Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/2 sah. 19—21
  • Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerini ret ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerini ret ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Olar «toprakdandyr»
  • «Nädogrulygy suw ýaly içýän adam»
  • «Onuň süňküne we bedenine deg»
  • «Gutulyş tuwulgasyny» alyň
  • Pikiriňe garşy söweşde ýeňiş gazanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Hudaýy begendirip ýaşa
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Şeýtana garşy duruň, ol sizden gaçar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/2 sah. 19—21

Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerini ret ediň

«ALDANMAŇ, Hudaýyňyz size kömek etmez. Boýun boluň ýa-da almytyňyzy alarsyňyz!» Bu Aşur patyşasy Sanheribiň wekili Rabşagyň Iýerusalimiň ilatyna ýetiren esasy habarydy. Aşurlylaryň goşuny Ýahuda çozup girýär. Rabşagyň maksady Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň hyjuwyny gowşatmak we gorkuzmakdy (2 Pat. 18:28—35).

Aşurlylar zalymlygy we wagşylygy bilen tanalýardy. Olar ýesirlerini wagşylyk bilen jezalandyrýandygy barada jikme-jik gürrüň berip we öwünip duşmanlaryny gorkuzýardy. Taryhçy Filipp Teýlor şeýle diýdi: «Aşurlylar basyp alan halklary tabynlykda saklamak we duşmanlaryny gorkuzmak üçin grafiki suratlary hem gödek psihologik usullary ulanýardy». Teýloryň aýtmagyna görä, ýalan habary ýaýratmak güýçli ýarag, çünki ol adamlaryň «pikirini zaýalaýar».

Mesihçileriň «söweşi adamlara garşy däl-de... ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr» (Efes. 6:12). Şeýtan Iblis biziň esasy duşmanymyz. Ol hem ýalan pikirleri ýaýradyp gorkuzýar.

Şeýtan her birimizi Hudaýdan dändirip bilerin diýýär. Eýýup pygamberiň ýaşan günlerinde ol Ýehowa Hudaýa: «Adam öz jany üçin hemme zatdan geçer» diýdi. Başgaça aýdanda, adam synaga düşse, Hudaýa aýypsyzlygyny saklamaz (Eýýup 2:4). Şeýtanyň bu sözleri dogrumy? Biziň ählimiz diňe käbir ýagdaýda aýypsyzlygymyzy saklamak üçin çydamaga taýynmy ýa-da diri galjak bolup, Hudaýyň prinsiplerini bozarysmy? Şeýtan biziň şeýle pikir etmegimizi isleýär. Ol ýalan pikirleri aňymyzda ornaşdyrmak üçin mekirlik bilen ýaýradýar. Geliň, onuň käbir ulanýan usullaryna we olary nädip ret edip bolýandygyna seredeliň.

Olar «toprakdandyr»

Şeýtan Eýýubyň üç ýalan dostunyň biri Elifaz arkaly adamyň Hudaýa wepaly galyp bilmeýändigini aýtdy. Ol ynsany «toprakdan öýi bolanlara» meňzedip, Eýýuba şeýle diýdi: «Olar toprakdandyr. Olary güýeden çalt ýok edýärler. Olar ertir bilen agşamyň arasynda heläk bolýar, ebedi ýok bolýar we muny hiç kim bilmeýär» (Eýýup 4:19, 20).

Mukaddes Ýazgylarda biz «genji toprak gaplara» meňzedilýäris (2 Kor. 4:7). Biz günäni we bikämilligi miras alanymyz üçin ejiz (Rim. 5:12). Şol sebäpli özümiz Şeýtanyň hüjümine garşy durup bilmeýäris. Emma bize Ýehowa kömek edýär. Ejizligimize garamazdan, Hudaý bizi gymmat saýýar (Iş. 43:4). Galyberse-de, Ýehowa mukaddes ruhuny dileýän adamlara berýär (Luka 11:13). Onuň mukaddes ruhy «iň üstün gudraty» berip, Şeýtanyň ähli synaglaryna garşy durmaga kömek edýär (2 Kor. 4:7; Flp. 4:13). Iblise garşy «imanda berk dursak», Hudaý bizi berkidip, güýçlendirer (1 Pet. 5:8—10). Şonuň üçin biz Şeýtan Iblisden gorkmaly däl.

«Nädogrulygy suw ýaly içýän adam»

Elifaz şeýle diýdi: «Ölýän adam nädip arassa bolsun ýa-da aýaldan doglan dogry bolup bilermi? Ine, Ol mukaddeslerine hem ynanmaýar, gök hem onuň gözünde arassa däl. Nädogrulygy suw ýaly içýän adam bolsa, ýigrenji we bozuk!» (Eýýup 15:14—16). Elifaz Eýýuba Ýehowa adamy erbet hasaplaýar diýdi. Iblis hem şeýle pikiri ýaýradýar. Ol biziň öňki eden günälerimiz hakynda biynjalyklanyp, çenden-aşa özümizi tankyt etmegimizi we düzelmeýäris diýip pikir etmegimizi isleýär. Şeýle-de Şeýtan Ýehowa bizden köp zady talap edýär, rehimi inmeýär we günämizi bagyşlamaýar hem-de goldamaýar diýen pikirde bolmagymyzy isleýär.

Elbetde biziň ählimiz «günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum bolduk». Şol sebäpli bikämil adamlar Ýehowanyň kämil kadalaryna dogry gelip bilmeýär (Rim. 3:23; 7:21—23). Emma bu Hudaýyň bize biperwaý garaýandygyny aňlatmaýar. Ýehowa «Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan... köne ýylanyň» biziň bikämilligimizden peýdalanýandygyny bilýär (Ylh. 12:9, 10). Hudaý biziň «toprakdandygymyzy» göz öňünde tutup, «hemişe käýemeýär» (Zeb. 103:8, 9, 14).

Biz erbet ýoldan dänip, synyk ruh we ökünçli göwün bilen Ýehowa ýakynlaşsak, «ol köp geçirimlidir» (Iş. 55:7; Zeb. 51:17). Hatda günälerimiz «gyrmyzy mata ýaly bolsa-da, olar ak gar ýaly bolar» diýlip, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar (Iş. 1:18). Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň islegini berjaý etmegi berk ýüregimize düweliň.

Biz günäli bolanymyz üçin Hudaýyň önüňde hiç haçan dogrulygy gazanyp bilmeýäris. Adam ata bilen How ene kämilligi we ebedi ýaşaýşy diňe özleri üçin däl, eýsem, ählimiz üçin ýitirdi (Rim. 6:23). Şol sebäpli Ýehowa adamlary köp söýýändigi üçin, biz Isanyň töleg gurbanyna iman etsek, günälerimizi bagyşlaýar (Mat. 20:28; Ýahýa 3:16). Bu Hudaýyň nähili «merhemetlidigini» görkezýär! (Titus 2:11). Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlaýar! Onda näme üçin biz günälerimiz bagyşlanmaýar diýip, pikir etmäge Şeýtana ýol bermeli?

«Onuň süňküne we bedenine deg»

Şeýtan Eýýubyň gowy saglygy bolmasa, imandan däner diýdi. Iblis Ýehowa şeýle diýdi: «Eliňi uzat-da, onuň süňküne we bedenine deg, şonda ol saňa gargar» (Eýýup 2:5). Ýarawsyzlyk sebäpli özümizi dereksiz duýmaga Hudaýyň duşmanyna ýol bersek, ol elbetde begener.

Emma biz öňki ýaly Ýehowa kän gulluk edip bilmesek, ol bizden ýüz öwürmeýär. Dostumyzyň üstüne biri topulyp, ony maýyp eden bolsa, näme ederis? Onuň bize öňküsi ýaly köp zat edip bilmeýändigi üçin, gadyry gaçarmy? Elbetde, ýok! Esasanam, ol biziň üçin bir zat edip, zyýan çeken bolsa, öňki ýaly ony gowy görüp, aladasyny ederis. Eýsem, Ýehowadan bu zatlara garaşmaly dälmi näme? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý siziň işiňizi... Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10).

Mukaddes Ýazgylarda ençeme ýyl hakyky seždäni goldan «bir garyp dul hatyn» barada gürrüň berilýär. Isa onuň ybadathananyň hazynasyna «iki lepta, ýagny bir kondrant» atanyny synlap, az pul atdy diýdimi? Ýok, gaýtam, Isa onuň hakyky seždäni goldamak üçin, elinde baryny edendigini öwdi (Markus 12:41—44).

Bikämil bolanymyz üçin garrylyk we keselçilik näçe zyýan ýetirse-de, biz aýypsyzlygymyzy saklasak, Ýehowa bilen gowy gatnaşykda bolarys. Hudaý wepaly gullukçylarynyň ýarawsyzlygy sebäpli, köp gulluk edip bilmese-de, olardan ýüz öwürmeýär (Zeb. 71:9, 17, 18).

«Gutulyş tuwulgasyny» alyň

Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerinden biz özümizi nädip gorap bileris? Pawlus resul şeýle diýdi: «Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň». Ruhy ýaraglaryň biri «gutulyş tuwulgasy» (Efes. 6:10, 11, 17). Biz tuwulgany alyp geýsek, Şeýtanyň ýaýradýan ýalan pikirlerinden özümizi gorarys. Esgeriň tuwulgasy kellesini goraýar. «Gutulyş umydy», ýagny Hudaýyň ajaýyp täze dünýä barada beren wadasynyň ýerine ýetjekdine bolan ynam, Şeýtanyň aldawyndan pikirimizi gorar (1 Sel. 5:8). Biz erjellik bilen Mukaddes Ýazgylary özbaşdak okap, umydymyzy berkitmeli.

Eýýup Şeýtanyň zalym we rehimsiz hüjümine çydady. Eýýubyň direlişe bolan imany şeýle güýçlidi welin, hatda ölüm howpy abansa-da, gorkmady. Ol Ýehowa şeýle diýdi: «Sen çagyrsaň, men jogap bererin. Sen öz eliň eden işlerini küýsärsiň» (Eýýup 14:15). Eýýup ölmeli bolsa-da, aýypsyzlygyny saklardy, çünki ol Hudaýyň wepaly gullukçylaryny söýýändigi üçin direltjekdigine ynanýardy.

Biz hem hak Hudaýa şeýle bil baglap bileris. Ýehowa Şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň bize ýetiren ähli zyýanyny düzedip biler. Şeýle-de Pawlus resulyň bize diýen sözlerini unutmalyň: «Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Kor. 10:13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş