Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/2 sah. 21—25
  • Mesihiň barlygyna sen nähili düşünýärsiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesihiň barlygyna sen nähili düşünýärsiň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Uzak wagt dowam edýän döwür
  • Alamatlary bilmek
  • Alamatlary görýän nesil
  • «Oýa boluň»
  • «Patyşalygyň gelsin»
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Resullar alamat hakda soraýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/2 sah. 21—25

Mesihiň barlygyna sen nähili düşünýärsiň?

«Seniň gelmegiňiň [barlygyň, TD] we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» (MAT. 24:3).

1. Isanyň resullary oňa nähili wajyp sorag berdiler?

TAKMYNAN iki müň ýyl mundan özal, Isanyň dört resuly Zeýtun dagynda onuň bilen gürrüň edýärkäler wajyp sorag berýärler. Olar: «Bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň [barlygyňyň, TD] we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Mat. 24:3). Bu soragda resullar «seniň gelmegiň [barlygyň, TD] we ahyrzamanyň alamaty» diýen iki sany gyzykly jümläni ulanýarlar. Bu jümleler näme aňladýar?

2. «Ahyrzaman» diýen söz nämäni aňladýar?

2 Ilki bilen, grek dilinde «sinteleýa» diýip terjime edilýän «ahyrzaman» diýen ikinji jümlä seredeliň. Täze Dünýä terjimesinde «ahyrzaman» diýen sözi yzygiderli terjime edilýär, grek dilindäki «telos» sözi bolsa «soňy» diýip terjime edilýär. Dürli manyly bu iki sözi Patyşalyk zalynda nutk bilen çykyş edilendäki ýagdaýa meňzetse bolýar. Nutgyň jemleýji bölümi onuň soňunda berilýär. Bu bölümde nutkçy biraz wagtyň içinde näme barada gürrüň edendigini jemläp, maglumaty nädip ulanyp bolýandygyna diňleýjileriň ünsüni çekýär. Nutkçynyň sahnadan gitmegi, nutgynyň gutarandygyny görkezýär. Şonuň ýaly-da Mukaddes Ýazgylara görä, «ahyrzamanyň alamaty» diýen jümle, belli bir döwri we soňy öz içine alýan wagty aňladýar.

3. Isanyň «barlygy» döwründe nähili wakalar bolup geçýär?

3 Resullaryň «gelmegiňiň, [barlygyň, TD]» diýip soramagy näme aňladýar? Bu söz grek dilinde «parusia» diýip terjime edilýära. Mesihiň «parusiasy» ýa-da «barlygy» Isanyň 1914-nji ýylda gökde Patyşa bolan wagtyndan başlap, tä onuň «uly muşakgatda» gelip, zalym dünýäni ýok etjek aralygy öz içine alýar (Mat. 24:21). Zalym dünýäniň «soňky günlerinde», ýagny Isanyň «barlygynda» saýlanan adamlaryň ýygnanmagy we olaryň gökdäki ýaşaýşa direlmegi ýaly dürli wakalar bolup geçýär (2 Tim. 3:1; 1 Kor. 15:23; 1 Sel. 4:15—17; 2 Sel. 2:1). Başgaça aýdanyňda, «ahyrzamanyň alamaty» (sinteleýa) Mesihiň «barlygy» (parusia) bilen gabat gelýär.

Uzak wagt dowam edýän döwür

4. Isanyň barlygy bilen Nuhuň günlerindäki wakalaryň nähili meňzeşligi bar?

4 «Parusia» sözi Isanyň barlygy barada aýdan sözleri bilen gabat gelip, uzak wagt dowam edýän döwri aňladýar (Matta 24:37—39-nji aýatlary okaň). Isa barlygyny Nuhuň günlerinde gysga wagt dowam eden tupan bilen deňeşdirmändigine üns bereliň. Gaýtam, ol barlygyny Tupana elten uzak wagt dowam edýän döwür bilen deňeşdirdi. Şol döwürde Nuh gämi ýasady we tä Tupan turýança wagyz etdi. Bu wakalar birnäçe onýyllyklar dowam etdi. Şeýlelikde, Mesihiň barlygyna uly muşakgadyň öňündäki wakalar we uly muşakgat degişli bolýar (2 Sel. 1:6—9).

5. Ylham kitabynyň 6-njy babyndaky sözler Isanyň «barlygynyň» uzak wagt dowam edýändigini nädip görkezýär?

5 Mukaddes Ýazgylardaky beýleki pygamberlikler Mesihiň «barlygy» onuň diňe bir erbetligi ýok etmek üçin gelýän wagtyny däl-de, uzak wagt dowam edýändigini görkezýär. Ylham kitabynda Isa ak atly we täç berlen hökmünde suratlandyrylýar (Ylham 6:1—6-njy okaň). Isa 1914-nji ýylda Patyşa bolandan soň, «ýeňsin diýip, ýeňip çykan» hökmünde aýdylýar. Soňra Isanyň yzyndan dürli reňkli atlylaryň gidendigi aýdylýar. Bu pygamberlikler uruş, açlyk, gyrgynçylyk we uzak wagtyň dowamynda, ýagny «soňky günlerde» bolýan ähli zatlar barada aýdylýar. Biz bu pygamberlikleriň şu günler ýerine ýetýändigini görýäris (2 Tim. 3:1).

6. Mesihiň barlygyna düşünmäge Ylham kitabynyň 12-nji baby nädip kömek edýär?

6 Hudaýyň Patyşalygynyň gökde berkarar edilişi barada Ylham kitabynyň 12-nji babynda goşmaça jikme-jiklikler aýdylýar. Ol ýerde biz göze görünmeýän gökde bolan söweş barada okaýarys. Gökde Mikaýyl, ýagny Isa Mesih bilen onuň perişdeleri Iblise we onuň jynlaryna garşy söweşdiler. Netijede, Şeýtan Iblis we onuň ýaranlary gökden ýere zyňyldy. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, şondan bäri Iblis «wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba mündi» diýilýär (Ylham 12:7—12-nji aýatlary okaň). Görşümiz ýaly, Mesihiň Patyşalygy gökde berkarar bolandan soň, ýer we onda ýaşaýanlar üçin gitdigiçe erbetleşýän döwür başlanýar.

7. Ikinji mezmurda näme we nähili mümkinçilik barada aýdylýar?

7 Şonuň ýaly-da ikinji mezmurda Isanyň gökde Sion Dagynda Patyşa bolandygy barada pygamberlik edilýär (Zebur 2:5—9; 110:1, 2-nji aýatlary okaň). Şeýle-de bu pygamberlikde ynsan hökümdarlaryna we olaryň raýatlaryna Mesihiň hökümdarlygyna tabyn bolmaga mümkinçilik berilýändigi aýdylýar. Olara «akylly bolup», «görelde almak» maslahat berilýär. Hawa, Ýehowa we onuň mesh edilen Patyşasyna gulluk edip, «oňa [Hudaýa] sygynýanlaryň hemmesi bagtly» bolar. Şeýlelikde, adamlara Isanyň Patyşa bolup höküm sürýän barlygy döwründe özgerişikler etmäge mümkinçilik berilýär (Zeb. 2:10—12).

Alamatlary bilmek

8, 9. Kim Mesihiň barlygynyň alamatyny bilip, manysyna düşünip biler?

8 Fariseýler Patyşalygyň gelmegi barada soranlarynda, Isa Patyşalygyň olaryň gözüne görnüp gelmejegini aýdýar (Luka 17:20, 21). Iman etmeýänler muňa düşünip bilmezler. Munuň näme üçindigi düşnükli. Olar hatda Isany geljekki Patyşa hökmünde kabul edip bilmediler. Onda kim Mesihiň barlygynyň alamatlaryna we onuň manysyna düşünýär?

9 Isa şägirtleriniň «ýyldyrym Gögüň bir ujundan çakyp, ol ujuny-da nähili ýagtyldýan bolsa» bu alamatlary şeýle aýdyň görjekdigini aýdýar (Luka 17:24—29-njy aýatlary okaň). Şeýle-de Matta 24:23—27-nji aýatlar Isanyň barlygynyň alamatyny aýdyň görkezýär.

Alamatlary görýän nesil

10, 11. a) Matta 24:34-däki «nesil» sözi öň nähili düşündirildi? b) «Nesliň» kimdigi barada Isanyň şägirtleri nämäni anyk bilýärdiler?

10 Öň «Garawul diňi» žurnalynda Matta 24:34-däki «bu nesil» diýen jümle birinji asyrdaky iman etmedik ýehudy neslini aňladýandygy düşündirildib. Bu düşündiriş dogry ýaly görünýärdi, sebäbi Isa «nesil» sözüni ähli beýleki aýatlarda otrisatel manyda, köplenç bolsa ony «erbet», «ýoldan çykan» nesil diýip ulanýar (Mat. 12:39; 17:17; Mar. 8:38). Şeýlelikde, Isanyň sözleriniň häzirki ýerine ýetirilişi, «dünýäniň ahyrynyň alamatyny» (sinteleýany) hem-de dünýäniň soňunyň (telosyň) aýratynlyklaryny görýän, iman etmeýän erbet «nesle» degişli ýaly bolup görünýär.

11 Isanyň «nesil» sözüni otrisatel manyda ulanandygy dogry, çünki ol ýaşan döwründäki erbet adamlary göz öňünde tutdy. Eýsem, Matta 24:34-däki «nesil» sözi otrisatel manyda ulanyldymy? Isanyň dört şägirdi onuň ýanyna ýekelikde gelendigini ýadyňa sal (Mat. 24:3). Isa resullaryna «bu nesil» diýende, ony otrisatel manyda ulanmady, şol sebäpli, elbetde, onuň resullary we beýleki şägirtleri «bütin bu zatlar bolýança», «dünýäden ötmejek» nesle degişlidigini anyk düşündiler.

12. Kontekstden görnüşi ýaly, «nesil» barada aýdanda Isa kimi göz öňünde tutdy?

12 Nämä esaslanyp şeýle netijä gelip bilýäris? Kontekste ünsli seretmeli. Mattanyň 24:32, 33-nji aýatlaryna görä, Isa şeýle diýdi: «Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýdygyny bilýäris. Şonuň ýaly-da, [siz] bütin bu zatlary göreňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň» (Markus 13:28—30-njy we Luka 21:30—32-nji aýatlary deňeşdiriň). Soňra Matta 24:34-de şeýle sözleri okaýarys: «Men size dogrusyny aýdýaryn, bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez».

13, 14. Isa «nesil» diýende näme üçin şägirtlerini göz öňünde tutdy diýip bolýar?

13 Isanyň aýtmagyna görä, tizden diňe onuň şägirtleri mukaddes ruh bilen mesh edilip, «bütin bu zatlaryň bolanyny» görende, dogry netijä gelip bilerler. Şonuň üçin Isa 34-nji aýatda: «Bütin bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez» diýende şägirtlerine göz öňünde tutan bolmaly.

14 Iman etmeýän adamlardan tapawutlylykda, Isanyň şägirtleri alamatlary diňe bir görmän, eýsem, olaryň manysyna düşünerler. Olar alamatlaryň aýratynlyklaryndan «sapak alyp», onuň hakyky manysyny «bilerler». Olar «golaýdygyna, gapynyň agzyndadygyna» doly düşünerler. Birinji asyrda iman etmeýän ýehudylar-da, mesh edilen wepaly mesihçiler-de, Isanyň sözleriniň belli bir böleginiň ýerine ýetirilişini görseler-de, diňe mesh edilen şägirtler bu wakalardan sapak edinip, görýän zatlarynyň hakyky manysyna düşünip bildiler.

15. a)Isanyň aýdan «nesli» şu günler kimi aňladýar? b) «Bu nesliň» näçe wagt dowam edendigini näme üçin anyk aýdyp bolmaýar?

15 Şu günler Hudaýyň hakykatyny bilmeýän adamlaryň pikirine görä, Isanyň barlygyny we onuň «göze görünýändigini» hiç zat görkezmeýär. Olar hemme zat şol öňküsi ýaly dur diýýärler (2 Pet. 3:4). Mesihiň mesh edilen wepaly doganlary, ýagny Ýahýanyň şu günki topary bolsa, bu alamatlary ýyldyrymyň çakyşy ýaly aýdyň bilip, onuň hakyky manysyna düşünýärler. Mesh edilen mesihçiler «bütin bu zatlar bolýança» ötmejek häzirki «nesli» aňladýarc. Diýmek, uly muşakgat baradaky pygamberlik ýerine ýetende, Mesihiň mesh edilen doganlarynyň käbiri ýer ýüzünde ýaşar.

«Oýa boluň»

16. Mesihiň ähli şägirtleri näme etmeli?

16 Emma diňe bir alamatlaryň manysyna düşünmekden köp zat talap edilýär. Isa şeýle diýdi: «Size aýdýanlarymy hemmelere aýdýaryn: oýa boluň!» (Mar. 13:37). Şu günler mesh edilenler bolsun, uly märeke bolsun, Isanyň sözlerine gulak asmak hemmeler üçin örän wajyp. Isanyň 1914-nji ýylda gökde Patyşa bolanyndan bäri 90 ýyldan gowrak wagt geçdi. Kyn bolsa-da, biz hemişe oýa we taýyn bolmaly. Şonuň üçin Mesihiň göze görünmän Patyşa bolup höküm sürýändigini unutmaly däl. Şeýle-de bu bize onuň tizden «[biziň] oslamaýan sagadymyz gelip», duşmanlaryny ýok etjekdigini duýdurýar (Luka 12:40).

17. Isanyň barlygyna düşünmek bize nähili täsir etmeli we näme etmegi ýüregimize düwmeli?

17 Mesihiň barlygynyň näme aňladýandygyna düşünmek gaýragoýmazlyk duýgyny artdyrmaga kömek edýär. Biz häzir Isanyň 1914-nji ýyldan bäri göze görünmeýän Patyşa hökmünde höküm sürýändigini bilýäris. Tizden ol erbetligi ýok etmek üçin geler we bütin ýer ýüzünde uly özgerişikler eder. Şol sebäpli biz Isanyň: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana [telos] şonda geler» diýen pygamberliginiň ýerine ýetirilmeginde öňküden-de has yhlasly gatnaşmagy berk ýüregimize düwmeli (Mat. 24:14).

a «Parusia» sözüni 2 Korintoslylar 10:10, 11-nji we Filipililer 2:12-däki Pawlus resulyň «barlygy» hem-de «ýoklugy» diýen sözlerini deňeşdirsek, onuň manysyna düşünip bolýar. Bu barada Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden Ýazgylara düşünmek (Insight on the Scriptures II tom, 676—679-njy sah. iňlisçe) diýen kitapda jikme-jik düşündirilýär.

b «Garawul diňi» žurnalynyň 1995-nji ýylyň Sanjar aýynyň 1-inde çykan sanynyň 11—15, 19, 30, 31-nji sahypalaryna seret.

c Isanyň aýdan şu nesli Ylham kitabyndaky birinji görnüşiň ýerine ýetmegi bilen gabat gelýär (Ylh. 1:10—3:22). Bu görnüşiň ýerine ýetişi 1914-nji ýylda Rebbiň güni başlandan tä, iň soňky mesh edilen wepaly mesihçiniň ölüp, direlen wagt aralygy öz içine alýar. «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» diýen kitabyň 24-nji sahypasyndaky 4-nji abzasa serediň.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Isanyň barlygynyň uzak wagt dowam etmelidigini nireden bilýäris?

• Kim Isanyň barlygynyň alamatlaryny bilip, onuň manysyna düşünýär?

• Şu günler Matta 24:34-däki agzalýan nesle kimler degişli?

• Näme üçin biz «bu nesliň» näçe wagt dowam edýändigini hasaplap bilmeýäris?

[25-nji sahypadaky çarçuwa]

«Bu nesliň» näçe dowam edýändigini hasaplap bilýärismi?

Adatça, «nesil» sözi belli bir döwürde ýa-da haýsydyr bir wakanyň bolýan wagtynda ýaşaýan dürli ýaşdaky adamlara degişli ulanylýar. Meselem, Çykyş 1:6-da şeýle diýilýär: «Wagtyň geçmegi bilen Ýusup öldi. Şeýle-de onuň ähli doganlary we şol nesliň ählisi öldi». Ýusup we onuň doganlary dürli ýaşda bolsalar-da, olaryň hemmesini şol bir döwürde bolýan aýratyn wakalar baglanyşdyrýardy. «Bu nesle» Ýusupdan öň doglan käbir doganlary hem degişli. Olaryň käbiri Ýusup ölenden soň hem ýaşadylar (Bar. 50:24). «Şol nesliň» käbirleri, meselem, Benýamin Ýusupdan kiçidi we ol ölenden soň hem ýaşan bolmaly.

Şol sebäpli «nesil» sözi belli bir döwürde ýaşaýan adamlara degişli ulanylanda, şol döwrüň näçe wagt dowam edýändigini dogry hasaplap bolmaýar. Şu döwrüň diňe soňy bar we bu döwür çendenaşa köp dowam etmez diýip bolýar. Şeýlelikde, Matta 24:34-däki «bu nesil» diýen jümlä, Isanyň şägirtlerine «soňky günleriň» haçan tamamlanjakdygyny bilmäge kömek edýän ýaly garamaly däl. Sebäbi soňra Isa «ol güni hem sagady» olaryň bilmejekdigini aýtdy (2 Tim. 3:1; Mat. 24:36).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş