Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/2 sah. 3—7
  • Ýehowa mydama gözüň alnynda bolsun

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa mydama gözüň alnynda bolsun
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa dogalarymyza jogap berýär
  • Hudaýa doly gulak as
  • Ýehowa hemişe bil bagla
  • Mukaddes ruha bil bagla
  • Ýehowanyň perişdelerine hormat goý
  • Rut we Naomi
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Rut bilen Nagomy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowa göwnüçökgünlere göwünlik berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/2 sah. 3—7

Ýehowa mydama gözüň alnynda bolsun

«Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin» (ZEB. 16:8).

1. Mukaddes Ýazgylardaky wakalar bizi nämä höweslendirýär?

ÝEHOWANYŇ Sözünde Hudaýyň adamlar bilen eden gatnaşygy täsirli dil bilen beýan edilýär. Onda Hudaýyň islegini ýerine ýetiren adamlaryň köpüsi barada agzalýar. Elbetde, olaryň sözleri we eden işleri Mukaddes Ýazgylarda ýöne bir bize lezzet bermek üçin ýazylmandyr. Bu wakalar bizi Hudaýa ýakynlaşdyryp bilýär (Ýakup 4:8).

2, 3. Zebur 16:8-däki sözler näme aňladýar?

2 Biziň ählimiz Mukaddes Ýazgylarda Ybraýym, Sarra, Musa, Rut, Dawut, Ester, Pawlus resul we başga-da meşhur adamlar barada ýazylan wakalardan köp zady öwrenip bilýäris. Emma onçakly tanymal däl adamlaryň göreldesi hem peýdaly bolup biler. Mukaddes Ýazgylardaky wakalar barada oýlansak, mezmurçynyň: «Men Rebbi mydama gözümiň alnynda görýärin; Onuň sagymdalygy üçin gymyldamaryn» diýen sözlerine görä ýaşamaga kömek eder (Zeb. 16:8). Bu sözler näme aňladýar?

3 Adatça, esger gylyjyny sag elinde tutýar, çep elinde bolsa galkany tutýar, şonda onuň sag tarapy goragsyz galýar. Emma onuň sag tarapynda söweşýän dosty ony gorap bilýärdi. Eger biz Ýehowany hiç haçan unutmasak we onuň islegini berjaý etsek, ol bizi gorar. Geliň, «Rebbi [Ýehowany] mydama gözümiziň alnynda görmek» üçin Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň imanymyzy nädip berkidip biljekdigine seredeliň.

Ýehowa dogalarymyza jogap berýär

4. Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň dogalara jogap berýändigini görkezýän mysal getiriň.

4 Eger Ýehowany hemişe gözümiziň alnynda tutsak, ol dogalarymyza jogap berer (Zeb. 65:2; 66:19). Muny Ybraýymyň iň uly hyzmatkäri bilen bolan wakadan görse bolýar, mümkin, ol Eliýezer bolmaly. Ybraýym ony Yshaga Hudaýdan gorkýan gelin gözlemäge Mesopotamiýa iberýär. Rebeka Eliýezeriň düýelerini suwa ýakanda, ol Hudaýyň görkezmesi boýunça eden dogasyna jogap berlendigine düşünýär. Eliýezer ak ýürekden doga edeni üçin, Yshaga söýgüli aýal tapýar (Bar. 24:12—14, 67). Dogrudan-da, Ybraýymyň hyzmatkäri ýörite tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdi. Eýsem, biz hem Ýehowanyň dogalarymyzy eşidýändigine ynanmaly dälmi?

5. Näme üçin biz içiňden aýdylan gysga dogany-da Ýehowa eşidýär diýip bileris?

5 Käwagt biziň Hudaýdan kömek diläp doga etmäge wagtymyz az bolýar. Bir gezek Pars patyşasy Artahşaşta sakysy Nehemýanyň gamgyn görünýändigine üns berýär. Patyşa ondan: «Sen näme isleýärsiň?» diýip soraýar. «Men [Nehemýa] şol bada gökdäki Hudaýa doga etdim». Nehemýa ýüregini dökmäge wagtynyň bomandygy sebäpli içinden gysga doga edýär. Emma Hudaý muňa jogap berýär we Nehemýa Iýerusalimiň diwarlaryny gurmaga patyşadan kömek berilýär (Nehemýa 2:1—8). Görşümiz ýaly, Hudaý hatda içiňden aýdylan gysga dogany hem eşidýär.

6, 7. a) Doga babatda Epafra nähili görelde galdyrdy? b) Biz näme üçin başgalar üçin doga etmeli?

6 Biz dogalarymyza hemişe derrew jogap almasak-da, «biri-birimiz üçin doga etmäge» çagyrylýarys (Ýakup 5:16). «Mesihiň sadyk hyzmatkäri» Epafra imandaşlary üçin ak ýürekden doga edýär. Pawlus Rimlilere ýazan hatynda şeýle diýýär: «Özüňizden [koloselilerden] bolan, Mesih Isanyň guly Epafra size salam aýdýar. Ol Hudaýyň her isleginde kämil bolup, doly ynam bilen duruň diýip, dogalarynda hemişe siziň üçin göreş edýär. Men onuň siz barada we Laodikiýa bilen Iýerapolisdäkiler barada gaty yhlaslydygyna güwä geçýärin» (Kol. 1:7; 4:12, 13).

7 Kiçi Aziýadaky Kolose, Laodikiýa we Iýerapolis bir-birine ýakyn ýerleşen şäherlerdi. Iýerapolisdäki mesihçiler Kibela taňrysyna sežde edýänleriň arasynda ýaşaýardylar, Laodikiýada baýlyga kowalaşýardylar, Kolosedäki mesihçilere bolsa adamlaryň taglymaty howp salýardy (Kol. 2:8). Şol sebäpli koloseli Epafrasyň şol şäherdäki imandaşlary üçin «dogalarynda... göreş edendigi» geň galdyrmaýar! Mukaddes Ýazgylarda Epafrasyň dogalaryna jogap alandygy barada aýdylmaýar, ýöne ol imandaşlary üçin doga etmegini goýmady. Biz hem dogan-uýalarymyz üçin doga etmegi goýmaly däl. Biz «adamlaryň işine goşulmasak-da», mümkin, dogan-garyndaşymyzyň ýa-da dostumyzyň imany üçin agyr synaglary çekýändigini bilýändiris (1 Pet. 4:15, TD). Onuň üçin aýratyn doga etsek, nähili gowy bolardy! Mesihçileriň ýürekden eden dogasy Pawlus resula kömek etdi, biziň dogalarymyz hem köp işleri bitirer (2 Kor. 1:10, 11).

8. a) Biz Efesdäki ýaşulularyň doga etmegiň wajypdygyna düşünýändigini nireden bilýäris? b) Biz näme üçin Efesdäki ýaşululardan görelde almaly?

8 Bize erjellik bilen doga edýän adamlar hökmünde garaýarlarmy? Pawlus Efesdäki ýaşulular bilen duşuşanda, «dyza çöküp, olaryň bary bilen birlikde doga etdi». Soňra «olaryň hemmesi köp agladylar, Pawlusyň boýnundan gujaklap, ony ogşadylar. Siz meniň ýüzümi gaýdyp görmersiňiz diýen sözi olary has tukatlandyran zat boldy» (Res. iş. 20:36—38). Biz bu ýaşulularyň atlaryny bilmesek-de, olaryň erjellik bilen doga edendigini bilýäris. Elbetde, biz Hudaýa doga edip bilýändigimizi gymmatly saýmaly we «el galdyryp» gökdäki Atamyzyň jogap berjekdigine iman edip doga etmeli (1 Tim. 2:8).

Hudaýa doly gulak as

9, 10. a) Salapatyň gyzlary nähili görelde galdyrdylar? b) Salapatyň gyzlarynyň gulak asmagy durmuş gurmadyk mesihçileri nädip berkidip biler?

9 Ýehowany hiç haçan unutmasak, oňa gulak asmaga kömek eder we netijede, köp bereket alarys (Kanun. 28:13; 1 Pat. 15:22). Munuň üçin gulak asmaga hemişe taýyn bolmaly. Musanyň döwründe ýaşan Salapatyň bäş gyzynyň mysalyna seredeliň. Ysraýyllylarda däp boýunça atasynyň mirasy ogullaryna galýardy. Salapat ogulsyz dünýäden geçýär we Ýehowanyň tabşyrygy boýunça onuň bäş gyzy atasynyň ähli mirasyny almalydy, ýöne munuň üçin bir talap bardy. Olaryň ýeri we mülki şol taýpada galar ýaly, olar diňe Manasseniň ogullaryna durmuşa çykmalydylar (San. 27:1—8; 36:6—8).

10 Salapatyň gyzlary Hudaýa gulak assalar, bagtly boljakdygyna ynanýardylar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýehowa Musa näme tabşyran bolsa, Salapatyň gyzlary onuň aýdyşy ýaly-da etdiler. Salapatyň gyzlary Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noýa atasynyň doganynyň ogullaryna durmuşa çykdylar. Mirasy atalarynyň taýpasynda galar ýaly, olar Ýusubyň ogly Manasseniň maşgalasyndan bolan ogullaryna durmuşa çykdylar» (San. 36:10—12). Bu aýallar Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asdylar (Ýeş. 17:3, 4). Şu günler hem durmuş gurmadyk ruhy taýdan ýetişen mesihçiler Hudaýa şeýle iman edip, diňe «Rebde» durmuş gurmaly diýen tabşyrygyna gulak asýarlar (1 Kor. 7:39).

11, 12. Kaleb Hudaýa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?

11 Ysraýylly Kaleb ýaly biz hem Ýehowa doly gulak asmaly (Kanun. 1:36). B. e. öň XVI asyrda ysraýyllylar Müsürden azat bolandan soň, Musa 12 sany adamy Kengana içaly edip iberýär. Emma olaryň diňe ikisi, Kaleb bilen Ýeşuw halky Hudaýa doly bil baglap, Wada edilen diýara girmäge çagyrýar (San. 14:6—9). Takmynan kyrk ýyl geçenden soň, Ýeşuw bilen Kaleb entegem diridiler we Ýehowa doly gulak asýardylar. Hudaý Ýeşuwa ysraýyllylary Wada edilen diýara eltmegi tabşyrdy. Emma on sany biwepa içaly bolsa, ysraýyllylar kyrk ýyl çölde sergezdanlyk edende öldüler (San. 14:31—34).

12 Ysraýyl halky bilen çölde sergezdançylyk eden Kaleb ýaşynyň soňunda Ýeşuwa şeýle diýýär: «Men Ýehowa Hudaýymyň aýdanyna doly eýerdim» (Ýeşuw 14:6—9-njy aýatlary oka). Hudaýyň wada eden daglyk ülkeleri duşmanlaryň miras alan uly we berk şäherleri bolsa-da, segsen bäş ýaşly Kaleb şol ýerleri bermegi soraýar (Ýeş. 14:10—15).

13. Synaglarda Ýehowa bizi goldar ýaly näme etmeli?

13 Kaleb ýaly Hudaýa wepaly bolup, gulak assak we «Ýehowanyň aýdanyna doly eýersek», ol bizi goldap ak pata berer. Hatda agyr kynçylyklarda-da, ol bizi goýmaz. Emma Kaleb ýaly, bütin ömrüňe Ýehowa boýun bolup ýaşamak ýeňil däl. Süleýman patyşa höküm sürüp başlanda, Ýehowa eýerse-de, garranda ony aýallary ýalan taňrylara sežde etmäge yrdylar we «ol atasy Dawut ýaly Ýehowa doly eýermedi» (3 Pat. 11:4—6). Nähili synaglara uçrasak-da, geliň, Ýehowany elmydama gözümiziň alnynda tutup, oňa hemişe doly gulak asalyň!

Ýehowa hemişe bil bagla

14, 15. Naominiň bilen bolan waka Hudaýa bil baglamagyň wajypdygyna düşünmäge nädip kömek edýär?

14 Gelejegimiz umytsyz görnüp sustupes bolanymyzda, Hudaýa has-da bil baglamaly. Iki ogly we ýanýoldaşy aýrylan gartaşan Naominiň mysalyna seredeliň. Ol Moabdan Ýahuda dolananda, gam-gussa bilen şeýle diýýär: «Maňa Naomi [«Ýakymly»] diýmäň, Mara [«Ajy»] diýiň; çünki gudraty Güýçli meni ajy ýagdaýa saldy. Doly gitsem-de, Taňry yzyma boş getirdi. Ýehowa meni kemsidip, gudraty Güýçli başyma betbagtçylyk salansoň, maňa Naomi diýmek nämä gerek?» (Rut 1:20, 21).

15 Naomi sustubasyk bolsa-da, Rut kitabyny ünsli okasak, onuň Ýehowa bil baglaýandygyny görýäris. Onuň ýagdaýy düýbünden üýtgedi! Naominiň dul galan Rut atly gelni Boazyň aýaly bolup, oňa ogul dogurýar. Naomi onuň enekesi bolýar, bu barada şeýle diýilýär: «Goňşy aýallar oňa at dakyp, diýdiler: Naomä bir ogul dogdy. Onuň adyna Obet dakdylar. Bu Dawudyň atasy Ýessäniň atasydyr» (Rut 4:14—17). Naomi ýer ýüzünde direlende, Rutuň Isa Mesihiň nesil enesi bolandygyny biler (Mat. 1:5, 6, 16). Naomi ýaly biz hem kynçylyklarymyzyň nädip çözüljekdigini bilmeýäris. Şol sebäpli, geliň, hemişe Hudaýa bil baglalyň, çünki Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlarda şeýle maslahat berilýär: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» (Sül. tym. 3:5, 6).

Mukaddes ruha bil bagla

16. Gadymy Ysraýylda käbir ýaşululara Hudaýyň mukaddes ruhy nähili kömek etdi?

16 Eger biz elmydama Ýehowany gözümiziň alnynda tutsak, ol mukaddes ruhy arkaly görkezme berer (Gal. 5:16—18). Musa Ysraýyl «halkynyň aladasyny etmäge» kömek hökmünde Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly 70 sany ýaşuly saýlandy. Mukaddes Ýazgylarda diňe Eldad bilen Medadyň ady agzalýar, ýöne 70 ýaşulynyň ählisine-de berlen ýumşy ýerine ýetirmäge mukaddes ruh kömek etdi (San. 11:13—29). Elbetde, olar hem öňki saýlananlar ýaly ukyply, Hudaýdan gorkýan, ynamly we dogruçyl adamlardy (Çyk. 18:21). Şu günler hem mesihçi ýaşulular şeýle häsiýetleri görkezýärler.

17. Çatma gurlanda Ýehowanyň mukaddes ruhy nähili roly ýerine ýetirdi?

17 Çölde çadyr guranda-da, Ýehowanyň mukaddes ruhy wajyp roly ýerine ýetirdi. Ýehowa Betseleli çatmanyň gurujysy hem-de baş ussa edip belläp, «Hudaýyň ruhundan dolup, akyldarlyk, düşünje, bilim we ähli işde ussatlyk» berjekdigini wada etdi (Çyk. 31:3—5). Bu ajaýyp işi Betselel «akyldar ýürekli» adamlar we kömekçisi Alyýap bilen bilelikde tamamlady. Galyberse-de, Ýehowanyň ruhy «ýüregi isleýän» adamlary jomartlyk bilen sowgat bermäge höweslendirdi (Çyk. 31:6; 35:5, 30—34). Şeýle-de mukaddes ruh Hudaýyň şu günki gullukçylaryny Patyşalygy durmuşynda birinji orunda goýmaga kömek edýär (Mat. 6:33). Bizde-de zehin bolup biler, ýöne Ýehowanyň şu günki gullukçylaryna berýän işini berjaý etmek üçin, biz onuň mukaddes ruhy barada doga edip, onuň görkezmesine eýermeli (Luka 11:13).

Ýehowanyň perişdelerine hormat goý

18, 19. a) Mukaddes ruh bize nähili garaýşy artdyrmaga kömek edýär? b) Siz Simun bilen Annanyň mysalyndan näme öwrendiňiz?

18 Ýehowany elmydama gözümiziň alnynda tutmak üçin, mukaddes ruh hormatly garaýyşda bolmaga kömek edýär. Hudaýyň gadymy halkyna şeýle diýildi: «Ýehowanyň mukaddes perişdelerine hormat goýuň» (Iş. 8:13). Birinji asyrda Iýerusalimde Simun we Anna atly hormatlanýan iki ýaşuly bardy (Luka 2:25—38-nji aýatlary okaň). Simun Mesih baradaky pygamberliklere iman edýärdi we «Ysraýylyň teselli tapjak wagtyna garaşýardy». Hudaý Simunyň üstüne mukaddes ruhuny dökdi we Mesihi görmek üçin ýaşajakdygyny wada etdi. Onuň aýdyşy ýaly-da boldy. B. e. öň 2-nji ýylda Isanyň ejesi Merýem bilen atalygy Ýusup ony ybadathana getirýärler. Simun mukaddes ruhdan dolup, Mesih baradaky pygamberlik sözlerini we Isa pürse çüýlenende, Merýemiň hasrat çekjekdigini öňünden aýdýar. Ýöne «Ýehowanyň Mesihini» eline alanda, Simunyň begenjini göz öňüne getirip gör! Simun Hudaýyň şu günki gullukçylaryna nähili ajaýyp görelde galdyrdy!

19 Segsen dört ýaşly dul hatyn Anna «ybadathanadan çykmaýardy». Ol gije-gündiz «oraza tutup, doga edip», Ýehowa mukaddes gulluk edýärdi. Isa bäbegi ybadathana getirenlerinde, Anna-da şol ýerdedi. Geljekki Mesihi görenine ol örän minnetdar boldy! «Ol... Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berdi». Anna bu ajaýyp hoş habary adamlara tizräk aýtmaga howlugýardy! Şu günki gartaşan mesihçiler Simun bilen Anna ýaly ýaşy bir çene ýetse-de, Ýehowanyň Güwäçisi bolup gulluk edip bilýändigine örän begenýärler.

20. Ýaşymyzyň näçedigine garamazdan näme etmeli we näme üçin?

20 Ýaşymyzyň näçedigine garamazdan, Ýehowany hiç haçan unutmaly däl. Şonda ol bize onuň Patyşalygy we ajaýyp işleri barada adamlara aýtmak üçin kiçigöwünlik bilen edýän tagallamyza ak pata berer (Zeb. 71:17, 18; 145:10—13). Emma biz Ýehowa hormat goýmak islesek, oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli. Mukaddes Ýazgylardaky başga wakalardan şeýle häsiýetler barada näme öwrenip bileris?

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýehowanyň dogalarymyzy eşidýändigini nireden bilýäris?

• Biz näme üçin Hudaýa doly gulak asmaly?

• Näme üçin sustupes bolsak-da, elmydama Ýehowa bil baglamaly?

• Hudaýyň halkyna onuň mukaddes ruhy nädip kömek edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş