Beýik missionerden görelde al
«Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» (1 KOR. 11:1).
1. Biz näme üçin Isa Mesihden görelde almaly?
PAWLUS resul beýik Missioner Isa Mesihden görelde alýardy. Şeýle-de ol mesihçilere ondan görelde almagy maslahat berdi: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» (1 Kor. 11:1). Isa resullarynyň aýaklaryny ýuwup, kiçigöwünlik barada sapak berenden soň şeýle diýdi: «Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim» (Ýahýa 13:12—15). Şu günki mesihçiler sözünde, iş ýüzünde we Hudaýa ýaraýan häsiýetleri görkezip, Isa Mesihden görelde almaly (1 Pet. 2:21).
2. Ýolbaşçylyk maslahaty seni missioner edip bellemese-de, nähili garaýyşda bolup bilersiň?
2 Biz öňki makaladan adamlara hoş habary wagyz etmäge iberilýän hoş habarça missioner diýilýändigini bildik. Bu babatda Pawlus birnäçe gyzykly soraglary berýär (Rimliler 10:11—15-nji aýatlaryň okaň). Meselem, ol şeýle soraýar: «Wagyzçysyz nähili eşiderler?» Soňra ol Işaýa pygamberiň sözlerini getirýär: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!» (Iş. 52:7). Sen hiç haçan missioner bolup başga döwlete gulluk etmäge iberilmeseň-de, hoş habary yhlasly wagyz eden Isadan görelde alyp, ýürekden wagyz etmek üçin islegiňi artdyryp bilersiň. Soňky ýylda Patyşalygyň 6957852wagyzçysy 236 döwletde hoş habarçy bolup gulluk etdiler (2 Tim. 4:5).
«Biz ähli zady taşlap, Seniň yzyňa düşdük»
3, 4. Isa ýere gelip nämeden geçdi we biz oňa eýermek üçin näme etmeli?
3 Isa ýer ýüzündäki ýumşy ýerine ýetirmek üçin, gökdäki ýaşaýşyny we şan-şöhratyny taşlap, «gul häsiýetini aldy» (Flp. 2:7). Biz Isadan görelde almak üçin näme etsek-de, muny onuň ýer ýüzüne gelip eden işi bilen deňeşdirip bolmaýar. Emma biz onuň şägirtleri hökmünde çydamlylyk görkezip, Şeýtanyň dünýäsinde galdyran zatlarmyza gynanmaýarys (1 Ýahýa 5:19).
4 Bir sapar Petrus resul Isa şeýle diýdi: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» (Mat. 19:27). Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa derrew torlaryny taşlap, Isanyň yzyna eýerdiler. Olar balykçylygy taşlap, gullugy birinji orunda goýdular. Luka hoş habarçynyň aýtmagyna görä, Petrus şeýle diýdi: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» (Luka 18:28). Isa eýermek üçin biziň köpümiz ähli zadymyzy, taşlamaly bolmadyk. Emma Mesihiň şägirtleri we Ýehowanyň akýürekli gullukçylary bolmak üçin «özümizi inkär etmeli» bolduk (Mat. 16:24). Hudaýyň ýolundan ýöremek, bize bol bereket berdi (Matta 19:29-y okaň). Mesihiňki ýaly yhlasly ruh kimdir birine Hudaýa we onuň söýgüli Ogluna ýakynlaşmaga kömek eder ýaly, hatda biraz mümkinçilik döräýende-de, ýüregimizi şatlykdan doldurýar.
5. Immigrantlaryň Mukaddes Ýazgylardaky hakykata görä ýaşamak üçin nähili özgerişler edendigini görkezýän mysallary gürrüň beriň.
5 Surinamanyň daş etraplarynyň birinde ýaşaýan braziliýaly Walmir atly bir adam altyn şahtaçy bolup işleýärdi. Ol arakhordy we ahlaksyz ýaşaýardy. Bir gezek ol şähere gelende, Ýehowanyň Güwäçileri onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlaýar. Ol her gün sapak geçip köp özgerişler edýär we basym suwda çokundyrylýar. Ol işiniň Mukaddes Ýazgylaryň öwredýän zatlaryna laýyk ýaşamaga päsgel berýändigine düşünende , gazançly işini satyp maşgalasyna hakykaty bilmäge kömek etmek üçin Braziliýa dolanýar. Immigrantlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny bilip, baý ýurtdaky işlerini höwes bilen taşlap, garyndaşlaryna we başga adamlara kömek etmek maksady bilen watanyna dolanýarlar. Patyşalygyň şeýle wagyzçylary hakykatdan-da yhlaslydygyny görkezýärler.
6. Patyşalygyň wagyzçylarynyň ýetmeýän ýerine göçüp bilmesek-de, näme edip bileris?
6 Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerine göçdüler. Käbirleri bolsa hatda başga ýurtlarda gulluk edýärler. Belki, biziň bir ýere göçmäge ýagdaýymyz ýokdur, ýöne Isanyň göreldesine eýerip, hemişe ak ýürekden gulluk edip bilýäris.
Ýehowa tälim berýär
7. Patyşalygyň ökde wagyzçylary bolmak isleýänler üçin nähili mekdepler bar?
7 Isanyň Atasyndan tälim alşy ýaly, biz hem Ýehowadan bilim alyp bileris. Isa şeýle diýdi: «Pygamberleriň ýazgylarynda: Olaryň hemmesine Hudaý tarapyndan tälim berler» (Ýahýa 6:45; Iş. 54:13). Şu günki mekdepler bizi ýörite Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde taýýarlamak üçin gurnalan. Biziň ählimiz ýygnagymyzdaky teokratik gulluk mekdebinde okap bilýäris. Pionerleriň pioner gulluk mekdebine gatnaşmaga mümkinçiligi bar. Pionerleriň käbiri bolsa şeýle mekdebe hatda ikinji sapar gatnaşdylar. Ýaşulular we gulluk kömekçiler üçin özüniň mugallymçylyk ukybyny ösdürmäge we imandaşlara gowy gulluk etmäge kömek edýän Patyşalyk gulluk mekdebi geçirilýär. Öýlenmedik ýaşulular we gulluk kömekçileri Patyşalygyň ökde wagyzçysy bolmaga kömek edýän Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde okap bilerler. Dogan-uýalaryň ençemesi bolsa Gilead mekdebini okap, daşary ýurtlarda missioner bolup gulluk edýärler.
8. Doganlaryň käbiri Ýehowanyň berýän tälimini nähili gymmat saýýarlar?
8 Şeýle mekdeplere gatnaşmak üçin Güwäçileriň köpüsi özgerişikler edýärler. Ýugu Kanadada Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde okamaga başlygynyň rugsat bermändigi sebäpli işinden çykýar. Ol şeýle diýýär: «Men işden çykanyma ökünmeýärin. Eger maňa rugsat beren bolsalar, olar meniň minnetdar bolup hemişelik galmagymy talap ederdiler. Ýöne häzir men azat we islendik wagt Ýehowanyň ýumşuna taýyn». Hudaýyň tälimini almak üçin köpleri öňki örän gymmatsaýan zatlaryndan geçmäge-de taýyn (Luka 5:28).
9. Mukaddes Ýazgylary öwrenmegiň we tagalla etmegiňgowy netije berýändigini görkezýän mysal getiriň.
9 Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we tagalla etmek ajaýyp özgerişler etmäge kömek edýär (2 Tim. 3:16, 17). Gwatemalaly Saulo bilen bolan waka seredeliň. Ol biraz kemakyl bolup dogulýar. Mugallymasy onuň ejesine ogluna okamagy mejbur etmezligi we munuň zyýan berjekdigini aýdýar. Saulo şeýdip mekdepde okamagy öwrenmeýär. Emma bir dogan «Okamagy we ýazmagy öwren» (iňlis.) atly broşýura arkaly Saula okamagy öwredýär. Netijede, ol hatda teokratik gulluk mekdebinde ýumuş bilen çykyş edýär. Bir sapar Saulanyň ejesi öýden-öýe wagyz edende, onuň mugallymasyna duşýar. Ol Saulanyň okamagy öwrenendigini eşidip, ogly bilen indiki hepde öýüne gelmegini haýyş edýär. Olar mugallymasynyň öýüne gelende, ol Sauldan: «Sen maňa näme öwretjek?» diýip soraýar. Saulo «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitapdan bir abzasy okap başlaýar. Onuň mugallymasy: «Görsene muny! Indi sen maňa öwredýärsiň, muňa ynanar ýaly däl» diýýär. Ol gözýaşyny saklap bilmän, Saulany gujaklaýar.
Ýürege täsir edýän tälim
10. Bizde Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmek üçin nähili ajaýyp esbap bar?
10 Isa hemişe Ýehowanyň oňa aýdyň eden zatlaryna we Hudaýyň Sözündäki görkezmä esaslanyp öwredýärdi (Luka 4:16—21; Ýahýa 8:28). Biz Isanyň maslahatlaryna eýersek we Ýazgylara esaslanyp öwretsek, ondan görelde alýarys. Bu biziň agzybirligimize ýardam edýär, çünki biziň sözümizde we pikirimizde bölünişik bolmaýar (1 Kor. 1:10). Biz «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary arkaly, hoş habary wagyz etmäge we agzybirligi saklamaga kömek edýändigine örän minnetdar! (Mat. 24:45; 28:19, 20). Şol edebiýatlaryň biri bolan «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby 179 dilde çap edildi.
11. Efiopiýaly uýa «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly garşylygy nädip ýeňýär?
11 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly okuw geçsek, hatda garşy çykýanlaryň hem ýüregine täsir eder. Lula atly efiopiýaly pioner uýamyz okuw geçýärkä, öwrenýän aýalyň garyndaşlaryndan biri gelip, gödeklik bilen bize beýle okuw gerek däl diýýär. Lula sypaýylyk bilen «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 15-nji babyndan galp pul baradaky surat arkaly gürrüň berýär. Bu aýal rahatlanyp, olara okuw geçmäge rugsat berýär. Ol indiki sapar özi bilen hem okuw geçmegi haýyş edip, hatda munuň üçin pul-da hödürleýär! Tizden ol hepdede üç gezek okuw geçip, ruhy taýdan ösüp başlaýar.
12. Çagalaryň Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwredip bilýändigini görkezýän mysal getiriň.
12 Çagalar hem «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly adamlara kömek edip bilýärler. Gawaýada ýaşaýan Keniýa atly 11 ýaşyndaky bir oglanyň synpdaşy ondan: «Sen näme üçin baýramçylyk bellemeýärsiň?» diýip soraýar. Keniýa goşmaça maglumaty açyp, jogabyny «Baýramçylyklary bellemelimi?» diýen temadan okaýar. Soňra ol kitabyň mazmunyny görkezip, ony haýsy babyň has gyzyklandyrýandygyny soraýar. Şeýdip, onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlaýar. Soňky gulluk ýylynda Ýehowanyň Güwäçileri 6 561 426 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdiler, olaryň köpüsi «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly geçirildi. Sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek üçin şu kitaby ulanýarmyň?
13. Mukaddes Ýazgylar okuwy adamlara nähili güýçli täsir edip biler?
13 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitap arkaly okuw geçirsek, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek isleýän adamlara güýçli täsir edip biler (1 Kor. 1:10). Norwegiýada ýörite pioner bolup gulluk edýän är-aýal Zambiýaly maşgala bilen okuw geçip başlaýar. Zambiýaly maşgalanyň üç gyzy bolany üçin başga çaga islemeýärdi. Aýaly göwreli bolanda, olar çagany aýyrtjak bolýarlar. Bu barada lukman bilen maslahatlaşmazdan birnäçe gün öň, olar «Ýaşaýşa Hudaýyň garaýşy ýaly garamak» diýen baby geçýärler. Şol bapdaky heniz dogulmadyk çaganyň suraty är-aýalyň ýüregine güýçli täsir edip, olar çagany aýyrtmaýarlar. Olar ruhy taýdan ösmegini dowam edýärler, çaga doglanda bolsa oňa okuw geçýän doganyň adyny dakýarlar.
14. Öwredýän zatlarymyza görä ýaşaýandygymyzyň gowy netije berjekdigini görkezýän mysal getiriň.
14 Isanyň öwreden zatlary boýunça ýaşamagy, öwretme tärleriň wajyp ýoludygyny görkezýär. Isadan görelde alyp, özüni gowy alyp barýan Ýehowanyň Güwäçileri köp adamlarda täsir galdyrýarlar. Täze Zelandiýaly bir söwdagäriň maşynyny döwüp, onuň portfelini ogurlaýarlar. Ol polisiýa ýüz tutýar, polisiýanyň işgäri oňa şeýle diýýär: «Portfeliňizi Ýehowanyň Güwäçisi tapar ýaly Hudaýdan dileg ediň, ony diňe şonda yzyna alyp bilersiňiz». Bir uýa gazetleri ýaýradyp ýörende, şol portfeli tapýar. Portfeliniň tapylandygyny bilip, ol adam uýanyň öýüne barýar. Ol wajyp dokumendiniň ýitmändigine örän begenýär. Uýamyz oňa şeýle diýýär: «Meniň üçin başgaça hereket etmek bu akyla sygmajak zat, sebäbi men Ýehowanyň Güwäçisi». Söwdagär polisiýa işgäriniň oňa irden aýdan sözlerini ýadyna salyp geň galýar. Görşümiz ýaly, mesihçiler Mukaddes Ýazgylardaky sözlere görä we Isadan görelde alyp ýaşaýarlar (Ýew. 13:18).
Isanyň adamlara bolan garaýşyndan görelde al
15, 16. Adamlar hoş habara seslener ýaly näme edip bileris?
15 Isa ýagşylyk edýändigi üçin adamlar onuň habaryna seslenýärdi. Meselem, onuň söýgüsi, kiçigöwünliligi sada adamlary özüne çekýärdi. Ol ýanyna gelýän adamlara rehimdarlyk bildirip, mähirli sözleri bilen teselli berýärdi we kesellerini sagaldýardy (Markus 2:1—5-nji aýatlary okaň). Biz gudrat görkezip bilmeýäris, ýöne söýgi, kiçigöwünlik we rehimdarlyk ýaly häsiýetler bilen adamlara hakykata gelmäge kömek edip bileris.
16 Ýörite pioner Tariuany Ýuwaş okeanyň günortasynda iň daşda ýerleşýän Kiribaty adasynda ýaşaýan Biir atly gartaşan adamyň öýüne gelmäge rehimdarlyk höweslendirýär. Ol adamyň gulak asmaga islegi bolmasa-da, Tariua onuň az-kem ysmaz kesellidigini görüp, ýüregi awaýar. Ol şeýle sorag berýär: «Hudaýyň kesellilere we garrylara näme wada edýändigi barada siz eşitdiňizmi?» Ol Işaýanyň pygamberliginden bir parça okaýar (Işaýa 35:6, 7-nji aýatlary okaň). Bu sözlere haýran galyp, ol adam şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary köp ýyl bäri okaýaryn we meniň dinimden bolan missioner ençeme ýyl bäri öýe gelýär, ýöne men şeýle aýady Mukaddes Ýazgylarda hiç haçan görmändim». Beýer Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, ruhy taýdan gowy üstünlik edýär. Hawa, maýyp bolsa-da, ol häzir suwda çokundyrylan dogan we daşda ýerleşýän topara gözegçilik edip, hoş habary bütin adada wagyz edýär.
Mesihden görelde almagyňy dowam et
17, 18. a) Sen nädip öwde hoş habarçy bolup bilersiň? b) Gulluga çynlakaý garaýan mesihçilere näme garaşýar?
17 Ruhlandyryjy mysallardan görşümiz ýaly üstünlikli wagyzçy bolmak üçin, Isa mahsus bolan häsiýetleri ösdürmeli we görkezmeli. Şol sebäpli yhlasly hoş habarçy Isa Mesihden görelde almak nähili wajyp!
18 Birinji asyrda käbir adamlar Isanyň şägirtleri bolanda, Petrus şeýle sorag berýär: «Onda biziň nämämiz bolar?» Isa şeýle jogap berýär: «Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar» (Mat. 19:27—29). Eger biz beýik Missioner Isa Mesihden görelde almagymyzy dowam etsek, şeýle sylag bize-de garaşýar.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Ýehowa bizi hoş habarçy etmek üçin nähili tälim berýär?
• Näme üçin «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby okuw geçmek üçin gowy esbap hasaplanýar?
• Biz Isanyň adamlara bolan garaýşyndan görelde almak üçin näme edip bileris?