Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 2
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Matta kitabynyň mazmuny

      • Müneçjimler gelýär (1—12)

      • Müsüre gaçýarlar (13—15)

      • Hirodes çagalary öldürýär (16—18)

      • Nazarete dolanýarlar (19—23)

Matta 2:1

Suratlar we wideolar

  • Müneçjimler Hirodesiň ýanyna barýarlar; patyşanyň erbet niýeti (gnj 1 50:25–55:52)

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Luk 1:5
  • +Mik 5:2; Luk 2:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 15

    «Isa — ýol», sah. 22

    «Mukaddes Kitap», sah. 14

Matta 2:2

Parallel aýatlar

  • +Mat 27:37

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 22

    «Garawul diňi»,

    15/2/2014, sah. 27

Matta 2:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: belleneniň; saýlananyň. Sözlüge serediň: Saýlanmak.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitap», sah. 1892

Matta 2:5

Parallel aýatlar

  • +Ýah 7:42

Matta 2:6

Parallel aýatlar

  • +2Şm 5:2; Mik 5:2

Matta 2:9

Parallel aýatlar

  • +Mat 2:2

Matta 2:11

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

  • *

    Sözlüge serediň.

Matta 2:12

Parallel aýatlar

  • +Mat 2:22

Matta 2:13

Suratlar we wideolar

  • Ýusup Merýemi we Isany alyp, Müsüre gaçyp gidýär (gnj 1 55:53–57:34)

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Mat 1:20; 2:19

Matta 2:15

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Hoş 11:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Ýazgylar öwredýär», sah. 201

    «Garawul diňi»,

    15/8/2011, sah. 10

Matta 2:16

Suratlar we wideolar

  • Hirodes Beýtullahamdaky we onuň daş-töweregindäki oglan bäbekleri öldürdýär (gnj 1 57:35–59:32)

Parallel aýatlar

  • +Mat 2:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Isa — ýol», sah. 24

    «Garawul diňi»,

    15/8/2011, sah. 10

Matta 2:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/8/2011, sah. 10

Matta 2:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 35:19
  • +Ýer 31:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/12/2014, sah. 21

    15/8/2011, sah. 10

Matta 2:19

Suratlar we wideolar

  • Ýusup maşgalasy bilen Nazaret şäherine göçýär (gnj 1 59:34–1:03:55)

Çykgytlar

  • *

    Goşmaça maglumata serediň: A5.

Parallel aýatlar

  • +Mat 1:20

Matta 2:22

Parallel aýatlar

  • +Mat 2:12
  • +Mar 1:9; Luk 2:39

Matta 2:23

Çykgytlar

  • *

    Ýewreýçe baldak sözünden gelip çykan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Ýah 1:45
  • +Işa 11:1; 53:2; Ýer 23:5; Zek 3:8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 146

Umumy salgylar

Mat. 2:1Luk 1:5
Mat. 2:1Mik 5:2; Luk 2:4
Mat. 2:2Mat 27:37
Mat. 2:5Ýah 7:42
Mat. 2:62Şm 5:2; Mik 5:2
Mat. 2:9Mat 2:2
Mat. 2:12Mat 2:22
Mat. 2:13Mat 1:20; 2:19
Mat. 2:15Hoş 11:1
Mat. 2:16Mat 2:7
Mat. 2:181Ms 35:19
Mat. 2:18Ýer 31:15
Mat. 2:19Mat 1:20
Mat. 2:22Mat 2:12
Mat. 2:22Mar 1:9; Luk 2:39
Mat. 2:23Ýah 1:45
Mat. 2:23Işa 11:1; 53:2; Ýer 23:5; Zek 3:8
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
Mukaddes Kitap
Matta 2:1—23

Matta

2 Hirodesiň* höküm süren döwri+ Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde+ Isa doguldy. Birnäçe wagtdan Gündogardan Iýerusalime müneçjimler gelip: 2 «Ýehudylaryň patyşasy boljak oglan nirede?+ Biz Gündogarda onuň ýyldyzyny görüp, tagzym etmäge geldik» diýdiler. 3 Muny eşidip, Hirodes patyşa we Iýerusalimiň halky howsala düşdi. 4 Hirodes uly ruhanylaryň we kanunçylaryň ählisini ýygnap, Mesihiň* nirede dünýä inmelidigini sorady. 5 Olar şeýle diýdiler: «Ol Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde+ dogulmaly, sebäbi şeýle pygamberlik bar: 6 „Eý Ýahudanyň Beýtullaham şäheri, Ýahuda hökümdarlary üçin sen asla kiçi dälsiň. Sebäbi ysraýyl halkymyň çopany boljak hökümdar senden dörär“»+.

7 Hirodes müneçjimleri gizlinlikde ýanyna çagyryp, ýyldyzy haçan görendiklerini çintgäp sorady. 8 Soňra olary Beýtullahama ýollap, şeýle diýdi: «Baryň, çagany gowuja gözläň. Tapsaňyz, maňa habar beriň, meniň hem tagzym edesim gelýär». 9 Olar patyşanyň aýdanlaryny diňläp, ýola düşdüler. Gündogarda görnen ýyldyz+ ýol görkezip, çaganyň bolýan öýüniň üstünde saklandy. 10 Olar ýyldyzyň durandygyny görüp, örän begendiler. 11 Müneçjimler öýe girip, çagany we ejesi Merýemi gördüler. Olar çaga tagzym edip, altyn, ladan*, mür* sowgat berdiler. 12 Emma Hudaý müneçjimleriň düýşüne girip+, Hirodesiň ýanyna barmaň diýdi. Olar hem ýurduna başga ýol bilen dolandylar.

13 Müneçjimler gidensoň, Ýehowanyň* perişdesi Ýusubyň düýşüne girip+: «Tur, çagany, aýalyňy al-da, Müsüre gaç, näme etmelidigini aýdýançam, şol ýerde bol. Sebäbi Hirodes çagany tapyp öldürjek bolýar» diýdi. 14 Ýusup ukudan oýanyp, şol gije çagany we aýalyny alyp, Müsüre gitdi. 15 Ol Hirodes aradan çykýança, şol ýerde boldy. Şeýdip, Ýehowanyň* pygamber arkaly: «Men oglumy Müsürden çagyrdym»+ diýen sözleri ýerine ýetdi.

16 Hirodes müneçjimleriň aldandygyny bilip, gahar-gazaba mündi. Ol Beýtullahama we onuň daş-töweregine nökerlerini iberip, müneçjimleriň aýdan wagtyna görä+, iki ýaşa çenli oglanlaryň ählisini öldürtdi. 17 Şonda Ýermeýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi: 18 «Rama şäherinde agy sesi, dady-perýat eşidilýär. Rahel+ ogullary üçin aglaýar, teselli sözlerini diňlemeýär, indi onuň ogullary ýok»+.

19 Hirodes ölenden soň, Ýehowanyň* perişdesi Müsürde ýaşaýan Ýusubyň düýşüne girip+: 20 «Tur, çagany we aýalyňy alyp, Ysraýyl topragyna dolan, sebäbi çagany öldürjek bolan adamlar aradan çykdy» diýdi. 21 Şonda ol çagany we aýalyny alyp, Ysraýyla dolandy. 22 Hirodesiň ýerine ogly Arhelasyň patyşa bolandygyny eşidende, Ýusup Ýahuda barmaga gorkdy. Emma düýşünde Hudaýdan duýduryş alyp+, Jelile etrabyna gitdi+. 23 Ýusup Nazaret şäherine baryp ornaşdy+. Şeýdip, pygamberleriň: «Oňa nazaretli*+ diýerler» diýen sözleri ýerine ýetdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş