Ýaşlar, beýik Ýaradyjyňyzy ýatlaň
«Ýaşlyk günlerinde özüňi ýaradany ýatla» (WAG. 12:1).
1. Ýehowa ýaş mesihçilere ynamyny nädip bildirýär?
ÝEHOWA üçin ýaş mesihçiler säher çygy kimin ýakymlydyr. Isa goşunyny urşa äkidende, ýaş oglanlar we gyzlar oňa «meýletin häzir bolup», gulluk ederler diýip, Hudaý pygamberlik etdi (Zeb. 110:3). Köp adamlaryň Hudaýdan ýüz öwrüp, özüni söýýän we nebsine çapyp, özdiýenli bolýan döwründe bu pygamberlik berjaý bolmalydy. Emma Ýehowa ýaş gullukçylarynyň şeýle adamlaryň ýolundan ýöremejekdigini bilýärdi. Ýaş dogan-uýalar, Ýehowa size, gör, nähili ynam bildirýär!
2. Ýehowany ýatlamak nämäni aňladýar?
2 Beýik Ýaradyjysyny ýatlaýan ýaşlary görüp, Hudaýyň nähili begenýändigini göz öňüne getiriň (Wag. 12:1). Ýehowany ýatlamak diňe ol barada pikir etmegi aňlatmaýar. Bu onuň islegini berjaý etmegi, her gün onuň kanunlary we prinsipleri boýunça ýaşamagy aňlatýar. Şeýle-de Ýehowa bil baglamaly we bizi iň gowy ýoldan ýöredýändigine ynanmaly (Zeb. 37:3; Iş. 48:17, 18). Beýik Ýaradyja bolan şeýle ynam sizde barmy?
Ýehowa «bütin ýüregiň bilen bil bagla»
3, 4. Isanyň Ýehowa bil baglandygy nämeden görünýär we bize näme üçin Ýehowa bil bagalamak wajyp?
3 Isa Ýehowa bil baglap, iň gowy görelde görkezdi. Ol Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlardaky: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» diýen sözlere laýyklykda ýaşaýardy. Isa suwda çokundyrylandan soň, Şeýtan dünýäniň hökümdarlygyny we şan-şöhratyny hödürläp synady (Luka 4:3—13). Isa aldanmady. Ol hakyky «baýlyk, hormat we ýaşaýyş» — «pes göwünlilik we Rebden gorkmagyň sylagydygyny» bilýärdi (Sül. tym. 22:4).
4 Bu zalym dünýäde açgözlük we özüňi bilmeklik höküm sürýär. Şeýle zalym dünýäde Isanyň göreldesine eýermek wajyp. Şeýtan Ýehowanyň gullukçylaryny ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan çykarmak üçin elinden gelenini edýändigini unutmalyň. Ol ähli adamlaryň heläkçilige eltýän giň ýoldan ýöremegini isleýär. Onuň aldawyna düşmäň! Beýik Ýaradyjyny ýatlamagy ýüregiňize berk düwüň! Ähli zatda oňa bil baglap, ýetip gelýän «soňsuz ýaşaýşa» berk ýapyşyň (1 Tim. 6:19).
Oglanlar we gyzlar, paýhasly boluň!
5. Siziň pikiriňizçe, dünýä näme garaşýar?
5 Beýik Ýaradyjysyny ýatlaýan ýaşlar deň-duşlaryna garanyňda, paýhasly bolýarlar (Zebur 119:99, 100-nji aýatlary okaň). Olar ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, bu zalym dünýäniň soňunyň ahyrlap gelýändigine düşünýärler. Siz ýaş bolsaňyz-da, şu günler adamalaryň gelejege umytsyz we rahatsyz ýaşaýandygyna üns berensiňiz. Siz mekdepde tebigatyň hapalanmagy, howanyň maýlamagy, tokaýlaryň çapylmagy we beýlekei meseleler barada eşidensiňiz. Adamlar dünýäde bolýan zatlar barada juda aladalanýarlar, emma diňe Ýehowanyň Güwäçileri bu wakalar Şeýtanyň dünýäsiniň soňunyň alamatydygyny anyk göz ýetirýärler (Ylh. 11:18).
6. Käbir ýaş mesihçiler nähili duzaga düşdüler?
6 Gynansak-da, käbir ýaş mesihçiler hüşgär bolman, bu zalym dünýäniň wagtynyň az galandygyny unutdylar (2 Pet. 3:3, 4). Käbirleri bolsa, ýaman ýaranlar bilen dostlaşyp we bihaýa zatlara seredip, agyr günä etdiler (Sül. tym. 13:20). Zalym dünýäniň soňunyň ahyrlap gelýän wagtynda biz Hudaýyň merhemetini ýitirsek, nähili akylsyzlyk bolar! B. e. öň 1473-nji ýylda ysraýyllylar Wada edilen diýara golaýlaşanda, olaryň Moab düzlüginde düşlän wagty näme bolandygyna üns bereliň. Ol ýerde näme bolduka?
Olar Wada edilen diýara golaýlaşanda ýykyldylar
7, 8. a) Şeýtan Moab düzlüginde nähili mekirligi ulandy? b) Şu günler Şeýtan näme edýär?
7 Şeýtan ysraýyllaryň Wada edilen diýara girmegine päsgel bermek isleýärdi. Balam arkaly onuň gargyşy ýerine ýetmänsoň, ysraýyllylar Ýehowanyň ak patasyny almaz ýaly, ol has mekir usuly ulandy. Owadan moab aýallary ysraýyllary azdyrdy we şonda Şeýtan belli bir derejede öz maksadyna ýetdi. Ysraýyllylar moab gyzlary bilen ahlaksyzlyk edip, Baal-Peor taňrysyna sežde etdiler. Wada edilen diýar — olaryň gymmatly mirasy golaýdaka, 24 müňe golaý ysraýyllar öldürildi. Bu örän pajygally boldy! (San. 25:1—3, 9).
8 Biz şu günler ondan gowy diýaryň, täze dünýäniň bosagasynda. Şeýtan ýene-de Hudaýyň halkyny azdyrmak üçin ahlaksyzlyk duzagyny gurýar. Bu dünýäniň ahlak kadalary pese düşendigi sebäpli adamlar nikasyz jynsy gatnaşygy utanç hasaplamaýar we gomoseksualizmi ýazgarmaýarlar. Bir uýa şeýle diýýär: «Meniň çagalarym diňe öýde hem-de Patyşalyk zalynda gomoseksualizmiň we nikasyz jynsy gatnaşygyň Hudaýyň öňünde agyr günädigini eşidýärler».
9. Ýaşlarda nähili duýgy bolmagy mümkin we ýaşlar ony nädip ýeňip biler?
9 Beýik Ýaradyjyny ýatlaýan ýaş mesihçiler jynsy gatnaşyk Hudaýyň beren aýratyn sowgadydygyny we onuň mukaddes ýaşaýyş hem-de çaga dogurmak bilen baglydygyny bilýärler. Olar Hudaýyň görkezmesi boýunça, jynsy gatnaşygyň diňe nikada bolmalydygyny bilýärler (Ýew. 13:4). Emma ýaşlyk ýyllary jynsy gatnaşyk islegi güýçli bolýar we paýhasdan üstün çykýar, şol sebäpli ýaşlyk döwründe ahlak taýdan arassa galmak kyn bolýar (1 Kor. 7:36). Ahlaksyz pikirler dörände näme etmeli? Ýehowa gyzgyn doga edip, arassa zatlar barada oýlanmaga kömek soramaly. Ýehowa ýürekden doga edýän adamlaryň dogasyny hemişe eşidýär (Luka 11:9—13-nji aýatlary okaň). Arassa we imanyňy berkidýän zatlar barada edilýän gürrüňler pikiriňi gowy zatlara gönükdirmäge kömek edýär.
Dogry maksatlar goýuň!
10. Biz nähili erbet pikirlerden gaça durmaly we özümize nähili soraglar bermeli?
10 Bu zalym dünýäde ýaşlaryň köpüsi özüne erk edip bilmän, ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýarlar. Munuň bir sebäbi, olarda Hudaýyň görkezmesiniň «ylhamy» we gelejege bolan berk umyt ýok (Sül. tym. 29:18). Olar Işaýanyň günlerindäki Hudaýdan ýüz öwren ysraýyllylara meňzeýärler. Olaryň maksady «şatlanyp, guwanmakdy. . . et iýip, şerap içmekdi» (Iş. 22:13). Şeýle adamlara göz gyzdyrman, Hudaýyň wepaly gullukçylaryna beren wadalary barada oýlansak, gowy bolmazmy? Siz täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarmysyňyz? Siz «mübärek umydyňyza. . . garaşyp. . . sagdyn düşünjeli. . . ýaşamaga» jan edýärsiňizmi? (Titus 2:12, 13). Bu soraglaryň jogaby siziň durmuşda ileri tutýan zatlaryňyzy we goýýan maksatlaryňyzy görkezýär.
11. Ýaş mesihçiler näme üçin mekdepde gowy okamaly?
11 Bu dünýä ýaşlaryň bar güýjüni oňa sarp etmegini isleýär. Elbetde, siz mekdepde okaýan bolsaňyz, hömany bilim almak üçin gowy okamaly. Siziň maksadyňyz diňe bir gowy iş tapmak däl-de, ýygnakda yhlasly we ökde wagyzçy bolmaly. Munuň üçin adamlar bilen gowy aragatnaşyk saklamagy endik edinmeli, logiki taýdan pikirlenmegi hem-de öz pikiriňi rahat we hormatly aýtmagy öwrenmeli. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän we onuň prinsiplerine eýerýän ýaşlar iň gowy bilim alýarlar. Şeýtmek bilen, olar bagtly ebedi durmuşyň düýbüni tutýarlara (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň).
12. Mesihçi maşgalalar nähili göreldä eýermeli?
12 Ysraýylda ata-eneler çagalarynyň bilimli bolmagynyň aladasyny edýärdiler. Olar çagalaryna ähli taraplaýyn, esasanam, Hudaý we onuň kanunlaryny öwredýärdiler (Kanun. 6:6, 7). Ata-enelerine we hudaýhon adamlara gulak asýan ýaş ysraýyllylar diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, paýhaslygy, düşgürligi we pähimi ösdürýärdiler. Bu Hudaýyň berýän gymmatly häsiýetleridir (Sül. tym. 1:2—4; 2:1—5, 11—15). Şu günler mesihçi maşgalalar hem bilime şeýle garaýyşda bolmaly.
Sizi söýýänlere gulak asyň
13. Käbir ýaş mesihçilere nähili maslahatlar berilýär we olar näme üçin seresap bolmaly?
13 Şu günler ýaşlara dürli adamlar, şol sanda, mekdep mugallymlary-da maslahat berýärler. Olar ýaşlary bu dünýäde üstünlik gazanmaga höweslendirýär. Emma siz howlukman Hudaýyň Sözündäki we sadyk hem akylly hyzmatkäriň edebiýatlaryndaky prinsiplerini göz öňünde tutuň, doga edip, olaryň beren maslahaty barada oýlanyň. Siz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Şeýtanyň esasy nyşany ýaşlardygyny we tejribesiz adamlardygyny bildiňiz. Mysal üçin, Erem bagynda tejribesiz How ene keseki we asla onuň aladasyny etmeýän Şeýtana gulak asdy. Eger How ene ähli zatda söýgüsini bildiren Ýehowa gulak asan bolsady, onuň durmuşy başgaça bolardy (Bar. 3:1—6).
14. Biz näme üçin Ýehowa we mesihçi ata-enemize gulak asmaly?
14 Beýik Ýaradyjy sizi çyn ýürekden söýýär we onuň söýgüsi päkdir. Ol biziň diňe şu günler däl, ebedi bagtly bolmagymyzy isleýär! Ol mähirli atalyk aladasyny edip, size we ähli gullukçylaryna şeýle ýüzlenýär: «Ine ýol, şundan ýöräň» (Işaýa 30:21). Siziň ata-eneňiz Ýehowany çuňňur söýýän bolsa, bu uly bereketdir. Siz maksat goýanyňyzda, olaryň berýän maslahatyna gulak asyň (Sül. tym. 1:8, 9). Sebäbi olar siziň bu dünýäniň baýlygyndan we şan-şöhratyndan has gymmatly ebedi ýaşaýşy almagyňyzy isleýär (Mat. 16:26).
15, 16. a) Biz näme üçin Ýehowa bil baglaýarys b) Barugyň mysalyndan biz näme öwrenýäris?
15 Beýik Ýaradyjysyny unutmaýan adamlar Ýehowanyň «her giz terk etmejekdigine» we «taşlamajakdygyna» ynanyp, ýönekeý ýaşamaga çalyşýarlar (Ýewreýler 13:5-i okaň). Şeýle Hudaýa ýaraýan garaýşyň dünýewi adamlaryň pikirine gabat gelmeýändigi sebäpli, bu zalym dünýäniň ruhy bize täsir etmez ýaly hüşgär bolmaly (Efes. 2:2). Ýeremiýanyň mürzesi Barugyň mysalyna seredeliň. Baruk b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilmezden öň, kyn döwürde ýaşapdy.
16 Baruk baý ýaşamak isledi. Ýehowa muňa üns berip: «Uly zady gözleme» diýip, mähir bilen duýdurdy. Ol kiçigöwünli we paýhasly bolup, Ýehowa gulak asdy, şol sebäpli Iýerusalim weýran edilende diri galdy (Ýerem. 45:2—5). Ýehowany ilkinji orunda goýmadyk Barugyň döwürdeşleri «uly zatlary», ýagny baýlygy ýygnadylar, haçanda babyllylar ýurdy basyp alanda, olar ähli zadyndan mahrum boldular. Hatda olaryň köpüsini öldürdiler (2 Tar. 36:15—18). Barugyň mysaly bize Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyň dünýewi baýlykdan we şan-şöhratdan möhümdigini görkezýär.
Gowy göreldelere eýeriň
17. Isa, Pawlus resul we Timoteos şu günki Ýehowanyň gullukçylaryna nähili gowy görelde görkezdi?
17 Hudaýyň Sözünde bize ýaşaýyş ýolundan ýöremäge kömek berýän ençeme ajaýyp mysalalar bar. Meselem, Isa örän zehinli adam bolsa-da, ol adamlaryň ebedi ýaşaýşa gowuşmagy üçin ähli güýjüni sarp etdi; onuň üçin «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny» wagyz etmek möhümdi (Luka 4:43). Pawlus resul Ýehowa iň gowy zatlary bermek üçin düşewüntli kärini goýup, ähli wagtyny we güýjüni Patyşalyk barada hoş habary wagyz etmäge sarp etdi. Pawlusyň «imanda ogly» bolan Timoteos, onuň göreldesine eýerdi (1 Tim. 1:2). Isa, Pawlus resul we Timoteos şeýle ýoly saýlandyklaryna ökündilermi? Ýok! Pawlus resul Hudaýa gulluk etmegi hormat hasaplaýardy we bu zalym dünýäniň hödürleýän zatlaryny «syr-süplük saýýardy» (Flp. 3:8—11).
18. Bir ýaş dogan nähili özgerişler etdi we ol näme üçin ökünmeýär?
18 Ýaş mesihçileriň köpüsi Isanyň, Pawlusyň we Timoteosyň göreldesine eýerýärler. Meselem, düşewütli işini goýan bir ýaş dogan şeýle ýazýar: «Men Mukaddes Ýazgylaryň prinsipler boýunça ýaşaýandygym üçin işe yhlasly bolup, ýokary wezipä çekildim. Men köp gazanç etsem-de, barynyň ýele sowulýandygyny duýdum. Kärhana başlygyna doly wagtly gulluk etmek islegim barada aýdanymda, ol pikirimi üýtgederin öýdüp, derrew iş hakymy köpeltjekdigini aýtdy. Emma men ýüregime berk düwüpdim. Köp adamlar düşewüntli işimi goýup, näme üçin pioner bolup gulluk edýändigime düşünmeýär. Meniň jogabym şeýle: men özümi Hudaýa bagyş edişime görä ýaşamak isleýärin. Indi, Hudaýa gulluk etmek durmuşymda esasy orunda durýar. Men indi hakykatdanda bagtly we durmuşdan kanagatlanýaryn, muny maňa pul we at-abraý berip bilmez».
19. Ýaş mesihçilere nämäni saýlamak paýhasly bolar?
19 Bütindünäde müňlerçe ýaş mesihçiler şeýle paýhasly karara geldiler. Oglanlar we gyzlar, geljekki kararyňyz barada oýlananyňyzda, Ýehowanyň gününi ýada salyň (2 Pet. 3:11, 12). Bu dünýäden üstünlik gazanýanlara göz gyzdyrman, sizi hakykatdan söýýänleriň maslahatyna gulak asyň. «Gökde hazyna ýygnamak» iň peýdaly goýumdyr we oňa ebedi ýaşaýyş bagly (Mat. 6:19, 20; 1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Beýik Ýaradyjyňyzy ýatlasaňyz, Ýehowa sizi sylaglar.
a Ýokary bilim almak we hünär saýlamak baradaky mesele, 2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 26—31-nji sahypalarynda seredildi.
Ýadyňyzdamy?
• Biz Ýehowa nädip bil baglamaly?
• Haýsy bilim iň gowy bilim?
• Biz Barugyň mysalyndan näme öwrenýäris?
• Kimler we nämede bize iň gowy göreldäni görkezdi?