Isa Mesih — iň beýik missioner
«Men Ondan, Meni iberen Ol» (ÝAHÝA 7:29).
1, 2. Missioner kim we kime iň beýik Missioner diýilýär?
SEN «missioner» sözüni eşideniňde näme barada pikir edýärsiň? Käbir adamlar hristian buthanasy tarapyndan iberilip, gulluk edýän ýurdunda syýasy we ykdysady işlere goşulýan «missionerler» barada pikir edýärler. Eger sen Ýehowanyň Güwäçisi bolsaň, onda Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan ýer ýüzündäki dürli ýurtlara hoş habary wagyz etmäge iberilýän missionerler barada pikir edýänsiň (Mat. 24:14). Bu missionerler ak ýürekden öz wagtyny we güýjüni sarp edip, adamlara Ýehowa Hudaýa ýakynlaşmaga we onuň bilen dostlukly gatnaşykdan şatlanmaga kömek edýärler (Ýakup 4:8).
2 «Missioner» we «missionerler» diýen söz «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesinde» ulanylmaýar. Emma «Bellikli Mukaddes Ýazgylarda» (iňl.) Efesliler 4:11-e degişli çykgytda «hoş habarçy» diýen söz «missioner» diýip hem terjime edilýär. Ýehowa beýik Hoş habarçy, ýöne Missioner diýen söz oňa degişli däl, sebäbi ol Hemmelerden Beýik we ony hiç kim ibermedi. Isa Mesih gökdäki Atasy barada şeýle diýdi: «Men Ondan, Meni iberen Ol» (Ýahýa 7:29). Adamlara beýik söýgüsini bildirip, Ýehowa özüniň ilkinji doglan Ogluny ýer ýüzüne iberdi (Ýahýa 3:16). Isa beýik we iň gowy Missioner diýilýär, çünki ol «hakykata güwälik etmek üçin» iberildi (Ýahýa 18:37). Ol Patyşalyk baradaky hoş habary üstünlikli wagyz etdi we onuň gullugy barada oýlansak, biz köp zatlar öwreneris. Meselem, biz missioner bolsak-da, bolmasak-da, onuň mugallymçylyk tärlerini gullugymyzda ulanyp bileris.
3. Biz nähili soraglara serederis?
3 Isa Patyşalygyň wagyzçysy hökmünde ýer ýüzünde gulluk edende nämeleri başdan geçirdi? Onuň öwretmeleri näme üçin täsirlidi? Onuň gullugyny näme netijeli etdi?
Täze şertlerde yhlasly wagyz etdi
4—6. Isa ýer ýüzüne gelende nähili özgerişiklere duş geldi?
4 Şu günki missionerler we käbir mesihçiler Patyşalygyň wagyzçylarynyň ýetmeýän ýerlerine göçende, ýönekeý ýaşaýyş şertlerine öwrenişmeli bolýarlar. Emma biz Isanyň ýer ýüzündäki ýagdaýy bilen gökde Atasynyň ýanynda päk ýürekden mukaddeslikde gulluk edýän perişdeleriň arasynda ýaşandaky tapawudyny göz öňüne getirip bilmeris (Eýýup 1:6; 2:1). Ýer ýüzünde bolsa ol zalym dünýäde günäli adamlaryň arasynda ýaşamalydy! (Mar. 7:19—23). Isa hatda ýakyn şägirtleriniň arasynda bolýan çekişmelere-de duş geldi (Luka 20:46; 22:24). Elbetde, ol ýer ýüzündäki ähli kynçylyklaryň hötdesinden geldi.
5 Isa ynsan dilinde geplemegi gudrat bilen däl-de, çagalykdan öwrenip başlady. Bu gökde perişdelere görkezme bermekden düýpgöter tapawutlanýardy! Isa ýer ýüzünde azyndan bir «ynsan... dilinde gepleýärdi». Bu «perişdeleriň dilinden» doly tapawutlanýardy (1 Kor. 13:1). Emma Isa bu dili şeýle ussatlyk bilen ulandy welin, onuň mähirli sözleri diňleýän adamlary haýran galdyrýardy. Isa ýaly hiç kim hiç haçan geplemändi! (Luka 4:22).
6 Hudaýyň Ogly ýer ýüzüne gelende, ýene nähili uly özgerişik etmeli bolandygyna seredeliň. Isa Adam atanyň günäsini miras almasa-da, öz «doganlary» ýa-da mesh edilen şägirtleri ýaly ynsan bolup doguldy (Ýewreýler 2:17, 18-nji aýatlary okaň). Isa ýerdäki ýaşaýşynyň soňky gijesi Atasyna «on iki legiondan köp perişdäni... iber» diýip ýüz tutmady. Emma onuň Baş perişde Mikaýyl hökmünde perişdelere ýolbaşçylyk edendigi barada oýlanyp görüň! Hawa, Isa gudrat görkezýärdi, ýöne onuň ýer ýüzündäki eden işlerini gökdäki edip biljek işleri bilen deňeşdirip bolmaýar.
7. Ýehudylar Kanunyň ýerine ýetirilişine nähili garaýardylar?
7 Isa ýer ýüzüne gelmezinden öň, Hudaýyň «Sözi» we Baş wekili hökmünde Ysraýyl halky çölde gezende, olara görkezme berdi (Ýahýa 1:1; Çyk. 23:20—23). Emma olar «Mukaddes Kanuny perişdeleriň tertipleşdirişi ýaly alyp-da, ony [ehudylar] tutmadylar» (Res. iş. 7:53; Ýew. 2:2, 3). Dogrudan-da, birinji asyrda ýehudy dini ýolbaşçylary Hudaýyň Kanunynyň asyl manysyny bilmediler. Meselem, Sabat güni baradaky kanuna seredeliň (Markus 3:4—6-njy aýatlary okaň). Kanunçylar we fariseýler «kanunyň wajybrak işlerini, adyllygy, rehimdarlygy, imany taşladylar» (Mat. 23:23). Muňa garamazdan, Isa hakykaty yglan etmäge olara päsgel berdirmedi.
8. Näme üçin Isa bize kömek edip bilýär?
8 Isa kömek etmäge hemişe taýyndy. Ol adamlary tüýs ýürekden söýýänligi üçin olara kömek etmek isleýärdi. Ol hoş habary wagyz etmek yhlasyny hiç haçan ýitirmedi. Isa ýer ýüzünde Ýehowa wepaly galandygy sebäpli, «sözüne gulak asanlaryň hemmesi üçin baky gutulyş çeşmesi boldy». Galyberse-de, «synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara [biziň ýalylara] kömek bermegi başarýar» (Ýew. 2:18; 5:8, 9).
Gowy taýýarlanan mugallym
9, 10. Isa ýere gelmezinden öň nähili tälim aldy?
9 Şu günler mesihçileri missioner hökmünde ibermezden öňürti, Ýolbaşçylyk maslahaty olara tälim berýär. Isa Mesih kimden tälim aldyka? Hawa, ol Mesih bolmazyndan öň, ruhanylar mekdebini gutarmady; hiç hili görnükli dini ýolbaşçylaryň tälimini-de almady (Ýahýa 7:15; Res. iş. 22:3-i deňeşdiriň). Onda Isa nädip ökde mugallym bolduka?
10 Isa ejesi Merýemden we kakalygy Ýusupdan käbir zatlary öwrense-de, gulluk etmek üçin iň beýik akyldarlygyň Çeşmesi bolan Ýehowadan tälim aldy. Bu barada Isa şeýle diýdi: «Men Öz-özümden geplemedim, Maňa näme aýtmalydygymy, näme sözlemelidigimi Meni iberen Ata buýurdy» (Ýahýa 12:49). Üns beren bolsaňyz, näme öwretmelidigi barada Ogla jikme-jik görkezme berilýär. Isa ýere gelmezinden öň, elbetde, Atasynyň tälimlerini diňlemek üçin köp wagt sarp edendir. Eýsem, mundan gowy tälim barmy?
11. Atasynyň adamlara bolan garaýşyndan Isa näme öwrendi?
11 Ogul ýaradylandan bäri Atasy bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar. Isa gökde ýaşanda, Hudaýyň adamlara bolan gatnaşygyna syn edip, Ýehowanyňky ýaly garaýyşda bolmagy öwrendi. Ogul adamlary Hudaýyň söýşi ýaly söýýärdi we akyldarlygyň nusgasy hökmünde ol şeýle diýdi: «Meniň begenjim adam ogullary bilendi» (Sül. tym. 8:22, 31).
12, 13. a) Isa Atasynyň ysraýyllar bilen eden gatnaşygyndan näme öwrendi? b) Isa alan tälimini nädip ulandy?
12 Şeýle-de Isa Atasyna syn edip, kyn ýagdaýdan nädip çykalga tapmalydygyny öwrendi. Meselem, Ýehowanyň özdiýenli ysraýyllylar bilen eden gatnaşygyna seredeliň. Nehemýa 9:28-de şeýle diýilýär: «Olar asudalyk duýanda seniň öňüňde ýene-de erbetlik etdiler, sen olary ezýän duşmanlaryň eline berdiň. Şonda olar saňa dolanyp kömege çagyranda, sen [Ýehowa] olary gökden eşitdiň we uly merhemetiň üçin olary telim gezek halas etdiň». Ýehowa bilen işleşip we oňa syn edip, Hudaýyň Ogly adamlara Atasynyňky ýaly rehimdarlyk bildirmegi öwrendi (Ýahýa 5:19).
13 Isa Atasyndan alan tälimini iş ýüzünde görkezip, şägirtlerine rehimdarlyk bildirdi. Ölmezinden öňki gije Isanyň söýýän resullarynyň ählisi «ony taşlap gaçdylar» (Mat. 26:56; Ýahýa 13:1). Hatda Petrus Mesihden üç gezek dändi! Muňa garamazdan, Isa resullaryna öwrülip gelmäge mümkinçilik berdi. Ol Petrusa şeýle diýdi: «Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlaryňa goltgy ber» (Luka 22:32). Ruhy Ysraýylyň düýbi «resullar» arkaly üstünlikli guruldy we täze Iýerusalimiň diwarlarynyň binasy Guzynyň, ýagny Isa Mesihiň 12 sany wepaly resullarynyň adyny göterýär. Şondan bäri mesh edilen mesihçiler we olaryň wepaly ýoldaşlary bolan «başga goýunlar» Ýehowanyň güýçli eli astynda hem-de onuň söýgüli Oglunyň ýolbaşçylygynda Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde edýän işleri üstünlikli alnyp barylýar (Efes. 2:20; Ýahýa 10:16; Ylh. 21:14).
Isa nädip öwretdi
14, 15. Isanyň öwredişiniň kanunçylaryň we fariseýleriňkiden näme tapawudy bar?
14 Isa adamlary öwredende alan tälimini nädip ulandy? Biz Isanyň öwredişini ýehudy dini ýolbaşçylarynyňky bilen deňeşdirsek, Isanyň öwrediş usullarynyň örän gowudygyna göz ýetirýäris. Kanunçylar we fariseýler «[öz] adatynyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozdular». Isa bolsa öz-özünden aýtmaýardy. Ol hemişe Hudaýyň sözüni ýa-da habaryny öwredýärdi (Mat. 15:6; Ýahýa 14:10). Biz hem şeýle etmeli.
15 Dini ýolbaşçylardan Isanyň ýene bir düýpli tapawudy bar. Kanunçylar we fariseýler barada ol şeýle diýdi: «Olaryň size aýdýanlarynyň baryny ýerine ýetiriň, berjaý ediň; ýöne olaryň edenlerini etmäň, çünki aýdyp-da, özleri edýän däldirler» (Mat. 23:3). Isa öwreden zatlaryny durmuşynda ulandy. Geliň, bir mysala seredeliň.
16. Näme üçin Isa Matta 6:19—21-nji aýatlara görä ýaşady diýip bolýar?
16 Isa şägirtlerine «gökde hazyna ýygnamagy» maslahat berdi (Matta 6:19—21-nji aýatlary okaň). Isanyň özi şu maslahata görä ýaşadymy? Hawa, ol özi barada şeýle diýip bilýärdi: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» (Luka 9:58). Isa ýönekeý ýaşady. Ol, esasan, Patyşalyk baradaky hoş habar bilen meşguldy, onuň durmuşy ýaşaýşyň aladalary ýük bolmaly däldigini we ýerde hazyna ýygnamazlygy aýdyň görkezýärdi. Isa gökde hazyna ýygnamagyň has gowudygyny açyk görkezip, şeýle diýdi: «Ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr». Sen Isanyň gökde hazyna ýygnaň diýen maslahatyna eýerýärmiň?
Isanyň häsiýetleri adamlary özüne çekýärdi
17. Isa haýsy häsiýetleri bilen ajaýyp hoş habarçy hökmünde tanaldy?
17 Isa haýsy häsiýetleri bilen ajaýyp hoş habarçy hökmünde tanaldy? Onuň adamlara kömek etmäge bolan garaýşyna üns beriň. Isa Ýehowadan kiçigöwünlik, söýgi we rehimdarlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri görelde aldy. Isanyň şu häsiýetleri adamlary nädip özüne çekendigine seredeliň.
18. Näme üçin Isa kiçigöwünli diýse bolýar?
18 Isa ýer ýüzüne gelip tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirende, «gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi» (Flp. 2:7). Ol şeýdip kiçigöwünlik görkezdi. Şeýle-de Isa adamlary özünden pes saýmady. Ol: «Men gökden geldim, siz hem meni diňlemeli» diýen garaýyşda däldi. Özüni şöhratlandyrýan ýalan mesihlerden tapawutlylykda, Isa hakyky Mesihdigi üçin öwünmeýärdi. Ol käwagt adamlara özüniň kim ýa-da näme edendigini aýtmazlygy tabşyrardy (Mat. 12:15—21). Isa adamlaryň özleri ähli zada düşünip, oňa eýermelidigini isleýärdi. Isanyň şägirtleri onuň kämillige garaşmaýandygyna we gökdäki perişdeler bilen deňeşdirmeýändigine örän minnetdardy!
19, 20. Isanyň söýgüsi we rehimdarlygy adamlara kömek etmäge nädip höweslendirdi?
19 Isa Mesih gökdäki Atasynyň iň esasy häsiýeti bolan söýgini hem görkezdi (1 Ýahýa 4:8). Isa diňleýjilerini söýgi bilen öwredýärdi. Mysal hökmünde onuň ýaş ýolbaşça haýpy gelendigine seredeliň (Markus 10:17—22-nji aýatlary okaň). Isa «oňa söýgi bilen seretdi», oňa kömek etmek isleýärdi, ýöne ýaş ýolbaşçy özüniň mal-mülküni Mesihiň şägirdi bolmakdan has gowy gördi.
20 Isanyň özüne çekiji häsiýetleriň ýene biri rehimdarlykdy. Isanyň taglymatyna seslenýän bikämil adamlaryň aladasy kändi. Isa olaryň ýagdaýyna düşünip, haýpy gelip, rehimdarlyk bilen öwretdi. Meselem, bir gezek Isa we onuň resullary örän işlidi, hatda olaryň nahar edinmäge-de elleri ýetmeýärdi. Emma uly märekäniň ýanyna gelýändigini görende, Isa muňa nähili garady? «Isa gaýykdan düşende, uly märekäni görüp, olara haýpy geldi. Çünki olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady» (Mar. 6:34). Isa şol ýerdäki adamlaryň gözgyny ýagdaýyny görüp, olary öwretmäge we olaryň haýry üçin gudrat görkezmäge özüniň bar güýjüni sarp etdi. Isanyň ajaýyp häsiýetleri we sözleri käbir adamlary özüne çekip, onuň şägirtleri boldular.
21. Biz indiki makalada nämä serederis?
21 Biz Isanyň ýerdäki gullugy barada indiki makaladan has köp bileris. Iň beýik Missioner Isa Mesihden ýene nädip görelde alyp bileris?
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Isa ýere gelmezinden öň nähili tälim aldy?
• Isanyň öwredişi kanunçylaryňkydan we fariseýleriňkiden nähili tapawutlanýardy?
• Isanyň haýsy häsiýetleri adamlary özüne çekýärdi?