaky ýaşlara nähili garaýarsyňyz? b) Hudaýdan gorkýan ýaşlara nähili gelejek garaşýar?
17 Biziň ählimiz Ýehowanyň bütindünýä guramasynda müňlerçe ýaşlaryň Ýehowa yhlasly gulluk edýänini görüp, guwanýarys! Şol ýaşlar her gün Mukaddes Ýazgylary okap, doga edip we Hudaýyň islegine görä özüni alyp baryp, Ýehowa gulluk etmek höwesini artdyrýar. Şeýle ýaşlaryň göreldesi ata-enelerini we Ýehowanyň gullukçylaryny ruhlandyrýar (Sül. tym. 23:24, 25).
18 Gelejekde, Hudaýyň wada eden täze dünýäsine geçen adamlaryň arasynda Ýehowa wepaly ýaşlar hem bolar (Ylh. 7:9, 14). Ýehowadan aljak bereketleri üçin ýaşlaryň minnetdarlygy artar we olar Hudaýy ebedi şöhratlandyrar (Zeb. 148:12, 13).
Siz nähili düşündirersiňiz
• Şu günler ýaşlar hakyky seždä nädip gatnaşyp biler?
• Mukaddes Ýazgylardan okan zatlaryň barada oýlanmak näme üçin peýdaly?
• Sen doga arkaly nädip Ýehowa ýakynlaşyp bilersiň?
• Mesihçileriň özüni gowy alyp barmagy nähili netijeler berýär?