Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/4 sah. 3—7
  • «Boş hyýallary» ret ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Boş hyýallary» ret ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Peýdasyz taňrylary ret ediň
  • Siziň taňryňyz ten höwesleri bolmasyn
  • Boş sözlerden ägä boluň
  • Nädip boş sözleri ret etmeli
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/4 sah. 3—7

«Boş hyýallary» ret ediň

«Boş hyýallara eýerýäniň bolsa düşünjesi kemlik edýändir» (SÜL. TYM. 12:11).

1. Bizde nähili gymmatly zatlar bar we olary nädip has gowy ulanyp bolar?

MESIHÇILERIŇ ählisinde gymmatly zatlar bar. Kimdir biri gowy saglygy, güýji, dogabitdi akyl ýetiriş ukyby we pul serişdeleri bilen tapawutlanýar. Bu zatlary biz Ýehowany söýýändigimiz üçin, oňa gulluk etmekde sarp etmek we Mukaddes Ýazgylarlardaky «malyň bilen. . . Rebbi hormatla» diýen sözlere eýermek isleýäris (Sül. tym. 3:9).

2. Mukaddes Ýazgylarda peýdasyz zatlar barada nähili duýduryş berilýär we bu duýduryş sözüň göni manysynda nämäni aňladýar?

2 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda peýdasyz zatlar hakynda aýdylyp, güýjümizi boş zatlara sarp etmezlik barada duýdurylýar. Bu barada Süleýmanyň tymsalynda 12:11-de şeýle diýilýär: «Ýerini bejerýän adam çörekden doýar; boş hyýallara eýerýäniň bolsa düşünjesi kemlik edýändir». Muňa göni manyda nähili eýermelidigine düşünmek kyn däl. Eger adam zähmete wagtyny we güýjüni sarp etse, ol maşgalasyny ähli zat bilen üpjün eder (1 Tim. 5:8). Eger-de ol güýjüni peýdasyz zatlara sarp etse, «düşünjesiniň kemligini», paýhassyzlygyny we nädogry isleglidigini görkezýär. Şeýle adam mätäçlik çeker.

3. Mukaddes Ýazgylaryň peýdasyz zatlar baradaky duýduryşyna Hudaýa gulluk edenimizde nädip gulak asyp bolar?

3 Hudaýa gulluk edenimizde bu tymsaldaky prinsipe nädip eýerse bolar? Ýehowa yhlasly hem-de wepaly gulluk edýän mesihçi ynamly goragda bolýar. Ol şu günler Ýehowanyň bereket berjegine ynanýar we onda gelejege bolan berk umyt bar (Mat. 6:33; 1 Tim. 4:10). Emma peýdasyz zatlara üns berýän mesihçiniň Ýehowa bilen gatnaşygyna we ebedi ýaşaýşa bolan umydyna howp abanýar. Biz mundan nädip gaça durmaly? Biz durmuşda peýdasyz zatlary saýgarmaly we olardan gaça durmaly (Titus 2:11, 12-nji aýatlary okaň).

4. Peýdasyz zatlara näme degişli?

4 Peýdasyz zatlara näme degişli? Ýehowa bütin janyň bilen gulluk etmäge päsgel berýän zatlar degişli. Meselem, oňa dynç alyşyň ähli görnüşleri girmegi mümkin . Elbetde, biz dynç alamaly. Emma biz dynç alyşa köp wagt sarp edip, ruhy işlerimize zyýan ýetirsek, şonda dynç alyş peýdasyz bolýar we biziň ruhy saglygymyza zyýan ýetirýär (Wag. 2:24; 4:6). Mundan gaça durmak üçin, mesihçi paýhaslygyny artdyrmaly we gymmatly wagtyny nämä sarp edýändigine üns bermeli (Koloseliler 4:5-i okaň). Peýdasyz zatlara degişli ýene-de bir has howply zat bar: meselem, ýalan taňrylar.

Peýdasyz taňrylary ret ediň

5. Mukaddes Ýazgylarda «peýdasyz» sözi köplenç nämä degişli?

5 Mukaddes Ýazgylaryň köp aýatlarynda «peýdasyz» diýen söz ýalan taňrylara degişli. Mysal üçin, Ýehowa ysraýyllylara şeýle diýdi: «Peýdasyz taňrylary ýasamaň, oýulyp nagyşlanan heýkeli, mukaddes sütünleri we sežde etmek üçin ýeriňizde surat çekilen daş goýmaň» (Lew. 26:1). Dawut patyşa şeýle diýdi: «Ýehowa beýik we köp sena mynasypdyr, ähli başga taňrylara garanyňda, ondan has-da gorkmaly. Halklaryň ähli taňrylary — peýdasyzdyr. Ýehowa bolsa gökleri ýaratdy» (1 Tar. 16:25, 26).

6. Näme üçin ýalan taňrylar peýdasyz?

6 Dawut pygamberiň aýdyşy ýaly, biziň daş-töweregimizi Ýehowanyň beýikligini subut edýän zatlar gurşaýar (Zeb. 139:14; 148:1—10). Ysraýyllylara Ýehowa bilen äht baglanyşmak uly hormatdy! Olar Ýehowadan ýüz öwrüp, oýulyp nagyşlanan heýkellere hem-de mukaddes sütünlere sežde edip, nähili akylsyzlyk etdiler! Ysraýyllylar kyn ýagdaýa düşende, olaryň ýalan taňrylarynyň peýdasyzdygy aýan boldy, çünki olar özüne sežde edýänleri halas edip bilmedi (Kaz. 10:14, 15; Iş. 46:5—7).

7, 8. «Baýlyk» nädip taňry bolup biler?

7 Şu günlerere çenli ýurtlaryň köpüsinde adamlar elde ýasalan şekillere sežde edýärler. Geçmişde bolşy ýaly, olaryň häzir hem peýdasy ýok (1 Ýahýa 5:21). Emma Mukaddes Ýazgylarda şekillerden başga zatlara-da taňry diýilýär. Isanyň aýdan sözlerine seredeliň: «Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez; çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona [baýlyga] hyzmat edip bilmersiňiz» (Mat. 6:24).

8 «Baýlyk» nädip taňry bolup biler? Bir mysala seredeliň. Gadymy Ysraýylda meýdandaky daşy jaý we diwarlary gurmak üçin ulanylýardylar. Emma ysraýyl halky şol daşy «mukaddes sütün» ýa-da «surat çekilen daş» edip ulananda, ol halky Ýehowadan daşlaşdyryp biler (Lew. 26:1). Pul hem şeýle bolup biler. Pul esasy zerurlyklary kanagatlandyrmak we Hudaýa gulluk etmek üçin gerek bolýar (Wag. 7:12; Luka 16:9). Ýöne pul gazanmak Hudaýa gulluk etmegimize päsgel berse, pul biziň taňrymyz bolýar (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň). Bu zalym dünýäde baýlyk esasy orun tutýar, şonuň üçin biz pula paýhasly garamaly (1 Tim. 6:17—19).

9, 10. a) Mesihçiler bilime nähili garaýar? b) Ýokary bilim almak näme üçin howply?

9 Dünýewi bilim peýdaly zadyň peýdasyz bolup biljeginiň bir nusgasydyr. Mesihçiler çagalary özüni ekläp biler ýaly, gowy bilim almagyny isleýärler. Mesihçilere gowy bilim Mukaddes Ýazgylara has gowy düşünmäge, kynçylyklary çözmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanmak hakykanda oýlanmaga, dogry netijä gelmäge, hakykaty sada dilde we ynamly öwretmäge kömek edýär. Gowy bilim almak üçin köp wagt sarp etmeli bolýar, ýöne ol sarp eden wagtyňa degýär.

10 Ýokary bilim barada näme diýse bolar? Köp adamlar üstünlik gazanmak üçin hökman ýokary bilim almaly diýýärler. Emma ýokary bilim alan köp adamlar howply garaýyş we düşünjeler bilen zäherlenýär. Gymmatly ýaşlyk ýyllaryňy şeýle bilim üçin däl-de, Ýehowa gulluk etmek üçin sarp etsek gowy bolar (Wag. 12:1). Şonuň üçin köp adamlaryň ýokary bilim alýan ýurtlarynda Hudaýa ynanýan adamlaryň sanynyň kemelýändigi geň galdyrmaýar. Emma mesihçiler gelejege umydy we durnuklylygy abraýly ýokary bilimiň bermeýändigine düşünip, Ýehowa bil baglaýarlar (Sül. tym. 3:5).

Siziň taňryňyz ten höwesleri bolmasyn

11, 12. Näme üçin Pawlus resul käbir adamlaryň «taňrysy garynlarydyr» diýdi?

11 Pawlus resul filipililere ýazan hatynda ýene-de haýsy zatlaryň taňry bolup biljekdigine üns berdi. Ol öň mesihçi bolan adamlar barada şeýle diýdi: «Çünki size ençeme gezek aýdyşym ýaly, häzir-de aglap aýdýaryn, köp adamlar Mesihiň haçyna duşman bolup gezýär. Olaryň soňy heläkçilikdir. Taňrysy garynlarydyr. Olar. . . diňe bu dünýäniň pikirini edýär» (Flp. 3:18, 19). Adamyň garny nädip taňry bolup biler?

12 Bu mesihçiler Pawlus resul bilen Ýehowa gulluk etmekden, ten höweslerini kanagatlandyrmagy wajyp saýdylar. Göni manyda aýdanyňda, olardan käbiri çendenaşa iýip-içip, iýermen we arakhor boldular (Sül. tym. 23:20, 21; Kanun. 21:18—21-nji aýatlary deňeşdiriň). I asyrdaky käbir mesihçiler bu dünýäniň hödürleýän mümkinçiliginden peýdalanjak bolup, Ýehowadan daşlaşdylar. Gowy ýaşamak islegi, Ýehowa yhlasly gulluk etmäge hiç haçan päsgel bermesin (Kol. 3:23, 24).

13. a) Pawlus resul açgözlügiň haýsy görnüşi barada aýtdy? b) Biz açgözlükden nädip gaça durup bileris?

13 Pawlus resul ýalan seždäniň başga bir tarapyny-da belläp geçdi. Ol şeýle diýdi: «Ýer ýüzündäki bedeniňiziň agzalaryny: zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» (Kol. 3:5). Pawlusyň aýdan açgözlüligi bu adamda bolmadyk käbir zatlara bolan güýçli islegdir. Oňa maddy zatlar we nikasyz jynsy höwesler degişli (Çyk. 20:17). Şeýle islegleriň butparazlyga we ýalan taňrylara sežde etmegi aňladýandygy, bizi oýlandyrmaýarmy? Şeýle erbet höweslere garşy durmaklyk bize nähili kyn bolsa-da, onuň wajypdygyny Isa täsirli mysal arkaly görkezdi (Markus 9:47-ni okaň; 1 Ýahýa 2:16).

Boş sözlerden ägä boluň

14, 15. a) Ýeremiýanyň günlerinde haýsy «boş» zatlar köp adamlary heläk etdi? b) Musanyň sözleri näme üçin gymmatlydy?

14 Sözler hem peýdasyz zat bolup biler. Ýehowa Ýeremiýa şeýle diýdi: «Pygamberler meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Men olary ibermedim, olara hiç zat buýurmadym, hiç zat diýmedim. Ýalan görnüş, pal atma, ähli boş sözleri we ýüregindäki mekirligi size pygamberlik hökmünde aýdýarlar» (Ýerem. 14:14). Bu ýalan pygamberler Ýehowanyň adyndan aýtsalar-da, hakykatdan olar öz düşünjesini we pikirini aýdýarlylar. Şol sebäpli olaryň sözleri «boşdy», peýdasyzdy, galyberse-de, ruhy taýdan howplydy. Şeýle boş sözlere gulak asan adamlaryň köpüsi b. e. öň 607-nji ýylda babyllylaryň elinden öldüler.

15 Musa Ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Şu gün aýdan duýduryş sözlerimi ýüregiňiz bilen kabul ediň . . . çünki bu siziň üçin boş sözler däl, olara siziň ýaşaýşyňyz bagly. Şu sözler arkaly Iordan derýasyndan geçip, eýe boljak ýeriňizde uzak ýaşap bilersiňiz» (Kanun. 32:46, 47). Musanyň sözleri Hudaý tarapyndandy. Şol sebäpli, olar Ysraýyl halky üçin gymmatlydy we halkyň bähbidi üçin wajypdy. Bu söze gulak asanlar bolelin, uzak ýaşadylar. Geliň, hemişe boş sözleri ret edip, gymmatly hakykat sözlerine gulak asalyň!

16. Biz Hudaýyň Sözüne garşy gelýän ylmy garaýyşlara nähili garamaly?

16 Biz şu günler boş sözleri eşidýärismi? Hawa. Käbir alymlar ewolýusion taglymaty we başga ylmy açyşlar Hudaýyň ýokdugyny subut edýär diýip, ähli zady tebigy ösüş bilen düşündirýärler. Şeýle deliller bize täsir etmelimi? Ýok. Hudaýyň akyldarlygy adamlaryňkydan tapawutlanýar (1 Kor. 2:6, 7). Biz adamlaryň taglymaty Hudaýyň sözüne ters gelse, adamlaryň taglymatynyň hemişe nädogry bolýandygyn bilýäris (Rimliler 3:4-i okaň). Ylmyň ösýändigine garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň akyldarlygy barada şeýle diýilýär: «Bu dünýäniň akyldarlygy Hudaýyň ýanynda akmaklykdyr». Hudaýyň tükeniksiz akyldarlygyna deňäniňde, adamlaryň akyldarlygy boşdur we örän ahmiýetsizdir (1 Kor. 3:18—20).

17. Biz dini ýolbaşçylarynyň we imandan dänenleriň sözlerine nähili garamaly?

17 Boş sözleri hristian dini ýolbaşçylary hem aýdýarlar. Olar Hudaýyň adyndan sözleýäris diýseler-de, olaryň köp taglymatlary Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar. Şol sebäpli, olaryň bar aýdýan sözleri boş sözlerdir. Imandan dänenler «sadyk hem akylly hyzmatkärden» özlerini akylly saýyp, olar hem boş sözleýärler (Mat. 24:45—47). Olar öz pikirini ýöredýärler we olaryň sözleri peýdasyzdyr. Olary diňleýän adamlaryň ählisi büdreýär (Luka 17:1, 2). Biz olaryň toruna düşmez ýaly näme etmeli?

Nädip boş sözleri ret etmeli

18. Biz 1 Ýahýa 4:1-däki maslahata nädip eýerip bileris?

18 Gartaşan Ýahýa resul boş sözler barada gowy maslahat berdi (1 Ýahýa 4:1-i okaň). Biz wagyzda Ýahýanyň maslahatyna eýerip, adamlary bilýän zatlaryny Mukaddes Ýazgylar bilen deňeşdirmäge höweslendirýäris. Muňa biziň özümiz-de eýermeli. Eger biz hakykat barada ters pikiri ýa-da ýygnak, ýaşulular we islendik dogan-uýa hakynda aýdylýan tankydy sözleri eşitsek, oňa derrew ynanyp, nädogry netijä gelmeris. Muňa derek, şeýle soraglaryň üstünde oýlanarys: «Şeýle myş-myşy ýaýradýan adam Mukaddes Ýazgylara boýunça ýaşaýarmy? Onuň aýdýan sözleri Ýehowanyň islegine gabat gelýärmi? Bu sözler ýygnagyň agzybirligini berkidýärmi? Doganlygy berkitmän, gaýtam agzalalyk döredýän islendik söz — boş we peýdasyzdyr (2 Kor. 13:10, 11).

19. Ýaşulular sözleriniň boş däldigine nädip göz ýetirip bilerler?

19 Boş sözler babatda ýaşulular hem wajyp sapak edinip biler. Olar maslahat berenlerinde biliminiň çäklidigini unutman öz tejribesine daýanmaýarlar. Ýaşulular hemişe Mukaddes Ýazgylara salgylanmaly. Pawlus resulyň «ýazylanlardan artyk pikir etmäň» diýen sözlerinde, ýaşulular üçin wajyp prinsip bar (1 Kor. 4:6). Ýaşulular Mukaddes Ýazgylarda ýazylan sözleriň çäginden çykmaly däl. Bu prinsipe giňişleýin seretsek, olar sadyk hem akylly hyzmatkäriň edebiýat arkaly Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berýän maslahatynyň çägiden çykmaýarlar.

20. Peýdasyz zatlary ret etmäge bize näme kömek eder?

20 «Taňrylar», boş sözler ýa-da başga-da peýdasyz zatlar adama zyýan ýetirýär. Şol sebäpli, biz ähli peýdasyz zatlary saýgarmak üçin hemişe Ýehowadan kömek soramaly. Şeýle-de Ýehowanyň görkezmesini gözlemek we ähli boş zatlary ret etmek wajypdyr. Şeýtmek bilen, biz mezmurçynyň: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow; meni Öz ýoluňda direlt» diýen sözlerine eýerýäris (Zeb. 119:37 ). Biz indiki makalada Ýehowanyň görkezmesiniň nähili gymmatlydygyna serederis.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Biz nähili peýdasyz zady ret etmeli?

• Pul taňry bolmaz ýaly näme etmeli?

• Ten höwesleri nädip taňry bolup biler?

• Boş sözleri nädip ret etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş