Hudaýyň niýetinde mukaddes ruhuň ähmiýeti
«Meniň agzymdan çykýan sözüm-de, Maňa boş gaýdyp gelmez... Men ony näme üçin iberen bolsam, şony-da üstünlikli amala aşyrar». (IŞ. 55:11)
1. Maksat bilen planyň tapawudyny görkeziň?
AÝDALY, iki adam maşynly uzak ýere gitmekçi bolýar. Olaryň biri gitmeli ýolunyň žikme-jik kartasyny çyzýar. Beýlekisi bolsa, barmaly ýerini göz öňünde tutýar, ýöne şol ýere eltýän birnäçe ýoly bilýär. Ol islendik garaşylmadyk ýagdaý dörände, başga ýol bilen gitmäge taýýar. Bu mysal bize plan bilen maksadyň tapawudyny görkezýär. Plany jikme-jik çyzylan karta meňzetse bolýar. Barmaly ýerini göz öňünde tutup, şol ýere eltýän birnäçe ýoly bilmekligi maksat bilen deňeşdirse bolýar.
2, 3. a) Ýehowanyň niýeti näme we Adam ata bilen How ene günä edende, ol nähili çäre gördi? b) Biz näme üçin Ýehowanyň niýetiniň amala aşýanyna ünsli bolmaly?
2 Ýehowa islegini berjaý etmek üçin plan düzmeýär, emma onuň maksady bar (Efes. 3:10). Onuň maksady adamlar üçin ilkinji niýetini amala aşyrmak, ýagny kämil adamlar agzybir we bagtly ýaşar ýaly ýer ýüzüni Jennete öwürmek (Gel. çyk. 1:28). Adam ata bilen How ene günä edende, Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin gerekli çäreler gördi (Gelip çykyş 3:15-nji aýatlary okaň). Ýehowa göçme manydaky aýalyň «nesil», ýagny Ogul dogurjagyny aýtdy. Ol Şeýtany we onuň ýetiren ähli zyýanyny hemişelik ýok etmelidi (Ýew. 2:14; 1 Ýahýa 3:8).
3 Gökde we ýerde hiç hili güýç Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna päsgel berip bilmeýär (Iş. 46:9—11). Näme üçin? Sebäbi muny Ýehowa mukaddes ruhy arkaly eder. Bu ägirt uly güýç Hudaýyň niýetiniň «üstünlikli amala aşjakdygyny» subut edýär (Iş. 55:10, 11). Biz Hudaýyň niýetini şu günler nähili amala aşyrýandygyna üns bermeli. Çünki biziň gelejegimiz şoňa bagly. Şeýle-de Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly nädip hereket edýänine düşünsek, imanymyz berkär. Geliň, geçmişde, şu günler we gelejekde Ýehowanyň niýetinde mukaddes ruhuň ähmiýetine seredeliň.
Geçmişde mukaddes ruhuň ähmiýeti
4. Ýehowa niýetini nädip kem-kemden açdy?
4 Gadym döwürde Ýehowa niýetini kem-kemden açdy. Ilkinji gezek «gizlin syryň» wada edilen Nesildigi belli boldy (1 Kor. 2:7). Takmynan iki müň ýyl geçensoň, Ýehowa ýene-de nesil barada aýtdy (Gelip çykyş 12:7; 22:15—18-nji aýatlary okaň). Ýehowa Ybraýyma nesil hakynda has giňişleýin düşündirdi. «Seniň nesliň» diýen sözler Nesliň ynsan bolup, Ybraýymyň neberesinden doguljagyny görkezýär. Elbetde, Şeýtan bu jikme-jikleriň nädip aýan boljagyny synlap, örän gyzyklanýardy. Bu duşman Ybraýymyň neberesini ýok etjek bolup, Hudaýyň niýetini bozmak isleýärdi. Emma bu mümkin däldi, çünki Hudaýyň göze görünmeýän ruhy päsgel berdi. Nädip?
5, 6. Ýehowa ruhy arkaly Nesliň neberisine degişli adamlary nädip goraýardy?
5 Ýehowa mukaddes ruh arkaly Nesliň neberisine degişli adamlary goraýardy. Ýehowa Ybraýyma: «Men seniň galkanyňdyryn» diýdi (Gel. çyk. 15:1). Bu ýöne boş sözler däldi. Takmynan b. e. öň 1919-njy ýylda Ybraýym bilen Sara Gerarda düşlände, näme bolanyna seredeliň. Geraryň şasy Abimelek Saranyň Ybraýymyň aýalydygyny bilmeýärdi. Şonuň üçin ol Sarany özüne aýal edinmek üçin aldy. Şeýtan Ybraýyma aýaly nesil dogurmaz ýaly päsgel berjek boldumyka? Muny biz bilmeýäris. Emma Mukaddes Ýazgylarda muňa Ýehowanyň goşulandygy aýdylýar. Hudaý Abimeleke düýşünde Sara degmezligi duýdurýar (Gel. çyk. 20:1—18).
6 Ýehowa olary diňe bir gezek goramandy. Ol Ybraýymy we onuň maşgalasyny ençeme sapar halas edipdi (Gel. çyk. 12:14—20; 14:13—20; 26:26—29). Mezmurçy Ybraýym we onuň nesli barada şeýle diýdi: «Hudaý hiç bir adama olary ezmäge rugsat etmedi; olaryň hatyrasyna patyşalara hem temmi berip: «Mesh edenlerime el degirmäň, pygamberlerime ezýet bermäň» diýdi» (Zeb. 105:14, 15).
7. Ýehowa ysraýyl halkyny nädip gorady?
7 Ýehowa ruhy arkaly gadymy Ysraýyl halkyny gorady, çünki onda wada edilen Nesil dogulmalydy. Ýehowa ruhy arkaly Ysraýyla Musanyň Kanunyny berdi. Kanun olary ruhy, ahlak we beden taýdan gorap, hak Hudaýa iman etmäge ýardam berýärdi (Müs. çyk. 31:18; 2 Kor. 3:3). Kazylaryň döwründe Ýehowa Ysraýyly duşmanlaryndan halas etmek üçin käbir adamlara ruhy arkaly güýç berýärdi (Kaz. 3:9, 10). Ybraýymyň nesliniň esasy bölegi bolan Isa dogulmazdan öň ýüzlerçe ýyl mukaddes ruh Iýerusalimi, Beýtullahamy we ybadathanany goran bolmaly. Sebäbi olaryň Isa baradaky pygamberlikleriň berjaý bolmagy üçin ähmiýetlidi.
8. Isanyň durmuşyna we gullugyna mukaddes ruhuň gös-göni täsir edendigini nämeler görkezýär?
8 Mukaddes ruh Isanyň durmuşyna we gullugyna gös-göni täsir etdi. Mukaddes ruh arkaly Isanyň jany Merýem atly gyzyň göwresine geçirildi. Beýle gudrat hiç haçan görlüp eşidilmändi. Şeýdip bikämil aýal ölmeýän, kämil Ogul dogurdy (Luka 1:26—31, 34, 35). Soňra ony mukaddes ruh biwagt ölümden gorady (Mat. 2:7, 8, 12, 13). Hudaý Isany otuz ýaşlarynda mukaddes ruh bilen mesh etdi, Dawudyň tagtynyň mirasdüşeri edip belledi we wagyz etmegi tabşyrdy (Luka 1:32, 33; 4:16—21). Isa mukaddes ruh arkaly kesel adamlary sagaldyp, märekäni doýrup we ölen adamlary direldip gudratlar görkezdi. Şeýle ajaýyp gudratlar Isanyň hökümdarlygynda nähili bereketler aljagymyzy subut edýär.
9, 10. a) Isanyň I asyrdaky şägirtleriniň üstüne mukaddes ruhuň inendigi nämeden görünýär? b) I asyryň mesihçileri Hudaýyň niýetiniň amala aşmagy barada näme täze zatlara düşündiler?
9 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden başlap, Ýehowa mukaddes ruh arkaly Ybraýymyň nesliniň başga wekillerini mesh etdi. Olaryň köpüsi Ybraýymyň neslinden däldi (Rim. 8:15—17; Gal. 3:29). I asyrda mukaddes ruh Isanyň ilkinji şägirtleriniň üstüne inende, olar yhlasly wagyz etdiler we ägirt uly işi ýerine ýetirmäge güýç-kuwwat aldylar (Res. iş. 1:8; 2:1—4; 1 Kor. 12:7—11). Olar täsin sowgat bolan mukaddes ruhy alyp, Ýehowanyň niýetini nädip amala aşyrjakdygy barada täze zatlara düşündiler. Ýehowa asyrlaryň dowamynda Iýerusalimiň ybadathanasynda halkynyň sežde edişi ýaly mundan beýläk sežde edilmegini islemedi. Ol indi mesihçileriň ýygnagyna merhemet etdi. Şondan bäri Ýehowa mesh edilenleriň ýygnagy arkaly niýetini amala aşyrýar.
10 Gadymy döwürde Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly goramagy, güýç bermegi we mesh etmegi niýetiniň amala aşjakdygyny subut edýär. Şu günler barada näme diýse bolar? Ýehowa ruhy arkaly şu günler niýetini nädip amala aşyrýar? Biz muny bilmeli, çünki onuň ruhuna görä hereket etmek isleýäris. Şu günler Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly dört ýol bilen kömek edýänine seredeliň.
Şu günler mukaddes ruhuň ähmiýeti
11. Hudaýyň halkyna arassa bolmaga mukaddes ruhuň kömek edýänini näme görkezýär we onuň durmuşyňa täsir edýändigini nädip görkezip bilersiň?
11 Birinjiden, mukaddes ruh Hudaýyň halkyna arassa bolmaga kömek edýär. Hudaýyň islegine görä gulluk edýän we onuň niýetinden peýdalanýan gullukçylary ahlak taýdan arassa bolmaly (1 Korintoslylar 6:9—11-nji aýatlary okaň). Mesihçileriň käbiri, öň ahlaksyz, zynahor we gomoseksualdylar. Günäli işleri dogurýan höwesler örän güýçli bolup bilýär (Ýakup 1:14, 15). Hawa, şeýle adamlaryň «ýuwulandygy» Hudaýa ýaranmak üçin durmuşyny özgerdendigini aňladýar. Hudaýy söýýän adamlara erbet höweslere garşy durmaga näme kömek edýär? 1 Korintoslylar 6:11-de «Hudaýymyzyň Ruhy» kömek edýär diýilýär. Sen ahlak taýdan arassa ýaşap, ruhuň durmuşyňa täsir edýändigini görkezýärsiň.
12. a) Ezekiýeliň görnüşine görä, Ýehowa guramasyna nädip görkezme berýär? b) Sen mukaddes ruha eýerýändigiňi nädip subut edersiň?
12 Ikinjiden, Ýehowa ruhy arkaly guramasyna görkezme berip, ony islegine görä alyp barýar. Ýehowa Ezekiýele asmandaky guramasynyň gökdäki araba hökmünde suratlandyrylyşyny görnüş berýär. Bu araba örän täsin we Ýehowanyň niýetini berjaý etmek üçin ýöreýär. Arabany belli bir ugra näme ýöredýärkä? Mukaddes ruh (Ezek. 1:20, 21). Ýehowanyň guramasynyň iki bölümden ybaratdygyny ýada salalyň. Onuň bir bölümi gökde, beýlekisi bolsa ýerde. Eger gökdäki bölümine mukaddes ruh görkezme berýän bolsa, ýerdäkisi hem şeýle bolmaly. Sen Hudaýyň ýerdäki guramasynyň görkezmesine gulak asyp, wepaly bolsaň, Ýehowanyň gökdäki arabasy bilen bile ýöreýäniňi we mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýäniňi subut edersiň (Ýew. 13:17).
13, 14. a) Isa «bu nesil» diýende kimi göz öňünde tutdy? b) Mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça Hudaýyň Sözündäki hakykatyň başgaça düşündirilişini mysal getir («Sen başgaça düşündirilişe üns berýärmiň?» diýen bukja seret).
13 Üçünjiden, Ýehowa mukaddes ruh arkaly Hudaýyň Sözündäki hakykaty düşünmäge kömek edýär (Sül. tym. 4:18). «Sadyk hem akylly hyzmatkär» köpden bäri esasanam şu žurnal arkaly kem-kemden Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty açýar (Mat. 24:45). Meselem, Isa «bu nesil» diýende, kimi göz öňünde tutandygyna nähili düşünendigimize seredeliň (Matta 24:32—34-nji aýatlary okaň). Isanyň agzan nesli kim? «Mesihiň barlygyna sen nähili düşünýärsiň?» diýen makalada Isanyň erbet adamlar barada däl-de, tizden mukaddes ruh bilen mesh ediljek şägirtleri hakynda aýdandygy düşündirildia. Isanyň mesh edilen şägirtleri I asyrda-da, şu günlerem alamatlary diňe bir görmän, eýsem, Isanyň «golaýdadygynyň, gapynyň agzyndadygynyň» manysyna düşünýär.
14 Bu düşündirilişiň bize näme ähmiýeti bar? «Bu nesil» diýen jümläniň näme aňladýanyny anyk bilmesekde, «nesil» diýen söz barada käbir zatlara gowy düşünýäris. Adatça, bu belli bir döwürde ýaşan dürli ýaşdaky adamlary aňladýar. Bu köp wagty öz içine almaýar we onuň soňy bar (Müs. çyk. 1:6). Onda Isanyň «bu nesil» diýen jümlesine nähili düşünmeli? Bu nesil 1914-nji ýylda alamatlar aýan bolup başlanda ýaşan mesh edilen mesihçileri we olar bilen bir döwürde ýaşaýan agyr muşakgatyň başlangyjyny görjek başga mesh edilen mesihçileri aňladýar. Bu nesliň başlangyjy bar, soňy hem bolar. Ähli alamatlaryň berjaý bolmagy agyr muşakgatyň golaýdygyny aýdyň görkezýär. Sen gaýragoýulmasyz hereket edip we ruhy taýdan oýa bolup, Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň has-da aýdyňlaşmagyna ünsli bolsaň, mukaddes ruha eýerýäniňi görkezýärsiň (Mar. 13:37).
15. Hoş habary wagyz etmäge mukaddes ruhuň güýç berýändigini näme görkezýär?
15 Dördünjiden, mukaddes ruh bize hoş habary wagyz etmäge güýç berýär (Res. iş. 1:8). Bütin dünýäde hoş habaryň wagyz edilýänini ýene-de nädip düşündirip bolar? Şu barada oýlan. Belki, sen öň käbir wagyzçylar ýaly örän çekinjeňligiň ýa-da gorkýandygyň üçin, «men hiç haçan öýden-öýe wagyz etmerin!» diýensiň. Emma häzir bolsa sen yhlasly wagyz edýärsiňb. Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi garşylyklara we yzarlamalara garamazdan, wagyz etmegini dowam edýär. Diňe Hudaýyň mukaddes ruhy bize kyn ýagdaýlara döz gelmäge we güýjümiz ýetmeýän zatlary etmäge güýç-kuwwat berýär (Mika 3:8; Mat. 17:20). Sen wagyz işine doly gatnaşyp, mukaddes ruha eýerýändigiňi görkezýärsiň.
Gelejekde mukaddes ruhuň ähmiýeti
16. Agyr muşakgatda Ýehowanyň halkyny gorajakdygyna näme üçin ynanyp bileris?
16 Ýehowa gelejekde mukaddes ruhy arkaly täsin ýol bilen niýetini amala aşyrar. Ilki bilen, onuň mukaddes ruh arkaly nädip gorandygyna seredeliň. Görşümiz ýaly, Ýehowa geçmişde mukaddes ruhy arkaly adamlary, hatda tutuş ysraýyl halkyny gorady. Şonuň üçin biz tiz wagtdan agyr muşakgatda şol güýçli ruhy arkaly öz halkyny gorajakdygyna doly ynanyp bileris. Biz şonda Ýehowa nädip aladamyzy eder diýip oýlanmaly däl. Gaýtam, biz, Ýehowany söýýän adamlar Hudaýyň nazaryndan we mukaddes ruhundan hiç haçan gizlin galmajagymyzy bilip, gelejege ynam bilen garamaly (2 Tar. 16:9; Zeb. 139:7—12).
17. Täze dünýäde Ýehowa mukaddes ruhy arkaly näme eder?
17 Tiz wagtdan täze dünýäde Ýehowa mukaddes ruhy arkaly näme eder? Şonda ruh arkaly täze kitaplar açylar (Ylh. 20:12). Şol kitaplarda näme barada aýdylar? Elbetde, onda müň ýylyň dowamynda biziň üçin Ýehowanyň jikme-jik talaplary bolar. Sen şol kitaplary öwrenmäge howlugýarmyň? Biz täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biz Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly ýer we adamlar üçin niýetini amala aşyranda, nähili ajaýyp ýaşaýşyň boljagyny göz öňüne getirip bilmeýäris.
18. Sen nämäni berk ýüregiňe düwdüň?
18 Geliň, Ýehowanyň niýetini üstünlikli amala aşyrjakdygyny hiç haçan unutmalyň, çünki ol muny älemde iň kuwwatly güýji — mukaddes ruhy arkaly eder. Hudaýyň bu niýeti saňa-da degişli. Şol sebäpli sen Ýehowanyň mukaddes ruhuny dilemegi we onuň görkezmesine eýermegi berk ýüregiňe düw (Luka 11:13). Şeýtseň, Ýehowanyň adamlar üçin niýetlän ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga umydyň bolar.
a 2008-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 21—25-nji sahypalaryna seret.
b 1993-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 19-njy sahypasyndaky örän çekinjeňlige hötde gelip, yhlasly wagyz eden bir uýanyň mysalyna seret.
Ýadyňyzdamy?
• Ýehowa geçmişde mukaddes ruhy arkaly niýetini nädip ýerine ýetirdi?
• Şu günler Ýehowanyň mukaddes ruhunyň näme ähmiýeti bar?
• Ýehowa mukaddes ruhy arkaly gelejekde niýetini nädip amala aşyrar?
Sen başgaça düşündirilişe üns berýärmiň?
Ýehowa halkyna Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty düşündirmegi dowam edýär. «Garawul diňinde» nähili käbir özgerişler çap edildi?
▪ Isanyň hamyrmaýa tymsalyndan ruhy taýdan ösmek barada nähili gowy sapak edinip bolýar? (Mat. 13:33). 2008 ý. 15-nji iýul 7, 8 sahypalar.
▪ Mesihçileriň gökde ýaşamaga çagyrylyşy haçan tamamlanýar? 2007 ý. 1-nji maý (rus.) 30, 31 sahypalar.
▪ Uly märeke haýsy howluda gulluk edýär? (Ylh. 7:15). 2002 ý. 1-nji maý (rus.) 30, 31 sahypalar.
▪ Haçan milletler goýunlara we geçilere saýlanar? (Mat. 25:31—33). 1995 ý. 15-nji oktýabr (rus.) 18—28 sahypalar.