Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/2 sah. 22—23
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Suwa çümdürilmek näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Suwa çümdürilmek — mesihçiler üçin talap
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmeli
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/2 sah. 22—23

Okyjylaryň sowallary

Haýsy ýagdaýlarda gaýtadan suwda çokundyrylsa bolýar?

Käbir ýagdaýlarda suwda çokundyrylan adam özüniň suwda çokundyrylmagynyň hakykylygy barada oýlanyp, gaýtadan suwda çokundyrylmak islemegi mümkin. Meselem, adam suwda çokundyrylan döwri başgalardan gizlin günäli işleri etmegi dowam edýär. Adatça suwda çokundyrylan wagyzçy şeýle işleri eden bolsa, ony ýygnak gatnaşygyndan keserdiler. Şeýle ýagdaýda ol özüni Hudaýa bagyş edip bildimi? Ol şol döwürde Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna garşy gelýän işleri etmegini bes eden bolsa, özüni Ýehowa hakykatdan bagyş edip bilerdi. Şol sebäpli, suwda çokundyrylan döwri agyr günä eden adam gaýtadan suwda çokundyrylmagy barada oýlanyp biler.

Aýdaly, biri suwda çokundyrylan döwri däl-de, suwda çokundyrylansoň agyr günä edeni üçin onuň işine ýaşulular seretmeli bolýar. Şonda ol suwda çokundyrylan wagty näme edenime doly düşünmedim we suwda çokundyrylmagym hakyky däl diýýär. Ýaşulular agyr günä eden adam bilen duşuşanda, onuň özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmagynyň hakykylygy baradaky meseläni gozgamaly däl ýa-da onuň bu babatda pikirini soramaly däl. Sebäbi ol suwda çokundyrylmagyň manysy barada Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklady diňläpdi. Ol özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylandygy hakynda berlen soraglara «hawa» diýip ynamly jogap beripdi. Soňra ol düşünip, suwda çokundyrylypdy. Şol sebäpli ol eden işine doly düşünýärdi diýse bolýar. Ýaşulular oňa suwda çokundyrylan wagyzçy hökmünde garaýarlar.

Eger birinde suwda çokundyrylmagynyň hakykylygy barada sorag ýüze çyksa, ýaşulular «Garawul diňiniň» soňky sanlaryndaky suwda çokundyrylyş baradaky makalalary okamagy maslahat berip biler. Käbir ýagdaýlarda (meselem, biri suwda çokundyrylan döwri Mukaddes Ýazgylara doly düşünmändigi üçin) gaýtadan suwda çokundyrylmak islese, muny onuň özi çözýär.

Mesihçiler biri bilen ýaşamaly bolanda, nämeleri göz öňünde tutmaly?

Her bir adama ýaşara ýer gerek. Emma şu günler köp adamlaryň öz öýi ýok. Adamlar pul ýetmezçilik, ýarawsyzlyk we başga ýagdaýlara görä, dogan-garyndaşlary bilen uly maşgalada ýaşamaly bolýar. Dünýäniň käbir ýerlerinde dogan-garyndaşlar üýşüp ýaşaýandygy üçin, olaryň her biriniň aýra otagy bolmaýar.

Ýehowanyň guramasy bütin dünýädäki dogan-uýalara nirede we nähili ýagdaýda kim bilen bile ýaşamalydygy barada birgiden tertip-düzgün bermeýär. Emma bu babatda mesihçiler Hudaýa ýaranmak üçin Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermeli. Haýsy prinsiplere?

Geliň, ilki bilen, biziň bilen ýaşaýan adamlaryň häsiýetimize we ruhy taýdan nähili täsir edýändigine seredeliň. Olar kim? Hudaýyň gullukçylarymy? Olar Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýarmy? Pawlus resul: «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» diýdi (1 Kor. 15:33).

Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň ahlaksyzlygy, zynahorlygy ýazgarýandygy aýdylýar (Ýew. 13:4). Şol sebäpli är-aýal bolmadyk erkek adam we aýal bir otagda ýatmaly däl, çünki muny Hudaý halamaýar. Mesihçiler ahlaksyzlyk edilýän ýerde ýaşamagy islemeýär.

Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýy razy etmek isleýän adamlaryň hemmesine «ahlaksyzlykdan gaçyň!» diýilýär (1 Kor. 6:18). Şonuň üçin mesihçiler ahlaksyzlyga eltýän islendik zatdan gaça dursa paýhasly bolar. Aýdaly, birnäçe mesihçi bir öýde ýaşaýar. Bu jynsy höwesi oýarýan garaşylmadyk ýagdaýa eltip bilermi? Eger duýdansyz hemmeler öýden gidip, är-aýal bolmadyk iki adam ýeke galsa näme? Esasanam, durmuş gurmadyk biri-birine göwün beren adamlara bir öýde ýaşamak howply bolýar. Olar şeýle ýagdaýdan gaça dursa paýhasly bolar.

Şeýle-de aýrylyşan är-aýal bir öýde ýaşamasa, paýhasly bolar. Olaryň jynsy gatnaşyk etmek endigi ahlaksyzlyga eltip biler (Sül. tym. 22:3).

Biziň nirede we nähili ýagdaýda kim bilen bile ýaşaýandygymyz barada daş-töwerekdäki adamlaryň nähili garaýandygynyň hem wajypdygyna seredeliň. Biz ýaşaýan ýerimizi ýerlikli hasaplasak-da, ýöne adamlaryň bu barada edýän erbet gürrüňleri bizi biynjalyk etmeli. Biz özümiziň alyp barşymyz bilen Ýehowanyň adyna ysnat getirmek islemeýäris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Ýehudylara, greklere we Hudaýyň ýygnagyna büdremäge sebäp bolmaň. Çünki men hem her zatda her kesi razy etmäge çalyşýaryn; muny öz peýdamy gözläp edemok, gutulsynlar diýip, köp adamlaryň peýdasyny gözläp edýärin» (1 Kor. 10:32, 33).

Elbetde, Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşamak isleýän adamlara nirede we nähili ýagdaýda kim bilen ýaşamalydygyny çözmek kyn bolýar. Emma mesihçiler «Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak bolmaly». Olar ýaşaýan ýerinde hiç hili ahlaksyzlygyň bolmaýandygyna göz ýetirmeli (Efes. 5:5, 10). Şol sebäpli mesihçiler Hudaýdan görkezme diläp, başgalaryň jan-saglygynyň we ahlak taýdan arassa bolmagynyň aladasyny edip, Hudaýyň adyny şöhratlandyrar ýaly, elinden gelenini etmeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş