Ýehowanyň ýolunda ýöre
«Rebden gorkýan we Onuň ýollarynda gezýän adam nähili bagtly!» (ZEB. 128:1).
1, 2. Näme üçin hakyky bagta ýetip bileris?
HER bir adam bagtly bolmagy isleýär. Emma bagtly bolmagy arzuw etmek we ony gözlemek seniň hakykatdan-da bagtlydygyňy aňlatmaýar.
2 Muňa garamazdan, hakyky bagta ýetip bolýar. Zebur 128:1-de şeýle diýilýär: «Rebden gorkýan we Onuň ýollarynda gezýän adam nähili bagtly!» Eger biz Hudaýa sežde etsek we onuň islegini ýerine ýetirip, ýolunda ýöresek bagtly bolarys. Bu biziň özümizi alyp barşymyza we häsiýetlerimize nähili täsir eder?
Wepaly bol
3. Wepalylyk bilen Hudaýa özümizi bagyş etmekligiň nähili baglanyşygy bar?
3 Ýehowadan gorkýan adama Hudaýa ynanyşyň ýaly ynansa bolýar. Ýehowa gadymy Ysraýyla beren her bir wadasyny berjaý etdi (3 Pat. 8:56). Biziň Hudaýa özümizi bagyş etmegimiz iň wajyp wada. Yzygiderli doga etsek, bu wadany ýerine ýetirmäge kömek eder. Biz mezmurçy Dawut ýaly şeýle doga edip bileris: «Sen, eý Hudaý, aýdan hudaýýolylarymy eşitdiň,.. men aýdan hudaýýolylarymy her gün ýerine ýetirer ýaly, Seniň adyňa ebedilik nagma aýdaryn» (Zeb. 61:5, 8; Wag. 5:4—6). Hudaýyň dosty bolmak üçin wepaly bolmaly (Zeb. 15:1, 4).
4. Ýeftah we onuň gyzy Ýehowa beren wadasyna nähili garadylar?
4 Ysraýyl kazylaryň döwründe Ýehowa amonlylary ýeňmäge Ýeftaha kömek etse, ol ýeňişden gaýdyp gelende, öňünden ilkinji çykany «ýakylýan gurban» berjekdigini wada edýär. Şol gün onuň öňünden ýeke-täk çagasy bolan gyzy çykýar. Ýeftah we onuň durmuşa çykmadyk gyzy Ýehowa doly bil baglap beren sözüni berjaý edýärler. Ysraýylda durmuş gurmak hem-de çaga dogurmak wajyp hasaplansa-da, Ýeftahyň gyzy durmuşa çykmazlygy saýlaýar we Ýehowanyň ybadathanasynda mukaddes gullugy ýerine ýetirmegi hormatly saýýar (Kaz. 11:28—40).
5. Hanna wepalylygyny nädip görkezdi?
5 Hudaýdan gorkýan Hanna-da wepalydy. Ol ýanýoldaşy lewili Elkana we onuň Penina atly ikinji aýaly bilen bile Efraýymyň daglyk ülkesinde ýaşaýardy. Peninanyň birnäçe çagalary bardy. Ylaýta-da, olar maşgalasy bilen Ýehowanyň öýüne sežde etmäge gidenlerinde, Hannanyň çagasy bolmaýandygy üçin Penina onuň üstünden gülýärdi. Bir sapar eger Hanna ogul dogursa, Ýehowa bagyş etjekdigini söz berýär. Soňra ol göwreli bolup ogul dogurýar, onuň adyna Samuel dakýar. Süýtden aýrylansoň Hanna Samueli Siloma eltýär we ony «ömrüniň bütin günlerinde» Ýehowa gulluk etmäge berýär (1 Pat. 1:11). Hanna başga çagalarynyň boljakdygyny bilmese-de, beren wadasynda durýar (1 Pat. 2:20, 21).
6. Tihikusa bil baglap bolýandygyny näme görkezýär?
6 Birinji asyrda ýaşan mesihçi «sadyk hyzmatkär» Tihikus hem wepaly, ynama mynasyp adamdy (Kol. 4:7). Tihikus Pawlus resul bilen Gresiýadan Makedoniýa arkaly Kiçi Aziýa syýahat edýär, mümkin, ol Iýerusalime-de baran bolmaly (Res. iş. 20:2—4). Tihikus Ýahudadaky mätäç imandaşlara meýletin sowgatlary paýlamaga Titusa kömek eden «dogan» bolmaly (2 Kor. 8:18, 19; 12:18). Pawlus birinji gezek Rimde tussagdaka, Tihikusy ygtybarly wekil hasaplap, ol arkaly Efesdäki we Kolosedäki imandaşlara hat iberýär (Efes. 6:21, 22; Kol. 4:8, 9). Ol Rimde ikinji gezek tussag edilende bolsa, Pawlus Tihikusy Efese ýollaýar (2 Tim. 4:12). Eger bizem wepaly bolsak, Ýehowa gulluk edip alýan bereketlerden şatlanarys.
7, 8. Näme üçin Dawut bilen Ýonatana hakyky dost diýse bolýar?
7 Hudaý biziň wepaly dost bolmagymyzy isleýär (Sül. tym. 17:17). Saul patyşanyň ogly Ýonatan bilen Dawut ýakyn dostdy (2 Pat. 1:23). Dawut Golýaty öldürende, «Ýonatan Dawudy ýürekden söýüp, ony öz jany ýaly gowy gördi». Hatda Ýonatan Dawuda Saulyň ony öldürjekdigini duýdurdy. Dawut gaçandan soň, Ýonatan onuň bilen duşuşyp, äht baglaşýar (1 Pat. 18:1, 3). Ýonatan Saula Dawut barada aýdany üçin tas öldürilýärdi, ýöne iki dost ýene-de duşuşyp gatnaşygyny berkitdiler (1 Pat. 20:24—41). Olaryň soňky duşuşygyndan soň, Ýonatan Dawudyň «Hudaýa bolan imanyny» berkitdi (1 Pat. 23:16—18).
8 Filistililere garşy söweşde Ýonatan öldürilýär (1 Pat. 31:6). Dawut gaýga batyp, şeýle aýdym aýdýar: «Eý, doganym, Ýonatan! Seniň üçin gam çekýärin; sen maňa gaty mähremdiň, söýgiň maňa ajaýypdy, aýallaryň söýgüsinden artykdy» (2 Pat. 1:26, MKS). Olaryň söýgüsi erkek bilen aýalyň arasyndaky ýaly söýgi däldi. Dawut bilen Ýonatan hakyky dostdy.
Hemişe «pikirde kiçigöwünli» bol
9. Kazylar kitabynyň 9-njy babynda kiçigöwünligiň wajyplygy nähili görkezilýär?
9 Hudaýyň dosty bolmak üçin biz «pikirimizde kiçigöwünli» bolmaly (1 Pet. 3:8, TD; Zeb. 138:6). Kiçigöwünliligiň wajyplygy barada Kazylar kitabynyň 9-njy babynda aýdylýar. Gideonyň ogly Ýotam şeýle tymsyl gürrüň berýär: «Bir sapar agaçlar öz arasynda patyşa bellemekçi bolýarlar». Olar zeýtun, injir we üzüm agaçlarydy. Bu agaçlar ysraýyllylara ýolbaşçylyk etmek islemeýän hormatly adamlary aňladýar. Emma böwürslen agajyny diňe ýangyç hökmünde ulanyp bolýardy. Ol başgalaryň üstünden agalyk etmek isleýän, ganhor we tekepbir Abimelegiň patyşalygyny görkezýär. Abimelek «Ysraýylda üç ýyl şazada hökmünde höküm sürdi», soňra biwagt aradan çykýar (Kaz. 9:8—15, 22, 50—54). «Pikiriňde kiçigöwünli» bolmak nähili gowy!
10. Biz Hirodesiň «Hudaýy şöhratlandyrmandygyndan» nähili sapak edinýäris?
10 Birinji asyrda Ýahudanyň tekepbir patyşasy Hirodes bilen parahatlyk isleýän Tir hem-de Saýdanyň ýaşaýjylarynyň arasynda duşmançylyk bardy. Bir sapar Hirodes halka söz sözlände, olar: «Bu bir taňry sesi, ynsan sesi däl!» diýip gygyryşdylar. Hirodes bu öwgini inkär etmedi, şol sebäpli Ýehowanyň perişdesi ony urýar we ol elhenç ýagdaýda ölýär, «çünki ol Hudaýy şöhratlandyrmandy» (Res. iş. 12:20—23). Eger biz Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty öwretmäge ýa-da söz sözlemäge ukyply bolsak näme? Onda, geliň, bu ukyby beren Hudaýa minnetdar bolalyň (1 Kor. 4:6, 7; Ýakup 4:6).
Batyrgaý we berk bol
11, 12. Hanoh bilen bolan waka Ýehowanyň gullukçylaryna batyrgaý we berk bolmaga kömek edýändigini nädip görkezýär?
11 Eger biz Ýehowanyň ýolunda kiçigöwünli ýöresek, ol bize batyrgaýlyk we güýç berer (Kanun. 31:6—8, 23). Adam atanyň nesil şejeresinde ýedinji adam bolan Hanoh Hudaýyň ýolunda batyrgaý ýöräpdi. Ol öz zalym döwürdeşlerinden tapawutlylykda, Hudaýyň dogry kadalary boýunça ýaşaýardy (Bar. 5:21—24). Ýehowa Hanohy berkidip, adamlaryň hudaýsyz sözleri we işleri üçin güýçli habar aýtmagy tabşyrdy (Ýahuda 14, 15-nji aýatlary okaň). Hudaýyň hökümlerini yglan etmäge sende ýeterlikli batyrgaýlyk barmy?
12 Ýehowa Nuhuň günlerinde hudaýsyz adamlary bütindünýä Tupan arkaly höküm etdi. Emma Hanohyň pygamberligi bizi ruhlandyrýar, sebäbi biziň günlerimizdäki hudaýsyz adamlary-da Hudaýyň sansyz-sajaksyz mukaddes perişdeleri tizden ýok eder (Ylh. 16:14—16; 19:11—16). Ýehowa biziň dogalarymyza jogap berip, onuň hökümleri we Patyşalygynyň ýolbaşçylygy astyndaky bereketleri yglan etmäge bize batyrgaýlyk berýär.
13. Agyr kynçylyklara döz geler ýaly Hudaýyň batyrgaýlyk we güýç berýändigine näme üçin ynanyp bileris?
13 Agyr kynçylyklary ýeňmek üçin bize batyrgaýlyk we güýç gerek. Esaw iki sany Hitti aýalyna öýlenende, olar «Yshak bilen Rebeka [onuň ata-enesine] ýürek ody boldular». Rebeka hatda ahmyr çekip şeýle diýdi: «Het gyzlary sebäpli men ýaşaýyşymdan irdim; eger Ýakup [oglumyz] bular ýaly Het gyzlaryndan, bu ýurduň gyzlaryndan aýal alsa, onda maňa ýaşaýyş nämä gerek?» (Bar. 26:34, 35; 27:46). Yshak bu meseläni çözmek üçin Ýakuby Ýehowanyň gullukçylarynyň arasyndan aýal gözlemäge iberýär. Yshak bilen Rebeka Esawyň eden işini üýtgedip bilmeseler-de, Hudaý olara wepaly galar ýaly akyldar, batyrgaý we berk bolmaga kömek etdi. Eger kömek üçin doga etsek, Ýehowa bize-de jogap berer (Zeb. 118:5).
14. Ysraýylly gyzjagaz nähili batyrgaýlyk görkezdi?
14 Ýüzlerçe ýyl geçensoň, talaňçylar topary tarapyndan ýesir alnan ysraýylly gyzjagaz heýwere keselli siriýaly goşunbaşy Naamanyň öýünde hyzmatkärlik edýärdi. Hudaýyň Elişa pygamber arkaly görkezýän gudrat işleri barada bilýändigi üçin, gyzjagaz batyrgaýlyk bilen Naamanyň aýalyna şeýle diýýär: «Wah, agam Samariýadaky [Ýehowanyň] pygamberiniň ýanynda bolsady! Ol ony pis keselinden açardy». Naaman Ysraýyla gidip, gudrat bilen keselinden açylýar (4 Pat. 5:1—3, MKS). Mugallymlara, synpdaşlara we başgalara batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin Ýehowa bil baglaýan ýaşlara gyzjagaz nähili gowy görelde galdyrdy!
15. Ahabyň öý dolandyryjysy Abadýa nädip batyrgaýlyk görkezdi?
15 Hudaý yzarlamalara batyrgaýlyk bilen çydamaga kömek edýär. Ylýas pygamberiň döwründe ýaşan Ahap patyşanyň öý dolandyryjysy Abadýanyň mysalyna seredeliň. Zalym Izebel melike Hudaýyň pygamberlerini öldürmegi buýruk berende, Abadýa olaryň ýüzüsini «elli adamdan gowakda» saklaýar (3 Pat. 18:13; 19:18). Sen Abadýa derek bolanyňda näme ederdiň? Yzarlanýan imandaşlaryňa sen hem batyrgaýlyk bilen kömek edip bilermiň?
16, 17. Aristarhos bilen Gaýus yzarlamalara nähili garadylar?
16 Biz yzarlansak-da, Ýehowanyň biziň bilen boljakdygyna doly ynanyp bileris (Rim. 8:35—39). Efesosdaky amfiteatrda Pawlusyň ýoldaşlary Gaýus bilen Aristarhosa birnäçe müň üýşmeleň garşy çykdylar. Ilki bilen, zergär Dimitrius pitne turuzýar. Dimitrius we başga zergärler kümüşden kiçijik edip Artemis taňrysynyň buthanasyny ýasaýardylar. Pawlusyň wagyz işi arkaly şäher ýaşaýjylarynyň köpüsi butlara sežde etmegini goýýarlar. Şol sebäpli olar köp gazanjyny ýitirip bilerdiler. Pawlusy tapyp bilmän, üýşmeleň Aristarhosy we Gaýusy tutup, bary birlikde teatra okdurylýarlar we: «Efesoslylaryň Artemisi beýikdir!» diýip gygyryşýarlar. Aristarhosyň we Gaýusyň ölmegi mümkindi, ýöne şäher kätibi halaýygy köşeşdirýär (Res. iş. 19:28).
17 Eger sen şu wepaly gullukçylaryň ýerinde bolsaň, gorkup, şunuň ýaly kynçylyklardan gaçjak bolarmydyň? Mukaddes Ýazgylarda Aristarhos ýa Gaýus batyrgaýlygyny ýitirdi diýilmeýär. Aristarhos Selanikli bolany sebäpli hoş habary wagyz etseň, yzarlamalara duçar boljakdygyny bilýärdi. Pawlus ol ýerde wagyz edende, adamlar öň hem topalaň turuzýardylar (Res. iş. 17:5; 20:4). Aristarhos bilen Gaýus Ýehowanyň ýolunda ýörediler, Hudaý olara synaglara çydar ýaly batyrgaýlyk we güýç berdi.
Adamlaryň aladasyny et
18. Nädip Priskilla bilen Akila beýlekileriň «peýdasyny gözlediler?»
18 Şu günler yzarlansak-da, yzarlanmasak-da, imandaşlarymyzyň aladasyny etmeli. Priskilla bilen Akila beýlekileriň «peýdasyny gözlediler» (Filipililer 2:4-i oka). Ýokarda agzalan zergär Dimitriusyň pitne turzan Efesos şäherinde, bu ajaýyp är-aýal Pawlusa ýaşamaga jaý berýärler. Şonda Akila bilen Priskila Pawlus üçin «öz janlaryny howp astyna saldylar» (Rim. 16:3, 4; 2 Kor. 1:8). Şu günler yzarlanylýan doganlaryň aladasyny etmek üçin biz «ýylanlar ýaly akylly» bolýarys (Mat. 10:16—18). Biz seresap bolup, yzarlaýanlara doganlaryň adyny aýdyp satmakdan ýa-da başga maglumatlary bermekden gaça durmaly.
19. Dorkas adamlara nähili ýagşylyklar etdi?
19 Adamlaryň aladasynyň etmegiň dürli ýollary bar. Käbir mesihçiler iň zerur zatlara mätäç bolýar, biz belki olara kömek edip bileris (Efes. 4:28; Ýakup 2:14—17). Birinji asyrda Ýafadaky ýygnakda Dorkas atly jomart zenan bardy (Res. iş. 9:36—42-nji aýatlary okaň). Dorkasyň «eden ýagşy işlerine, beren sadakalaryna» pukara dul hatynlar üçin tiken köýnekleri hem degişlidi. B. e. 36-njy ýylynda onuň ölümi köp dul hatynlary gaýga batyrdy. Hudaý Petrus resul arkaly Dorkasy direldýär, ol galan ömrüni şatlyk bilen hoş habary wagyz edip, başgalar üçin köp ýagşylyk edendir. Şu günler biziň aramyzda şeýle akýürekli mesihçi aýallaryň bardygy nähili begendirýär!
20, 21. a) Adamlaryň aladasyny etmek bilen teselli bermegiň nähili meňzeşligi bar? b) Sen nädip teselli berip bilersiň?
20 Biz adamlaryň aladasyny edip, olara teselli berýäris (Rim. 1:11, 12). Pawlusyň ýoldaşy Silas teselli bermegiň gözbaşydy. Takmynan b. e. 49-njy ýylynda sünnetlemek meselesi kabul edilenden soň, Iýerusalimde ýolbaşçylyk maslahaty başga ýerdäki mesihçilere wekil arkaly hat ýollaýar. Silas, Iuda, Barnabas we Pawlus haty Antakiýa eltýärler. Ol ýerde «Iuda bilen Silas doganlara köp öwüt-nesihat berip, olary güýçlendirdiler» (Res. iş. 15:32).
21 Soňra Pawlus bilen Silas Filipide tussag edilýär, ýöne ýer titreme sebäpli boşadylýar. Bu wakanyň netijesinde olar wagyz edip, türme gözegçisiniň we onuň maşgalasynyň iman edendigini görmek nähili begendirendir! Şu şäherden gitmezinden öňürti, Silas bilen Pawlus doganlara göwünlik berdiler (Res. iş. 16:12, 40). Sen hem Pawlus bilen Silas ýaly jogaplaryň, söhbetdeşligiň we yhlasly gullugyň bilen başgalary ruhlandyrmaga çalyş. Eger sende «öwüt-ündewli sözüň bar bolsa» nähili ýol bilen bolsa-da, ony «aýt» (Res. iş. 13:15).
Ýehowanyň ýolunda ýöremegiňi dowam et
22, 23. Mukaddes Ýazgylardaky wakalar bize nädip peýda berip biler?
22 Biz «bütin teselliler Hudaýy» Ýehowa Sözündäki bolan wakalar üçin örän minnetdar bolmaly! Eger biz Hudaýyň wepaly gullukçylaryndan görelde alyp, Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýersek, bu wakalar bize gowy sapak bolar (Gal. 5:22—25).
23 Mukaddes Ýazgylardaky wakalar barada oýlansak, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge kömek eder. Bu «akyldarlyk, bilim we şatlyk» berýän Ýehowa Hudaý bilen gatnaşygymyzy berkider (Wag. 2:26). Netijede, biz Hudaýyň mähirli ýüregini şatlandyrarys (Sül. tym. 27:11). Geliň, Ýehowanyň ýolunda ýöremegi dowam etmegi berk ýüregimize düweliň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Sen nädip wepaly bolup bilersiň?
• Biz näme üçin «pikirde kiçigöwünli» bolmaly?
• Mukaddes Ýazgylardaky wakalar bize nädip batyrgaý bolmaga kömek edýär?
• Biz adamlaryň aladasyny nädip edip bileris?