Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/4 sah. 7—11
  • Ähli zatda Ýehowanyň görkezmesini gözläň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ähli zatda Ýehowanyň görkezmesini gözläň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin Ýehowanyň görekzmesine bil baglamaly?
  • Bize haçan görkezme gerek?
  • Hudaýyň görkezmesini äsgermezlik etmek, howply!
  • Hudaýyň maslahatyna eýermek üçin näme etmeli?
  • Ýehowa bize nädip ýol görkezýär?
  • Ýehowanyň görkezmesine eýereliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowa halkyna ýaşaýyş ýoluny görkezýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Siz nädip karara gelýärsiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Siz Hudaýyň görkezmesini görýärmisiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/4 sah. 7—11

Ähli zatda Ýehowanyň görkezmesini gözläň

«Bu Hudaý ebedi we mydamlyk biziň Hudaýymyzdyr; ölüme çenli Ol bize ýol görkezer» (ZEB. 48:14).

1, 2. Näme üçin akylymyza daýanman, Ýehowanyň görekzmesine eýermeli we munuň bilen bagly nähili soraglar ýüze çykýar?

BIZIŇ üçin peýdasyz we howply zatlar barada gürrüň edilende, aňsatlyk bilen aldanyp bolar (Sül. tym. 12:11). Eger mesihçilere ýaraşmaýan zada düşünip-de, höwes döretsek, ýüregimiz köplenç ony etmäge degerli esaslar tapar (Ýerem. 17:5, 9). Şol sebäpli mezmurçy: «Nuruňy, hakykatyňy iber; olar maňa ýol görkezsin» diýip doga etmek bilen, paýhaslydygyny görkezdi. Ol çäklendirlen akylyna daýanman, iň gowy görkezme berýän Ýehowa ýüzlendi. Biz hem mezmurçy ýaly Ýehowanyň görkezmesini gözlemeli.

2 Näme üçin Ýehowanyň görkezmesi iň gowy görezme? Biz Hudaýdan haçan görkezme soramaly? Ýehowanyň görkezmesine eýermek üçin nähili häsiýetler gerek? Şu günler Ýehowa görkezmäni nädip berýär? Bu wajyp soraglara şu makalada serederis.

Näme üçin Ýehowanyň görekzmesine bil baglamaly?

3—5. Näme üçin Ýehowanyň görkezmesine doly bil baglamaly?

3 Ýehowa gökdäki Atamyz (1 Kor. 8:6). Ol her bir adamy we her bir ýürekdäki zatlary gowy bilýär (1 Pat. 16:7; Sül. tym. 21:2). Dawut patyşa Hudaýa şeýle diýdi: «Oturyşymy, turşumy bilýärsiň; pikirlerime uzakdan düşünýärsiň. Dilimde hiç bir söz ýokka, ine, ýa Reb, Sen ony bütinleý bilýärsiň» (Zeb. 139:2, 4). Ýehowa bizi gowy bilýändigi üçin, onuň iň gowy görkezme berýändigine şübhelenmelimi? Şeýle-de Ýehowanyň akyldarlygy çäksizdir. Ondan hiç bir zat gizlin däldir, ol adamlaryň görüp bilmeýän zadyny görýär hem-de ähli zadyň başlangyjyndan soňuny bilýär (Iş. 46:9—11; Rim. 11:33). Ol «ýalňyz akyldar Hudaý» (Rim. 16:27).

4 Galyberse-de, Ýehowa bizi söýýär we hemişe bize iň gowy zatlary isleýär (Ýahýa 3:16; 1 Ýahýa 4:8). Ýehowa söýgüden doly we jomart Hudaý. Ýakup şägirt: «Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändir» diýdi (Ýakup 1:17). Hudaýyň görkezmesine eýerýänler onuň jomarlygyny duýýarlar.

5 Ýehowa gudraty güýçli Hudaý. Bu babatda mezmurçy şeýle diýdi: «Hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde oturan Gudratlynyň kölegesinde mesgen tutar. Men Reb barada diýerin: Ol meniň penam we galamdyr; meniň Hudaýymdyr; men Oňa bil baglaryn» (Zeb. 91:1, 2). Biz Ýehowanyň görkezmesine eýersek, onuň penasynda bolarys, sebäbi onuň sözi ýerine ýetýär. Eger-de biz garşylyga duş gelsek, onuň goldawyna bil baglap bileris. Ol hiç haçan bizi lapykeç etmez (Zeb. 71:4, 5; Süleýmanyň tymsallary 3:19—26-njy aýatlary okaň). Hawa, Ýehowa biziň üçin nämäniň has gowy boljakdygyny bilýär, bize iň gowy zatlary isleýär we biziň gowy aladamyzy etmäge onuň güýji ýetýär. Ýehowanyň görkezmesini äsgermezlik etmek, nähili akylsyzlykdyr! Bize onuň görkezmesi haçan gerek bolar?

Bize haçan görkezme gerek?

6, 7. Bize haçan Ýehowanyň görkezmesi gerek?

6 Dogrusyny aýdanyňda, bize Hudaýyň görkezmesi ýaşlygymyzdan tä ömrümiziň ahyryna çenli gerek bolýar. Mezmurçy: «Bu Hudaý ebedi we mydamlyk biziň Hudaýymyzdyr; ölüme çenli Ol bize ýol görkezer» diýdi (Zeb. 48:14). Paýhasly mesihçiler mezmurçy ýaly, Hudaýyň görkezmesine hiç haçan esgermezçilik etmeýärler.

7 Biz käwagt Ýehowanyň kömegine örän mätäç bolýarys. Käwagt biz yzarlamalara duçar bolanda, agyr kesellände ýa-da işsiz galanda özümizi «muşakgat içinde» duýýarys (Zeb. 69:16, 17). Şeýle ýagdaýlarda, Ýehowadan teselli gözläp, bize çydamak üçin gerekli güýji berjekdigine hem-de paýhasly karara gelmäge kömek etjekdigine ynanýarys (Zebur 102:17-ni okaň). Emma onuň kömegi başga ýagdaýlarda-da gerek bolýar. Meselem, Patyşalyk baradaky hoş habary üstünlikli wagyz etmek üçin, Ýehowanyň görkezmesi gerek bolýar. Dynç alyş, egin-eşik, daş keşp dost saýlamak, iş, bilim we şuňa meňzeş meselelerde Ýehowanyň görkezmesine eýersek, paýhasly karara gelip bileris. Dogrusyny aýdanyňda, durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Ýehowanyň görkezmesi gerek bolýar.

Hudaýyň görkezmesini äsgermezlik etmek, howply!

8. How enäniň gulak asmazlygy näme aňladýar?

8 Biz öz islegimiz boýunça Ýehowanyň görkezmesine eýerýändigimizi unutmaly däl. Hudaý bize öz islegini ýerine ýetirmegi mejbur etmeýär. Ýehowanyň görkezmesine eýermedik ilkinji ynsan How enedi. Onuň gelen karary nähili erbet netijelere eltýändigini görkezýär. How enäniň Hudaýa gulak asmazlygy näme aňladýandygy barada oýlanyp göreliň. Ol «ýagşyny we ýamany bilip-de, Hudaý ýaly boljak» bolup, gadagan edilen miweden iýdi (Bar. 3:5). Ol Ýehowanyň görkezmesine eýermegiň deregine, ýagşyny we ýamany özi çözjek bolup, Hudaýyň ornuny tutmak isledi. Şeýtmek bilen, ol Ýehowanyň hökümdarlygyny ret etdi. How ene Hudaýdan özbaşdak ýaşamak isledi. Onuň äri Adam ata-da, pitneçi ýoly saýlady (Rim. 5:12).

9. Ynsan Ýehowanyň görkezmesini ret etse, näme edýär we näme üçin bu paýhassyzlyk?

9 Biz Ýehowanyň görkezmesi boýunça ýaşamasak, How ene ýaly Hudaýyň hökümdarlygyny ret edýäris. Aýdaly, adam bihaýa görkezilýän zatlara seretmegi endik edýär. Eger ol mesihçi bolsa, muňa Ýehowanyň nähili garaýandygyny biler. Mesihçileriň arasynda hapalyga keýp bilen seretmegä beýlede dursun, hatda onuň ady-da agzalmaly däl (Efes. 5:3). Şeýle adam Ýehowanyň görkezmesine eýermän, Ýehowanyň hökümdarlygyny we baştutanlygyny inkär edýär (1 Kor. 11:3). Bu paýhassyzlykdyr, sebäbi Ýeremiýa: «Ynsanyň ýoly ygtyýarynda däldir» diýdi (Ýerem. 10:23).

10. Biz näme üçin erkinlige jogapkärli garamaly?

10 Ýehowa bize erkinlik beren bolsa, ony nähili ulanýandygymyzy ýazgarmaly däl diýip, kimdir biri Ýeremiýanyň sözleri bilen ylalaşmazlygy mümkin. Emma erkinligiň diňe bir sowgat däl-de, jogapkärçikli edýändigini unutmaly däl. Biz aýdan sözlerimiz we eden işlerimiz üçin, Hudaýyň öünde jogap bermeli bolarys (Rim. 14:10). Isa: «Agyz ýüregiň dolulygyndan sözlenýändir» diýdi. Şeýle-de ol: «Erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar» diýdi (Mat. 12:34; 15:19). Görşümiz ýaly, aýdan sözlerimiz we eden işlerimiz ýüregimizdäki pikirleri aýan edýär. Olar biziň hakykatdan nähili adamdygymyzy görkezýär. Ine, şol sebäpli paýhasly mesihçi ähli zatda Ýehowanyň görkezmesini gözleýär. Ýehowa bolsa onuň ýüregini arassa hasaplap, oňa hökman «ýagşylyk eder» (Zeb. 125:4).

11. Ysraýyl halkynyň taryhyndan nähili sapak edinse bolar?

11 Ysraýyl halkynyň taryhyny ýatlalyň. Olar dogry karara gelip, Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edende, Ýehowa olary goraýardy (Ýeş. 24:15, 21, 31). Emma olar köplenç erkinligini nädogry ulandylar. Ýeremiýanyň günlerinde Ýehowa olar barada şeýle diýdi: «Olar diňlemediler we gulak asmadylar, erbet ýüreginiň kesirligi bilen, öz ýollary bilen ýöräp, öňe däl-de, yza ýörediler» (Ýerem. 7:24—26). Bu nähili gynançly! Geliň, hiç-haçan özdiýenli bolman we keçjallyk edip, öz islegimizi ýerine ýetirmek üçin Ýehowanyň görkezmesini ret edip, yza ýöremegiň deregine, öňe ýöräliň!

Hudaýyň maslahatyna eýermek üçin näme etmeli?

12, 13. a) Ýehowanyň görkezmesine höwes bilen eýermäge haýsy häsiýet gerek? b) Iman etmek näme üçin wajyp?

12 Ýehowa bolan söýgimiz, onuň görkezmesine eýermäge höweslendirýär (1 Ýahýa 5:3). Şeýle-de Pawlus resul ýene-de gerekli bir zady nygtap geçdi. Ol: «Biz didar arkaly däl-de, iman arkaly gezýäris» diýdi (2 Kor. 5:6, 7). Iman näme üçin wajyp? Ýehowa bizi «dogrulyk ýodalaryndan» ýöredýär, emma bu ýodalarda biz zalym dünýäniň baýlygyny we şöhratyny gazanmarys (Zeb. 23:3). Şonuň üçin biz iman gözümizi ajaýyp ruhy sylaglara gönükdirmeli. Biz Ýehowa gulluk etsek bu sylaglary alarys (2 Korintoslylar 4:17, 18-nji aýatlary okaň). Iman bize bar zadymyza kaýyl bolmaga kömek edýär (1 Tim. 6:8).

13 Isa hakyky sežde jan aýamazlygy talap edýär diýdi, muny üçin iman etmeli (Luka 9:23, 24). Käbir wepaly mesihçiler mätäçlige, garşylyga, nädogry pikirlere we zalym yzarlamalara döz gelip, uly pida etmäge razy bolýarlar (2 Kor. 11:23—27; Ylh. 3:8—10). Olaryň güýçli imany bolany üçin, muňa şatlyk döz gelýärler (Ýakup 1:2, 3). Şeýle iman bize Ýehowanyň görkezmesine eýermegiň iň gowy ýoldugyna we hemişe bereketler berýändigine ynandyrýar. Biz horluklara döz gelip, wepaly galýanlaryň aljak sylagy wagtlaýynça görýän görgülerinden uly boljakdygyna ynanýarys (Ýew. 11:6).

14. Näme üçin Hajara kiçigöwünlilik gerekdi?

14 Ýehowanyň görkezmesine eýermek üçin, kiçigöwünliligiň nähili kömek edýändigine seredeliň. Muny Saranyň gyrnagy Hajaryň mysalyndan görse bolýar. Sara indi çaga doruryp bilmejegine göz ýetirende, Hajary Ybraýyma berdi we Hajar göwreli boldy. Şonda Hajar önelgesiz bibisini ýigrenip başlady. Şonuň üçin Sara «ony zabun tutdy», Hajar bolsa gaçyp gitdi. Ýehowanyň perişdesi Hajary tapyp: «Bibiň ýanyna öwrül we onuň gol astynda tabyn bol» diýdi (Bar. 16:2, 6, 8, 9). Belki, Hajar başga görkezmä garaşandyr. Ol perişdäniň görkezmesine eýermek üçin ulumsylyk häsiýetini düzetmelidi. Hajar kiçigöwünlilik bilen perişdä gulak asdy we onuň ogly Ysmaýyl atasynyň düşelgesinde, aladasy ediljek ýerde doguldy.

15. Şu günler Ýehowanyň görkezmesine eýermek üçin nähili ýagdaýlarda kiçigöwünli bolmaly?

15 Ýehowanyň görkezmesine eýermek üçin, biz hem kiçigöwünli bolmaly. Käbir mesihçiler Ýehowa ýaramaýan, ýöne özüniň gowy görýän dynç alyşa bolan garaýşyny üýtgetmeli bolýar. Ýa-da mesihçi kimdir biriniň göwnüne degse, onda ötünç soramaly. Ýa-da mesihçi ýalňyşlyk etse, ýalňyşyny boýun almaly. Eger mesihçi agyr günä eden bolsa näme? Şonda ol kiçigöwünlilik bilen ýaşululara eden günäsini aýtmaly. Kimdir biri ýygnak gatanaşygyndan kesilen bolsa, ol ýygnaga kabul ediler ýaly kiçigöwünlilik bilen toba edip, düzelmeli. Şeýle ýagdaýlarda mesihçileri Süleýmanyň tymsallary 29:23-däki sözler ruhlandyrýar: «Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir; kiçigöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr».

Ýehowa bize nädip ýol görkezýär?

16, 17. Nähili ýagdaýlarda Hudaýyň görkezmesiniň çeşmesi bolan Mukaddes Ýazgylar bize uly peýda getirer?

16 Hudaýyň görkezmesiniň çeşmesi Mukaddes Ýazgylardyr (2 Timotes 3:16, 17-nji aýatlary okaň). Diňe bir kynçylyk dörände däl-de, hemişe Mukaddes Ýazgylara ýüzensek, ol bize gowy ýol görkeziji bolar. Mukaddes Ýazgylary her gün okamagy endik etmeli (Zeb. 1:1—3). Şonda bize Hudaýyň ylhamlanan sözlerini ýada salmak aňsat bolar. Biziň pikirlerimiz Hudaýyňky ýaly bolar we garaşylmadyk kynçylyklara taýýar bolarys.

17 Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, oýlanmak we bu barada doga etmek wajypdyr. Aýatlar barada oýlananymyzda, aýratyn ýagdaýlarda olary nädip ulanyp bolýandygy barada pikirlenmeli (1 Tim. 4:15). Kyn ýagdaýa düşenimizde, biz doga edip, Ýehowadan görkezme soraýarys. Ýehowany mukaddes ruhy bize Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanan edebiýatlardan okan prinsiplerimizi ýada salmaga kömek eder (Zebur 25:4, 5-nji aýatlary okaň).

18. Ýehowa imandaşlar arkaly bize nädip ýol görkezýär?

18 Biz Ýehowanyň görkezmesini dogan-uýalar arkaly-da alýarys. Doganlygyň düýbi «sadyk hem akylly hyzmatkär», ýagny Ýolbaşçlyk maslahaty edebiýatlar, ýygnak duşuşyklar we kongresler arkaly ruhy taýdan iýmitlendirýär (Mat. 24:45—47; Res. iş. 15:6, 22—31). Galyberse-de, imandaşlarymyzyň arasynda ruhy taýdan ýetişen doganlar, aýratynam, ýaşulular kömek edýärler we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda maslahat berip bilýärler (Iş. 32:1). Ýaş mesihçilerde gowy görkezmäniň ýene-de bir çeşmesi bar, olar mesihçi ata-eneler. Hudaý ata-enelere çagalaryny terbiýelemek barada tabşyryk berdi. Şol sebäpli çagalar hemişe görkezme almak üçin ata-enelerine ýüzlenmeli (Efes. 6:1—3).

19. Ýehowanyň görkezmesinni gözlesek, biz nähili bereketler alarys?

19 Ýehowa dürli ýol bilen görkezme berýär, biz oňa eýersek, paýhaslydygymyzy görkezeris. Dawut patyşa ysraýyllylaryň Hudaýa wepaly bolan döwri barada şeýle diýýär: «Atalarymyz Saňa bil bagladylar; hawa, Saňa bil bagladylar, Sen olary halas etdiň. Olar Saňa perýat edip, halas boldular, Saňa bil baglap utandyrylmadylar» (Zeb. 22:3—5). Biz hem Ýehowanyň görkezmesine wepaly eýersek, «utanmarys». Biziň umydymyz puç bolmaz. Biz öz akylymyza däl-de, «ýolumyzy Rebbe tabşyrsak», häzir-de, gelejekde-de bol bereketler alarys (Zeb. 37:5). Eger-de şu ýoldan wepaly ýöresek, bize bereketler ebedi eçiler. Dawut patyşa şeýle diýdi: «Çünki Reb haky söýýändir we Öz takwalaryny terk edýän däldir. Olar ebedi saklanar. . . Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zeb. 37:28, 29).

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Ýehowanyň görkezmesine näme üçin bil baglamaly?

• Ýehowanyň görkezmesini inkär edýän adam, näme edýär?

• Mesihçi nähili ýagdaýlarda kiçigöwünli bolmaly?

• Ýehowa şu günler nädip ýol görkezýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş