Soňky günlerde nika we çagalary terbiýelemek
«Wagt gysgadyr» (1 KOR. 7:29).
1. a) Bu «kyn pursatlarda» nähili özgerişler bolýar? b) Näme üçin nikanyň bozulmagy bizde rahatsyzlyk döretmeli?
HUDAÝYŇ Sözünde «soňky günlerde» uruşlar, ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylygyň boljakdygy barada aýdylýar (Dan. 8:17, 19; Luka 21:10, 11). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda adamzat taryhynda «kyn pursatlar» diýip atlandyrylan döwürde sosial özgerişleriň boljakdygy aýdylýar. Olar maşgala gatnaşygynada täsir edip, onda kynçylyk döretmelidi (2 Tim. 3:1—4). Näme üçin biz hüşgär bolmaly? Şu «soňky günlerde» bu özgerişler hemmelere täsir edip, giňden ýaýraýar welin, hatda mesihçileriň nika bolan garaýşyna we çagalary terbiýeleýşine täsir edýär. Nädip?
2. Adamlar nika we aýrylyşmaga nähili garaýarlar?
2 Şu günler aýrylyşmak örän aňsat we giňden ýaýran, şonuň üçin köp ýurtlarda aýrylyşýanlaryň sany barha artýar. Emma nika we aýrylyşmak barada Ýehowa Hudaýyň garaýşynyň dünýewi adamlaryňkydan tapawutlanýandygyny unutmaly däl. Ýehowa maşgala gatnaşygyna nähili garaýar?
3. Ýehowa we Isa Mesih nika nähili garaýar?
3 Ýehowa Hudaý maşgala gurýan adamlardan nika wadasyna wepaly bolmagyna garaşýar. Ilkinji erkek we aýal nika baglaşanda, Ýehowa: «Ynsan. . . aýalyna ýapyşar we bir beden bolarlar» diýipdi. Soňra Isa Mesih onuň sözlerini gaýtalap: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn. . . kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen goýberip-de, başga aýala öýlense, zyna edýändir» diýdi (Bar. 2:24; Mat. 19:3—6, 9). Görşümiz ýaly, Ýehowa we Isa nikany ömürlik hasaplaýar. Nikadaky är-alyň biri ölse, ýanýoldaşy nika kanunyndan azat bolýar (1 Kor. 7:39). Maşgala Hudaýyň öňünde mukaddes bolandygy üçin aýrylyşmaga sowuk-sala garamaly däl. Adamlar Mukaddes Ýazgylara esaslanman aýrylyşsalar, Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň olary ýigrenýändigi anyk görkezilýära (Malahiýa 2:13—16; 3:6-njy aýatlary okaň).
Nika jogapkärçilikli garaň
4. Näme üçin käbir mesihçiler ýaş öýlenendigine ökünýärler?
4 Bu zalym dünýädäki adamlar jynsy gatnaşyga akylyny aldyrdylar. Biz her gün duýdansyz ençeme bihaýa zatlary görýäris. Onuň bize, esasanam, ýygnakdaky ýaş dogan-uýalarymyza täsir edýändigine, biparh garamaly däl. Adamlar islemese-de, bu zalym dünýä olarda jynsy islegi oýarmaga täsir edýär. Oňa garşy durmaga ýaş mesihçilere näme kömek eder? Käbir mesihçiler bu islegden özüni goramak üçin ýaş öýlenip, ahlaksyzlykdan gaçaryn öýdýärler. Emma käbirleri ýaş öýlenendigine ökünýär. Näme üçin? Wagtyň geçmegi bilen, ilkinji duýgular sowaşyp, adaty durmuş başlanýar. Şonda olar pikirleriniň gabat gelmeýändigine düşünýärler. Şeýle çatynjalaryň agyr kynçylyklara duş gelýändigi, geň galdyrmaýar.
5. Är-aýala nika wadasyna wepaly galmaga näme kömek eder? (Çykgyda serediň).
5 Eger siziň ýanýoldaşyňyz mesihçi bolsa, ýöne eden tamaňyzy ödemese, size onuň bilen ýaşamak aňsat düşmez (1 Kor. 7:28). Nähili kyn bolsa-da, mesihçiler Mukaddes Ýazgylara esaslanman aýrylyşmaklyk bu bagtsyz maşgalanyň dogry çözgüdi däldigini anyk bilýärler. Nika wadasyna wepaly galmak üçin maşgalasyny berkitmäge jan edýän dogan-uýalar mesihçiler ýygnagynyň hormatyna we mähirli kömegine mynasypdyrlarb.
6. Ýaş mesihçiler maşgala gurmaga nähili garamaly?
6 Belki, siz ýaş we durmuş guran dälsiňiz. Onda siz maşgala gurmak meselesine nähili garamaly? Siz maşgala gurmak maksady bilen, kimdir biri bilen duşuşyp başlamazdan öň beden, akyl we ruhy taýdan ýetişmegiňize garaşsaňyz, birnäçe lapykeçlikden gaça duryp bilersiňiz. Mukaddes Ýazgylarda näçe ýaşda maşgala gurup bolýandygyny barada aýdylmaýarc. Emma onda jynsy duýgularyň örän güýçli wagtynyň geçmegine garaşmagyň paýhaslydygy aýdylýar (1 Kor. 7:36). Näme üçin? Sebäbi güýçli duýgular siziň akylyňyzy aýlap, lapykeç edýän nädogry kararlara iterer. Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylar arkaly nika barada berýän paýhasly maslahaty sizi bagtly edip, ençeme bereketler berjekdigini unutmaň (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň).
Çagalary terbiýelmäge jogapkärli garaň
7. Käbir ýaş çatynjalar nähili kynçylyklara duş gelýär we ol maşgalada näme üçin agzalalyk döredip biler?
7 Ýaş çatynjylaryň käbiri entek özleri çagaka çaga edinýärler. Entek biri-birini doly tanamankalar olaryň çagasy bolýar. Çaga bolsa bütin bir gize-gündiziň 24 sagadyny özüne üns berilmegini talap edýär. Indi, ejesi çagasyna köp üns berýär, ýanýoldaşy bolsa gawanyp başlaýar. Ukusyz gijeler är-aýalyň arasynda agzalalyk döredip biler. Olar şonda erkinligi ýitirendigine düşünýärler. Indi, olar boş wagtlary islän zadyny edip, islän ýerine gidip bilmeýärler. Çatynjalar bu özgerişe nähili garamaly?
8. Çagalary terbiýelemek borjuna nähili garamaly we näme üçin?
8 Ata-eneler çaga terbiýelemek borjuna nika ýaly çynlakaý garamaly, sebäbi bu Hdaýyň öňünde hormatly we jogapkärli borçdur. Çaga dünýä inendigi sebäpli maşgalada nähili özgerişler bolsa-da, mesihçiler muňa jogapkärli garap, täze şertlere öwrenişmek üçin elinden gelenini etmeli. Ýehowa ynsana çaga edinmäge mümkinçilik berendigi sebäpli, çagajyga «Rebden miras» hökmünde garamaly (Zeb. 127:3). Mesihçiler «Rebde ene-ata» hökmünde çagalaryny terbiýelemäge jan ederler (Efes. 6:1).
9. a) Çagany terbiýelemäge näme degişli? b) Aýaly ruhy taýdan berk bolar ýaly, äri näme etmeli?
9 Çagany terbiýelemek üçin birnäçe ýyl jan aýaman zähmet çekip, köp wagtyňy we güýjüňi sarp etmeli bolýar. Mesihçi maşgalabaşy çaga dünýä inenden soň, aýalynyň birnäçe ýylyň dowamynda öňküsi ýaly ýygnak duşuşyklaryny ünsli diňläp bilmejegine we Mukaddes Ýazgylary okamaga hem-de oýlanmaga mümkinçiliginiň az boljagyna düşünmeli. Şeýde ýagdaý aýaly ruhy taýdan gowşatmagy mümkin. Çagalary terbiýelemek borjuna jogapkärligi garamak, bu atadan çaganyň aladasyny etmek üçin aýalyna elinden gelen kömegi bermegi aňladýar. Ol aýalynyň ýygnak duşuşyklarynda üns bermedik käbir pikirlerini öýde ara alyp maslahatlaşmaga jan eder. Şeýle-de ol aýaly wagyz gullugyna doly gatnaşar ýaly çagasyna seredip biler (Filipililer 2:3, 4-nji aýatlary okaň).
10, 11. a) Çagalary «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen» ulaltmak nämäni aňladýar? b) Mesihçi ata-eneleriň köpüsi näme üçin öwgä mynasyp?
10 Çagany jogapkärli terbiýelemek — ony diňe iýmitlendirmek, geýindirmek we saglygynyň aladasyny etmegi aňlatmaýar. Bu soňky kyn günlerde ata-eneleriň perzentlerine çagalykdan ýokary ahlak prinsiplerini öwretmegi wajypdyr. Çagalary «Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmaly» (Efes. 6:4). Diýmek, ata-eneler perzentlerine çagalyk we ýetginjek kyn günlerinde-de öwüt berip, olaryň aňyna Ýehowanyň pikirini guýmaly (2 Tim. 3:14, 15).
11 Isa şägirtlerine «bütin milletleri şägirt ediň» diýende, ata-enelerden-de çagalaryny şägirt edip taýýarlamagyna garaşýardy (Mat. 28:19, 20). Muny etmek aňsat däl, sebäbi zalym dünýä ýaşlara güýçli täsir edýär. Şonuň üçin çagalaryny meshçi edip ýetişdiren ata-eneler, ähli ýygnagyň mähirli öwgüsine mynasypdyr. Olar imanyny we atalyk borçlaryny wepaly ýerine ýetirip, çagalarynyň ýüregini we aňyny goramak üçin zalym dünýä bilen göreşip, ony «ýeňdiler» (1 Ýahýa 5:4).
Gowy maksat bilen, maşgalasyz we zürýatsyz bolmak
12. Näme üçin käbir mesihçiler wagtlaýynça maşgala gurmaýarlar?
12 «Wagtyň gysga» we «dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidigi» sebäpli, Hudaýyň Sözi bizi maşgalasyz durmuşyň berýän mümkinçilikleri barada oýlanmaga höweslendirýär (1 Kor. 7:29—31). Şonuň üçin käbir mesihçiler asla ýa-da wagtlaýynça maşgala durmuşyny gurmazlyk kararyna geldiler. Wepaly mesihçileriň muny öz bähbidi üçin etmeýändigi öwgä mynasypdyr. Olaryň köpüsi ünsüni sowman Ýehowa gulluk etmek üçin maşgala gurmaýarlar (1 Korintoslylar 7:32—35-nji aýatlary okaň). Maşgala gurmadyk birnäçe mesihçiler pioner bolup ýa-da Beýtelde gulluk edýärler. Ençeme mesihçiler bolsa, Ýehowanyň guramasynda has ýaramly gulluk etmäge mümkinçilik gözläp, «Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde» okamagy maksat edinýärler. Birnäçe mesihçiler Ýehowa doly wagt gulluk edip, soňra maşgala guranlarynda, gullukda alan tejribesi maşgala durmuşyna kömek edendigini aýdýarlar.
13. Näme üçin käbir mesihçiler zürýatsyz bolmak kararyna geldiler?
13 Şu günler dünýäniň köp ýerlerinde birnäçe maşgalalar çaga edinmeýärler. Käbir çatynjalar muny ykdysady sebäplere görä etse, käbirileri çaga wezipe gazanmaga päsgel berer öýdüp edýärler. Mesihçileriň arasynda-da çaga edinmeýän maşgalalar bar. Olar köplenç ünsüni sowman Ýehowa gulluk etmek üçin çaga edinmeýärler. Bu olaryň özlerini adatça maşgala durmuşyndan mahrum edýändigini aňlatmaýar. Olar Huaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, maşgala durmuşynyň käbir lezzetlerden geçýärler (1 Kor. 7:3—5). Olaryň käbiri aýlanýan gözegçi bolup ýa-da Beýtelde gulluk edýär. Käbirleri bolsa pioner ýa-da missioner bolup gulluk edýär. Ýehowa olaryň Öz adyna görkezýän zähmetini we söýgüsini hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10).
«Ýaşaýyş muşakgaty»
14, 15. Mesihçi ata-eneler nähili «ýaşaýyş muşakgatyna» duş gelýär?
14 Pawlus resul maşgala guran mesihçileriň «ýaşaýyşda muşakgaty bolar» diýdi (1 Kor. 7:28). Muşakgatlar: ýanýoldaşyň, çagalaryň we gartaşan ata-eneleriň saglygynyň ýarawsyzlygy sebäpli bolup biler. Şeýle-de muňa çagalary terbiýelemek bilen bagly aladalarda degişli. Makalanyň başynda agzalyşy ýaly, Mukaddes Ýazgylarda «soňky günlerde kyn pursatlar bolar» diýilýär. Şeýle-de ata-eneler çagalary gulak asmadyk wagtlary hem kyn pursatlary başdan geçirýärler (2 Tim. 3:1—3).
15 Mesihçi ata-enelere çagalary terbiýelemek kyn düşýär. Biz «kyn pursatlarda» bolýan zatlardan doly goranyp bilmeýäris. Şonuň üçin mesihçi ata-eneler çagalaryny «bu dünýäniň» howply täsirinden gorar ýaly dyngysyz göreşmeli bolýarlar (Efes. 2:2, 3). Ýöne bu göreş, hemişe üstünlikli bolmaýar! Hakykatda terbiýelenen çagalardan biri Ýehowa gulluk etmegini bes edende, ata-eneler üçin «muşakgat» bolýar (Sül. tym. 17:25)
«Uly muşakgat bolar»
16. Isa nähili muşakgaty pygamberlik etdi?
16 Maşgala we çaga terbiýelemek bilen bagly islendik muşakgat, adamlara injek uly muşakgatdan kyn däldir. Isa özüniň barlygy we zalym dünýäniň soňy barada pygamberlik edip: «Şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar» diýdi (Mat. 24:3, 21). Soňra Isa uly märekäniň «uly muşakgatda» diri galjakdygyny aýtdy. Emma Şeýtanyň dünýäsi iň soňky spar hüjüm edende, Ýehowanyň gullukçylaryna garşy bar güýji bilen söweşer. Elbetde, şol wagt biziň ählimize: ululara-da, çagalara-da kyn döwür bolar.
17. a) Biz näme üçin gelejege umytly bolup bileris? b) Nika we çaga terbiýelemäge bolan garaýşymyza näme täsir etmeli?
17 Biz geljekki wakalardan gaty gorkmaly däl. Ýehowa wepaly ata-eneler özleriniň we çagajyklarynyň goraljakdygyna berk ynanyp bilerler (Işaýa 26:20, 21-nji aýatlalry okaň; Sef. 2:2, 3; 1 Kor. 7:14). Emma şu soňky günlerde biziň kyn pursatlarda ýaşaýandygymyza düşünmegimiz, nika we çaga terbiýelemäge bolan garaýşymyza täsir etmeli (2 Pet. 3:10—13). Şonda biz ýaşaýşymyz bilen — durmuş gursak-da, gurmasak-da, ýa-da çagaly bolsak-da, bolmasak-da — Ýehowany we mesihçiler ýygnagyny şöhratlandyryp bileris.
a «Ýehowanyň gününi unutman ýaşa» diýen kitabyň 125-nji sahypasyndaky «Men aýrylyşmagy ýigrenýärin» diýen sözbaşa serediň.
b Maşgala kynçylyklaryna duş gelen mesihçiler 2003-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 15-ne çykan «Garawul diňi» (rusça) we 2001-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 8-ine çykan «Oýanyň» atly (rusça) žurnallarynda maşgala degişli makalalary okasalar, goldaw taparlar.
c «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň «Men maşgala gurmaga taýynmy?» diýen 30-njy babyna serediň.
Ýadyňyzdamy?
• Näme üçin ýaş mesihçiler maşgala gurmaga howlukmaly däl?
• Çagany terbiýelemäge näme degişli?
• Näme üçin köp mesihçiler maşgala gurmaýar ýa-da maşgalaly bolsa-da çaga edinmeýär?
• Mesihçi ata-enelerde nähili «muşakgat» bolup biler?