Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/1 sah. 17—21
  • Ýaşlyk döwründe paýhasly karara geliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşlyk döwründe paýhasly karara geliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • IŇ WAJYP KARAR
  • SEN ÝAŞLYK GÜNLERIŇI NÄMÄ SARP EDERSIŇ?
  • ÜÇ SANY PEÝDALY PRINSIP
  • PRINSIPLERI ULANYP, PAÝHASLY KARARA GELIŇ
  • ÝAŞLAR, MESIHÇIDIGIŇIZE GUWANYŇ!
  • Çagalaryňyz ulalanda-da Hudaýa wepaly bolarmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Goý, Ýehowa «ähli niýetleriňe ýetirsin»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýaşlar, beýik Ýaradyjyňyzy ýatlaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/1 sah. 17—21

Ýaşlyk döwründe paýhasly karara geliň

«Eý ýaş ýigitler we gyzlar... Rebbiň adyna sena ediň!» ZEB. 148:12, 13

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Ýaşlaryň gelejekde Ýehowa has köp gulluk etmäge mümkinçiligi bolar ýaly, olar häzirden näme edip bilerler?

  • Käbir ýaş dogan-uýalar Ýehowa nädip gulluk edýärler?

  • Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri saňa durmuşda iň gowy karara gelmäge kömek eder?

1. Mesihçi ýaşlaryň köpüsi nähili ajaýyp işe gatnaşyp lezzet alýarlar?

BIZ örän ähmiýetli döwürde ýaşaýarys. Şu günler dürli halkdan bolan millionlarça adamlar hakyky seždäni kabul etdiler (Ylh. 7:9, 10). Ýaşlaryň köpüsi adamlara Hudaýyň Sözündäki ýaşaýyş berýän hakykaty düşündirmekden lezzet alýarlar (Ylh. 22:17). Başgalary gyzyklanýan adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, olara iň gowy ýaşaýyş ýoluny saýlamaga kömek edýärler. Käbirleri bolsa, hoş habary başga dilde gepleýän adamlara yhlasly wagyz edýärler (Zeb. 110:3; Iş. 52:7). Siz bu ajaýyp işden nädip has köp lezzet alyp bilersiňiz?

2. Timoteos bilen bolan waka Ýehowanyň ýaşlara jogapkärli ýumuş bermek isleýändigini nädip görkezýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Ýaşlar, eger siz häzirden dogry karara gelseňiz, bu size gelejekde Hudaýa has köp gulluk etmäge mümkinçilik döreder. Meselem, Timoteos paýhasly kararlara gelendigi sebäpli, ol 20 ýaşlaryna ýetmänkä missioner gullugyny ýerine ýetirmek üçin gerekli ukyplary ösdüripdir (Res. iş. 16:1—3). Bary-ýogy birnäçe aý geçenden soňra, Pawlus resul ýaş Timoteosy Selanikde dörän täze ýygnagy ruhy taýdan berkitmek üçin ýollapdyr. Sebäbi ol ýerdäki doganlar güýçli yzarlamalara sezewar bolýardylar (Res. iş. 17:5—15; 1 Sel. 3:1, 2, 6). Şeýle tabşyryk Timoteosy, gör, nähili begendirendir!

IŇ WAJYP KARAR

3. Durmuşda iň wajyp karar näme we bu karara haçan gelmeli?

3 Adam ýaşlyk döwründen wajyp kararlara gelmeli bolýar. Emma olaryň iň wajyby — Ýehowa gulluk etmegi ýüregiňe düwmek. Bu karara haçan gelmeli? Ýehowa şeýle diýýär: «Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» (Wag. 12:1). Ýehowany «ýatlamak» üçin, Oňa bütin ýüregiň bilen gulluk etmeli (Kan. tag. 10:12). Bu seniň durmuşyňda iň pähimli äden ädimiň bolar. Sebäbi ol seniň bütin gelejegiňe täsir eder (Zeb. 71:5).

4. Seniň Ýehowa edýän gullugyňa nämeler täsir eder?

4 Seniň gelejegiňe diňe bir Ýehowa gulluk etmäge gelen kararyň täsir etmeýär. Meselem, sen: «Men durmuş gurmalymy? Ýanýoldaşym kim bolar? Men nädip gazanç etmeli?» diýen soraglaryň üstünde-de oýlanýansyň. Bu soraglar wajyp bolsa-da, ilki bilen, sen Ýehowa doly gulluk etmegi saýlamaly (Kan. tag. 30:19, 20). Näme üçin? Sebäbi bu kararlar özara baglanyşyklydyr. Seniň durmuş gurmak we iş meselesi babatda geljek kararyň Hudaýa edýän gullugyňa täsir eder (Luka 14:16—20-nji aýatlary deňeşdiriň). Hudaýa gulluk etmek islegiň bolsa, durmuş gurmak we iş meselesine täsir eder. Hawa, sen durmuşda nämäni birinji orunda goýmalydygyňy saýlamaly (Flp. 1:11).

SEN ÝAŞLYK GÜNLERIŇI NÄMÄ SARP EDERSIŇ?

5, 6. Dogry karara gelsek, Ýehowa has köp gulluk etmäge nädip mümkinçilik döreder? Mysal getiriň. (Şeýle-de žurnalyň şu sanyndaky «Çagalykdan ýüregime düwdüm» atly makala serediň).

5 Eger sen Ýehowa gulluk etmegi ýüregiňe düwen bolsaň, onda Hudaýyň senden näme talap edýändigi we Oňa nädip gulluk etjekdigiň barada oýlan. Ýaponiýaly bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men 14 ýaşymdadym. Bir gezek men ýygnak ýaşulusy bilen wagyz edip ýörkäm, ol meniň höwessiz gulluk edýändigime üns berdi. Şonda ol maňa mähirli ýüzlenip, şeýle diýdi: „Ýuiçiro, sen öýüňe gaýt. Ýehowanyň seniň üçin eden işleri hakynda oturyp, çuňňur oýlan“. Men onuň aýdyşy ýaly-da etdim. Men bu hakda birnäçe günläp oýlandym we doga etdim. Meniň garaýşym ýuwaş-ýuwaşdan özgerdi we tizden men Ýehowa gulluk edenimde şatlyk tapýandygyma üns berdim. Şeýle-de missionerler baradaky makalalary höwes bilen okap, Hudaýa has köp gulluk etmek barada oýlanyp başladym».

6 Ýuiçiro gürrüňini şeýle dowam edýär: «Men Ýehowa başga ýurtda gulluk etmegi ýüregime düwdüm. Munuň üçin men iňlis dilini öwredýän kursa ýazyldym. Mekdebi tamamlanymdan soňra, iňlis dili mugallymy bolup ýarym günlük işe girdim. Bu maňa pioner bolup gulluk etmäge mümkinçilik berýärdi. 20 ýaşymda mongol dilini öwrenip, mongol toparyndaky dogan-uýalar bilen wagza çykyp başladym. Iki ýyldan, ýagny 2007-nji ýylda Mongoliýa gitdim. Men ol ýerdäki pionerler bilen wagyz edip, köp adamlaryň hakykata seslenýändigini gördüm we olara kömek etmek üçin bu ýere göçmegi ýüregime düwdüm. Ýöne men bu maksadymy amala aşyrmak üçin Ýaponiýa dolanyp, käbir işleri etmelidim. Häzir men Mongoliýada 2008-nji ýylyň aprel aýyndan bäri pioner bolup gulluk edýärin. Bu ýerde ýaşamak ýeňil bolmasa-da, adamlar hoş habara gowy seslenýärler we men olara Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edip bilýändigime begenýärin. Men durmuşda iň gowy ýoly saýlandygyma göz ýetirdim».

7. Sen nähili karara gelmeli we bu babatda Musa nähili görelde galdyrdy?

7 Sen Ýehowa gulluk etmek üçin nädip ýaşamalydygyň barada özüň belli bir karara gelmeli (Ýeş. 24:15). Biz saňa maşgala gurmalymy ýa-da gurmaly däldigini, ýanýoldaşyň kim bolmalydygyny, ýa-da haýsy işe girmelidigiňi aýdyp bilmeris. Käte işe girmek üçin bary-ýogy birnäçe aý okamaly bolýar. Sen şeýle işi saýlarmyň? Ýaş mesihçileriň käbiri garyp obalarda, käbiri bolsa baý we ösen şäherlerde ýaşaýarlar. Olar häsiýetleri, ukyplary, tejribeleri, gyzyklanýan zatlary we imany bilen bir-birinden tapawutlanýarlar. Belki-de, seniň ýagdaýyň gadymy Müsürde ýaşan ýaş ýewreýlere meňzeýändir. Meselem, Musa şa köşgünde ýaşaýardy we onuň ähli mümkinçilikleri bardy, beýleki ýewreýler bolsa guldular (Müs. çyk. 1:13, 14; Res. iş. 7:21, 22). Seniň ýaly olar hem ähmiýetli döwürde ýaşapdyrlar (Müs. çyk. 19:4—6). Olar-da ýaşaýyş ýoluny saýlamak babatda özleri karara gelmelidiler. Musa dogry karara geldi (Ýewreýler 11:24—27-nji aýatlary okaň).

8. Saňa ýaşlyk döwründe paýhasly karara gelmäge näme kömek eder?

8 Ýehowa ýaş mesihçilere häzirden paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Ol Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler arkaly görkezme berýär we sen olary öz ýagdaýyňa görä ulanyp bilersiň (Zeb. 32:8). Eger sen olary nädip ulanmalydygyny bilmeseň, onda ata-eneňden we ýygnak ýaşulularyndan kömek sorap bilersiň (Sül. tym. 1:8, 9). Geliň, ýaşlara häzirden dogry karara gelmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylara esaslanan üç prinsipe seredeliň.

ÜÇ SANY PEÝDALY PRINSIP

9. a) Ýehowa bizi erkin ýaradyp nähili hormat bildirdi? b) Öňürti Patyşalygy agtarmaklyk näme üçin peýdaly?

9 Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň (Matta 6:19—21, 24—26, 31—34-nji aýatlary okaň). Ýehowa adamlara erkinlik berip, olara hormat bildirdi. Ol mesihçileriň ýaşlyk döwrüni diňe Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edip geçirmelidigini aýtmaýar. Emma Isa öňürti Patyşalygy agtarmagyň wajypdygyny öwretdi. Eger sen Patyşalygy birinji orunda goýsaň, bu saňa Hudaýa bolan söýgiňi, adamlar barada alada edýändigiňi we gelejege bolan umyt üçin minnetdarlygyňy görkezmäge mümkinçilik berer. Şol sebäpli sen maşgala gurmak we işe girmek barada oýlananyňda, özüňe şeýle sorag ber: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryp bilerinmi ýa-da maddy zerurlyklar barada has köp alada ederin?»

10. Isa näme üçin özüni bagtly duýýardy we sen bagtly bolmak üçin näme etmeli?

10 Adamlara hyzmat edip, şatlyk tapyň (Resullaryň işleri 20:20, 35-nji aýatlary okaň). Bu sözler ýaşaýşyň esasy prinsipidir. Isa muny bilýärdi. Şol sebäpli ol özüniň däl-de, Atasynyň islegini berjaý etmekden şatlyk tapýardy. Şeýle-de ol ýumşak adamlaryň hoş habara seslenişini görüp begenýärdi (Luka 10:21; Ýahýa 4:34). Belki, sen hem adamlara kömek edip, şatlyk tapýansyň. Eger sen bir karara gelmeli bolanyňda, Isanyň öwreden prinsiplerini göz öňünde tutsaň, onda hem özüň begenersiň, hem Ýehowany begendirersiň (Sül. tym. 27:11).

11. Baruk näme üçin şatlygyny ýitirdi we Ýehowa oňa näme maslahat berdi?

11 Ýehowa gulluk etmek köp şatlyk getirýär (Sül. tym. 16:20). Bir gezek Ýermeýanyň kätibi Baruk muny ünsden düşürdi. Ol Ýehowa gulluk etmegiň gadyryny bilmän, şatlygyny ýitirýär. Şonda Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin... Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn» (Ýer. 45:3, 5). Seniň pikiriňçe, Baruky näme bagtly ederdi: çendenaşa soraýan zadymy ýa-da Iýerusalim weýran edilende, Hudaýyň wepaly gullukçysy hökmünde halas bolmagy? (Ýakup 1:12).

12. Ramironyň gelen karary oňa nähili şatlyk getirdi?

12 Ramiro atly doganymyz adamlara hyzmat etmekden şatlyk tapýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Boliwiýada garyp maşgalada önüp-ösdüm. Özümden uly doganym maňa uniwersitetde okamagymy teklip edip, okuw üçin pul tölejekdigini aýtdy. Bu maňa uly mümkinçilik berýärdi. Emma men ýakynda suwda çokundyrylypdym we bir pioner dogan maňa kiçi şäherde wagyz etmegi teklip etdi. Men onuň teklibini kabul etdim. Ol ýere baranymda, men saç gyrkmagy öwrendim we özümi eklär ýaly dellekhana açdym. Biz adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip edenimizde, olaryň köpüsi seslenýärdi. Soňra men ýerli halkyň dilinde dörän täze ýygnaga geçdim. Men bu ýerde on ýyldan bäri doly wagtly pioner bolup gulluk edýärin we adamlara öz ene dilinde hoş habary bilmäge kömek edýärin. Hiç bir kär maňa şeýle köp şatlygy berip bilmezdi».

Ramiro ýaşlyk döwründen Ýehowa gulluk edip şatlyk tapýar (12-nji abzasa serediň)

Ramiro ýaşlyk döwründen Ýehowa gulluk edip şatlyk tapýar (12-nji abzasa serediň)

13. Näme üçin ýaşlyk döwri Ýehowa doly gulluk etmegiň tüýs wagtydyr?

13 Ýehowa gulluk edip şatlanyň (Wagyz kitaby 12:1-i okaň)a. Belki-de, sen ilki gowy işe girmeli, soňra Ýehowa gulluk etmeli öýdýänsiň. Emma ýaşlyk döwri Ýehowa doly gulluk etmegiň tüýs wagtydyr. Köplenç ýaşlaryň maşgala borçlary bolmaýar we saglyk ýagdaýy gowy bolandygy sebäpli, olar agyr kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilýärler. Sen Ýehowa üçin näme etmek isleýärsiň? Mümkin, sen pioner bolmagy maksat edinensiň. Belki-de, daşary ýurtdan gelen adamlara wagyz etmek isleýänsiň. Ýa-da seniň öz ýygnagyňda has köp gulluk etmäge mümkinçiligiň bardyr. Sen Hudaýa gulluk etmek üçin öňüňde nähili maksat goýsaň-da, eklenmek üçin gazanç etmeli bolarsyň. Şonuň üçin özüňe şeýle sorag ber: «Men nähili iş saýlamaly we munuň üçin näçe wagt okamaly bolaryn?»

PRINSIPLERI ULANYP, PAÝHASLY KARARA GELIŇ

14. Iş meselesinde näme üçin seresap bolmaly?

14 Ýokarda agzalan üç prinsip saňa iş babatda dogry karara gelmäge kömek eder. Elbetde, seniň mekdep mugallymlaryň ýa-da iş bilen üpjün edýän edaralarynda iş babatda käbir maslahatlary berip bilerler. Olar saňa ýaşaýan ýa-da gulluk etmek isleýän ýeriňde işiň bardygyny aýdyp bilerler. Olaryň berýän maslahatlary peýdaly bolup biler, ýöne seresap bolmaly. Ýehowany söýmeýän adamlar sende bu dünýä bolan söýgini ösdürmekleri ahmal (1 Ýahýa 2:15—17). Dünýä nämedir bir zady teklip edende, ýüregiň seni aňsatlyk bilen aldap biljekdigini unutmagyn (Süleýmanyň tymsallary 14:15-i okaň; Ýer. 17:9).

15, 16. Saňa iş babatda kim gowy maslahat berip biler?

15 Eger saňa birnäçe iş teklip etseler, onda maslahat gerek bolar (Sül. tym. 1:6). Şeýle ýagdaýda saňa kim kömek edip biler? Elbetde, Ýehowany hem-de seni söýýän, seni gowy tanaýan we ýagdaýlaryňy bilýän adamlar kömek edip bilerler. Olar saňa garaýşyňy we niýetiňi barlamaga ýardam ederler. Belki-de, olaryň aýdýanlaryny diňläp, sen goýan maksatlaryňa täzeden seredersiň. Eger ata-eneň Ýehowanyň gullukçysy bolsalar, olar saňa has-da köp ýardam ederler. Şeýle-de saňa ruhy taýdan tejribeli ýygnak ýaşululary görkezme berip bilerler. Galyberse-de, sen pionerler we aýlanýan gözegçiler bilen gürrüňdeş bolup bilersiň. Olar näme üçin Hudaýa doly wagtly gulluk etmegi saýladylar? Olar pioner gullugyna nädip başladylar we özlerini eklemek üçin näme etdiler? Nähili bereketleri aldylar? (Sül. tym. 15:22).

16 Dogrudan-da, seni gowy tanaýan adam paýhasly maslahat berip biler. Aýdaly, sen mekdebi taşlap, pioner bolmak isleýärsiň. Sebäbi sen mekdebiň ýokary synplarynda okamagy kyn görýänsiň. Seni gowy görýän adam niýetiňi bilip, okuwy dowam etmegiňi maslahat berýär. Ol saňa mekdepde okasaň, kynçylyklaryň hötdesinden gelmegi öwrenjekdigiňi aýdýar. Mekdepde öwrenen zatlaryň Ýehowa doly wagtly gulluk edeniňde-de kömegi deger (Zeb. 141:5; Sül. tym. 6:6—10).

17. Biz nähili işi saýlamakdan gaça durmaly?

17 Ýehowanyň ähli gullukçylary imanyny gowşadyp we hakykatdan daşlaşdyryp biljek kynçylyklara uçrarlar (1 Kor. 15:33; Kol. 2:8). Emma käte saýlan işiň ruhy taýdan has köp howp salyp biler. Belki-de, sen käbirleriniň nädogry işi saýlap, «iman babatda batandygyna» göz ýetirensiň (1 Tim. 1:19). Şol sebäpli Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirjek işi saýlamakdan gaça dursak paýhasly bolar (Sül. tym. 22:3).

ÝAŞLAR, MESIHÇIDIGIŇIZE GUWANYŇ!

18, 19. Ýehowa gulluk etmäge höwesi bolmadyk adam näme etmeli?

18 Ýaşlar, eger siz Ýehowa ýürekden gulluk etmek isleseňiz, onda bu mümkinçilikden häzirden peýdalanyň. Bu size şeýle ähmiýetli döwürde Ýehowa gulluk etmekden şatlyk tapmaga ýardam eder (Zeb. 148:12, 13).

19 Eger seniň Ýehowa gulluk etmäge islegiň bolmasa näme? Imanyňy berkitmek üçin jan et. Pawlus resul Hudaýa ýaramly ýaşaýşyň getiren bereketleri barada agzandan soň, şeýle diýdi: «Siz bir zatda başga hili pikirde bolsaňyz, onda Hudaý muny-da size açyk görkezer. Ýöne nämä ýeten bolsak, şol düzgüne laýyk gezip, şol pikirde bolalyň» (Flp. 3:15, 16). Ýehowanyň seni söýýändigini unutma. Onuň maslahatlary örän paýhaslydyr. Hawa, diňe Ýehowa saňa ýaşlyk döwründe paýhasly karara gelmäge kömek edip biler!

a Wagyz kitaby 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş