Matta
10 Isa 12 şägirdini çagyryp, olara jynlary kowup çykarmaga ygtyýar berdi+, dürli keselli adamlary sagaltmaga güýç berdi.
2 Ine 12 resulyň ady+: Simun diýilýän Petrus+ we dogany Andreas+; Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa+; 3 Filipus we Bartolomeý+; Tomas+ we salgytçy Matta+; Alfeýiň ogly Ýakup we Taddewus; 4 Simun Kananit* we Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot+.
5 Isa 12 şägirdini ýollap, şeýle tabşyryk berdi+: «Başga halklaryň ýanyna barmaň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň+; 6 diňe Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryny gözläň+. 7 Ýolda: „Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň+. 8 Syrkawlary sagaldyň+, ölenleri direldiň, heýwere kesellileri tämizläň, jynlary kowup çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt hem beriň. 9 Ýanyňyz bilen altyn-kümüş ýa-da mis teňňe almaň+. 10 Ýa-da ýola torba, çörek, eşik, çaryk* ýa hasa almaň+, sebäbi zähmet çeken çörek iýmäge-de haklydyr+.
11 Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, mynasyp adamlary gözläp tapyň, gaýdýançaňyz olaryň ýanynda boluň+. 12 Öýe girip, salam beriň. 13 Eger öýdäkiler sizi kabul etseler, bereket* alarlar+. Kabul etmeseler, berekediňiz gaýdyp geler. 14 Eger sizi kabul etmeseler ýa-da diňlemeseler, şol öýden, ýa-da şäherden çykyp, aýagyňyzyň tozanyny kakyň+. 15 Bilip goýuň, Kyýamat güni* Sodom bilen Gomorranyň+ halkyna şol şähere garanyňda has aňsat düşer.
16 Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin iberýärin. Şonuň üçin ýylanlar ýaly seresap, kepderiler ýaly sada* boluň+. 17 Ägä boluň, adamlar sizi kazyýete elterler+ we sinagogalarda ýenjerler*+. 18 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin, sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp bararlar+. Şonda olara we başga halklara wagyz etmäge mümkinçilik bolar+. 19 Emma sizi olaryň öňüne eltenlerinde, näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň. Siz näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz+. 20 Sebäbi siziň özüňiz däl, siz arkaly Ataňyzyň ruhy geplär+. 21 Şeýle-de adamlar doganyny ölüme tabşyrarlar. Ata öz çagasyna, çagalar hem ene-atasyna garşy çykyp, olary öldürerler+. 22 Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. Emma soňuna çenli çydan halas bolar+. 23 Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň+. Size hakykaty aýdýaryn, Ynsan ogly Ysraýylyň ähli şäherlerini aýlanyp çykmankaňyz geler.
24 Şägirt halypasyndan, gul hem hojaýynyndan uly däldir+. 25 Şägirt halypasy ýaly, gul hem hojaýyny ýaly bolsa begenmelidir+. Adamlar öýüň eýesine Beýelzebul*+ diýýän bolsalar, onda öýündäkilere has beter zat diýmezmi? 26 Şonuň üçin adamlardan gorkmaň. Üsti açylmajak we gizlin galjak zat ýokdur+. 27 Meniň garaňkylykda aýdýanymy ýagtylykda aýdyň, pyşyrdap aýdýanymy jaýyň üçeginden yglan ediň+. 28 Bedeni öldürse-de, jany* öldürip bilmeýänlerden gorkmaň+. Gaýtam hem jany, hem bedeni Jähennemde* ýok edip bilýänden gorkuň+. 29 Iki serçäni bir teňňä* satýarlar, şeýle dälmi? Ýöne olaryň ýekejesi ýere gaçaýsa, gökdäki Ataňyz görýändir+. 30 Siziň bolsa saçyňyz hem sanalgy. 31 Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly+.
32 Eger biri iliň öňünde meniň şägirdimdigini aýtmaga çekinmese+, men hem gökdäki Atamyň öňünde oňa şägirdim diýmäge çekinmerin+. 33 Emma kim iliň öňünde menden ýüz öwürse, men hem gökdäki Atamyň öňünde ondan ýüz öwrerin+. 34 Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl, agzalalyk* getirdim+. 35 Sebäbi men ogly kakasyndan, gyzy ejesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim+. 36 Size hakykaty aýdýaryn, adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar. 37 Kim kakasyny ýa ejesini menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir. Kim ogluny ýa gyzyny menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+. 38 Kim jebir pürsüni* alyp yzyma düşmese, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+. 39 Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+.
40 Sizi kabul edýän meni-de kabul edýändir, meni kabul edýän meni Ibereni-de kabul edýändir+. 41 Pygamberi pygamber bolany üçin kabul edýän adam pygamberiň sylagyny alar+. Dogruçyl adamy dogruçyl bolany üçin kabul edýän adam dogruçylyň sylagyny alar. 42 Size hakykaty aýdýaryn, şägirtlerimden* birine şägirdim bolany üçin bir käse sowuk suw berýän adam sylagsyz galmaz»+.