Ýadyňdamy?
«Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlary göwnüňe ýaradymy? Aşakdaky soraglara jogap berip bilýäniňi barlap gör.
• Näme üçin Isa Mesih öldi?
Isanyň ölümi kämil adamyň agyr synaglarda Hudaýa wepaly galyp bilýänini subut etdi. Şeýle-de ol Adam atanyň nesliniň miras alan günäsi üçin töleg töledi we ebedi ýaşaýşa ýol açdy (15.12. sahypa 22, 23).
• Spirtli içgileri çendenaşa içmezlige näme kömek eder?
Doga etmek we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek kömek edip biler. Özüňe erk etmeli, gelen kararyňa eýermeli we gowy dostlary saýlamaly. Içeniňde çägiňi bilmeli we «ýok» diýmegi öwrenmeli (1.1 sahypa 7—9).
• Çagalar bilen gowy pikir alyşmak üçin näme etmeli?
Gowy pikir alyşmak üçin ýöne bir gepleşmek ýeterlikli däl. Munuň üçin sorag bermeli we olaryň berýän jogaplaryny ünsli diňlemeli. Maşgalalaryň köpüsi nahar başynda gowy gürrüňdeşlik edip bolýandygyna göz ýetirdiler (15.1 sahypa 18, 19).
• Ýehowa kämil bolsa-da, haýsy manyda ökünýär?
Käwagt Hudaý halkyna bolan garaýşyny üýtgedýär. Mysal üçin, gadymy döwürde ysraýyllylar birnäçe gezek Ýehowadan ýüz öwrüp, başga taňrylara sežde etdiler. Şonda Ýehowa olary goramady. Emma ysraýyllylar eden günäsine toba edip, Ýehowany kömege çagyranda, ol halkyna bolan garaýşyny üýtgetdi, ýagny «ökündi» (Kaz. 2:18) (1.2 sahypa 21).
• Haýsy ýagdaýlarda gaýtadan çokundyrylsa bolýar?
Eger mesihçi suwda çokundyrylan döwri başgalardan gizlin agyr günä etse, ýygnak gatnaşygyndan kesilerdi, şol sebäpli ol gaýtadan suwda çokundyrylsa bolar (15.2 sahypa 22).
• Käbir adamlar erbet işleri aklamak üçin nähili üç bahana tapýarlar?
Käbir adamlar garyp bolany üçin ogurlygy dogry hasaplaýar. Käbirleri bolsa, «hemmeler şeýle edýär» diýýär. Başga birleri «tapanyň — özüňki» diýýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle erbet işler ýazgarylýar (1.3 sahypa 12—14).
• Isanyň bugdaý we haşal ot tymsalyndaky oňat tohum ekmek näme aňladýar?
Ynsan Ogly, Isa ýerde gulluk edende meýdany taýýarlady. B. e 33-nji ýylynyň Pentikost güni mesihçiler Hudaýyň ogullary, Patyşalygyň ogullary hökmünde mesh edilende, oňat tohum ekildi (15.3 sahypa 20).
• Isanyň tymsalyndaky göçme manydaky bugdaý nädip Ýehowanyň ammaryna üýşürilýär? (Mat. 13:30).
Bu soňky günlerde ýerine ýetýär. Göçme manydaky bugdaý, ýagny Patyşalygyň mesh edilen ogullary dikeldilen mesihçiler ýygnagyna degişli bolup ýa-da gökdäki sylagyny alyp, Ýehowanyň ammaryna üýşürilýär (15.3 sahypa 22).
• Injil kitabynyň Hudaý tarapyn ýazylandygyna kimler düşündi?
Muňa hristian buthanalary ýa-da dini ýolbaşçylary düşünmedi. Mesihçiler Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesi boýunça Injil kitabynyň Hudaý tarapyn ýazylandygyna düşündiler. Bu täsin ruhy sylaglar I asyrda «ruhlary saýgarýan», ýagny Hudaýyň sözüne düşünýän mesihçiler ýygnagyna berildi (1 Kor. 12:4, 10) (1.4 sahypa 28).